VII BÖLÜM: TÜRKMENSÄHRADA BELLI OBA-ŞÄHERLER WE OLOLARYŇ MADDY DURMUŞY
Gülüstan welaỳatynyñ gündogar-demirgazyk sebitinde ỳerleşen Kümmetkowus şäheristany 6857 inedördül meỳdany bilen, Eỳranyñ bütin meỳdanyndan 33,5 göterimini öz içine alỳar.
“1996-njy ỳyldaky iñ soñky ỳurt bölünşik hem umumy adam san statistikasy boỳünça bu şäheristan 14 etrap, 5 şäher, 12 sany dehistandan ybarat bolỳar.” 40
Kümmetkowus şäheri Pählewileriñ gelmezinden öñ etrap görnüşde oturupdyrlar. 1316-njy hijri-şemsi ỳylda (1937m.ỳ.) gadymy Jürjen şäheriniñ 3 kilometrlik günortasynda täze bina edilen şäheriñ adyna “Kümmetkowus” diỳlip atlandyrylypdyr. Pählewiler döwründe Eỳranyñ demirgazyk ülkelerınde ỳer-suw reformalary geçirilen döwürlerinde oña üns berilip başlanỳar.
Gadymy Jürjen şäheri (Gürgen) häzirki Kümmetkowus şäheriniñ 98 kilometr demirgazyk-gündogarynda ỳerleşipdir. Bu şäher V hijri asyryñ ahyrlarynda Seljuklaryñ we onsoñ Horezmşalyklaryñ gol astyna düşỳär. Mogollaryñ yurda çozan döwründe, Çingizhanyñ tarapyndan Muhammet Horezmşany yzarlamak üçin öz ogullarynyñ birini birnäçe goşun bilen, ol ỳere ỳollaỳar. Bu goşun 617-nji hijri ỳylynda 4000 sany ilaty bolan Jürjen şäherini weỳran edỳär.
Häzirki zaman Kümmet şäheri Gürgen derỳasynyñ boỳunda Hazar deñziniñ 18 farsang gündogarynda ỳer şarynyñ 55° gradus grafiki boỳlugynda we 37° gradus grafiki inliginde ỳerleşỳär." 41
Kümmetkowusyñ minarasynyñ bina bolmagy hakda dürli rowaỳatlara gabat gelỳäris. Käbirleri bu minarany dürli şahsyỳetleriñ ỳygnanşỳan ỳeri bolupdyr diỳỳärler. Bir toparlary ỳitenleriñ ỳol görkezijisi (ỳolsalgy mekany) diỳip hasap edỳärler. Ýene bir toparlary bolsa Kowus patyşanyñ şan-şöhratyny görkezmek üçin bina edilen minara diỳip düşünỳärler. Geliñ bu gümmeziñ bina edilişi hakda dürli rowaỳatlary agtaryp göreliñ.
Ale-zỳar hanedanlygyñ meşhur patyşasy Gabus ibn-e Woşmgir (Kowus) bolupdyr. Ýakut äl-Hamawiniñ aỳtmagyna görä, ol taỳsyz söweşjeñ hem dana edebiỳatçy bolupdyr.
Şams El-mo,alynyñ hut özi alym kişi, sungatparaz, hatdat we ezber ỳazyjy hem parasatly adam bolupdyr. Ol pars we arap dillerinde birnäçe eserler ỳazypdyr. Şeýle hem Musulman Gündogar yklymynda meşhur “Kowusnama” eserini döreden şahsyýet bolupdyr. Onuñ köşgi dünỳäniñ alymlarynyñ hem ulymalarynyñ ỳygnanyşyp mejlis geçirỳän ỳeri bolupdyr. Orta asyrlaryñ meşhur we belli alymy bolan Abu Reỳhan Biruny öz meşhur “Asar el-bakyỳe” atly eserini 390-njy h.k. ỳyl onuñ adyndan döredỳär.
Ikinji bir tarapdan taryhy rowaỳatlarda ony rehimsiz, gaharjan we gaỳduwsyz syỳasatmedar diỳip bellenilỳär.
Kümmetkowus şäherindäki uly ägirt gümmezli minara Şems El-mo,alynyñ ỳaşan döwründe 397-nji h.k ỳyl bina edilỳär. Bu şäheriñ häzirki Kümmetkowus (Gonbäd-e Gabus) 1316-njy h. 19 m. ỳylda bu hökümdaryñ adyndan alynỳar.
Rowaỳatlaryn birinde şeỳle setirlere gabat gelỳäris. “Abu El-mo,alynyñ jansyz jesedi jäjekden ỳasalan bir tabytyñ içinde ỳerleşipdir. Bu tabyt gümmeziñ içki bamyndan asylgy halatda durup her gün ertir säheri günüñ ỳalkymy gümmeziñ penjiresinden oña tarap gün saçypdyr. ...” Bu rowaỳat şol binanyñ binỳat ediliş fundamentiniñ öçgür göwheridir.
Gabus ibne Woşmgirin gümmezi, Orta Aziỳada yslam döwrüniñ taỳsyz arhitekturalarynyñ biridir. Bu gümmez Kümmet şäheriniñ demirgazyk etrabynda ỳerleşỳär. Ol Al-e Ziỳaryñ hökümdarlyk eden merkezi jürjen şäheriniñ 3 kilometrliginde bina edilipdir. Bu ỳadygärlik dikilen gümmez Al-e Ziỳar tarapyndan jürjen şäheriniñ pajarlap ösen döwründe migmarçylyk sungatynyñ taryhy we täsin gymmatly ỳadygärlikleriniñ biri bolup durỳar.
Bu bina häzirki zaman gözel bir uly parkyñ ortasynda ỳerleşỳär. Ol on kilometr uzaklykdan görnüp dur. Geçmişde bu ỳer dürli ỳurtlardan gelỳän kerwendir-mysapyrlaryñ ỳolsalgy mekany we kerwensaraỳ nokatlarynyñ biri bolupdyr.
Bu gümmez 397-nji hijri ỳyly 15 metr beỳikligi bolan bir depänin üstünde 55 metr galdyrylyp, Şems El-mo,alynyñ gubury hökmünde gurulypdyr.
Bu bina 18 metr beỳiklikde gupbaly gümmez görnüşde örülip, çüñki bolsa, ỳyldyz şekilli 10 ganat görnüşinde örülipdir. Ýerligindäki örülen ỳyldyz görnüşli ganatynyñ daş çykyp duran çüñki 1,60 metr, olaryñ arasy bolsa 1,4 metr açyklygy bar. Gümmeziñ umumy tegelek göwrümi bolsa 30 metr we 144 millimetrden ybarat bolỳar. Onuñ gündogar gyrasyndaky penjiräniñ 1,90 metr boỳy bolup, Kowusyñ jansyz meỳdiniñ jäjek tabytyny hoşlaşmak üçin asylyp goỳulan ỳeridir.
Gümmeziñ günortasynda içerden arkalanan bir sany girelge gapy bar. Bu gapynyñ arka görnüşli ỳokary gyrasyny iki hatar owadan nagyşlar bilen belläpdirler.
Bu ỳadygärligiñ depesindäki gupbaly gümmez görnüşde örülen çüñkiniñ 2 metr aşagyndan 3 metr boỳlugynda kerpiçiñ ỳüzünden 2 hatar sada ỳazgy ỳerleşdirilipdir. Ýazgy arap dilinde bişen kerpiçler bilen jaỳlanypdyr. Ol sadalygy hem owadanlygy özünde jemläp aşakdaky görnüşde görkezilỳär:
بـسـم الله الـّرحـمـن الــّر حــيــم
هـذا الـقـصـر الـعـالـي ـ الا مـيـر شـمـس الـمعـالى ـ الا مـيـر بن الا مـير
ـ قـابـوس ابن وشـمـگيـر ـ امـر به بنائه فى حـياتـه ـ سنه سـبع و تـسـمعيـن
ـ و ثـلـثمـاثـيه قـمـرّيـه و سـنه خـمـس و سبـعـين و ثلـثـمائه شـمـسـيـن .ه
Arap dilindäki bu ỳazgynyñ terjimesi şeỳle :
"Bu beỳik köşk – Emir Şems El-mo,alynyñ köşgüdir – Emirleriñ emiri Woşmgir ogly Kowus – öz ỳaşan döwründe muny bina edmäge buỳruk berdi. 275-nji hijri-kamary ỳyly – 375-nji şemsi ỳyly.".42
Bu sene milady ỳyl hasabyndan 996-nji ỳyl bolup müñ ỳyldan gowyrak mundan öñ bina edilipdir .
Bu hatdan mälim bolşy ỳaly, häzirki görnüp duran bu bina, Abu El-mo,aly Gabus ibn-e Woşmgir-e Al-e Ziỳarynyñ gubury hökmünde meşhur bolupdyr. Aslynda bu bina bir uly köşk mekany bolup, onsoñ Al-e Ziỳar hanedanlygynyñ meşhur patyşasynyñ gubury edilipdir.
“Gümmeziñ gupbalanan çüñki ỳörite “kökli kerpiç” dien kerpiçden örülip onuñ palçyk suwagy bolsa, “melat-e saruj ” ỳagny hek bilen külden emele gelỳän palçyksuwagy bilen suwalypdyr.”.43
Bu Gümmez alty parsah uzaklykdan görünỳär we onuñ uly haỳbaty ỳakynynda has mälim bolỳar. Käbir rowaỳatlaryñ habar bermegine görä , -“bu Gümmez Nedir şahyñ döwründe onuñ gazabyndan ikä bölünipdir.”- diỳlen gürrüñ bar. “Hedir şa goşunlary bilen köp ülkeleri aỳlanyp ỳadapdyrlar. Haçanda bu Gümmezi görenlerinde, bir uly şäheriñ gyrasyndan girendirin öỳedip, bu Gümmeziñ saỳasynda dynç alaryn diỳip umyt edipdir. Olar has uzak ỳol ỳöräp ol ỳere baranlarynda Gümmezden başga bir harabaçylyk bilen gabat gelỳärler. Şonuñ üçin beỳlekiler aldanmaz ỳaly gazaba çykyp ony bozmaklygy bỳurỳar .” Şeỳle hem Gökleñ türkmenleriniñ emirleriniñ biri onuñ astynda bir uly baỳlyk ỳatandyr öỳedip bu gümmezi ỳykmak üçin dört töweregini gazyp agtarmagy bỳurỳar. Soñ munuñ ỳykylmagy bilen ony gazỳan adamlaryñ bir toparynyñ heläk boljakdygyny emire düşündirỳärler. Şonuñ üçin emir bu işden göz uwmỳar.
Soña baka bu bina bozulmaga tarap başlanỳar. 1308-mji hijri-şemsi ỳylynda (1929-mjy milady ỳ.) arheologiỳanyñ işöwür hünärmeni Mosio Gdar hem-de iki sany Eỳranly ökde migmarçylaryñ üsti bilen täzeden ömürleşdiriş ( sazlaşdyryş ) işini alyp bardylar. Ol Gürgen ỳa-d Jürjen şäherinden ỳarym farsang aralykda gurulupdyr. Türkmen gelin –gyzlary bu mynarany öz dokan halydyr- halyçalarynyñ ỳüzüne nagş edip dokaỳarlar.
Gadymy Gürgen şäheri “Mo,äjjäm el-Bälädan” atly eserde arap dilinde “Werkan” ülkesi ỳa-da “Jorjan” diýip ỳatlanylỳar. Buşäher gündogar musulman ỳurtlarynyñ iñ ähmỳetli we taryhy şäherleriniñ biri bolup durupdyr.Bu şäher 108 kilometr häzirki Gürgen şäheriniñ demirgazyk – gündogarynda Gürgen derỳasy bilen Nardyn derỳasynyñ iki tarapynda bina edilipdir. Onuñ bir bölegine Gürgen we beỳleki bir bölegine-de , Bekrabat diỳlip atlandyrylypdyr. Bu iki bölek derỳanyñ üstüne gurlan bir köprü bilen biri-birine bagly bolupdyr . Rowaỳatlryñ habar bermegine görä, bu şäher Milad atly bir şahsyỳetiñ Gürgen diỳilen oglunyñ tarapyndan bina edilipdir. Ýene-de “Mo,äjjäm el-Bälädan ” eseriniñ rowaỳat etmegine görä, Ỳezid ibn-e Mähläb ibn-e El-näbi bu şäheri bina etdiripdir. Ýene-de bir rowaỳatda ỳagny “nozhät el- glub” eseriniñ aỳtmagyna görä, “Soltan Mälikşa Seljuklynyñ nebresi tarapyndan gurulupdyr .- diỳip bellenilỳär.”. 639-njy milady ỳylda arap serkerdesi Swäỳd ibn-e Mägran ‘Bestam şäheri golastyna geçirende, Gürgeniñ türkmen patyşasy Ruzan ibn-e Suwla özüni boỳun egdirmek üçin hat ỳollapdyr. Suwly han bu çagyryşyga boỳun egip, ỳylda araplara paç töläpdir . Ýene-de hijri ỳyl hasaby boỳunça 98-nji ỳyl Ýezid ibn-e Mähläb Suwly hany ỳykỳar-da Gürgeni eỳeleỳär.
IV hijri asyrda Ibn-e Hokäl Gürgen şäherine syỳahat edip şeỳle belleỳär : “Göwnejaỳ bir şäher we onuñ öỳleri kerpiçden hem howasy bolsa, Täbäristandan gurak. Kaỳykdan ỳasalan köpüri arkaly şäheriñ iki tarapyna gatnaw bolupdur. Hakykatda Gürgen şäheri derỳanyñ gündogar tarapynda, we günbatar gyrasyndaky şäher bolsa, Bekrabat diỳilipdir. Ibn-e Hokäliñ aỳtmagyna görä, şäheriñ iki bölegi “Reỳ” şäheri ỳaly uly bolupdyr. Şäheriñ etraplaryndaky baglardan köp mukdarda miwe önümleri öndürülipdir. Şeỳle hem köp mukdarda ỳüpek öndürülipdir. Derỳanyñ çep tarapyndaky Gürgeniñ esasy bölegini “Mukaddesi” atly alym “Şäheristan ” diỳip atlandyrypdyr. Onda uly-kiçi metjitler bolup, bazarlarynda töwerek-etraplardan getirilip arzan bahadan satylỳan nar, zeỳtun, gawun-garpyz, badamjan, pyrtygal, leỳmun we üzüm ỳaly miweler we beỳleki adamzada gerekli hajatlar alyş-çalyş bolup durupdyr.
Şäherin mähelleleriniñ aralaryndaky geçỳän arnanyñ ( kiçi derỳa) üstünden kaỳyklaryñ ustünde ỳasalan we depesine arka berilen köprulerden gatnaw edilipdir. Hökümet edarasynyñ öñündäki uly meỳdanyñ 9 sany derwezesi bolupdyr. Gürgeniñ howasy örän yssy we peşesi , mör-möjekleri çakagan, esasanam büreleriniñ çakan jaỳy möjek gapan ỳaly bolup durỳar.” – diỳip belläpdir.
Orta asyrlaryñ beỳleki bir belli taryhçysy Hamdulla Mustowfiniñ aỳtmagyna görä, Mälikşa Seljuklynyñ agtygy tarapyndan şäher täzeden gurlupdyr, onuñ umumy meỳdany 7 müñ ädime barabar bolupdyr. Soltan Tekeş Horezmşanyñ bỳurugy boỳunça şa Ardeşir Mazenderanynyñ tagallasy bilen şäheriñ diwarlary täzeden bina edilipdir. Hijri ỳyl hasaby boỳunça 8-nji asyrda Hamdulla Mustowfiniñ taryh ỳazan döwüri mongollaryñ çozuşyndan beỳläk, şäher harabaçylyga tarap gaỳdỳar. Ol ỳeriñ dürli miweleri we baglary hakda az beỳan edỳär.
695-nji hijri ỳylda Emir Teỳmur / Temir / arnanyñ gyrasyndan özüne “Şasman” atly bir ymarat galdyrtỳar.
287-nji hijri ỳylda /900 m.ỳ. / Jürjen şäheriniñ töwereginde söweşip şehit bolan öwlatlaryñ biri Welid ibn-e Ýezidiñ halyflyk döwründe Seỳit Muhammet ibn-e Ýahỳa ibn-e Zeỳdiñ gubury şol ỳerde jaỳlanylỳar. Bu şäheriñ iñ şan-şöhrätli
döwüri Kowus patyşanyñ döwründe bolupdyr. Ol döwürde Ibn-e Sina, Abu Reỳhan Biruny we Abu Bekr-e Horezmi ỳaly alymlaryñ ỳygnanyşỳan merkezi bolupdyr. Yslam ỳurtlarynyñ ähli künjeklerinden ilatynyñ köpligi, abadançylyk, söwda işleri we ylym-bilim hem edebiỳatyñ ösmegi bilen meşhurlyga eỳe bolupdyr. Şäheriñ günbatar-demirgazyk böleginde bir köşk, hammam hajatlary bilen özünde ỳerleỳän bazar, erk gala, Garañky Ymamyñ gündogar kenar ỳakasyndaky Gürgen derỳasy bilen Hurmarud aralygynyñ gyrasynda ỳerleşipdir. Gürgeniñ suwy bir uly daş turbadan goỳulan suw turba arkaly Garañky Ymamyñ üsti bilen şähere goỳberilipdir. 1285- 1291-nji h.ş. ỳyllardaky Britan döwletiniñ ilçisi, “Mazenderan we Astrabat ” atly eseriñ eỳesi H.L Rabinonyñ aỳtmagyna görä, Gürgen şäheriniñ daş gyrasynda “Garañky Ymam” ỳerleşỳär. Bu mowzeleỳ köneleşen gümmez görnüşde esasy bölegi ỳeriñ astynda galypdyr. Onda hiç hili ỳazgy ỳadygärligi galmandyr. Ýöne çaklamalara görä, Ýahỳa ibn-e Zeỳdiñ mazary bolmaly diỳilỳär. Ol 125-nji hijri ỳylda şäheriñ daşyndaky bolan söweşde öldürülüpdir. Onuñ meỳdini duşmany Abu Mosläm şol ỳerde jaỳlapdyr.” – diỳip rowaỳat bar.
Ýahỳa ibne Zeỳdiñ guburyna 40 ỳyl mundan öñ umumy özgertmeler berlipdir. Zyỳaratçylar üçin guburyñ daş-töwereginde otaglar gurulypdyr. Howlynyñ arkasynda bir uly howuz gurlupdyr. Gubur hem öñkisi ỳaly çuññurlykda däl. Apbas Pärwiziñ “Arap ta diỳaleme” atly eserinde şeỳle rowaỳatlara gabat gelỳäris.
“Ýahỳa ibne Zeỳd Ymam Huseỳn alaỳhussalamlaryñ nebereleriniñ biri Ol Welid ibne Ýezidiñ halyflyk döwründe ỳaşapdyr. Ol 7 müñ sany müritleri we tarapdarlary bilen Horasanda gozgalañ turuzỳar. Emma Halyfyñ häkimi Nasrebne Seỳỳaryñ buỳrugy boỳunça Mosläm ibne Ahur El-mo,ini onuñ garşysyna söweşe ỳollaỳar. Olaryñ arasyndaky Jürjen şäheriniñ gyrasyndaky geçen söweşde Ýahỳa ibne Zeỳd öldürilỳär.”44
Bu guburyñ ỳanyna barmak üçin bir garañky uzak ötükden geçilipdir. Şonuñ üçin türkmenler oña “Garañky ymam” diỳipdirler.
Kümmetkowus şäheriniñ häzirki görnüşi ikinji jahan urşundan öñ Rezaşanyñ döwründe nemesler (Almanlylar) tarapyndan çyzylypdyr. Ol belli tertipde demirgazykdan-günorta tarapa we günbatardan – gündogara çekilen köçelerden ybarat bolỳar. Bu köçelerde dürli jaỳ gurluşyklar alnyp barylypdyr. Bu şäheriñ özboluşly ykdysadyỳet we ekerançylyk ỳerligi bolany üçin pajarlap ösmäge şert döreỳär.
1375-nji h.ş (1996 m.ỳ) ỳylyñ hasabaty boỳunça şäheriñ 411522 ilatdan ybarat bolỳar.45
Şaheriñ esasy jemgyỳetini türkmenler döredỳär. Onda az sanly zabylly, maşatly, azerbaỳjanly, goçanly kürt, we bejnurtlylar hem ỳaşaỳarlar. Bu şäher senagat we söwda hem ekeramçylykly şäheri bolany üçin gün-günden ỳaşaỳjylarynyñ sany köpelip durỳar
Senagaty çalt ösỳär. Gymmatly haly-halça dokaỳanlardan başga-da pagta arassalaỳjy, tok-elektrik, un we agaç dolanşygy ỳaly kärhana-fabrikleri gurulşygy gurulỳarlar. Jaỳ gurluşygynyñ günsaỳyn köpelmegi bilen, kerpiç kärhanalarynyñ sany hem şonça artỳar.
Kümmetkowusyñ söwda dolanşygynda durỳan harytlar umuman birinji nobatda haly-halyça we beỳleki gymmatly tikin-dokyn hem şaỳ-sepler ỳaly materiallar, pagta, arpa, bugdaỳ bolup ikinji nobatda gawun, garpyz, dürli miweler hem tekstil önümlerini öz içine alỳar.
Bu şäheriñ köçeleri has uzyn we giñdir. Her bir köçäniñ uzynlygy 62 kilometre barabar. Ýurt tabynlykdaky syỳasy bölünşikler boỳunça dört bölek, ỳagny Merkezi Ramiỳan, Azadşäher we Daşlyburun ỳaly şäherlere bölünip Kümmet şäheri bolsa bu şäheristanyñ merkezi şäheri hasaplanỳar. Ol 45 metr
dünỳäniñ açyk deñiz ỳüzlügüniñ ölçeginden ỳokary derejede durỳar.
Bu şäheristan tebigy häsiỳetleri boỳunça iki bölek, ỳagny daglyk we jülgeliklere bölünỳär. Onuñ möhüm beỳiklikleri bolsa, Gündogar Elburs daglyklarynyñ Günorta sebitleri, 2880 metr beỳikligi bilen Aleng dagy we gündogar-demirgazyk sebitlerinde bolsa, kelte beỳikligi bilen Güllidag we Narlydag ỳaly daglyklardan ybarat bolỳar.
Bu şäheristanyñ beỳleki sebitleri günortadan-demirgazyga we gündogardan-günbatara tarap jülgelik we çököklüge tarap meỳillenỳär. Onuñ çököklügi şäheristanyñ merkezi we günbataryna tarap ỳagny Gürgen derỳasyna tarap inỳär.
Kümmet şäheristanyñ howa-suw ỳagdaỳy hakda aỳdylanda welin, Azat şäher şäheriniñ günorta beỳikliklerinden Hoşỳaỳlak magistral şa ỳolunyñ üsti bilen daglyk maỳyl howa we jülgäniñ günorta dag etekleri bolsa, ygally maỳyl howa, hem-de Gürgen derỳasynyñ demirgazygyndan Garaşsyz Türkmenistanyñ serhetlerine çenli özboluşly geografiki häsiỳeti boỳunça ỳarym gurak howa-suw şertlerinde häsiỳetlenip durỳar.
Bu şäheriñ iki esasy derỳalarynyñ biri Etrek derỳasy Eỳran-Türkmenistan serhetlerini döredỳär. Beỳlekisi bolsa, Gürgen derỳasy bolup durỳar. Gürgen derỳasyna ỳene-de Alyabad, Ramiỳan ỳaly günorta beỳikliklerinden gözbaş alỳan arnalar guỳỳar. 46
Bu şäher gadymy Jürjen harabaçylyklary hakda erheologlar tarapyndan entäk anyk derejede hiç hili gazuw agtaryş işleri geçirilmändir. Bir wagtlar ol ỳerden Kowus patyşa degişli altyn, kümüş pul zikgeleri tapylypdyr. Şäheriñ esasy şaỳollary gündogarda Marawdepe we Bežnurd hem Minudeşt ỳollaryna sepleşip, günorta tarapdan Azatşäher we Gürgen, Tähran ỳollaryna we demirgazyk hem günbatardan bolsa Daşlyburun, Inçeburun hem Kümuşdepe we Bendertürkmen ỳaly türkmen şäherleriniñ ỳollaryna baglanyşyp durỳar.
Kümmetkowusyñ binỳady tutulanda, onuñ birinji oturumlaşan ilaty ỳomutlaryñ jafarbaỳ tiresinden bolan Ganỳokmazlar, Köçek, Tumaç we Igdir ỳaly taỳpalary bolupdyr. Soñlarda patyşa Russiỳanyñ goşunlary Türkmenistany basyp alanlaryndan beỳläk, türkmenleriñ taỳpa-tireleri gapma-garyşylygyndan peỳdalanyp Kümmetkowusy hem bir hatarda eỳeleỳärler. Russiỳa döwleti bu meseläni Eỳran döwleti bilen bilelikde amala aşyrỳar.
Russiỳa patyşalygy 1917-nji ỳylda synmagy bilen onuñ Kümmetkowusdaky işgärleri we wekilleri öz watanlary bolan Orsỳede dolanyp gaỳtmaly boldular.
Umuman 1917-nji ỳyldan 1930-njy ỳyllara çenli Türkmenistan SSR-inden hem türkmenler ol şähere bosgun bolup barỳarlar. Olar aşakdaky tertipde ỳerleşỳärler:
-Tekeler, Molla Orazgylyç tekäniñ ỳobaşçylygynda öz kowumlary bilen Kümmetkowusyñ demirgazyk-günbatar böleginde mekan tutỳarlar.
-Hojalar, Abdyjan ahunyñ ỳolbaşçylygynda öz taỳpasy we Gereỳler Çaỳboỳunda hem Kümmetkowusyñ günorta-günbatar böleginde mekan tutỳarlar.
-Behelkeler, Nowruzhajy we Babylhajy dagylaryñ ỳörelgesine düşüp Kümmetkowusyñ günorta-günbatarynda we Çaỳboỳunda orun tutỳarlar.
-Hywalylar, Arzkösäniñ Weỳs taỳpasynyñ Körbulak tireleri we Abdylla Özbek dagylar Çaỳboỳunda we günorta-günbatar böleklerinde ỳerleşỳärler.
Ruslar Türkmensähradan çykandan soñ türkmenler özara näsazlyklary aradan aỳyryp agzybirlige tarap ymtylỳarlar. Şeỳle hereketiñ esasynda ähli türkmen taỳpa-tireleriniñ arasynda uly abraỳly alymlaryñ biri ỳomutlaryñ Jafarbaỳ taỳpasynyň Kör tiresinden bolan Osman ahuny Kümmetkowus şäheriniñ häkimi wezipesine belleỳärler. Bu waka 1925-nji ỳyla çenli dowam edip, onsoñ Rezaşa Pählewi bu ỳurdy basyp alỳar.......
نويسنده مرات البلال بناي آن را از قول سال خوردگان مربوط به سال 804 هجري ذكر مي كند و باني آن را از اهل تسنن و از تركمنهاي طايفه ايمر معرفي كرده اند . اين مسجد در عصر درخشان معماري تاریخ ایران يعني دوره سلجوقيان احداث شده است٠
Iñ soñky gelen maglumatlara garanyñda yokarda nygtap geçişimiz yaly Jürjen şäheriniñ has ösen döwri Seljuklylar döwründe bolupdyr. Ol döwürde demiri gaỳtadan işleỳiş senagaty, çüişe önümleri we beỳleki dürli senagat ugurlarynda yslam dünỳäsining iñ ygtybarly ỳurtlarynyñ biri bolupdyr.
Häzirki döwürde “ Bu şäher Gürgen derỳasynyñ gözbaş alỳan ỳerliginin Çaỳ boỳun şahamçasynyñ ugrunda ỳerleşip, onuñ iñ rowaç tapan döwrinde 1200 gektar giñligi bolupdyr. Bu şaher şeỳle takyk arhetekturada esaslanyp gurulup, onun ahli köçeleri we ỳollary bişen kerpiçler bilen düşelipdir. Şeỳle hem şaheriñ içi ỳagyş wagtlarynda ỳygnanan suwlary şäherin daşyna gönükdirmäge ösen ulgamlardan peäỳdalanypdyrlar.” (Ỳol ir- saity).
“Ỳol ir” türkmen saytynyñ habar bremegine göra: “ Taryhy Jürjen şäheriniñ dördünji tapgyr arheologiki gazw agtaryş işleri başlandy.”- diỳlen habar hem ünsüñgi özüne çekỳär.
Bu iş Eỳranyñ “Miras we Turism Medeniyeti” merkezliginiñ tarapyndan alynyp baryljagyny aỳdylỳar. Şu ugurda işöwürleriniñ biri Fereỳdun-e Ownugyñ 84/08/29 yekşenbe güni IRNA habar beriş seriştesine habar bermegine göra: “ Taryhy Jürjen şaheriniñ bu gazw- agtaryş işleri doktor Muhammet Murtazayi tarapyndan iki aylap dowam eder.Onun aỳtmagyna göra: gazw-agtaryş işleri Eyranyñ arheologiki işöwürleri yagny migmarçylyk, kartaloglar, meỳilnama düzüjiler hem tazeden dikeldijiler yaly 15 adamdan ybarat topary öz içine alỳar.”
Jenap Ownuk sözüni şeyle dowam edỳar: “ Bu şäheriñ arheologỳa gazw-agtaryş işleriniñ şu tabgyrynda migmarçylyk strukturasy, şaher gurulşyklary yslam döwürleriniñ dürli etaplarynda, senagat toplumlary mysal üçin, çüşe karhanalary, küỳze we tañsyk önüm mekanlary, şäher geçelgeleri, yerli gurulşyklary, agyz suw üpjünçilikleri we suw daşadyş ulgamlaryny öwrenip geçiler.”.
Kümmetkowus şaheriniñ Medeni Miras we Turism edarasynyñ yolbaşçysynyñ aỳytmagyna göra: “Şeỳle hem şu toparyñ yolbaşçylygynda bu döwürdäki gazw – agtaryş işleriniñ dowamynde Kümmetkowus şaherini tazeden tanatmak we dürli medeni meỳdanlaryny açmak we halka tanatmak şeỳle hem onuñ gadymy kartasyny tapyp işlemek ỳaly işleri alynyp barylar.”
Iñ soñunda ümit edỳäris halkymyzyñ şunuñ ỳaly taryhy şaherlerini taezeden dünya tanadylsyn.
* Kümmetkowus ỳädigärligi hakda düşürilen dürli suratlar:
Eỳranda Türkmen maldarlaryna berilỳän ỳeñillikler barada “Golestan-e Iran” gazỳetiñ hem bu barada “Türkmen maldarlaryna 4 milliard riỳal kredit ỳeñillikleri goỳberilipdir. ” – diỳilen habary “Keỳhan ” gazỳetinde-de goỳberilşi ỳaly çap edilipdir.
Bu habardaky goşulan mesele Bendertürkmen şäheriniñ “Jahad” guramasynyñ müdüri jenap Haỳdarpuryñ aỳtmagyna görä, maldarlara tehniki babatdan ỳol görkezijilik bilen 1360 tonna gerekli bede ot- samanlary üpjün etmek üçin 4 million riỳal çykarjakdygyna sarpa goỳuldy.
Yslam Respublykasynyñ Aşgabatdaky habarçysynyñ habar bermegine görä, Türkmenistandaky daşary ỳurtly ilçiler we diplomatlar Gülüstan we Mazenderan welaỳatlaryna eden dört günlük saparlarynda, bu welaỳatlary syỳahat üçin özüne çekiji şertleriniñ bardygyny nygtap, Eỳranyñ demirgazyk welaỳatlarynyñ yktysady şertleri boỳunça iññän ỳokary güỳje eỳe diỳip baha beripdirler. Bu ilçileriñ aỳtmagyna görä, ỳatlanan welaỳatlaryñ Orta Aziỳa hem Kawkaz we beỳleki ỳurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ỳola goỳmaga giñ mümkinçilikleriñ bardygyny bellediler. ”
Jahadsazendegi edarasynyñ kärşynaslarynyñ biri Kümmetkowus şäheristanynyñ yktysadyỳet we onuñ baỳlyklary barada şeỳle diỳär: “Bu şäheristanyñ Jahadsazendegi edarasynyñ hasabyndaky duran 2786 sdany kiçi haly fabrigi we düşek koopratiw edaralarynyñ ỳanyndaky 5572 sany halyçynyñ meşgullanmagy , bir million 370 müñ485 maldarçylyk edaralary , 80 sany senagat hem ỳarym senagat maldarçylygy bir ỳylyñ doeamynda ortaça 81 müñ 466 tonna süỳt önümi, 8 müñ 993 tonna mal et önümleri , 91 sany towuk-guşçylyk senagat fermasy et hem ỳumurtga önümleri boỳunça bir ỳylyñ dowamynda ortaça 4 müñ 789 tonna ak et ( towuk et ) we 6 müñ 758 tonna ỳumurtga önümlerini öndürỳärler .Şeỳle hem 6 müñ 525 sany bal ary hojalygy ỳyl dowamynda ortaça 56,5 tonna bal önümi, 1225 gektara barabar meỳdany bilen 64 möwrit suw bentli balyk öndüriş enjamlary , bir ỳylda 2 müñ 271 tonna balyk öndürmäge ukyply .Bu şäheristanyñ tebigy serişdeleriniñ meỳdanyndaky 352 müñ gektar jeññel hem öri meỳdany, 6 müñ kwadrat metr suwly meỳdan, bir sany senagat şäherçesiniñ gurulşygy, bir sany senagat trritoriỳasynda önümde duran köp sanly fabrikalar hem-de ỳakyn geljekde önüme goỳberiljek senagatlar bu şäheristanyñ esasy baỳ gurplaryndan hasaplanỳar . Ýatlanan edaranyñ oba senagaty bölüminiñ kärşynas işgärleriniñ beỳleki birisi şeỳle maglumat berỳär : “Kümmetkowus şäheristanynyñ Jahadsazendegi edarasynyñ iş hasabatynda , senagat bölümi ekerançylyk hem hyzmat işleri boỳunça , olary ỳerine ỳetiriliş etaby esasynda şäheristana berilen pul ygtybarynyñ ỳetmezçiligine garamazdan 5 milliard tümenlik gerekli pul ygtybarlary bilen 157 sany önüm öndürmäge isleg bildirỳän arza haty elimizde dur. Bu meseläniñ ỳüze çykmagy jogapkär işgärleriñ ünsüni özüne çekỳär.
Iş üstündäki kärşynaslaryñ nuktaỳinazarlary hem-de alynyp barylan derñewleriñ mälim edişine görä, görkezilen iş gurplaryny we oña bolan ukybyny gözöñüne tutup maldarçylygyñ gerekli ỳerligi, suw resuslarynyñ bollygy , tebigy çeşmeleri , senagat bazalary we senagat şäherçelerini döretmek, balyk öndüriş, dokmaçylyk we hem şeỳle meỳilnamalary ỳerine ỳetirip iş dörediş ugrunda bank ygtybarlaryñ ỳeñilliklerini şoña urugdyrmak zerurlygy , bu şäheristany iş meỳdanynda aỳdyñ görkezỳär. Ýokardaky ỳatlanan kärleriñ önüm möçberlerini ỳokarylandyrmak we oba ỳaşaỳyjylarynyñ girdejisini artdyrmagyñ soñky netijesi obada ỳaşamagyñ islegini döredỳär.”
Bu mesele öz akabasynda döwletiñ ỳokary jogapkär işgärleriniñ gerekli pul ygtybarlaryny üpjün etmek jähetden maksada laỳyk garamaklaryny talap edỳär.”
Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳatynda söwda dolanşyklary irki döwürlerden bäri bolup durupdyr, “ Türkmenler esasanam asudalyk döwürlerde Eỳranyñ şäherlerine ylaỳtada Tährana çenli gelip-gidipdirler.”. Olar Eỳranlylara duz, nebit, haly, keçe, arpa, bugdaỳ, jül, saryỳag, goỳun we at ỳaly harytlaryhem-de ỳüpek mata we nah ỳaly senagat harytlary bilen alyş- çalyş edipdirler.”.
Umuman türkmenlerde ylaỳta-da Türkmensährada dürli ekerançylyk önümleriniñ öndürülmegi, maldarçylyk, awçylyk, balykçylyk, tokaỳ we senagat önümleriniñ köp mukdarynyñ öndürülip durylmagy sebäpli, beỳleki goñşy welaỳatlar hem göñşy ỳurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ỳola goỳmaga iñ amatly şert döreỳär. Gürgen şäheri Gülüstan welaỳatynyñ merkezi diỳilip yglan edilỳänçä hem söwda we dürli harytlaryñ ỳaỳran möhüm ojagy hökmünde tanalỳardy. Bü barada Tumanowiç ỳaly etnograf alymlar iş hem ỳazypdyrlar. Meselem, “ Söwda boỳunça türkmenleriñ taryhynda ỳomutlaryñ japarbaỳ tiresi has işeññir gatnaşỳan türkmen täjirleri bolupdyrlar. Olar diñe deñizden daş ỳurtlar bilen däl-de, eỳsem Hazar deñizinde-de söwda gatnaşyklary bilen hem meşgullanypdyrlar. Olar Astrahan,Baku we Eỳran şäherlerine gatnap söwda edipdirler.”.
Häzirki zaman gülüstan welaỳatynda köpden bäri däp bolup gelỳän alyş-çalyşlaryñ bir görnüşi hemişe saklanyp galypdyr. Ol hem hepdelik bazarlarydyr. Hepdelik bazarlar hepdäniñ belli günlerinde belli şäher- etraplarda, şöl güniñ dowamynda bolup geçỳär. Mysal üçin, Bendertürkmen şäheriniñ “Duşemme bazary”, Akgala şäheriniñ “Penşemme bazary”, Hojanepes etrabynyñ “Ýekşemme bazary”, şeỳle hem Kümmetkowus, Gürgen we Kümüşdepe ỳaly şäherlerde beỳleki şäherleriñ bazar günlerine gabat gelmeỳän günlerde hepdelik bazarlary ỳöredilỳär. Bu bazarlar şäheriñ belli ỳerlerinde bolup geçỳär. Bu bazarlardan gerekli dürli harytlaryñ beỳleki günlerden baha tapawutlylykda satyn alyp bolỳar. Bu bazarlar Türkmensähranyñ welaỳatyna degişli bolany üçin türkmenleriñ el haly-halyça we dokunlary görküni has ỳokarlandyrỳar.
Gülistan welaỳatynyñ terretoriỳal söwda gatnaşyklary hakda aỳdylanda bu welaỳatdan beỳleki welaỳatlara göỳberilỳän eksport ekerançylyk önümleri, tokaỳ önümleri, maldarçylyk, dürli balyk we senagat önümleri hem el senagatlary welaỳatyñ söwda ugurdaky7 girdeỳjileri üçin gymmatly paỳy özüne alỳar.
Türkmensähranyñ Gülistan welaỳaty daşary goñşy ỳurtlar bilen esasan hem Garaşsyz Türkmenistan bilen serhetdeş bolany sebäpli, söwda işlerinde Eỳranyñ, Orta Aziỳa ỳurtlary bilen halkara söwda aragatnaşyklarynda uly paỳa eỳe bolup durỳar. “Irki döwürlerde türkmenler Esengulyda we Astrahanda ruslara haly, guw guşlaryñ peri, deri (tilki, şagal we başga haỳwanlaryñ derisi), balyk, nebit we duz ỳaly harytlary satyp, onuñ deregine çörek, şeker, çaỳ, demir, turba, senagat harytlary, agaç, azal,käse we balyk aw abzallaryny satyn alypdyrlar”.
Akademik M. Annanepesowyñ aỳtmagyna görä, “Bir put nebit 80 köpeỳk, bir put wisige 3 rubl we bir put işbili 1,70 rubla satypdyrlar”.
Soñky ỳyllarda Eỳranyñ Orta Aziỳa we Hazar deñziniñ daşyndaky ỳurtlar bilen syỳasy we söwda aragatnaşyklarynyñ oñatlaşmagy Gülistan welaỳatynyñ bähbidine bolup, dürli söwda şertlerini döretdi.
Kümmwtkowusyñ demirgazykdaky Gülistan welaỳatynyñ merkezi Gürgen şäheriniñ 72 kilometrligindäki inçeburun gümrükhanasy Eỳranyñ demirgazygyndaky ỳerleşen Hazar deñziniñ günorta kenarỳakalarynyñ üç welaỳatynyñ arasyndaky ỳeke-täk gümrükhana bolup durỳar, Ondan eksport edilỳän harytlaryñ göwrümini göz öñünde tutanyñda Eỳran boỳunça iñ ähmiỳetli gümrükhanalaryñ biri diỳip hasap edilỳär. Gümrükhanadan köp mukdarda eksport edilỳän harytlar Garaşsyz Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan ỳaly ỳurtlara ỳollanyp, ondan hem Orta Aziỳanyñ beỳleki ỳurtlaryna çenli äkidilỳär.
K. Benderỳewiñ berỳän maglumatyna görä, ỳomutlaryñ 80-göterimine ỳakyn oturymly, 20-göterimi göçme we ỳarym göçme halatda ỳaşaỳarlar. K. Benderỳew:-“...Japarbaỳlar deñziñ gündogarynda, Krasnowodsikiden Kümüşdepä çenli ỳaşaỳarlar – diỳip ỳazỳar.
Emma K. Benderỳewyň beỳän maglumaty nädogry. Ol beỳle däl-de, eỳsem ỳmutlaryň ỳaşaỳan geografiki çägi ondan giňiräk meỳdany öz içine alỳar. Ýagny Garasuw derỳasynyñ günorta oazislerine çenli dowam edỳär.
Olar deñziçilik, çörek önümçiligi, balyk awçylygy, ownuk senagat, deñzide ỳük daşamaklyk, deri eỳlemeklik, duz işläp bejermek we söwdagärçilik bilen meşgullanỳarlar.
Japarbaỳlar ökde iş adamlarynyñ hataryhda Eỳranyñ medeni merkezlerinde, Azerbaỳjanda, Orta Aziỳada we hatda Astrahandada tanalỳarlar. Japarbaỳlaryñ köpçuliginiñ öwrenilen durmuşy aỳratyn obrazlara eỳedir.
Türkmensährada has irki döwürlerden bäri Etrek-Gürgen türkmenleriniñ japarbaỳ taỳpasynyñ köpüsini ozünde ỳerleşdirip Türkmensähranyñ merkezi hasaplanỳan Kümüşdepe şäheri hakda henize çenli ỳeterlik maglumat ỳok .
Hazar deñziniñ gündogar-günorta çüñkündäki ỳerleşen Bendertürkmen port şäheriniñ 18 kilometr demirgazygynda ỳerleşen Kümüşdepe şäheri XX asyryñ başlarynda Reza Pählewi hökümeti eỳelän döwründe oña “Gomişan” diỳlen at goỳulypdyr. Eỳranda Yslam Respublikasy döränden soñ ỳene-de öñki ady oña gaỳtarylyp alyndy.
Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyñ günorta-günbatar çüñkünde ỳerleşen Esenguly etrabynyñ göni günortasynda 40-50 kilometrlikde ỳerleşen Kümüşdepe şäheri giñ ỳatan tekiz düzlükde bina bolup, ondaky jaỳlar, köçeler ençeme taryhy wakalary başdan geçiripdir. Gülistan welaỳatynyñ Demirgazyk-Günbatarynda ỳerleşỳär. Günorta tarapy Hojanepes we Bendertürkmen şäherine, Demirgazykda Garaşsyz Türkmenistanyñ serhedine, Gündogarda Akgala şäherine we Günbatary bolsa Hazar deñzi bilen serhetleşỳär. Onuñ ỳerşarynyñ grafiki bellikleri boỳunça 5 prima 54 gradus gündogar uzynlygyna we 6 prima 37 gradus demirgazyk iỳnligine Angliỳadaky Griniwiç şäherindäki ỳerşary ölçeginiñ başlangyç tarapyndan aralygy bar. Açyk deñiz ölçegi boỳunça 22 metr suw ỳüzlüginden pes derejede durỳar.
Kümüşdepäniñ günorta bölekleriniñ howasy Hazaryñ ỳyly howasyndan gözbaş alỳar. Demirgazyk bölekleri Garagum çölüniñ täsiri sebäpli ỳarym düzlükden ybarat. Ýerleriñ az bölegi ekin-dikin üçin ỳarasa, köp bölegi şor meỳdanlary öz içine alỳar. Gürgen derỳasynyñ boỳlaryny göz öñünde tutmasak beỳleki nokatlarynda ekerançylyk köplenç düme görnüşinde alnyp barylỳar.
Bu şäheriñ adam sany 50,000 bolup, olardan 30 göterimi şäherde ỳaşasa, galany oña tabyn obalarda ỳaşaỳarlar. Umuman Kümüşdepä tabynlykda durỳan 53 sany oba bar.
Kümüşdepe şäheriniñ binỳat bolan çägi Ahamenitleriñ döwründe “Girkany” ỳa-da “Hirkany, Werkany” diỳlip atlandyrylypdyr.
Bu oazis Sasanitleriñ döwründe iññän medeniỳet merkezi hasaplanypdyr. Ol Maşatmisriỳan we Dehistan ỳaly medeniỳetleriñ ỳakyn gatnaşyklarynyñ bir bölegi bolupdyr. Kümüşdepäniñ demirgazygynda ỳerleşen “Kiçijik Kümüşdepe ỳa-da Kümüşdepejik” depesinden tapylan gymmatly tapyndylaryñ mälim edişine görä, ol ỳerde ösen medeniỳen bolup geçipdir. Bu depe Sasanitleriñ patyşalary tarapyndan Turanlylaryñ çozuşyndan aman galmak üçin saldyrylar “Gyzyl alan” diwarlarynyñ harabalarynyñ soñky eteklerinde ỳerleşipdir. Bu diwarlar Kümüşdepäniñ demirgazyk eteklerinden başlanyp 180 klm uzynlygy bilen Güllidag daglyklaryna çenli dowam edỳär. Oña pars dilinde “Sedde Iskänder” hem diỳipdirle
Bu diwaryñ kerpiçleri gyzyl reñkli dört gyran bilen kerpiçler bolany üçin, ol häzirki döwürde gyzyl depejikler ỳaly bolup görünỳär. Şonuñ üçin oña halk “Gyzylalan” diỳipdir. Henize çenli bu ỳerde hiç hili gazuw işleri ỳa-da oña degişli arheologik barlaglar geçirilmäni üçin ol harabaçylyga öwrülip adamlar onuñ kerpiçlerini öỳ salunmak üçin peỳdalanypdyrlar. Kümüşdepe, Hojanepes ỳa-da oña tabyn oba-etraplarda irki salynan jaỳlaryñ köpüsiniñ kerpiçleri gyzylalan diwarlarynyñ kerpiçleri bolup durỳar. Bu diwaryñ deñze tarap çümüp gidỳän eteklerinde ỳerleşen depejik bolsa bir zamanlarda ada bolupdyr. Horezmşalaryñ patyşasy Soltan Jelaleddin Horezmşanyñ atasy Soltan Gütbetdinmuhammet Horezmşa, Çingizhanyñ çozuş döwründe bu adany gaçybatalga edip saỳlapdyr. Onuñ öñki ady “Abesekun” adasy bolupdyr.
Belli orta asyr alymy Hojanasretdin Tusynyñ Abesekun baradaky wakany belläninde berỳän geografiki ỳerlik belliginiñ, şoña gabat gelỳändigi gös göni görnüpdur. Aslynda Kümüşdepe adynyñ goỳulmagy hem bu depeden kümüşdir- bürünç ỳaly şaỳ-sepleriñ çykmagy sebäplidir. Şeỳlelik bilen bu diwar “Sul” (Suwlyhan) atly türkmen patyşalary tarapyndan türkmenleriñ gol astyna geçỳär.
Bu diwaryñ gapysy Turanylalara (Türkmenlere) açylmagy bilen Abesekun adasynda kem-kemden türkmen ilaty otutumlaşyp başlaỳarlar. Birinji gelen ilat Oguzlaryñ musulman bolan türkmenleri bolupdyr. Türkmenler bu adany bir badany oturumlaşmak üçin peỳdalanman, eỳsem gyş aỳlarynda oturylỳan “Gyşlyk” hökmünde peỳdalanypdyrlar.
1850-nji ỳylda Abheri atly alym üç hepdelik Kümüşdepede ỳaşan mahaly şeỳle ỳatlaỳar: “ Kümüşdepe esasan gyş aỳlarynyñ ỳaşaỳyş mekany bolupdyr. Onuñ sebäbi beỳleki pasyllarda ol ỳerlerde ỳokanç keselleriñ köpelmegi bilen az sanly adam onda galypdyr. Kümüşdepe Gürgen derỳasynyñ uly agzyna çenli dowam edỳär. Ol ỳerlerde derỳanyñ ini hem çuñlygy artyp, balyk awlamaga ilat üçin amatly şert döredilipdir”.
Emma kem-kemden Orsỳet bilen alyş satyş söwdalarynyñ ỳola goỳulmagy, awçylyk işleriniñ ösmegi, gümrükhana enjamlarynyñ gurulmagy bilen, Kümüşdepe şähere öwrülip, onda ösüş başlanỳar. Birinji gezek Hojanepesbaỳ atly uly täjir patyşa Russiỳasynyñ huzuryna baryp, wekilçilik edỳär.
1320-nji h.k. ỳylda Mämmedaly Gurhançy Sulatnyzam öz göỳberen habarnamasynda şeỳle belleỳär: “Kümüşdepe (Gomişan) oturymlaşan türkmenleriñ ỳomut taỳpasynyñ japarbaỳ ilaty ilkinji arassa, tämiz we baỳ taỳpalarynyñ biridir. Olar ruslar bilen gel-gitleri bolany üçin egin-eşik hem içeri şay-esbaplary taỳdan has ỳokary derejede durỳar. Ir bilen turanlarynda ählisi isli sabyn bilen ỳuwunỳarlar. Gyşlarda galoş, putinka we gysgaça palto geỳinip gezỳärler.
Şu günüñ özünde Orsỳetden 150 sany agaç magazynlary getirildi. Olar örän owadan
ỳasalypdyr. Rowaç bazarlary bar. Orsỳediñ çaỳy, şekeri, samawary, matalary, Hajytarhynyñ gap-gaçlary, uny hem geỳim-gejimleri onda satylypdur”.
Şeỳle hem Eỳran türkmenleriniñ taryhçysy Eminylla Güli, Rezahanyñ Mazenderana eden saparnamasy hakyndaky ỳazgylaryna salgylanyp, Kümüşdepe barada şeỳle ỳazỳar: “Kümüşdepe kasabasy (etraby) agaçdan salyhatly ỳasalan iki mertebe jaỳlar hem garsak öỳler bilen hatarlanyşyp dur. Öỳleri köçeden aỳratynlaşdyrỳan agaçdan ỳasalan diwarlaryñ ortasynda daş dökülen köçe geçỳär. Öỳleriñ agajyna, otaklaryñ diwarlaryna we amaratyñ bamyna çalynan reñkler bu kasabanyñ owadanlygyna gözellik goşỳar. Ilatyñ arasynda gedaỳçylyk we zat soramak aỳyp hasaplanyp, etrapda hiç hili gedaỳ görünmeỳär. Kümüşdepede 3000 sany öỳli raỳat ỳaşap, 11 mähälle (kwartal) bölünỳär.”
Kümüşdepede medeniỳet edarasy Rezahanyñ döwüründe açylỳar. Häzirki zaman Kümüşdepe welaỳat bölünşiginde “Demirgazyk japarbaỳ” etraby ady bilen Türkmen şäheristanynyñ tabynlygynda durỳar. Bu şäher özünde Ussat Niỳazmuhammet Niỳazy, Hajymeretdurdy Gazy, Nurmuhammet Muttagy, Professor Rahman Rahmany, Doktor Sapar Ensary (Sapar ahally), Professor Nurmuhammet Aşyrpur Meredow, Ahmet Ahundow Gürgenli, Arazmuhammet Şaeri (Aram), S. Gökleñi, ỳaly alym ulamalar we beỳleki Annageldi Aç, Kyỳathan, Hojanepesbaỳ, Abaserdar, Gurbandurdy Jerdeki, Amanjan Abaỳy, Osman Ahun, Rejep Ahun, Allaguly Saỳatly ... ỳaly şahsyỳetleri dünỳä inderdi.
“Eỳran ỳazyjysy etnogrof Agaỳe Apbas Şowgy, Kümüşdepäniñ adajygynyñ üstünde ilkinji oturumlaşan ilat hökmünde türkmenleriñ ỳedi sany taỳpasyny (tiresini) sanap geçỳär. Olar Kör, Kötük, Kelte, Kenan, Burkaz, Tumaç
Tumaç we çükgän ỳaly tirelerden ybarat bolỳar”.
“Elbetde Apbas Şowgynyñ Kümüşdepäniñ ilkinji ilaty hakynda bellände bir ỳalñyşlygyny-da ỳatlap geçmek zerur bolỳar. Ýagny ol bu ỳedi tirä Düỳejileri goşmandyr. Bu tire hem bu ỳerde ilkinji oturumlaşanlaryñ biri bolup durỳar.”
Taryhy çeşmeleriñ rowaỳat etmegine görä, “türky kowmyñ Oguz diỳlip atlandyrylỳan bir topary Horezm, Etrek we Gürgen jülgeleriniñ hasylly düzlüklerine tarap süỳşỳärler. Bu toparlar VI hijri asyrda yslam dinine meỳletin boỳun egip, soñ ‘türkmen’ diỳlen ada meşhur bolupdyrlar.”- dyilip bellenilyär.
Dünỳädäki ähli türkmenler yslam dininiñ sünni musulmanlaryndan ybarat bolỳar. Şolar bilen bir hatarda Kümüşdepäniñ hem ilaty sünni musulmanlaryñ Abuhanyfa Ymam Agzama degişli bolup durỳar.
Türkmenleriñ yslam dinine boỳun egmegi Ýewropa ilçihanasynyñ wekili Riçard Fraỳ VI asyr alymy Şerefezaman Merweziniñ kitabyndan şeỳle setirleri getirỳär: “Haçanda olar (Oguzlar) musulmanlaryñ serhetlerine girip başlanlarynda şol wagt musulman bolanlara “Türkmen” diỳipdirler. Bularyñ arasynda musulman bolmadyklar bilen näsazlyk hem döräpdir. Şeỳlelik bilen Oguzlaryñ arasynda musulman bolanlaryñ sany köpelip yslam dinine wepadar adamlar döräpdirler. Olar kapyrlardan üstün çykyp olary daşary kowupdyrlar.”... Türkmenler yslam ỳurtlarynyñ ählisine ỳaỳrapdyrlar. Olar ähli ỳerli ilatlar bilen oñyn aragatnaşyk saklap, olary hormatlapdyrlar. Şeỳlelik bilen türkmenler yslam ỳurtlarynyñ ählisine eỳe bolup patyşalyga ỳetipdirler. Olar haýsy bir ýurtda hökümdarlyk sürseler hem, ýerli ilatyñ dap-dessurlaryna, dili hem medeniyetlerine hormat bilen seredip, olaryñ öz erkinligini ödäpdirler.
Kümüşdepede ỳaşaỳan ilat arassa türkmen dilinde gürleỳärler. Ykdysadyỳet taỳdan olaryñ kärleri daỳhançylyk, maldarçylyk, awçylyk, ussaçylyk we dokma hem halyçylyk ỳaly işler bilen meşgullanỳarlar. Kümüşdepede esasy ekerançylyk önümleri arpa, bugdaỳ hem pagtadyr.
Ýer şorlygy hem suw gytymçylygy sebäpli ekerançylykda gerekli ösüşleri gazanyp bolmaỳar.
Maldarçylyk meỳdanynda bolsa, bu ilatyñ iññän gadymdan meşgullanyp gaýdan kärleriniñ biridir. Olar goỳun, sygyr, gäwmiş hem düỳe ỳaly mallary saklapdyrlar. Goỳun sürilerini gyş paslynda Kümüşdepäniñ demirgazygynda ỳerleşen giñ öri meỳdanlarynda “gyşlaga” sürỳärler “Ýaỳlak” üçin hem tomuslarda sürileri şäheriñ ỳakyn töwereklerine getirỳarler. Bu ỳerlerde goỳun ỳüñi hem eti üçin ulanylỳar. Onuñ süỳdünden peỳdalanmaỳarlar diỳen ỳaly.
Kümüşdepe ilatynyñ esasy meşgullanỳan işleri biri hem Hazar deñzinde awçylyk etmek bolupdyr. Bu ỳerde uzynburun, bekre, tirana, göwrüç, pil balyk, akbalyk, azatmahy, kepir, takgaz, çapak, kefal, garabalyk, kilka, ... ỳaly balyklary awlanylỳar.
Kümüşdepäniñ her bir türkmen maşgalasynda bolşy ỳaly, zenanlaryñ meşgullanỳan kärleri dokmaçylyk bolup durỳar. Olar gadymdan galan ähli göl nagyşlaryndan peỳdalanmak bilen “Hojaỳyngöl” atly täze göl hem döredipdirler.
Kümüşdepäniñ taryhy-arhiologik gymmatlyklarynyñ biri gyzylalañ diwarlary hakda ỳatlap geçipdik. Gyzylalañ diwarlary taryhda dürli alymlaryñ ünsini özüne çekipdir. Bu diwar hakda içeri we daşary arheologiỳa hünärmenleri yzygiderli derñewleri geçirỳärler. Dürli syỳahatçylar öz seỳil-syỳahatlarynda bu diwary ỳatlap geçipdirler “Şäheristanhaỳe Iran” atly kitapda bu diwar hakda şeỳle diỳilỳär: “Gürgende Dehistan atly
şäheristanyny “Nersi Aşkany” atly patyşa binỳat edipdir. Bäş sany galaly Kümüş şäheristany jadygöỳleriñ ỳolbaşçysy Azydahak (Gadymy pars dilinde aždarhanyñ ady) gurdurypdyr. Şapuryñ ogly Ýezdgerd öz eỳỳamynda “Çöl” tarapdan bolỳan çozuşlaryñ öñüni almak üçin, şol taraplara didewan saldyrypdyrlar. Ol şeỳle diỳipdir: Ol ỳerde 180 k.m. (parsang) uzynlygy we 25 arş (75 sm) boỳy hem bir köşk bilen saklaw göründi”.
300-nji hijri ỳylda “Mesalek wel-memalek” atly kitapda şeỳle bellik bar: “Enewşirwanyñ zamanasynda Türkmenleriñ çozuşlarynyñ öñüni almak üçin Gürgende kenarỳaka begleriñ goraỳyş diwarlary guruldy, Hek bilen dört gyrañ bişen kerpiçlerden mäkämlenen bu diwarlary türk patyşalarynyñ biri “Sül” atly hökümdar oña üstün çykdy we soñ bolsa musulmanlar ony açdylar.
“Hudud-el älem” atly kitapda bu diwar hakda şeỳle ỳazylypdyr: ”Dehistan örän ekerançylykly, abadan we önümli ỳerdir we söwda alyş-satyş rowaçlygy üsti-üstünedir.”
Elbetde Dehistan, Gyzylalañ diwarlaryndan has demirgazykda ỳerleşỳär. Ýazgyny ỳazan serhedi Dehistana çenli diỳip düşünipdir. Ony Dehistana degişli edip goỳupdyr. Öñler eger Dehistan Etrek derỳasynyñ demirgazygynda ỳerleşen bolsa, Gyzylalañ onuñ günortasynda ỳerleşỳär. Dehistan we Maşatmissirỳan yslam dini Orta Aziỳa ỳurtlaryna ỳaỳramazdan öñ, Eỳran patyşalygyna tabynlykda durman Turan patyşalyklarynyñ merkezi medeniỳetleri hasaplanypdyr.
V hijri asyrda alymlaryñ ỳene birisi şeỳle ỳazỳar: “Kuwadyñ (Gobad) ogly Enewşirwan Sasany Hosrow bir Gürgende sul derwezesi hem bäş parsang uzynlygy bilen mermer daşdan bir diwar saldyrypdyr.”.
443-nji hijri ỳylda Gerdizi atly bir alym şeỳle ỳazỳar: “Enewşirwan adyl, Ýezdjerd ibn-e Bähramyñ saldyryp başlan diwaryny, Gürgene baryp onuñ binasyny tamamlapdyr”
605-nji hijri ỳylda Nejib ibn-e Bekran atly geografiỳaçy hem bu diwar
hakda şeỳle belleỳär: “Gürgeniñ serhetlerine dört gyrañ bişen kerpiçden çekilen diwar, Ulỳabat daglygynyñ başyndan başlap, Syỳawoşek owazislerine we ondan hem Abesekuna çenli dowam edip her kerpiç 30 menden (90 kilo) 40 mene (120 kilo) çenli (her “men” 3 kilo) agramy, uzynlygy bolsa, 50 parsang bolupdyr. Bu diwar Deregez we Bawartdan (Abiwerd) Dỳebefudanyñ ỳakynyndan geçip Bawerd şäheriniñ eteklerinden çöllüge geçip Sarahsa tarap çümüp gidỳär. Bu şol diwarlygy mälim däl, ỳöne Gürgendäki diwary “Tejenbar” diỳip atlandyrypdyrlar.”.
“Jeografiỳaỳe taryhyỳe Lesterenç” atly eserde we Rabinonyñ Saparnamasynda hem Grişmeniñ “Iran äz agaz ta eslam” atly eserinde-de ỳokardaky matlaplara meñzeş
faktlara gabat gelỳäris. Belli Eỳran alymy Seidnefesi bu diwaryñ täzeden gurulşy hakda şeỳle ỳazỳar: “Mämmedaly Gurhançy (Suletnyzam) ony 20 parsah özi hem 224-nji hijri ỳylda Täbäristanyñ hökümdary Maziỳaryñ tarapyndan täzeden gurulyş çärelerini görüpdirler.” -diỳip şeỳle belleỳär: “Bu böwediñ uzynlygy bütinleỳin 20 parsahdyr. Jürjän şäheriniñ harabaçylygynyñ ỳakynyndan Gürgen derỳasynyñ agzyna çenli dowam edỳär. Her parsahda salnan gala we garawulhanalar Senirsowanyñ ỳakynyndan Gojugabet hem Kümmede çenli dowam edỳär. Bu böwedñ ini 5 metre ỳetỳär”.
A. Wamberi, Gyzylalañ diwarynyñ ady barada şeỳle ỳazypdyr: “Dört garyñ şekilli salnan jaỳyñ içinden tyñsykdan ỳasalan bir uly küỳze tapylỳar. Bu küỳzäniñ ỳognasynyñ näzikligi kagyzdan inçe we onuñ içinden mawy reñkli kül hem näçe sany altyn zikge we birnäçe gymmatly şaỳlar çykypdyr. Şonuñ üçin bu diwaryñ hemme ỳerini hem “Gyzyl alañ” ỳagny “Altyn tapylyan depejikler” diỳip atlandyrypdyrlar.”
Elbetde türkmen dilinde “alañ” ỳagny depejik manyda bolsa, Wamberiniñ pikiri boýunça oña “ gyzyl alan (gyzyl tapylan)” manyda gidyar.
Gyzyalang diwarlary hakda pars dilinde goyberilen birnéçe maglumatlara ünsingızı çekyérıs:
ساختار معماري 40 قلعه ديوار تاريخي گرگان بررسي مي شود
سومين فصل كاوش و بررسي ديوار تاريخي گرگان با هدف بررسي ساختار هاي معماري 40 قلعه مسكوني و فضاهاي صنعتي موجود در امتداد اين ديوار از سوي هيات باستان شناسي سازمان ميراث فرهنگي آغاز شد .
در اين راستا محوطه باستاني قيزلر قلعه به عنوان يك مكان مركزي در امتداد ديوار مورد كاوش قرار مي گيرد تا با ايجاد برش لايه نگاري در اين قلعه توالي فرهنگي آن با قلعه هاي متصل به ديوار نيز مورد بررسي قرار گيرد. ( اين قلعه در دهه هاي 1310 و 1350 به ترتيب از سوي فرانسويان و ژاپني ها مورد بررسي قرار گرفته است)
ديوار دفاعي گرگان به طول 200 كيلومتر و عرض 6 تا 10 متر يكي از بزرگترين و برجسته ترين آثار معماري دشت گرگان در دوره تاريخي محسوب مي شود.
جبرئيل نوكنده سرپرست هيات باستان شناسي با اعلام اين خبر شروع مطالعات سنجش از راه دور ، قوم باستان شناسي، زمين شنــاســي و ساماندهي كاوشهاي فصول گذشته را از ديگر اهداف هيات باستان شناسي بر شمرد.
به گفته جبرئيل نوكنده اين اثر شگفت انگيز كه در متون تاريخي و علمي به نامهاي سد اسكندر، سد انوشيروان، سد فيروز، قزل آلان و ديوار دفاعي مطرح شده داراي تاسيسات وابسته همچون سد، قلعه، كانال، خندق و ... و بناهاي غير وابسته قلعه و تپه مي باشد.
شناسايي وضع موجود ديوار، مستند سازي و شناسايي سفال هاي باستاني در اطراف ديوار و رودخانه كرگانرود و شناسايي طول ديوار از 155 به 200 كيلومتر از دستاوردهاي فصول گذشته بررسي هاي باستان شناختي اين ديوار به شمار مي رود.
به گــزارش واحد اطلاع رساني سازمان ميراث فرهنگي كشور، اين ديوار از محلي به نام خواجه نفس شروع و پس از عبــور از شمال گنبد قابوس به طرف شمال غرب ادامه يافته و در كوههاي "پيش كمر" محو مي شود.
بررسي پيمايشي باستان شناسي اين ديوار در 1378 با توجه به مشكلات پروژه هاي عمراني بويژه سد گلستان كه تمامي مساحت شبكه آبياري آن در مسير ديوار قرار داشت انجام شد.
در اين سال همچنين با گمانه زني باستان شناسي در دو نقطه تقاطع ديوار و زهكش سد گلستان آثار معماري از بقاياي ديوار كشف شد. اين ديوار در بخشي داراي 6 متر و در قسمتي ديگر داراي 10 متر عرض مي باشد كه اين امر نشاندهنده آن است كه عرض ديوار در نقاط مختلف بنا به وضع طبيعي و زمين ساختي منطقه متفاوت بوده است.
در فواصل مختلف قلعه هايي در سمت جنوب اين ديوار ساخته شده كه كمترين فاصله قلعه ها 50 متر و طولاني ترين آن به ده كيلومتر مي رسد.
دومين ديوار بزرگ جهان در گرگان كاوش مي شود
گرگان، «رحمت الله رجايي» : يك تيم كامل باستانشناسي، كار كاوش باستانشناسي ديوار تاريخي گرگان را كه دومين ديوار بزرگ جهان محسوب مي شود، آغاز كرده است. اين تيم باستانشناسي شامل: ۶باستانشناس و گروه كاري ۱۰نفره زمين شناس، معمار، جغرافيدان، مورخ، متخصص هنرهاي دستي، گرافيك و طراح به همراه ۵۰كارگر است. بررسي هاي ميداني اين كار سال۱۳۷۹ انجام شده است. به گفته «جبرييل نوكنده» سرپرست هيأت كاوش، سه كارگاه جداگانه به كاوش ديوار تاريخي گرگان مشغول هستند. «ماهفروزي» سرپرست كارگاه در روستاي «قره سير» مي گويد، كارگران كاوش از همين روستا انتخاب شده اند و محل كاوش در جنوب رودخانه گرگان رود با آب زلال آن قرار دارد. كارگران بقاياي ديوار را درآورده اند و آجرهاي سفالي رنگ ۴۰*10 آن كاملاص مشخص است. «قربانعلي عباسي» مسؤول كارگاه ديگري در روستاي يسا قليق واقع در ۳۳كيلومتري جنوب شرقي شهر كلاله، مي گويد، در اينجا بقاياي ديوار در عرض ۲/۴۰متر و ارتفاع ۱/۲۰كاملاً مشخص شده است .د ر ديوار ۱۰رگه آجر سالم وجود دارد كه ملاط آن مخلوطي از گل و آهك است. علت ساخته شدن ديوار در قسمت كوهستاني با توجه به وجود موانع طبيعي دفاعي شايد نوعي نمايش قدرت سياسي بوده است. خانم «حسين زاده» مسؤول كارگاه سوم در جنوب رودخانه گرگان رود بر روي دامنه كوه نيز گفت، شكل ديوار در اين قسمت بسيار قابل توجه است چرا كه در داخل آن فضاي خالي وجود دارد. در پايه ديوار سه رج سنگ قرار داشته كه در بالاي آن آجر چيده شده است. بهترين نقطه اي كه مي توان شكوه اين ديوار تاريخي را ديد، همين نقطه است. «سامان حيدري» باستان زمين شناس، در اين باره گفت، ما در اين مرحله از كاوشها در جست وجوي پاسخي براي مشخص شدن جنس آجرها واينكه از چه درجه حرارتي براي پخت آجرها استفاده شده است، هستيم. «فريدون اونق» صاحبنظر در تاريخ منطقه مي گويد، در اين مرحله به دنبال شناسايي تاريخ و جغرافياي منطقه و قوم شناسي اطراف ديوار هستيم. اما در كنار باستانشناسان، تيمهاي طراحي، گرافيست و... نيز مشغول هستند تا مطالعه و پژوهش اين مرحله كامل باشد. چنانچه آنان به ترميم آثار مكشوفه و طراحي آنها مشغول هستند. شايان ذكر است، مورخان قدمت اين ديوار را به دوران حكومت انوشيروان ساساني نسبت مي دهند. به طوري كه «ابن خرداد» كه در سال۳۰۰هجري قمري درگذشت، در كتاب «مالك و الممالك» درباره اين ديوار مي نويسد: «ديوار دفاعي زمان انوشيروان كه درخشكي گرگان در برابر تركان ساخته شد، ديواري استوار از آجر و گچ بود تا اينكه يكي از پادشاهان ترك كه صول ناميده مي شد بر آن چيده شد و سپس مسلمانان آن را گشودند.» اين ديوار همچنين به ديوار دفاعي اسكندر نيز معروف است
Bendertürkmen şäherini häzirki zaman, umumy maglumatlarda şeỳle görkezilỳär: “ Gülistan welaỳatyna tabynlykda duran Bendertürkmen şäheri, Türkmensähra ülkesiniň has Günbatar çünkinde ỳerleşen türkmen şäherleriniň biri dir. Bendertürkmen şäheri, ỳurt tabynlygynda “şäheristan” ölçeginde “Türkmen şäheristany” ady bilen şäheristan merkezliginde durỳar. Bu merkezlige Kümişdepe ş., Siminşäher(öňki “Gargy” we “ Omçaly şş.)” we Bendertürkmen ỳaly şäherler onuň tabynlygynda durỳar. Onuň şäheristan derejesinde umumy sany 200 nüň adam bolsa, 90% göterimi Eỳranli türkmenlerden ybarat bolỳar. Bendertürkmen şäheri 1306 h.ş. ỳylynda Reza şanyň tarapyndan düỳbi tutulyp, “ Benderşa” ady bilen tanalỳardy. Bu şäheriň ady 1979-njy ỳỳl Eỳran ynkylabyndan soň türkmenleriň talabyna görä “ Bendertürkmen şäheri” diỳilip atlandyryldy.
Bendertürkmen port şäheri Hazar deñziniñ günorta-gündogar çüñkünde strategik häsiỳetli mekanda ỳerleşỳär. Bu şäher 2-nji jahan urşuna çenli “port” görnüşini saklap onda dünỳäniñ dürli ỳerlerinde gelgitli syỳasy, medeni, ykdysady we söwda deñiz gatnaşyklary bolup durupdyr. Iñ soñky sapar ikinji jahan urşunda öñki SSR-iñ faşistik Germaniỳa üstün çykmagynda-da bu port şäheriñ üsti bilen SSR-iñ goşunlaryna Amerikanyñ ỳaraglaryny ỳetirilip durulmagy sebäp bolupdyr. Şonuñ üçin dünỳä boỳunça bu şähere hem-de Güdürolum geçelgesine-de “Pole piruze” ỳagny “Üstünlik köprüsi” diỳlen ady berlipdir.
2-nji jahan urşundan soñ dünỳä syỳasatlarynyñ üỳtgemegi bilen bu şäheriñ deñiz port häsiỳetinden pese düşürildi. Ýöne häzirki zaman onda dürli port enjamlary täzeden dikeldilip başlany bäri şäher öz hakyky adyna eỳe bolỳar. 60 ỳyldan soñ täzeden janlanỳar.
Bu şäheriñ deñiz gyrasynda “Iskele” diỳlen port enjamlary gurulypdyr. Häzirki zaman bu enjamlary has giñişleỳin alynyp barylỳar.
Eỳran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ hem Garaşsyz ỳurtlaryñ Bendertürkmen şäheriniň otly (gatar) duralgasynyň platformy aragatnaşyklary açylandan beỳläk günsaỳyn diỳen ỳaly bu şäheriñ hem ähmiỳeti has ỳokarlanỳar.
Bu port şäherinden Gülistan welaỳatynyñ deñiz söwda eksportlarynyñ köpüsini Türkmenistan bilen Gazagystana ỳollaỳar. Şeỳle hem bu şäher balykçylyk Şilat edarasynyñ tarapyndan gyzyl balyk işbil önümleriñ iñ köpüsi öndürilỳär. Bendertürkmen şäheri Orta Aziỳa ỳürtlaryna iñ ỳakyn port şäherleriniñ biri hökmünde onda demirỳol enjamlary hem regiỳon boỳunça eksport göỳberiji gurby, nebit we oña degişli materiỳallary tranzit etmäge ähmiỳeti has ỳokarlanỳar.
. Bendertürkmen şäheristanynyñ welaỳat häkimi Agaỳe Akberi şeỳle diỳỳär: “Deñziñ özegini (Deñziñ ỳörite çuñlaşdyrylan uly gämileriñ ỳöreỳän, bellik edilen marşrudy) çuñlaşdyrma çäreleri ỳerine ỳetirilenden soñ 500 tonna agramly gämileriñ gel-gidi başlanar”.[ ] 115
1998-nji ỳylyñ dowamynda (bir ỳyl) 9483 daşary ỳürtly uly konteỳner maşynlar 190 müñ tonna harytlar bilen Inçeburun gümrükhanasyndan tranzit edilip ỳollanylypdyr. Şeỳle hem 130 müñ tonna haryt 8225 sany Eỳranyñ öz içeri uly konteỳner maşynlarynyñ üsti bilen Inçeburun serhedinden Orta Aziỳa hem Orsỳed ỳurtlaryna göỳberilipdir.
Türkmensähranyñ Horasan welaỳatynyñ Howdan-Bajgiran serhed geçelgesinden üstümizdäki (1998-1999) 8 aỳyñ dowamynda 89 göterimi Eỳranly 10988 sany maşyn ỳük haryt geçirilipdir. Şolardan 6568 sany maşyn turist görnüşde, 3693 sanyh maşyn daşary ỳurtlardan we 727 sany maşyn ỳönekeỳ gatnaşyklar boỳunça geçirilipdir. Şeỳle hem şol bir wagtyñ özünde 1269 sany ỳolagçy awtobus maşynlar, ỳolagçy gatnadypdyrlar. Bütin Eỳran boỳunça Bajgiran geçelgesi, Bezergen, Astara hem Hosrawy serhet geçelgelerinden soñ dördünji orna eỳe bolỳar.”[ ] 116
Ýañy ỳakynda Gürgen şäheriniň merkezliginde açylan täze Gülistan welaỳatynyñ 1376-nji h.ş ỳylyñ azar aỳynyñ 16-synda (1997) göỳberilen 1 maddaly kanunyñ 2-nji goşmaçasyna laỳyklykda çykaran karary boỳunça, Akgala hem Marawdepe şäherleri 1377-nji ỳylda ỳurduñ bölünşik kanuny esasynda uly möçberdäki “şäheristan” hatarynda yglan edilmeli diỳlen goşmaça kanun hem geçirildi. Akgala şäheri öñki wagtlarda “Mübärekabat” we Pählewiler döwründe “Pählewidež” hem-de 1000 ỳyl töweregi mundan öñ “Espi dež” diỳlip atlandyrylypdyr. Akgala bir şäher hökmünde 4 dehistan, 96 oba bilen 90 müñ sany jemgyỳeti bar.