Piczo

Log in!
Stay Signed In
Do you want to access your site more quickly on this computer? Check this box, and your username and password will be remembered for two weeks. Click logout to turn this off.

Stay Safe
Do not check this box if you are using a public computer. You don't want anyone seeing your personal info or messing with your site.
Ok, I got it
III BÖLÜM: RUHY MEDENIYET:
  a). Eỳran Türkmenleriñ aỳdym-saz sungaty:
Check out this & other pics on my piczo site!

Dünỳäniñ çar ỳanyna ỳaỳran türkmenleriñ aỳdym-saz sungaty umumytürki halklarynyñ aỳdym-saz sungatynyñ aỳrylmaz bir şahasy bolup durỳar. Muña ol halklarda aỳdylỳan aỳdymlaryñ äheñleriniñ bir perdeden gopỳan görnüşleri hem köp ỳerlerde şaỳatlyk etse, köne döwürde ulanylan   ilkinji saz gurallary bolan gopuz, tüỳdük, dambura (tamdyra) ỳaly saz gurallarynyñ hemmetürki halklar üçin aralyk bolmagy-da muny doly tassyklaỳar.
Elbetde, belli bir halkyñ goñşyçylykda ỳaşan beỳleki bir halkyñ aỳdym-saz sungatyna öz täsirini ỳetirişi ỳaly, türki halkyñ aỳdym-saz sungaty beỳleki bir halka, beỳleki bir halkyñ aỳdym-saz sungaty bolsa, türkmen halkynyñ aỳdym-saz sungatyna özüniñ täsirini ỳetirendir. Bu meseläniñ barlagy örän uly bolup, biz bu ỳerde diñe Eỳran türkmenleriniñ saz-sungatynyñ gözbaşy barada gysgaça durup geçmekçi. Çünki aỳdym-saz sungaty hem belli bir derejede halkyñ ruhy medeniỳetini kesgitleỳär. Şol ruhy medeniỳetiñ kökleri bolsa, asyrlaryñ jümmüşine ornap gidip, olaryñ döreỳşi, kemala gelişi, ösüşi, taryhy wakalardan gözbaş alỳar.

Linck to Türkmen Kultur
* ỳomut-gökleñ ỳolunyñ görnükli wekili Gazak Pang

Umuman, türkmen saz-sungatynyñ öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaỳdỳandygy türkmen klassik şahyry Mahmyt Gaỳybynyñ Buhara emiriniñ huzurynda aỳdan “Gelende bardyr” atly şygyrynda şeỳle teswirlenỳär:
                                        Saz bilen söhbeti ỳaman diỳmäñler,
                                        Adam ata dünỳä gelende bardyr. 78  
Dutaryñ döreỳşi hakda dürli rowaỳatlaryñ biri hem beỳik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyñ belläp geçişi ỳaly aỳdym-saz, adam ata döränden bardyr, diỳen çuññur filosofiỳadan gözbaş alỳan sözüñ esasynda aỳdylỳar. Ol rowaỳat aşakdakydan ybarat bolỳar: “Hudaỳtagala adam atany döredende palçykdan hamyrmaỳa emele getirip onuñ adam şekilli heỳkelini bütin 40 gün saklapdyr. Haçanda öz ruhyndan adamyñ meỳdine dem salanda, toprakdan emele gelen ten bu beỳik ruhy götere bilmän her sapar ỳapyk teniñ içinden daş çykypdyr. Derhal hudaỳtagalanyñ emri bilen ruh ynsanyñ toprakdan gurulan tenine jaỳlaşar ỳaly elleri dutarly üç sany perişde saz çalyp başlaỳarlar. Allatagalanyñ ruhy ỳürege baryp ỳetende ynjalyk tapyp şeỳle diỳỳär: “Eỳ bir hudaỳa! Meni sazyñ güỳji bilen teniñ kapasynda jaỳladyñ. Şonuñ üçin her sapar sazyñ owazyny diñlesem, özümden gidip, kalbymyñ heỳejan-tolkunlaryny duỳỳaryn”. Türkmenleriñ ynamyna görä, heniz hem adamlar dutaryñ ỳürek tolkundyryjy owazyny eşiden badyna göwni uçgunmagy şonuñ üçindir. Sebäbi allanyñ ruhy toprakly tende sazyñ güỳji bilen siñipdir”.79
Irki döwürlerden bäri türkmen halkynyñ arasynda “Ozan” ady bilen başlangyç sungaty bolupdyr. Ozanlaryñ öz sözlerine özleri saz döredip, ony hem özleri ỳerine ỳetiripdirler.
S. Demidowyñ barlag etmegine görä, XI-XVI asyrda il arasynda Dana ata lakamy bilen tanalýan Ahsan şih Günbatar Türkmenistanda ỳaşap geçen Söỳünhany türkmenleriñ meşhur oguznamasyçy bolupdyr.80
Onuñ repertuaryndaky oguznamalryñ golỳazmasyny soñra Hywa hany Abulgazy özüniñ “Türkmenleriñ şejeresi” diỳen işine girizipdir.81
XVII asyrda Maññyşlak türkmenleriñ arasynda Amandöwlet bagşy galmyklaryñ çozuşyny deñze balyk awlamaga giden türkmenleri saz heñi bilen ägä edip. Olary hem özlerini duşmanyñ elinden halas edipdir.82
1846-njy ỳylda rus etnografy A. P. Arhipow Maññyşlak türkmenleriniñ Ýusupkazy obasynda üç günläp myhmançylykda bolup, olaryñ aỳdym-sazlaryny höwes bilen diñläpdirler.83 [ ].

Check out this & other pics on my piczo site!
• Türkmensähranyñ belli bagşysy Arazmuhammet Bahoşy
       

  Şol bagşylaryñ arasynda meşhur Garry şahyr, Muhammet bagşynyñ ogly Allaguly bagşy, Ajymyrat bagşy, belli Kör bagşy Süleỳman dagylar şol döwürde Günbatar Türkmenistanyñ belli aỳdymçy bagyşylary bolupdyrlar. Emma bu bagşylaryñ ỳaşan döwri belli bolsa-da, döreden saz-mukamlary häzirki döwre çenli bize onçakly mälim däldir. Emma nesilleriñ üsti bilen biziñ günlerimize gelip ỳeten käbir saz-sungaty biziñ baỳ sungatymyzyñ bolandygyna şaỳatlyk edỳär.
XIX asyrda ỳaşap geçen Amangeldi Göni, Gulgeldi ussa, Garadäli Gökleñ, Ýegen Oraz bagşy, Hajygolak, Nobarniỳaz bagşy, Oglan bagşy, Hemra şih, Ýow bagşy, Durdy bagşy, Şükür bagşy, Çowdur bagşy, Wejen bagşy ... we ỳene-de şoña meñzeş tanymal bagşy-sazandalaryñ käbir aỳdym-sazlary dolulygy bilen bize gelip ỳetipdir.
Öz ỳaşan döwürleriniñ her hili kynçylyklaryna döz gelip, halkyñ ody bilen girip, küli bilen çykan bu bagşy-sazandalar gapma-garşylykly ỳowuz wakalaryñ beỳanyny saz arkaly halkyna miras galdyrypdyrlar. Bu halypa bagşylaryñ atlary halk arasynda rowaỳata öwrülipdir. Bu rowaỳatlar bolsa, dilden-dile, nesilden-nesile geçip, häzirki döwre çenli gelip ỳetipdir.

• Tüdükçi bagşylar gyjak bilen yan beryärler

Halkymyzyñ uzak taryhynyñ akymyndan gözbaş alan ruhy medeniỳetimizde aỳdymdyr-sazlaryñ uly orna degişlidigine professional derejede döredilen mukamlarymyz doly şaỳatlyk edỳär. Esasan türkmen halkynyñ häzirki döwre çenli gadymdan durgunlaşan dutar (tamdyra), gyjak, tüỳdük (ỳedi bogun, dilli tüỳdük, şadyỳan tüỳdük), gopuz ... ỳaly saz gurallary bolupdyr. Şu saz gurallarynyñ iñ gadymkysy dilli hem-de gargy tüỳdük bilen gopuz bolmaly. Häzirki wagtda soñky dörän klawişli saz-gurallary (akardiỳon, pianino, garmon, organ, sintizator ...) hem-de kirşli saz gurallary (skripka, gitara, sitara ...) toỳ-baỳramçylyklarda bagşyçylyk ỳolunda hem estrada dürli aỳdym formalarynda peỳdalanyp gelinỳär.

• Türkmenleriñ gadymy taypasy kaşkaỳyly tüdükçi.

Haçanda aỳdym-saz sungaty hakda gürrüñ gozgalanda türkmen halkynyñ ähli saz gurallarynyñ arasyndan ilkinji bolup dutaryñ owazy gulagyñda ỳañlanỳar. Dutaryñ has irki we gadymy gural bolany üçin bu guralyñ döreỳşi hakda belli bir maglumat galmandyr. Emma şu babatda dürli rowaỳatlar üsti bilen käbir çaklamalar bar. Hezreti Alynyñ döwründäki Babagammaryñ ady bilen baglanşykly rowaỳat hem şolaryñ biridir.
Rowaỳata görä, günlerde bir gün Hezreti Alynyñ Düldül atly meşhur aty gaty keselläp, hiç hili iỳm iỳmändir. Bu atyñ seỳsi hem meşhur Babagammar bolupdyr. Şeỳle bir ỳagdaỳda ol örän ökde sazanda bolany üçin, Hezreti Aldyan on gün möhlet alyp, bir dutar ỳasapdyr. Babagammar atyñ öỳüne iỳm döküp, ỳasan dutary bilen atyñ garşysyna geçip, saz çalyp başlapdyr. Düldül dutaryñ owazyna gulagyny keỳgerdip, öñündäki dökülen iỳme ymsynyp başlapdyr. Şeỳlelik bilen ol at kem-kemden iỳmi ysgap ỳuwaşlyk bilen iỳipdir. Şeỳlelikde at ölümden halas bolupdyr. ...

Check out this & other pics on my piczo site!
* Türkmensähra bagşylarynyñ hor topary

Türkmenler haçanda çaga gyzamyk örende, oña dutardyr tüỳdügiñ owazy bilen şypa beripdirler. (Eỳran türkmenleriniñ arasynda bu köneden galan däp-dessur henize çenli dowam edip gaỳdypdyr). Şu hakykatyñ özi ỳokarky rowaỳaty reallaşdyrmaga ỳardam edỳär.
Türkmen halkynyñ arasynda şeỳle derejä göterilen bu sungat orta asyrlarda (870-nji m. ý.) yşap geçen asly türkmen, görnükli alym Muhammet Tarhan ibn Uzlyk (Abunasry Faraby tahallusynda)   tarapyndan oñat öwrenilipdir. Rowaỳatlaryñ habar bermegine göä, “- Günlerde bir gün Bagdatda yslam halypynyň köşgünde uly ýygnak geçirilýär. Faraby bu ýygnakda öz täze döreden saz guralyny ilkinji gezek halypyň huzurynda ýaňlandyrýar. Ol halypa mukam sazyny çalyp berýar. Saz esli wagt uzaga çekýar. Bu sazyň şirin nagmasyna oturanlaryň hemmesi irkilip gidenlerini bilman galýarlar. ...” Faraby türkmen donyny hiç haçan egninden çykaryp taşlamandyr.
Bu alym türkmen dutar guralyny iki topara bölỳär. Biri “Tanbure-ỳe-Bagdad” (Yagny Bagdat tamdyrasy). we ikinjisi bolsa, “Tanbure-ỳe-Horasan” (ỳagny Horasan tamdyrasy), “Tanbura” sözi bolsa, türkmen dilinde fonetik özgerişe sezewar bolup, “Tamdyra” görnüşinde aỳdylỳar.
Orta Aziỳanyñ saz-sungatyny öwreniji meşhur alym W. A.Uspenskiỳ Türkmenistanda geçiren öz ekspedisiỳasynda 1927-nji ỳylda Esenguly etraplarynda bolupdyr. Ol ỳerde Eỳran türkmenleriniñ arasynda ady belli bagşylar bilen duşuşypdyr.
“Bu alym Esengulyda ỳerli sazandalaryñ üçüsi bilen duşuşỳar. 56 ỳaşly Mämmetnepes Berdi oglundan birnäçe saz ỳazyp alỳar”.84
Ýazyjy Kasym Nurbadow “Hojaniỳaz aga salam aỳdyñ” diỳen eserinde Mämmetnepes bagşy barada gyzykly maglumatlar berilỳär. Onuñ “Maỳa sepjä”, “Waỳ, Kelläm” diỳen sazlary döreỳiş wakalary bilen baglanşykly hekaỳalarynda Mämmetnepes aganyñ güỳçli sazanda bolany beỳan edilỳär. Hatda, onuñ saz çalyp, köşegini almaỳan maỳa köşegini aldyryş ynandyryjy teswirlenỳär:
“... Aỳdymyñ soñuny saza ỳazdyrỳar. Çalyp otyrka, Mämmetnepes, biri-ä geline, birem köşegini alman duran maỳa gözüniñ gyỳtygyny aỳlap-aỳlap göỳberỳär diỳỳär. Bir görse, öñ köşeginden gaçyp ỳören maỳa usullyk bilen köşegine tarap baryberdi diỳỳär. Soñam ysgaşdyryp ugraỳar. Köşegi-de şol wagt sokjap, enesini emip başlaỳar. Mämmetnepes aga-da kakuwy köşegiñ sokjap-sokjap emişine görä sazlaỳar. Sazyñ kakuwyna görä-de, köşek sokjaỳar diỳỳä. Ýagşy garny doỳan köşek enesiniñ aşagyndan çykỳar-da, wagty çaỳe bolup böküp, oturan ỳerinden köşegi kowalap ugraỳar. Şol barmana, ỳañky maỳa-da köşeginiñ böküşine görä böküp başlaỳar. Gözüñ bilen görmeseñ, ynanar ỳaly däl, boldy bir hezillik diỳỳä. Goñşy- golamyñ bary çykdy diỳỳä daşary. Bir görseñ-ä, enesi bilen köşek saza görä bökỳän ỳaly, bir görseñem saz maỳa bilen köşegiñ böküşine öỳkünilip çalynỳan ỳaly, haỳran galaỳmaly diỳỳär bu gudrata. Çagalaram böküşip, gygyryşyp ugrady diỳỳär: “Maỳa sepje!”, “Maỳa, säpje!”. Iller şondan soñ, Mämmetnepes   aganyñ   bu   çalan   sazyna “ Maỳa sepje ” diỳip, at goỳupdyrlar diỳỳär. ... ”85
Bu eserde Mämmetnepes bagşynyñ meşhur Çowdur körüñ hem ilkinji   halypasydygy ỳatlanỳar.86
Şol ekspeditsiỳada W.A. Uspenskiỳ Mämmetnepes bagşydan Eỳran türkmenleriniñ arasynda meşhur bolan aỳdym we mukam sazlarynyñ birnäçesini ỳazga geçiripdir. Olaryñ arasynda “Nowaỳy”,”Ýar garagözli”, “Jenanym”, “Azat eỳlegil”, “Ýandy bagrym”, ỳaly sazlar bar.

ABU NASYR MUHAMMET ibn Tarhan al-Faraby (870-950)- ensiklopedik bilimi bolan orta aziýaly alym. Ol şol döwürde arap Gündogarynyň uly ylmy, dini, medeni merkezleri bolan Damask, Bagdat, Basra, Halap ýaly şäherlerinde terbiýe we ylym alypdyr. Öz döwrüniň bilimli, çuň döredijilik pikirli, paýhasly, akyly köp adamy: tebigaty öwreniji, matematik, lukman, astronom, sazanda, psiholog, din adamy, etik, sosiolog, himik, filosof bolupdyr. Ol adamzat biliminiň ähli ugurlaryny döredijilikli ele alypdyr we olaryň her birine önjeýli goşandyny goşupdyr. Alym ylymlaryň dürli pudaklaryna degişli 200-den gowrak iş ýazypdyr. Emma biziň günlerimize çenli onuň işleriniň diňe ujypsyzja bölegi gelip ýetipdir. Ýöne şolar-da onuň barlaglarynyň giňligine we çuňlugyna ynandyryjykly şaýatlyk edýär. Ol tebigy-ylmy, sosiologih we yslam dini mowzuklardan işler ýazyp, olarda öz döwrüniň öňde baryjy jemgyýet pikirlerini beýan edýär. Ol şol işlerinde tüýs döredijilik pikir-paýhasly, hakyky alym hökmünde çykyş edýär. Faraby arap dilinde şygyrlar hem ýazypdyr.

Check out this & other pics on my piczo site!
Tarhan al-Faraby
Check out this & other pics on my piczo site!
* Eyran Türkmenlerinin meşhur sazanda-bagşylary sagdan    
    çepe:1.Abdyrahman Pyrahy 2. Muhy 3.Gara Ownuk

“Türkmen saz sungatyny öwreniji A. Ahmedowyñ aỳdyşy ỳaly, türkmen halky geçmişde oturumly halk bolman, esasan çarwaçylyk bilen meşgullanypdyr. Netijede olaryñ saz sungaty hem şol şertlere laỳyklykda ösdürilipdir. Munuñ şeỳledigine tüỳdügiñ çopan saz guralydygy-da, türkmen dutaryñ, öỳüñ dört tärmine niỳetlenen “pes sesli” gural bolmagy-da şaỳatlyk edỳär.” 87[ ]
Onuñ bu pikiri professor W. M. Belỳaỳewiñ pikiri bilen utgaşyp gidỳär: “Türkmen sazy bu halkyñ psihologiỳasyny ỳüze çykarỳar. Şol bir wagtyñ özünde-de şol ỳurdyñ tebigatyny şöhlelendirỳär. Biz onda ỳa-ha ỳaỳrap ỳatan giñ sähralaryñ (wokal sazy, tüỳdük sazlary) ỳa-da öỳ içiniñ keỳpi-sapalarynyñ (dutar sazlary) beỳanyny görỳäris – diỳip, W. A. Belỳaỳew ỳazỳar. Uly märekäniñ ỳygnanşan ỳerinde, açyk howada garşylaşyp oturan iki tüỳdükçiniñ sazy adatça, mümkin boldugyça köp adamyñ ünsüni özüne çekmek üçin çalynỳan zowwam seslerden ybarat bolỳar. Dutar hakda aỳdylanda welin, onda şeyle baỳlyklaryñ aỳratyn goỳaldylan hususyỳetlerñ göwrüminiñ türkmen ỳaşaỳan öỳi we ony ähli maşgalasy bilen gar-gaỳdan ygtybarly goraỳan gara öỳüñ göwrümine gowy sazlaşyp gidỳändigi bilen tapawutlanỳar.”88

• gyjakçy bagşylar

Şeỳle şertlerde taỳpa-tireler bolup, dagynyk ỳaşan türkmen halkynyñ bagşyçylyk sungaty dürli ỳollar bilen ösdürilip gelnipdir. Aragatnaşyk serişdeleriniñ juda ujypsyzlygy sebäpli, biri-birinden aralary has üzñe türkmen tireleriniñ hersine dutar çalmak, saz sungatynyñ umumy ösdürilişi dürli usullar, özboluşly aỳratynlyklar arkaly amala aşyrylypdyr. Şonuñ üçin hem dutarçylykda we bagşyçylykda olaryñ hersinde, esasan özlerine mahsus usullardyr aỳratynlyklar ornaşyp gelipdir. Şeỳle bir ỳagdaỳda dürli ỳollar emele gelip, oña “Bagşyçylyk ỳollary” diỳlip at berilỳär. Mysal üçin: “Damana ỳoly”, “Ahalteke ỳoly”, “Salyr-salyk(saryk) ỳoly”, “Çowdur ỳoly”, “Ýomut-Gökleñ yoly”, “Etrek-Gürgen ỳoly” ỳaly ỳollar halk arasynda ỳörgünli bolupdyr.
Eỳran türkmenleriniñ bagşyçylyk ỳoly bolsa, öz ỳerli taỳpa-tire şertleri boỳunça, “Ýomut-Gökleñ ỳoly” , “Etrek-Gürgen ỳoly” we ş.m. ỳaly bilen kesgitlenipdir.

* Türkmen bagşylary “Sinema Baharan Teatyrynda” çykyş edỳärler

Türkmen sazyny öwreniji görnükli alym W. A. Uspenskiỳ Esengulyda bolanda ỳomyt-gökleñ sungaty barada şeỳle belläpdir: “Ýomutlaryñ aỳdym pỳesalarynyñ labzy juda ỳiti, köplenç halatda olar kuwwarta bilen kiwintanyñ çäginde oỳnaỳarlar”.89 [ ].
XI-XVII asyrlarda günbatarda, ỳagny Maññyşlak we Üstüỳurt ülkelernde ỳaşaỳan türkmenler ol ỳerdäki ỳerli ỳaşaỳyş şertleriniñ üỳtgemegi zerarly, ỳerli- taỳpa-tireleriñ köp bölegi, ondan öñki asyrdaky ata-babalarynyñ giden yzlaryny yzarlap, käbirleri günorta-gündogara tarap we käbirleri bolsa, Hazar deñziniñ gündogar kenarlaryny syryp Günorta Türkmenistana (Gürgen-Etrek) tarap süỳşỳärler. Häzirki bagşyçylyk ỳolunyñ dürli ỳol boỳunça tapawutlandyrylşyna garamazdan, şol asyrda türkmen bagşyçylyk sungaty biri-birine örän ỳakyn bolupdyr. Munuñ esasy sebäbi şol döwürde türkmen taỳpa-tireleriniñ biri-biri bilen ỳakyn gatnaşykda agzybir bolup ỳaşandyklaryndan gözlenilmelidir.
Türkmenler käbir ỳagdaỳlarda daşky duşmanlaryñ garşysyna agzybir bolupdyrlar. Bu agzybir bolup bileleşmeler bolsa, öz gezeginde, saz-sungatynyñ ösüş derejesine hem degerli täsir edipdir.
“XVII asyryñ ahyrlarynda Balkan sebitlerinde dörän Teke-Ýomut birleşigi demirgazykdan oñat ỳaraglanan we Russiỳanyñ raỳatlary hasaplanỳan Galmyklaryñ çozuşlaryny yzyna serpikdirmekde türkmenleriñ agzyny birleşdirmäge ỳardam edipdir”.90
Ýene-de şol taryhy maglumatlaryñ habar bermegine görä, “XVII asyrda Günbatar Türkmemistanda suw ỳetmezçiligi sebäpli (Uzboỳyñ suwy kesilip, Sarygamyş suwunyñ şor bolmagy), köp ilaty eklemäge resurslary bolmandyr, oña görä-de şol asyryñ ahyrlarynda Ýomutlaryñ – Tekeleriñ iri bölegi Günorta Türkmeistana süỳşüp başlapdyrlar”.91[ ].
Öñde belläp geçişimiz ỳaly, şol asyrda Amandöwlet bagşy şeỳle bir agzybir taỳpa-tireleriñ görnükli başgasy bolupdyr. Ýatlanan hadysada ỳerine ỳetiren sazy hem “Gyryldy” ady bilen henize çenli bagşy-sazandalaryñ arasynda ỳörgünli sazlaryñ biridir.

Şeỳle ỳagdaỳlarda, ỳagny ỳer-ỳurdy taşlap, aỳry ỳerlere göçmek we dagynyk ỳaşamak prosesiniñ kynçylygy, galmyklar, Hywa Buhara emirleri we Eỳran şalygy ỳaly daşky duşmanlar tarapyndan edilen çozuşlar we çaknyşyklar günbatar türkmenleriniñ saz sungatynyñ pese düşmegine-de sebäp bolupdyr. Soña baka bu etrabyñ türkmenleri oturymlaşyp başlanda, Hywa we Daş-Oguz ỳomutlary bilen aragatnaşyklary üzülmändir. Hatda käbir ỳagdaỳlarda Daş-Oguz ỳomutlary bilen Gürgen-Etrek ỳomutlarynyñ bagşyçylyk ỳoly ỳakyn meñzeşlikde bolupdyr. “Gürgende maly bolanyñ, Hywada garny dok” diỳlen hem nakyl irki döwürlerden bäri Gürgen türkmenleriniñ Daş-Oguz sebitleri bilen gatnaşykda bolandygyny añladỳar.
W. A. Uspenskiỳ bilen W. M. Belỳaỳewiñ “Türkmen sazy” atly ylmy işinde Esengulyly bagşy Mämmetnepes Berdi oglunyñ hywaly Niỳazguly Biçemekär bagşydan, şagadamly bagşy Kowus Satyl oglunyñ Niỳazguly bagşynyñ şägirdi Aman bagşydan pata alandygy hakda aỳdylỳar.92[ ]
Bu tassyklamalar bolsa, Gürgen-Etrek etraplarynyñ bagşyçylyk ỳolunyñ Daş-Oguz ỳomutlarynyñ bagşyçylyk ỳoly bilen gatnaşykda bolandygyny bize mälim edỳär.
XIX asyryñ 2-nji ỳarymynda, XX asyryñ 1-nji ỳarymynda Kümüşdepe we Hojanepes etraplarynda ỳaşan belli Wajan bagşy, Durdy bagşy dagy Esengulyly Mämmetnepes Berdi oglunyñ şägirdi bolup, olaryñ üsti bilen Ýomut-Gökleñ bagşyçylyk ỳoly Eỳran türkmenleriniñ arasyna-da giñden ỳaỳrandygy hakda köre aỳan görünipdur.
Şeỳlelik bilen, 1917-1945-nji ỳyllarda, geçen asyryñ 1880-1888-nji ỳyllaryndaky “Ahal şertnamasyna” esaslanylyp, Türkmensähra (Günorta Türkmenistan) bilen Günbatar Türkmenistanyñ arasyna serhet çekilip, Türkmenistanyñ esasy bir bölegi Eỳran patyşalygyna tabyn edilip goỳulỳar. Şol döwürden bäri Türkmensähradaky bagşylar bagşyçylykda öz ata-baba däbini ỳowuz aỳralyga garamazdan, öz belli wekilleriniñ üsti bilen saklap gelỳärler.
Aşgabat döwlet konserwotoriỳasynyñ dosenti H. Amangeldiỳew 1995-nji ỳylda Eỳranyñ Hojanepes obasyna baryp görenden soñ, şol ỳerde ỳaşaỳan ähli türkmen taỳpa-tireleriniñ aỳdym-saza goỳan uly sarpasynyñ bardygyny belläp, ol ỳerdäki ỳaşaỳan türkmen taỳpalaryñ aỳdym-saza ukyplylygyny, saz eşidişleriniñ, ritm duỳgularynyñ, saz ỳatkeşlikleriniñ ỳokary derejededigini guwanç bilen gürrüñ berỳär.
Ýöne gynansak-da, aragatnaşyklar kesilenden soñ, güỳçli halypalar bolmany üçin, hem-de bu sungaty Eỳran patyşalygynyñ pars şowinistik ideỳaly sistemasynyñ ỳoỳmagy sebäpli, türkmen aỳdym-saz sungaty pese düşürildi. Şeỳle-de bolsa, soñky döwürlerde bu ỳol Garaşsyz Türkmenistanyñ radiỳosy we telewideniỳesi arkaly häli-şindi efire göỳberilip durlandygy we ony Eỳranda ỳaşaỳan türkmenleriñ-de diñlemäge mümkinçilik tapandyklary sebäpli, bu ỳol belli bir derejede öz ösüşlerini başdan geçirỳär. Ỳöne bir zady bellemek gerek. Ỳomut-Gökleñ ỳolunyñ esasy bir şahasy Etrek-Gürgen bagşyçylyk ỳoly hakda Türkmenistanyñ sazçylyk merkezlerinde doly öwrenilmändir. Türkmen sungatynyñ sazçylygy ugrunda Etrek-Gürgen bagşyçylyk ỳolunyñ Eỳran türkmenleriniñ arasynda belli wekilleri döredi. Olaryñ arasynda Gazak Pang, Arazmyrat Arryhy, Hoja Şargy we Annamuhammet Kötüki dagylary ỳatlamak boỳar. Umuman efir üşti bilen Ýomut-Gökleñ hem Etrek-Gürgen ỳolunyñ häzirki zaman meşhur bagşysy Nurberdi Gulowyñ Eỳran türkmenleriniñ arasynda-da şägirtleri döredi. Gazak Pang (Omçaly obasyndan), Hoja Şargy. Atjy Bähri, Amangeldi şargy (Kümüşdepeden), Annamuhammet Kötük (Sallah obasyndan), Näzberdi bagşy, Abdy bagşy, Şirmämmet bagşy (Bendertürkmen şäherinden), Ýahỳa Muhammetzade, Kaka Wejany, Mantak Dinaỳy (Kümüşdepe şäherinden), Gapur Kör, Täçmuhammet Şih, Hajymuhammet Kör (Hojanepes şäherinden, Hajy bagşy Aşgabat şäherinde 18 ỳyl ỳaşandan soñ Kanada ỳurduna göçüp geldi.), Hoja bagşy (Hoja Kel Garaagaçly obasyndan), Arazmuhammet Bahoşi, Aşyrgeldi Gerkezi (Kelala şäherinden), Baỳly Teke, Nazarly Mahjuby, Gylyç Anbary, Mennat Ahangary, Dini Berkeli (Kümmetkowus şäherinden), Arazmyrat Arryhy, Durdy Törrük, Bähmen Delije (Akgala şäherinden), Hämze bagşy, Goja bagşy, Toỳguly Nyỳazy, Hudaỳguly Kaşany, Şahym bagşy, Annagylyç Huşỳary, Araz Kelte (Gyjakçy), Rahmangylyç Ýomudy (Gyjakçy), Baỳjy Ýomudy (gyjakçy), Goşly Bezirgen (M. Režim – bu dutarçy sazanda han Akyỳowyñ şägirdi bolup pata alan sazandalaryñ biri), Mejit Teke, Rawoşy, Annaberdi Weždany, Maşat Gylyçtagany (gyjakçy), Abdyl Ýomudy, Hekim Kör, Gurbangeldi Kör (Geldijan) ... ỳene-de şular şular ỳaly bagşy-sazandalar azda-kände häzirki döwürde türkmen halkynyñ aỳdym-sazyna hyzmat edip gelỳärler.
1958-1960-njy ỳyllardan başlap, tä 1978-1979-njy ỳyllara çenli pars feodallarynyñ arasyndan dörän Rza şanyñ ogly Muhammetrza Pählewi Amerikan imperialistleriniñ goldamagy bilen Eỳranda uly güỳje eỳe boldy. Şol döwrüñ aralygynda Eỳran halklarynyñ ählisiniñ arasynda diỳen ỳaly medeni-syỳasy we jemgyetçilik taỳdan durgunlyk ỳyllary emele geldi. Ol döwür halkyñ ruhy medeniỳetiniñ ösüş basgançaklaryndan pese düşen ỳyllary hasaplanỳar. Eỳran oppozisiỳon güỳçleri tarapyndan ol döwür “Amerikanyñ agalyk süren durgunlyk döwri” diỳlip atlandyryldy. Sebäbi Muhammetrza Pählewiniñ şowinistik ideỳasy boỳunça diñe pars jemgyỳetçiligi ündelip ösdürilỳärdi. Emma olardan gaỳry milletleri assimilleşdirmeklik göz öñünde tutulyp, bu ugurda dürli çäreler amala aşyrylỳardy. Türkmen halkynyñ ata-baba gelỳän saz-sungaty, dili we edebiỳaty gysylyp, beter halkyñ gözünden düşäỳmezlik üçin hem, onuñ öçügsi görnüşi Gürgen radiỳostansiasynyñ üsti bilen hälki bir ỳatan çykan köne falklỳor hökmünde efire göỳberildi.

* Tüdükçi bagşy
* Gyz bagşy

Şu hili jemgyỳetçilik şertleriniñ esasynda, türkmen halk aỳdym-sazlary öz taryhy ähmiỳetinden düşürilip, toỳ-tomaşalarda onuñ deregine, Elburs daglyklarynyñ gür jeññeli eteklerinde ỳaşaỳan az sanly milleti näbelli bolan syganlara çalymdyş “gowdarlar” diỳlen toparlar türkmenleriñ toỳuna gelip, şadyỳan (tüỳdük) bilen nagara (laññara) çalỳardylar. Olaryñ arasynda bir erkek kişi aỳal egin-eşiginde türkmen ỳaş ỳetginjekleriniñ arasynda tans oỳnap, baỳrak alỳardy. Olar il syryp, haỳsy öỳüñ gapysynda toỳ-tomaşa gidip duran bolsa, şol ỳere baryp şagalañ turuzỳardylar. Olar ähli toỳlarda aşakdaky ỳaly iki setir goşgyny “türkmençe” şol yzgiderli gaỳtalaỳardylar:



      Ejewjan, Ejewjan hatda gideỳli,

      Hatdanyñ üstünde gürrüñ edeỳli ...


Emma beỳle görnüşdäki şagalañlary türkmen halkynyñ sungat medeniỳetine hiç hili dahylynyñ ỳoklygy sebäpli, halk olara örän ähmiỳetsiz garaỳardylar. “Gowdarlaryñ” çalỳan sazlarynda türkmen medeniỳetiniñ hiç hili namu-nyşany ỳokdy. Diñe “Şadyỳan” diỳilỳän gural, käbir maglumatlara görä, taryhyñ käbir etaplarynda türkmenleriñ arasynda ulanylypdyr. K. Nurbadowyñ berỳän maglumatyna görä, şadyỳan tüdük tä ikinji jahan urşuna çenli Etrek-Gürgen sebitlerinde at çapyşyklarda çalnypdyr. 93[ - ]
Gürgen radiỳostansiasynyñ türkmen aỳdym-saz sungatyny assimilleşdirmek barasynda türkmenleriñ arasynda alyp barỳan syỳasaty hakda taryh ylymlarynyñ kandidaty Serdar Ataỳew “Eỳran Gürgen radiỳostansiasy we onuñ ideologiỳasy”94 [ ] atly işinde giñişleỳin maglumat berỳär.

* Oglan bagşy
* Eỳran türkmenleriniñ belli bagşysy Durdy Törrük

1968-1970-nji ỳyllardan soñ, häzirki dowam edỳän durgunlyk döwrüne garamazdan, toỳ-tomaşalarda täze çykan saz gurallaryny peỳdalanmak mümkinçiligi ỳüze çykyp ugrady. Ilki türk-azerbaỳjan sazlary ỳerine ỳetirilip, soñra onuñ ỳeri täze dörän türkmen aỳdym we oỳun sazlary bilen çalşylyp ugraldy. Şu mesele babatda Aşgabat we Bakuw radiỳostansiỳalarynyñ efire göỳberỳän aỳdym-saz programmalary halka oñaỳly ỳardam edỳärdi.
Şol döwürde Türkmensährada ỳaşaỳan türk sazandarlaryndan:
Merhum Seỳd Haşym, merhum Ybrahymhalil Alyzade, Jemşit (Hemmesi Kümmetkowusdan), türkmen sazandalaryndan: Ý. Dibaỳ, A. Dibaỳ, T. Nedimi (Kümmetkowusdan), Tawana, A. Jemaly, T. Berdiỳar, H. Ownuk, I. Kör Bendertürkmen şäherinden, belli garmonçy hem aỳdymçy H. Geldihany Kümüşdepe şäherinden, Annakaka Ownuk Hojanepes obasyndan dagylary ỳatlamak bolar.
Klawişli saz gurallaryny ulanmak arkaly ỳaş sazandalar estrada görnüşdäki ansambllary döredỳärler. Şol döwürde Gürgen radiỳostansiỳasynda çykyş eden belli estrada aỳdymçylarynyñ hatarynda Ýakup Kör, Nuraly Japary Hojanepesden, Hydyr Geldihany, A. Huzeỳni, G. Küçeki Kümüşdepeden, Ata Kör, gyzlar topary Bendertürkmenden, Gurbandurdy Medeni, Jelal Sowgy Akgaladan, Annabedi Wejany, Şirmuhammedi, S. Gylyçtagany, H. Berkelinežady Kümmetkowusdan we başgalaryñ atlaryny agzamak mümkin.

* Kummetkowus şaherinden strada sazanda-bagşylar Annaberdi Wejdani we Tuwak Nedimi

Emma 1981-nji ỳylda Eỳran türkmenleriniñ gazanan awtonomiỳa erkinligi ỳygnalandan soñ, ähli ỳaş ösüp barỳan türkmen estrada ansambllarynyñ wekilleri kem-kemden zor bilen ỳygnalyp, aỳdym-saz medeniỳetiniñ bu ugrunyñ güỳçden düşürilmegine sebäp boldy.
Şu aỳdylanlar bilen baglanşykly, Eỳran türkmen halkynyñ Medeni-syỳasy guramasynyñ “Il güỳji” atly Medeni-syỳasy žurnalynyñ sahypalarynda şeỳle belliklere duş gelỳäris:
“1972-nji ỳylyñ tomsunda Kümmet-Kowus şäheriniñ ỳaş ösgünçekleriniñ tomaşa zalynda türkmen progressiw ỳaşlary tarapyndan birnäçe belli-belli bagşylar sazandalar ỳygnanyşyp, üç günlik konsert programmasy geçirilỳär. Türkmen halkynyñ aỳdym-saz muştaklary ähli künjeklerden oña tomaşa etmäge ỳygnanşỳarlar. Bu dabaraly konsert programmalary Eỳran şasynyñ howpsuzlyk guramasy tarapyndan ỳatyrylỳar”.95                                          
Şular ỳaly ỳagdaỳ ondan soñky döwürler üçin hem mahsusdyr.
1981-nji ỳyldan soñ bolan wakalaryñ esasynda türkmenleriñ arasynda aỳdym-saz meselesi käbir babatlarda Yslam Respublikasynyñ dindar toparlary tarapyndan gadagan edildi. Şonuñ bilen baglanşykly ỳene-de Serdar Ataỳew beỳan edỳär:
“... Türkmenlerde entek çylşyrymly ỳagdaỳlar saklanyp galỳar. Hususan-da haỳsydyr bir baỳramçylyk geçirilende, türkmenler öñünden yslam rewolỳusiỳasynyñ sakçylarynyñ garşysyna taỳarlyk görüp başlaỳarlar. Şeỳle bir wakada boldy. Türkmenleriñ Akgala şäherinde toỳ tutulyp, bagşy çagyryldy. Olar şol tuỳuñ dabara-şagalañyny eşidilmez ỳaly bir ỳol tapmaly bolỳarlar.Ýagny 2-3 kilometrlikde traktorlary goỳup, şolaryñ motorlarynyñ sesiniñ kömegi bilen toỳ geçiripdirler.”.96 [ ]        
Eỳranda şaỳilaryñ şerigaty bilen tapawutlylykda türkmenleriñ sünni şerigatynda bagşyçylyk meselesinde açyk şertiñ bolany sebäpli, soñky döwürlerde (1979-njy ỳyldan soñ) halk bagşyçylygy, ỳagny dutar-gyjak bilen aỳdym-saz etmek öz hakyky we tebigy ösüşine eỳe bolup ugrady. Muña ilkinji taryhy sebäp Muhammetrza şanyñ tagtynyñ ỳykylmagy bolan bolsa, beỳleki sebäp Sowet Türkmenistanyñ radiỳo we telewideniỳesi arkaly efire göỳberilỳän türkmen halk aỳdym-sazlaryñ programmalary boldy. Emma şonda-da häzirki döwürde türkmen aỳdym-sazynyñ ösüşiniñ öñüne geçilỳän (bökdelỳän) pursatlary az bolmaỳar.
“1991-nji ỳylyñ maỳ aỳynyñ birinji güni Bendertürkmen şäherinde Yslam Respublikasynyñ pasdarlary (sakçylary) bir türkmen ỳaşulysyny gökdeklik bilen atỳarlar. Şeỳdip olar geçip duran toỳ-tomaşany gana bulaỳarlar. Pasdarlaryñ biri toỳda ediljek bolunỳan saz-söhbetiniñ öñüni almak üçin ol ỳere baranda, ỳaşuly Ylỳas aga Nazgylyjy ondan diñe bir sagat aỳdym-saz etmäge rugsat sorany üçin, ol ony awtomat okuna tutỳar. Ýaşulynyñ gursagyny parran ỳaryp çykan awtomat oky ỳene iki adamy ỳaralaỳar. Şeỳlelik bilen döwletiñ goragçylary türkmeniñ toỳ-şagalañyny ỳasa öwürỳärler”.97[ ]   ...
Şeỳlelikde Beỳik Magrymguly Pyragynyñ:
Ile döwlet geler bolsa,
  Bagşy bilen ozan geler.
    Ilden döwlet gider bolsa,
    Molla bilen tozan geler ...
Diỳip, welilik bilen aỳdan sözleriniñ hakykatdygy şu günki Eỳran Türkmenleriniñ durmuşy bilen baglanyşykly bolup geçỳän pajygaly ỳagdaỳlar hem doly subut edỳär.

Türkmen hor gyzlar topary
* Türkmen zenan bagşylar şéher Amfiteatrynda aydym-saz
  konkursynda yaryş geçiryérler.

Eỳran türkmenleriniñ saz-sungaty barada iñ soñky elimize gelip gowuşan maglumat, Eỳran türkmenleriniñ meşhur bagyşysy Nazarly Mähjubiniñ nahoşlap aradan çykmagy barada berilipdir. Gülistan welaỳatynyñ belli neşirỳatynyñ biri “Gülistan-Eỳran” atly aỳda bir gezek çykỳan gazỳetiniñ 2000-nji ỳyl awgust aỳy ,40-njy nomerindäki 7-nji sahypada Kümuşdepe şäheriniñ häkimi Musa Jürjäni bilen “Türkmen bagşylary goldawa mätäçdir.” Diỳilen söhbetdeşlikde şeỳle maglumatlara gabat gelỳäris: “Türkmenleriñ iñ meşhur bagşylarynyñ biri halypa Nazarly Mähjubydyr.”(Bu barada 1989-njy ỳylyñ tomusynda Aşgabat radiostansiỳasynda hut özüm hem ỳörite gepleşik geçiripdim.(awtor).). “Çaỳgowşan” atly obada (Kümmetkowus şäheriniñ 15 k. metr demirgazyk-gündogarynda ỳerleşỳär.) ỳaşaỳar. Türkmen klassik sazynyñ halypasy Nazarly Mehjuby gadymy köne dutary bilen durmuşda agyr geçirilen hasratly azaplardan söhbet açyp, geçmişleri ỳatlaỳar. Ol häzir ömrüniñ iñ soñky günlerini öz obasynda nahoşlyk düşekçesiniñ üstünde geçirỳär. Onuñ tynha ỳoldaşy şol dutardyr. Ol nahoşlyk döwründe ỳeke özi derdu hasrat bilen hemra bolup galypdyr. Hiçkim hem ony soramaga barmaỳar. Nazarly hasratly gözleri bilen gadymy we köne dutaryna göz gytagy bilen seredip, eline alyp, ony söỳgi bilen öpüp oña şeỳle diỳỳär: “Durmuşymyñ şat günlerini ỳadyma salỳan ỳeke-täk gural sensiñ !”- diỳip, ỳuwaşlyk bilen ỳekelik sazyny çalyp, boguk owazy bilen tynhalyk aỳdymyny pyşyrdaỳar.
Dogurdanam bu garry halypa ỳeke galypdyr. Geliñ, onuñ durmuşynyñ soñky günlerinde, öz minnetdarlygymyzy bildireliñ.
Esasy biziñ bagşy-sazandarlarymyz diñe bir dutar bilen gün-güzeranlaryny aỳlamany, eỳsem maldarçylyk, daỳhançylyk we beỳleki işler bilen hem meşgullanypdyrlar.
Musa Jürjäni bu ỳerde beỳleki bagşy-sazandalar hakda hem şeỳle ỳatlap geçỳär: “Akgalanyñ bir kilometr günbataryndaky Akgabyr obasynda ỳaşaỳan halypa Durdy Törrük, soñ Kümüşdepeli merhum halypa bagşy Hoja Şargy, Bendertürkmen şäheriniñ bir kilometr günortasyndaky Ýomutly obada ỳaşaỳan gyjakçy Rahmangylyç Ýomudy, Bendertürkmen şäheriniñ 7 kilometr gündogaryndaky Garagaşly obasynda ỳaşap geçen we on ỳaşynda dutar alyp kyrk ỳyla çenli dünỳäden ötünçä aỳdym aỳdyp bagşyçylyk eden Hoja bagşy (Hojakel bagşy), hem-de Kümmetkowus şäherinde-de belli halypa bagşylar döräpdir. Häzir ol ỳerde iki topar bagşylar bar. Biri Azady adyndaky we beỳekisi bolsa Magtymguly adyndaky bagşylar topary bolup durỳar. Bu toparlarda Türkmensährada meşhur bolan bagşy we sazandalar tarapyndan iş alynyp barylỳar. Şolaryñ arasynda 25 ỳyl bagşyçylyk edỳän Gylyç Anweri, Kelala şäheriniñ gündogarynda ỳaşaỳan “Arazmuhammet Bahoşi, ỳene-de halypa Nazarly Mähjubynyñ oñat şägirtleriniñ biri halypanyñ obasynyñ ỳanyndaky Gerkez obasynda ỳaşaỳan Aşyrgeldi Gerkezi we onuñ gyjakçy dogany Hojageldi Gerkezi, hem-de halypa Nazarlynyñ ỳaş şägirdinden Mansur Sabuhy (sazanda) Durdy Törrük, Halat Sagadat, Aşyrmämmet Gerkezi hem-de Abdylmennan Ahengeri   dagylar bu halypanyñ şägirdi diỳip ỳatlasa bolar.

* 1976-njy ỳyllar töweregi türkmen toỳlarynda çalynỳan saz gurallar. Akordionda H.Ownuk we depçi N.Tatarnejad

Bu gepleşikde beỳleki halypa bagşylar hem-de ỳatlanyp geçilỳärler. Şolaryñ arasynda atly halypalaryñ biri ỳañy-ỳakynda merhum bolan Dini Gerkezi hem-de ỳeri gelende ỳatlamaga mynasyp halypalaryñ biri 1980-nji ỳylda merhum bolan Gargy-Omçaly ( häzirki Simin şäher) şäherinden halypa Gazak Pang dutar çalmakda ỳeke-täk bagşylaryñ biridir. Ol esasan ỳomut-gökleñ bagşyçylyk ỳolunyñ wekilidi. Onuñ ady diñe Eỳranda däl-de, eỳsem Türkmenistanda-da meşhur bolupdy. Şeỳle hem Nazarly Mähjuby bilen Durdy Törrügiñ aỳdymlary birnäçe gezek hem programma boỳunça Türkmenistandan efire göỳberildi”.98[ ] .  
Bu gepleşigiñ dowamynda Kümüşdepäniñ häkimi döwletiñ şu mesele baradaky jogapkär işgärlerinden bagşy sazandalary hemaỳat edilmegini talap edỳär. Olara aỳlyk tölenip, goldaw çärelerini ỳerine ỳetirmekligi haỳyş edilỳär.
Şeỳle hem Türkmensähradaky görnükli ỳazyjy, şahyrlar we sazanda- bagşylaryñ wepat bolmazdan öñ we soñ sylag hormatlanylmagy barada aỳdylỳar.
“Halypa Nazarly Mähjubynyñ wepat bolandygy hakynda “Sähra” gazỳeti hem 2000-nji ỳylyñ awgust-sentỳabr aỳyndaky 23-nji sanynda 2 we 7-nji sahypalarynda habar berỳär”.99[ ].
Onda Gülistan welaỳatynyñ “Färhäng-ä erşad-e islami (Yslam Medeniỳetiniñ ỳolsalgy ösüşi)” edarasynyñ esasy müdiri Glyçlynyñ çykyşy bilen bellenilỳär.
Şol san gazỳetde bagşynyñ terjimehaly barada gysgaça maglumat hem berlipdir. Bu halypa bagşy 1929-njy ỳylda Garaşsyz Türkmenistanyñ Gyzyl-Etrek etraby bilen serhetdeş Daşlyburun etrabynyñ Garamahyr obasynda dünỳä inỳär. Onuñ atasy “Ürküt” ady bilen tanalypdyr. Ürküt aga demirçi ussa bolupdyr. Ol bagşyçylyga örän gyzyklanypdyr. Nazarlynyñ birinji halypasy hem şol öz atasy bolupdyr.

* Yslam respublykasynyñ gelmezinden öñünçä türkmen toỳlarynyñ alynyp barylşy.sazandalar: H.Ownuk we N. Tatarnejat

Nazarly halypa 11ỳaşyndan dutary eline alyp başlaỳar. Onuñ bu käre meşgullanmagynyñ esasy sebäbi şol bir wagtdaky   goñşysy “Aşyrbagşy” tarapyndan onda bagşyçylyga bolan has gyzyklanma döräpdir. Aşyr bagşy öz döwründe belli bagşy bolup Nazarly bagşa öỳünde elmydama dutar çalyp aỳdym aỳtmagy öwredipdir. Yagny Nazarlynyñ birinji resmi halypasy hem şol bagşy hasaplanỳar. Nazarly bagşy ỳene-de “Çalman bagşy”, “Welimkör bagşy” we “Subhan sazanda” ỳaly halypalaryñ şägirdi bolandygyny hem ỳatlap geçỳär. Merhum Nazarly birnäçe wagt Kümmetkowus şäherinde ỳaşaỳar. Emma durmuş güzeranynyñ agyrlygy sebäpli Çaỳgowşan diỳlen oba göçüp, obanyñ bir ter-çemenlik meỳdanlarynyñ birinde mekan tutỳar.
Bu halypa Gürgen radiỳosynyñ açylmazyndan öñ hem harby merkeziniñ türkmen bölüminde bagşyçylyk edipdir. Gürgen radiỳosynyñ türkmen bölüminiñ düỳbüni tutup efire göỳberilmegi-de bu bagyşa degişlidir.100.[ ].    




                                Taryh ylymlarynyň doktory:
                                          Hangeldi OWMUK
                                        6-dec-/2005 ỳyl

* Türkmen sazandalarynyn has gadymy suratlary
Eyran Türkmenlerinın arasynda küştdepdi oyuny "zikir"
              ya-da "hanjar tansy"
##########################################################

      b). TÜRKMENSAHRADA DURMUŞ TOY DESSURLARY:
Şu makala Türkmenistan respublykasynyñ “TÜRKMENISTAN”  
      gazýetinde we “ TÜRKMEN SESI” her aýlyk gazýetinde
                          goýberildi.



Etrek-Gürgen türkmenileriniñ arasynda geçirilỳän durmuş toỳlaryndaky däp-dessurlar öz başlangyjyny gadymy döwürlerden alyp gaỳdỳar.
Ol zamanda öỳlenme ỳaşy örän ỳaşlykdan başlapdyr. Onuñ sebäbi durmuş guran maşgala ỳer-suw paỳlaşygynda köpräk paỳyñ ỳetmegidir.
Hanlar, baỳlar ỳerden we suwdan köpräk paỳ almak üçin ogullaryny örän ỳaşka öỳeripdirler. Bu ỳagdaỳ galyñ we süỳt hakyñ gymmatlamagyna eltip, gurpsyz maşgalalaryñ ogullarynyñ giç öỳlenmegine, kä halatlarda bolsa, olaryñ öỳlenip bilmän sallah geçmeklerine sebäp bolupdyr.

IX-XX asyrlaryñ ikinji ỳarymyna çenli türkmenlerde ỳer-suw meselesi barada “sanaşyk” guramasy türkmen oba hojalyk jemagatynda döräpdir. Şol meseläniñ ugrunda türkmen oba hojalyk jemagatynda ỳer-suw paỳlaşyk bolupdyr. “Sanaşyk” ỳerlerinde täze öỳlenen maşgala hukugynda ỳer-suw paỳy berlipdir. XIX asyryñ we XX asyrlaryñ sepgidinde ỳeriñ we suwyñ bol ỳerinde adaglananlara hem sanaşyk ỳerlerinden ỳer-suw paỳy berilỳän eken. Ýöne bu ỳagdaỳy hemme ỳerlerde gyradan bolmandyr we köplenç nika ỳaşyny göz öñünde tutupdyrlar.
“Türkmenistany Russiỳanyñ basyp almazyndan öñ Günorta Türkmenistanda sanaşyk ỳer-suw eỳeçiligi ỳerden we suwdan peỳdalanmagyñ iñ esasy görnüşi bolỳar”.101
Öỳlenmekden mahrum bolan ỳigitler çöllere we gumlara çykyp sergezdan bolupdyrlar. Olara “sallahlar”, “Müjerritler” diỳlip at berlipdir.
Bu Türkmenleriñ arasynda durmuş toỳy üç tapgyrdan ybarat bolupdyr:
Birinji tapgyrda öỳlenjek ỳigidiñ ata-enesi gelinlik saỳlaỳarlar, onsoñ saỳlanan gelinligiñ ata-enesiniñ razyçylygyny almak üçin “sözugratmaklyk” başlanỳar. Bu etapda gürrüñi berkitmek üçin gepleşik mäkämleşdirilỳär. Öñki wagtlarda şeỳle ỳagdaỳ öỳlenjek ỳigitden soralman amala aşyrylypdyr. Häzirki döwürde beỳle däl.
Ikinji tapgyrda, toỳuñ wagtyny we gününi anyklamak üçin ỳigidiñ kowumlaryndan birnäçe aäçe aal maşgala geljekki geliniñ öỳlerine gelip “Duz dadyşmak” däbini amala aşyrỳarlar.

* Türkmen gelini
* Düyeli gelin alyş

Üçünji tapgyr, esasy we agyr tapgyr hasap edilỳär. Onda galyñ we geliniñ süỳt haky barada gürrüñ edỳärler. Bu işi öỳlenjek ỳigidiñ taỳpasynyñ ỳaşyulylary amala aşyrỳar.
“Amerikanyñ Jan Han Kinz uniwersitetiniñ alymy Wilỳam Aỳronz Eỳranyñ demirgazyk ỳomutlarynyñ däp-dessurlary barada iş geçirmegi saỳlap alypdyr. Ol türkmenleriñ arasyndaky galyñ meselesini aşakdaky tablisiky tablisiada görkezipdir”.102

Mal görnüşde tölenilỳän süỳt hakdan daşary käwagt “Etek-börük” diỳlip, gelniñ ejesiniñ tölenilỳän ỳene-de bir hak bolupdyr. Çarwa ỳomutlaryñ arasynda süỳt hakyñ köp bölegi mal görnüşde (goỳun, düỳe, sygyr, geçi) tölenipdir. Umuman aỳdylanda, çarwalaryñ arasynda malyñ bahasy näçe gymmat bolsa, nagt puly az tölenipdir. Esasan bellemeli zat, süỳt haky näçe ỳokary galsa, gurpsyz adamlaryñ öỳlenmeginiñ bahasy hem şonça ỳokary galỳar. Bu ỳagdaỳyñ yzygiderli dowam etmegi ol ỳerdäki türkmenleriñ sanynyñ azalmagyna sebäp bolupdyr.
Ýomutlaryñ arasynda galyñ almaklyk “Sowgat alyp, sowgat berme” ỳaly görnüşde çözülipdir.
Durmuş toỳunyñ ondan soñky tapgyry – toỳ günüdir. Gelin alyp gelinmezden bir gün öñ ỳigidiñ öỳlerinde dabaraly toỳ tutulỳar. Geljek gelin hem öz gezeginde boỳdaşlaryny uỳşuryp, kiçiräk toỳ geçirỳär. Jarçylar ata atlanyp, taỳpalaryñ arasyna gidỳärler, kimiñ toỳunyñ bardygyny jar çekip, oba çagyryş edỳärler. Toỳdan iki-üç gün öñ ỳigidiñ goñşy-golamlaryndan 7 öỳli öz etjek kömekleri we toỳa goşjak goşantlary barada aỳdỳar.
Toỳy örän dabaraly we gyzykly geçirmek üçin bagşy-sazandalar hem çagyrylỳar. Öñki döwürlerde olary ata mündirip, häzirki döwürde bolsa maşynly toỳa getirilỳär. Kähalatlarda toỳ has dabaraly bolar ỳaly bagşylaryñ arasynda ỳaryş geçirilỳär.

* Önki döwürlerde düyénin üstünde şunun yaly kejebeler yasalypdyr.
* Göklen türkmenlerinde geline alyndangy hökmünde hasaba geyindirilipdir.

Eger şeỳle ỳagdaỳ ỳigidiñ atasynyñ öỳünde geçirilse, ỳigit öžüne ỳakyn bir dostuny m ynasyp saỳlap, deñ-duşlary bilen olaryñ öỳünde toỳ-tomaşa gura m ynasyp saỳlap, deñ-duşlary bilen olaryñ öỳünde toỳ-tomaşa guraỳar.
Ýigidiñ ejesi bilen gelniñ ejesi hem her haỳsy öz öỳlerinde myhmanlary garşy alşy alarlar. Myhmanlar gatlama, petir, pişme ỳaly öỳde taỳỳarlanylỳan süỳji nygmatlary bişirip, sowgat getirỳär we süỳjülik alyp gidỳär.
Gelin getiriljek güni bi8r düỳäni “halyk” diỳip, ỳagny üstüne kejebe gurap, birnäçe ỳaşuly gelniñ öỳlerine tarap ỳola düşỳär.
Çykmaly gyz öz öỳlerinde çykyp, kakasynyñ (atasynyñ) ỳa-da doganynyñ öỳüne baryp otur ỳa-da doganynyñ öỳüne baryp oturỳar. Atbaşçy baran ỳaşyulylary oñat naharlap we sylaglap başlaỳarlar. Olar nahar iỳenlerinden soñ arasyndan birisi: “Hop, nahar-a iỳdik, dolanyp gaỳtmak wagty geldi” diỳỳär. Gelin tarapyñ ỳaşyulylarynyñ biri bolsa oña ỳüzlenip: “Gitseñiz sag-salamat gidiñ, ỳöne özüñiz bilen näme getiren bolsañ-yz goỳup gidiñ” diỳỳär.
Şol mahal galyñ üçin getirilen haryt gelin tarapyñ ỳaşyulysyna tabşyrylỳar, ondan soñ doga okalyp, hoşlaşyp öỳden çykyp gaỳdylỳar.
“Gelinalyja baran aỳallar. Gelniñ oturan öỳüne baryp: “Biz gelinimizi äkitmek üçin rugsat aldyk” diỳşip, gelni alyp gaỳtjak bolỳarlar. Emma gelniñ tarapdarlary gelni bermejek bolỳarlar. Şol ỳerde “Güpürdik”, “Aỳak alma” ỳaly çekişmeler başlanỳar. Eger-de bu çekeleşikler gazaply dereje etse oña “Dalaş” diỳỳärler. Gelni güỳç bilen diỳen ỳaly alyp gitmeli bolỳarlar. Gelin hem öz gezeginde tärimden ỳapyşyp gaỳtmajak bolan bolỳar”.103

Gelniñ başyna gyzyl kürteatyp, kejebä mündürỳärler. Şol barmana gelniñ ejesi bir gysym uny gyrmyzy kürteli gelniñ mañlaỳyna çalyp: “Bagtyñ bolsyn, gyzym” diỳỳär. Ondan soñ gelniñ dogany kejebäniñ öñüni tutup “Aga halat” soraỳar. Ony hem bir zat bilen razylaşdyrỳarlar. Gelin ỳola düşmezden öñinçä iki tarapyñ eneleri gelin bilen ỳigidiñ adyny we üç arkasyny ỳatlap, ỳalyk zyñyşỳarlar. Şeỳlelik bilen, gelin ỳola düşỳär. Obanyñ ỳaş ỳetginjekleri daş-toprak zyñyşyp, öz oba gyzynyñ çykmagyna, gadymdan gelỳän närazyçylygyñy däbini görkezỳärler. Ikinji kerwen bolsa gyzyñ şaỳ-seplerini alyp gaỳdỳar. Bardy-geldi, olaryñ ỳoly bir obanyñ üstünden düşse, oba adamlary olara bagtly durmuş arzuw edip, doga okaỳarlar we özlerinde-de şeỳle toỳ-tomaşalaryñ nesip etmegine arzuw edỳärler.
Mundan biraz irki döwürlerde durmuşa çykjak gyz bilen ỳigidiñ arasynda “Gök böri” däbi hem bolupdyr. Gyz bir guzyny atyñ öñüne basyp aỳak aldygyndan gaçỳar. Ýigit hem öz dostlary bilen gyzyñ yzyndan atly kowup, guzyny onuñ elinden alyp, üstün çykandygyny görkezỳär (Bu däbe “Owlak gapdy” hem diỳỳärler).

* Türkmen gyzlarynyn durmuş gurjak pursatlary.

Gelin ỳigidiñ taỳpasynyñ arasyna getirilende, toỳ-şagalañ öz ỳetjek derejesine ỳetỳär. Ýigidiñ atasynyñ gapysynda, kowum-garyndaşlary tarapyndan “Seçgi” başlanỳar. Seçgiler köplenç pul-teññe görnüşde ỳa-da gaỳry ownuk-uşak zatlar bolỳar. Ondan soñ at çapyşyk (Ýomutlarda “At çapgy” hem diỳilỳär) we göreş ỳaly baỳrakly tomaşalar amala aşyrylỳar.

<==Gelini ỳigidiň öỳlerine getirilỳän pursatlar

Gelin ỳigidiñ kakasynyñ öỳüñe salynỳar. Ýigidiñ gelnejesi gapyda durup, halat berilmese, gelni içerik göỳbermeỳär. Gelin içerik salnyp, öỳüñ töründe baglanan tütiniñ añyrsynda oturdylỳar. Oba gelin-gyzlary täze gelen gelni görmäge üỳşỳärler. Getirilen gelin şol günden beỳläk ỳigidiñ kowum-garyndaşlaryndan ỳaşynmaly bolỳar.
Nahar iỳlenden soñ, gelin bilen ỳigidiñ hut özleri tarapyndan bir ahun ỳa-da bir molla wekil saỳlanyp, nika gyỳjak ahunyñ ỳanyna barylỳar. Gelniñ wekili ỳigidiñ wekiline ỳüzlenip: “Men şu adamda birnäçe algym bar, şonuñ tölegini isleỳärin” diỳỳär. Ýigidiñ wekili bolsa, özüni gazaply görkezen bolup: “Men saña nireden bergili bolaỳpdyryn!” diỳlen oỳny görkezỳärler. Onsoñ ylalaşylyp, ahun olaryñ her haỳsynyñ eline süỳji berip, nika hutbasyny okaỳar.
    Nika gyỳylyp durka bir zenan maşgala işikde gaỳçy çalyp durçy çalyp durỳar.
Onuñ maksady bet gözler, bet sözler kesilsin diỳlen yrym üçin edilỳär. Şeỳlelik bilen, wekiller nika suwyny içỳärler. Nika gyỳylandan soñ goỳunyñ ỳüregi “Şara” edilip, ỳarysy gelne ỳarysy hem ỳigide iỳdirilỳär. Ýöne bu şaradan başga hiç kimiñ iỳmäge haky bolmaly däl.
Gün ỳasỳp garañky gatyşandan soñ, ỳigidi geliniñ ỳanyna getirỳärler. Ýigidiñ dilewar gelnejeleriniñ biri olary elleşdirip, aakdaky setirleri aỳdỳar:

“Alaja köỳnek geỳdirme,
Arpa çörek iỳdirme,
Düỳe başyn iỳtdirme,
Çüprek ỳüñi düỳtdirme,
Agyzla gapdyrma,
Toỳnykla depdirme,
Al ỳañakdan öpüşediñ,
Ala ỳorgan depişediñ,
Çaỳyr kimin çyrmaşadyñ,
Meller kimin ornaşadyñ,
Ýüzden-ỳüzden ỳoỳduradyñ,
Ýüzlük köỳnek geỳdirediñ,
Bagyñ miweli bolsun,
Tuduñ kuwwatly bolsun,
“Jip” maşyna mündürediñ,
Şäher-şäher aỳladyñ,
Sag eli sary ỳagda,
Sol eli sowuk unda,
Aỳ ỳüzlini saña tabşyrdym,
Seni Hudaỳa tabşyrdym”.104
* Gaytarma gelin

Ýassy namazy okalỳan mahaly “Orugöỳ” diỳlen däp başlanỳar. Ýigit öz dostlary bilen gelniñ salnan orugöỳne girip, çaỳ içỳärler. Ýigidiñ dostlary getiren sowgatlaryny gelne gowşurỳarlar. Şeỳle däbiñ amala aşyrylmagynyñ sebäbi, hiç haça gürleşmedik ỳigit bilen gelniñ biri- biri bilen gepleşmeginiñ ỳüzi açylmagydyr.

Ertesi güni gelni ỳigidiñ öz öỳlerine getirỳärler. Ýöne indi gyz tahỳasy “börügi” aỳrylyp, “Alyndañy (Allañy)” dañylỳar. Gökleñleriñ arasynda oña “Hasawa” diỳlipdir. Gelni iki günden soñ gaỳtarỳarlar. Her haan gelniñ öỳleri tarapyndan yzyna alnyp gidilmekçi bolanda, ỳigidiñ öỳleri tarapyndan bir goỳnuñ döşi kümüşe bezelip, gelinlere eltilỳär. Şeỳle däp tä gelin ỳigidiñ öỳlerine ymykly gaỳtarylyp getirilỳänçä her gurban aỳynda gaỳtalanyp durỳar. Gaỳtarlanyñ dowamy ozallar iki ỳyl bolupdyr. Ýöne häzirki döwürde gelin birnäçe gün ỳa-da aỳdan soñ şaỳ-sepleri bilen ỳene-de ỳigidiñ öỳüne getirilỳär.
    Gelin gaỳyn öỳüne ymykly getirilenden soñ, gelniñ atasy tarapyndan köreken çagyrdyp gaỳyn atasy bilen körekeniñ arasynda “Ýaraşyk” geçirilỳär. Ýagny ỳigit bilen mysaỳyby gelniñ atasy bilen duşuşmaga barỳar. Ýigit gapynyñ agzynda oturỳar. Soñra gaỳyn atasyna bir tabap palaw bilen pul ỳa-da mata, ỳagny, halyça, egin-eşik eltip berỳär. Şondan soñ ỳigit gaỳyn atasyndan gaçmasa-da bolỳar.” 105  
Şondan soñ garyndaşlyk gatnaşygy başlanỳar.

* Kejebe Kerwen
* Türkmenistan artistkasy gelin rolunda.
* Adat boyunça gelini Agöyüng içine salyarlar.
* Ýeňňeler gelini agöỳe getirỳärle
* Ýeňňeler ỳigit bilen gelini elleşdiriş pursatlarynda
**********************ÇYKGYTLAR **************************
1-nji Para degişli berilen edebiỳatlar we çykgytlar:

**************************** 1 of 2 ******************************
1. The thought and character of William James, Rolh Perry. Harvard university press, Combridge, Massachusetts, 1948 y. (Theologicalschool lectures of 1902 or 1906 . V. James).
2 . فريد وحیـدی ، " دا یرة ا لمعارف ا سلامی"، زیر وا ژه "خط، کتا ب ، قا موس قـرآ ن"،{ تأ لیف سيـد علی ا کبر قريـشی}، جـلد پنجـم . ص ۲۷۴
2. färid Vähidi, “daỳerät-eimo,aref-e islami”,zir-e važe-ỳe “hät, ketab, kamus-e kor,an”, tälif-e seỳed Äli Äkbär-e ỳşi, jeld-e pänjom. Säf. 274
۳. چوبـينه بهرا م، "تشيّـع د ر سیا ست ا یـرا ن "، جلد د وّم – ا نتشـا را ت "سا زما ن جنـبش نا سیـونا ليستـی دانشگا هیا ن و دانش پـژوها ن و روشن بینا ن ا یــرا ن"،  
3. Çubine Bähram, “Täşäỳ,ỳö; där siỳasät-e Iran ”, jeld-e dovvom – enteşarat-e “Sazman-e jonbäş-e nasỳunalisti daneşgahiỳan vä daneş päžuhan vä rowşän binan-e Iran”.

4. Sagd-u-wakgas kitaby, Türkmenistan ỳlymlar Akademiỳasy, - Aşgabat- 1992 ỳ. ????
5. Wildurant, “ Tarih-e tämäddon , äsr-e iỳman ”, jeld-e çaharom , …
6. Teñli-garakçy Abdyrrahman ahun, “Fäzaỳel ältorman”, naşeran : Baziỳar-Sähawi, Gonbäd-e kawus -1364
۶. تنگلی قـرا قـچی عبدا لرحما ن آ خوند ، " فضـا ئـل ا لتـرکما ن "، نا شـرا ن : با زیـا ر سـخـا وی ، گـنـبـد کا ووس – ۱۳۶۴ شمسی
7. Şeyh Reşidetdin Fäzlulla, “Jame -ettäwarih”, ….   12 sah.
۷. شـیخ رشـیـد ا لّد یـن   فـضـل ا لله هـمـدا نی ، " جـا مـع ا لّـتوا ریخ " ، ... ص ۱۲ .
8. Teñli- garakçy A., “fezaỳel. …”… säf. ۱۲
          ۸   . تنگلی قـرا قـچی آ. ، "فـضـا ئـل   . . . " ، . . .   ص.   ۱۲    

9. Şol ỳerde 41 sah.
10. Durdyew K.,”XIX asyr hem-de XX asyryñ başlaryndaky türkmen edebiỳatynyñ taryhyndan”, Aş., “Magaryf”, neş. , 1987 ỳ.
11.Äsgäri-hangah Ä., Kemali , “ Iraniỳan-e torkmän”, enteşarat-e “Esatir”, Tehran- 1374 , säf. 157
۱۱. ا صغر عسگری خـا نقا ه و د کترمحمّـد کما لی، " ا یـرا نـیا ن تـرکمـن"، ا نتشا را ت " ا سـا طـیر"، سا ل ۱۳۷۴ ش. ص. ۱۵۷
12. Максимович Ф. К., « Социально – экономический строй Закаспийски туркмен на кануне присоединения к России » , Туркменское государственное издательство , Ашхабад – 1960 г., 114 стр.  
13. (ЦГА. ТССР, Ф. ! , опю 2. Д.   2769 ,   Д.2778)
14. Maksimow F.K., /görk. Iş./, 109 sah.
15. Äsgäri-hangah Ä., d.M. Kemali, /görk. iş/, säf. 157
16. Teñli-garakçy , “Fezaỳel.” … säf. 48
17. Türkmenistanyñ   Balkan welaỳatynyñ Esenguly etrabynda ỳaşaỳan hezreti Berdi-Jepbar işanyñ nebresi Berdikakanyñ dilinden nakyl edildi.   Aşgabat -1995 ỳ.
18. Teñli – garakçy, “Fezaỳel.”, … säf. 133
19. Şol ỳerde,   134 sah.

20. Äsgäri- hangah, d.M. Kemali,“ Iranian-e tork.”,/görk. Iş./… säf. 67

*************************** 1 of 3 ****************************
21. Şeỳh Taganiỳaz, “şäjärename-ỳe ata-ỳe torkmän”, noshe-ỳe hätti, be ehtemam-e Mähmud Ätagözli, amade-ỳe çap, (be nägl äz näşriỳe-ỳe “Ýaprak ” şomare-ỳe 2 vä 3, sal-e ävväl, \aỳiz 1377 ş. Motabek ba 1998 m.).
۲۱. شیـخ طـا غا نیـاز، "شجره نا مه ترکمـن"، نسخـه خـطّـی، به ا هتما م محمود عـطا گوزاـی ، آ ما ده چا پ ،(به نقل ا ز نشـریه "یا پـراق"شما ره ها ی ۲ و ۳ ، سا ل ا وّ ل، پا ئـیز ۱۳۷۷ ش.، مطابق با ۱۹۹۸ /م.).
22. Heỳät d. Jävad, “Seỳri där tarih vä lähjehaỳe torki”, çap-e dovvomT näşr-e “now”T Tehran – 1366 ş.,   säf.67
۲۲. هـیـئت دکتر جـوا د،"سیری د ر تا ریخ و لهجـه هـا ی ترکی"، چا پ د وّم، نشـر "نـو"، تـهـرا ن – ۱۳۶۶ ش.ص. ۶۷
23. Reşhat eỳn-elhäỳat , säf. 21. tärjome-ỳe torki-ỳe an säf. 16
۲۳. رشـحـا ت عـن ا لحـیـا ت ، ص. ۲۱ . ترجمـه ترکـی آ ن   صـفـحه   ۱۶
24. Corpus G., Atravers Le Royaume de Tamerlan, Paris- 1882 . 140-150 st.,[ “turk edebỳatynda ilk motasavvofler ”.kitabiniñ 88-nji sah. Tekstiñ etek düşündirişinde.].
25. Şol ỳerde,
26. Näşriỳe-ỳe “Ýaprak”, şomsreia-ỳe 3 vä 3 . sal-e ävväl . paỳiz 1377 ş. , säf. 17
۲۶. نشـریّه " یـا پـرا ق"، شما ره ها ی ۲   و ۳ .، سا ل اوّ ل ، پا ئـیز ۱۳۷۷ ش. ص. ۱۷  
27. Bartold W.W., “Abeỳari där Torkestan”, tärjome-ỳe Kärim-e Keşavärz, enteşarat-e mo,ässese-ỳe motale,at vä tähgigat-e ejtema,iỳ, azär mah-e 1350 ş., säf. 117.
۲۷. با رتولـد و. و.، "آ بیـا ری د ر ترکـسـتا ن"، ترجمـه کـریم کشـا ورز ، ا نتشا را ت مؤسـسه مطـا لعا ت و تحقـیـقا ت ا جتمـا عـی، آذرما ه سـا ل ۱۳۵۰ش. ، ص. ۱۱۷  
28.Muhammedanskiy rasskaz o sv – Deve Marii, I zv, obşc. Arheol, istor. i   etnologri Kazansk. Univ. 1895, XIII , I .[ به نقل ا زا سـلام ا نسـکلو پــد یـسـی]  
29. Ýasawy Hojaahmat,   …
30. Reşhat eỳnilhaỳat, /görk. Iş./… sah. 21 we 22
31. Mäzkär-e ähbab, jeld-e 5., säf. 534 . “Türk edebiatynda ilk motäsävvofler” , säf. 88
۳۱. مـذکر ا حـبا ب ، جلد ۵ ، ص. ۵۳۴ ، " ترک ا دبّیا تئـندا ا یلک مـتـصـفـّوفـلر"، ص. ۸۸
32. “Türk edebiatynda ilk ….”/görk. Iş./,…sä. 19  
33. “Ýaprak” /görk. San./, … sah. 19
35. Wambri A., “Siỳahät-e därvişi drugin där hanta-e Asiỳaỳe märkäzi” ,tärjome-ỳe F. Hajenuriỳan, enteşarat-e “ elmi - färhängi”, Tehran – 1982 m.

۳۲. وا مبری آ رمینیوس، " سیا حـت د رویشی دروغین درخا نا ت آ سیای مرکزی "، ترجمه ف. خوا جه نوریا ن، ا نتشا را ت " علمی - فرهنگی"، تـهـرا ن سا ل ۱۹۸۲ میلادی .
36.Şol ỳerde,
37. Şol ỳerde,
38. Mahname-ỳe “ Sähra”, şomare-ỳe 13 vä 14 – ordibeheşt vä hordad ,Tehran – 1378 ş.
۳۸. ما هنا مه " صـحـرا" شما ره ۱۳ و ۱۴ ه ردیبهشت و خردا د . تـهرا ن – ۱۳۷۸ .


************************** 1 of   4****************************
39. “Türkmen dünỳäsi”, .. Aşgabat- 1997-nji ỳ., we Eỳranda çykỳan “ Sähra” hepdenamasy, /görk.iş/, …

40. Kaufmann, Venizianischer (با زرگا نا نا ن ونیزی) ---- Hakluyt Society . 173 st.{سفرنا مه ونیـزیا ن د ر ا یـرا ن ، ترجمه منوچـهر ا میری، ا نتشـا را ت " خوا رزمی"، تـهرا ن – ۱۳۴۹ }                                                                                              
41. Hajy- Hälife, “Jahan näma”, Iran – säf. 381.
۴۱. حـا جی خـلیـفه ، " جـهـا ن نـمـا"، ا یـرا ن – ص. ۳۸۱ .
42. Säni-etdowle Mähämmäd- häsän han, “ Mär,at - ilbälädan”, çap-e sängi, jeld-e ävväl, Tehran – 1394 ş., säf. 341.
۴۲. صـنیع ا لّـد وله محمّـد حسـن خا ن، " مـرأ ت ا لـبـلـدا ن"، چا پ سنگی، طــهــرا ن – ۱۳۹۴ – ص.۳۴۱
43. Çäläbi Öwülỳä; , “Siỳahätnameh”, çapi, jeld-e dovvom, Estanbol – 1314 .
۴۳. چـلـبی ا ولـیـاء ، " سیـا حت نـا مـه"، چــا پی، جـلد د ّوم، ا سـتا نـبول – ۱۳۱۴
44. Fäzlulla ibn-e Ruzbehan-el Esfehani, “ Tarih-e aläm ara-ỳe Ämini”, noshe-ỳe hätti, şomare-ỳe 4431 -, ketabhane-ỳe “ Fateh” där Estanbol, säfhat-e 216-218.
۴۴. فـض ا للّـه ا بن روزبها ن الاصـفـها نی، " تـا ریخ عـا لم آ رای ا مینـی"، نسخه خـطّی، شما ره ۴۴۳۱-، کتا بخا نه " فا تح " درا سـتا نبـول ص. ص. ۲۱۶ – ۲۱۸ .
45. Tarih-e sal çaharom-e näzäri-ỳe däbirestanha-ỳe motävässete-ỳe Iran- 1375 ş.
۴۵. تا ریخ سا ل چـهـا رم نظـری دبـیرسـتا نهـای مـتوّسـته ا یـرا ن – ۱۳۷۵ ش.
46. Tengli-Garakçy A., ”Fezaỳel.”, /görk. Iş./,
۴۵. تنگلی قـرا قـچـی، " فـضـا ئـل"، / گورکزیـلـن ا یش/،
47. Атаев Х. А., « Туркмены Трана в 30-80-е гг. ХХ в.» изд. « Ылым » - Ашхабав- 1992.-194 стр.
48.Şol ỳerde, 192 sah.

********************************** 1 of 5 ********************************
49. Джикиев А., « Традицтонные туркменские праздники, развлечения и игры », Ашхабад , 1983 г.
50. Purkärim Huşäng, “ Ezdevaj , ärusi vä koştigiri där Inçebrun”, mäjälle-ỳe honär vä märdom, şomare-ỳe 84:43-50, Tehran - sal-e 1348 ş.,
۵۰. پور کریم هـوشنگ، " ا زد وا ج، عروسی و کـشتی گیـری د ر ا ینچـه برون"، مجـلّـه هنر و مرد وم، شماره ۸۴: ۴۳ – ۵۰ ، تـهرا ن سا ل ۱۳۴۸ ش.
51.Джилиев А. «Традицион…» , /görk. Iş./,
52. Mahname-ỳe “ Sähra”, şomareha-ỳe 13/12, esfänd vä färvärdin, Tehran – 1999 miladi, säf. 4
۵۲. ما هنا مه " صـحـرا"، شما ره ها ی ۱۳ / ۱۲ ، ا سفند و فرورد یـن ، تــهــرا ن – سا ل ۱۹۹۹ میلا دی، ص. ۴
53. Äsgäri-hangah   Ä. , d.m. Kämali, “Iraniỳan-e tork.”, /görk.iş./, säfha-ỳe 158-159 .
۵۳. عـسگری خا نقا ه ا صغر و د. م. کما لی، " ا یرا نیا ن ترکمن"، / گورکزیـلـن ا یش/، صفحه های ۱۵۸-۱۵۹ .
54. Paỳeli Ýäzdi   Mähämmädhoseỳin , “ähämmiỳät-e žeopolitiki şärg-e Iran ”, gesmät-e ävväl, fäslname-ỳe tähgigat-e jeografiỳaỳi, şomareha-ỳe 44-43, Tehran – bähar-e sal-e 1376 ş., säf. 27
۵۴. پا یلی یزدی محمّـد حـسین،" ا همّـیّـت ژئـو پلـیـتیـکی شـرق ا یرا ن"، قسمت ا وّ ل، فـصـلنا مه تحـقـیقـا ت جـغرا فـیا ئـی، شما ره های ۴۴-۴۳، تـهـرا ن – بها ر سا ل ۱۳۷۶ ش. ص ۲۷ .
55. Ettela,at-e siỳasi ektesadi, sal-e sizdähom, şomareha-ỳe ävväl vä dovvom, mehr vä aban mah, Tehran – 1377 ş.
۵۵. ا طلا عا ت سیا سی ا قتـصـا دی ، سـا ل سـیزدهـم، شما ره های ا وّ ل و د ّوم، مهر و آ با ن ما ه، تـهـرا ن – ۱۳۷۷ ش.
56. Iri Nazarmuhammet, Nişapur şäherindäki   Gumanitar ylymlary Institutyny tamamlan Türkmensähranyñ Süỳjiwal etrabynda ỳaşaỳan türkmen talybynyñ şaỳatlyk etmegine görä, dilden ỳazyldy.
57. Häftename-ỳe “ Golestan-e Iran”, şomare-ỳe sefr 6 – dävazdähom-e avril 1999/m., säf. 2
۵۷. هفته نا مه " گلـسـتا ن ا یرا ن"، شما ره صـفـر ۶ ، د وا زد هم آوریـل ۱۹۹۹ / م. ص. 2
58. Modärres Seỳied Äla,eddin , “ Montäzer-e tarih”, tärjome-ỳe : Seỳied Äli-ỳe Modärres-e motläk, enteşarat-e “Mofidi”, deỳ mah, Tehran- 1370 ş. W. 10
۵۷. مـدرّس سیّـد علاء ا ّلد ین، " منتـطر تا ریخ"، ترجمه سیّـد علی مـد ّرس مطلق، ا نتشـا را ت "مـفـیـدی"، دی ما ه، تهرا ن – ۱۳۷۰ ش. ص. ۱۰  
59. Ettela,at-e siỳasi-ektesady, sal-e sizdähom ävväl vä dovvom – 134, çap-e: mo,ässese-ỳe ettela,at, mehr vä aban mah , Tehran- 1377.ş. säf. 8.
۵۹. ا طـلا عـا ت سیا سی – ا قـتصـا دی ، سا ل سیزدهم- شما ره ا وّ ل و دوّم – ۱۳۴ ، چا پ : مـؤسـسه ا طلاعا ت، مهر و آ با ن ما ه، تــهـرا ن – ۱۳۷۷ ش. ص. ۸
60. Ruznameh-ỳe Iran, sal-e çharom, ş. 7-8, 1377 ş.,{Hämçenin negah konid be : Ettela,at-e siỳasi-ektesady, a. ävväl vä dovvom, säf. 12.}.
۶۰.روزنا مه ا یرا ن، سا ل چها رم، ش.۷-۸، سا ل ۱۳۷۷{ همچنین مرا جعه کنید به: ا طلاعا ت سیا سی – ا قتصـا دی ، ش. ا وّل و دّوم، ص. ۱۲}
61. Mahnameh-ỳe “ Sähra”, / görk. Iş./, ş. 13-12 ,
62. Häftenameh-ỳe “Hämşähri”,sal-e häftom- şomare-ỳe 1735 – pänjom-e žanviỳe, Tehran- 1999 m., säf. 15.
۶۲. هفته نا مه " همـشهـری"، سا ل هـفتم – شما ره ۱۷۳۵، پنجم ژا نویه، تـهـرا ن – ۱۹۹۹ م.، ص. ۱۵.
63. Political & economic Etela,at 8, vol 13, Nos., 133-134, October ,Tehran- Iran- 1998 y.,116 st.
64. Şol ỳerde, … 119 sah.
65. “Gor,an-e Kärim”, 2-nji sure,207-nji aỳat.
۶۵. " قـرآ ن کــریــم"، ۱۲ – نجـی سـوره ، ۲۰۷ – نـجـی آ یة،  
66. Şol ỳerde, 16 –njy süre, 125 – nji aỳat,
67.“Jahangerdan”,5-4, mahname-ỳe viže-ỳe Irangärdi vä jahangäri, tir mah-e 1376 ş., 7-8 c.
68.
69.
70. Ärşi Z. vä Käsraiỳan N., “Torkmänha-ỳe Iran”, …
71. Naseh ättävarih.,
72. “Täfsir-e ruh elmä,any”, .   .   .   Iran – 104   s.
73. “Täfsir-e Savi eljälaly”, [ sure-ỳe “ma,iỳde”, I-nji bölümi , 275-nji sah.] ỳene-de [ “Täfsir eljälalin-e kelam”, 97-nji sah.] – Iran .
74. “Täfsir-e ruh elbeỳan”, III –nji bölümi, Iran- 241 sah.
75. Elhaj Abdyljelil ahund Jäfärbaỳ , “Fäzilätnama-ỳe Haläd häbi”, näşr-e “Gabus” , Gonbäd-e Gabus .
76. Meskingylyç “Diwani”, “Gabus” neşriỳaty , Kümmetkowus.
********************************* 1 of   6 ************************************
77. “Sähra”, Eỳran, Gülistan welaỳaty., …… 1999 m. ỳ.

78. Pyragy Magtymguly,” Saỳlanan eserler ”, Aşgabat –
79. Fäslnameh-ỳe “Feragy”, sal-e ävväl, şomare-ỳe dovvom, tabestan, Gorgan- 1379 ş., säf. 14.
۷۹. فـصـلنا مه " فـرا غـی"، سا ل ا وّ ل، شما ره د وّم، تا بستا ن، گــرگــا ن -   ۱۳۷۹ ش.، ص. ۱۴.
80. Демидов С., « Туркменский Овляды »,   изд. «Ылыь»,Ашхабад- 1976 г,. 116 сер.
81. Короглы Х., « Огузский героический эпос», М. :1976 г., с. 47.
82. Weliew B., “Türkmen halk po,eziỳasy”, Aşgabat – 100 sah.
83. Şol ỳerde, 100 sah.
84.
5. Nurbadow K., “Dilim gyrk”, Aşgabat – 1992 ỳ., 46-47 sah.
86. Şol ỳerde, 48 sah.
87. Ahmedow A., “ Dutaryñ owazy halkymyñ sazy”, Aşgabat -     ?       ,51 sah.
88. Беляев В. М., и Успенский В. А., « Туркменская музыка »,
89. там же, I том , 177 стр.
90. žurnal “ Türkmenistan halk magaryfy”, Aşgabat- 1992 ỳ., 2., 28 sah.
91. Jykyew A.,   “ Türkmenistan XV – XVIII asyrda”, “ Türkmenistan halk magaryfy” neşriỳaty, A 1992 ỳ., 73 sah.
92. Успенслий В. А., Беляев В. Мюб « Туркменская ьузыка », II том, 119, 159 сер.
93. Nurbadow K., /görk. Iş./, 49-53 sah.
93. Nurbadow K., /görk. Iş./, 49-53 sah.
94. Ataew S., “Eỳran Gürgen radiostantsiỳasy we onuñ ideologiỳasy”, Aşgabat – 1990 ỳ.
95. Žurnal “ Il güỳji”, Eỳran türkmenleriñ medeni – syỳasy Ojagynyñ neşriỳaty, 2, tomus, Berlin- 1364 ỳ., 33 sah.
۹5. ژورنا ل" ا یل گویجی"، ا یرا ن ترکمنلرینینگ مدنی- سیا سی ا وجا غئنئنگ نشری، ۲، توموس، بـرلـیـن – ۱۳۶۴ ش.، ص. ۳۳.
96. Ata ogly S., “Arkadaşlar hakda söz”, Aşgabat – 1991 ỳ., 23 sah.
97. Näşrriỳe-ỳe “ Torkmänestan-e Iran”, seri-ỳe ävväl, sal-e sevvom, şomare-ỳe 28-29, tabestan, Berlin-1370 ş.,
۹۷. نشریّه " ترکمنـستا ن ا یـرا ن"، سری ا وّ ل، سا ل سوّم، شما ره ۲۸-۲۹، تا بـسـتا ن ، بـرلـین غربی، ۱۳۷۰ ش.،
98. Häftename-ỳe “ Golestan-e Iran”, şomare-ỳe (40), 22-om-e ogost, Gorgan- 2000 m., säf. 7
۹7. هـفـته نا مه " گلـسـتا ن ا یـرا ن"، شما ره (۴۰)، ۲۲/ م ا وگوست، گـرگـا ن -   ۲۰۰۰ میلا دی ، ص. ۷  
99. Mahname-ỳe “ Sähra”, sal-e sevvom, şomare-ỳe 23, ogost vä septambr, Gorgan- 2000 m., säfhat-e 2 vä 7.
۹۹. ما هنا مه " صـحــرا"، سا ل سـوّم، شما ره ۲۳، ا وگوست و سپتـا مـبر، گــرگــا ن -   ۲۰۰۰ میلادی، ص.ص. ۲ و ۷

100. Şol ỳerde , 7-8 sah.
********************************** 1 of 7 ************************************
101. Аннанепесoв М., « Хозяйство туркмен   XVIII-XIX вв.», Ашхабад- 1972 г., 146 стр.
102. IRONS W., “ The yomut Turkmen ”: A ctudy of   Social organization among a centural Asian Turkic speaking Population Antropological pops, Mnseum of Antropology , University of Michigan, nom. 58.
103. Äsgäri-hangah Ä., Kämali , “ Iranian-e tork.”,/Görk. Iş./,… säf. 169.
104. Asly Türkmensähranyñ Hojanepes obasyndan bolan Aşgabatly Aman bibi ( Mawşa ) Köriñ
dilinden ỳazylyp alyndy.Aşgabat- parahat ½-jaỳ 68- öy 72 – 1999 ỳ.
105. Gazỳet “ Türkmenistan”, No: 212 (22861),29-njy awgust, A.: 2000 ỳ., 4 sah.

*****************************************************************************   Dolonysh
Back To Home Page