Piczo

Log in!
Stay Signed In
Do you want to access your site more quickly on this computer? Check this box, and your username and password will be remembered for two weeks. Click logout to turn this off.

Stay Safe
Do not check this box if you are using a public computer. You don't want anyone seeing your personal info or messing with your site.
Ok, I got it
II BAP: TÜRKMENLERIŇ MADDY MEDENIÝETI:

I BÖLÜM: TÜRKMENSÄHRADA TÄZE DÖREDILEN GÜLÜSTAN WELAỲATY:
              a). Gülüstan welaỳatynda ỳaşaỳan türkmenleriñ
                                maddy durmuşy:

   

Türkmensähra esli wagt bäri iki welaỳatyñ, ỳagny Mazenderan bilen Horasan welaỳatlarynyñ arasynda bölünip galypdyr. 1998-nji ỳylda Eỳran Ýslam Respublykasynyñ perezidenti jenap Seỳit Muhammet Hateminiñ çykaran karary boỳunça Türkmensähranyñ esli bölegini “Gülüstan” welaỳaty ady bilen, edara tabynlygy boỳunça beỳleki welaỳatlardan garaşsyz edilip goỳberildi. Bu hereket Türkmensähradaky türkmenleri has tolgundurdy. Şonuñ ücin jenap Hateminiñ tarapdarlary türkmenleriñ arasynda köpelip ugrady. Emma şeỳle syỳasatyň dübünde nähilli maksatnamalaryň bardygyndan entäk köpçiligiň onçakly habary ỳok.  
    Bu täze döredilen welaỳatyñ ỳaşaỳyş we sosial-ykdysady şertleri barada žurnal-gazỳetlerde täze maglumatlar goỳberilỳär. Bu waka dünỳa özgerişleri bilen bir hatarda, Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet metbugatlarynda-da giňden ỳaỳbaňlandyryldy. Geliñ bu täze wakanyň esasynda bir näçe maglumatlar bilen ỳakyndan tanyş bolaỳlyñ!
“Gülüstan welaỳaty 22033 kwadrat(inedördil) kilometr meỳdany bilen Türkmensährada Hazar deñziniñ Gündogaryndaky mes topraklary öz içine alyp, bütin Eỳranyñ çäginiñ 1,75 göterim möçberine barabardyr. Bu welaỳat Demirgazykdan Garaşsyz Türkmenistanyñ serhetlerine, Günorta tarapdan Semnan welaỳatyna, Gündogary bolsa, Horasan welaỳatyna şeỳle hem Günbatar tarapdan Hazar deñzine we Gürgen aỳlagy hem Mazenderan welaỳatynyñ Behşähr (Bişäher)- Nika şäherine çenli çäklenỳär.”1

 

Gülüstan welaỳaty Gürgen, Kümmetkowus (Gonbäd-e Gabus), Minudeş (Minudäşt), Alýabat (Äliabad-e kätul), Kürtkuỳ (Kordkuý), Bendertürkmen, Kümüşdepe we Bendergez ỳaly, uly möçberde bolan 7 sany şäheristandan ybarat bolup, 16 sany şäher, 15 sany etrap, 42 sany dehistan (obadan uly etrapdan kiçi tabynlyk ölçeg.) we jemi 1084 sany obadyr-şäherçeleri özünde erleşdirỳär. Ilaty özünde jaỳlaşdyryş göwrümini göz öñüne getirsek, onda ortaça paỳy her bir kwadrat kilometrine 64,6 adamdan düşỳär.
    Gülüstan welaỳatynyñ bir ỳyllyk ekerançylyk möçberinde 650000 gektar önümli ekiş meỳdanlary bar. Köp halatlarda onda ỳylyň dowamynda iki hasylly döwri göz öñüne tutanymyzda 72 dürli çöl önümi hem-de köp dürli ir-iỳmiş önümleri öndürilip bazar dolanşygyna goỳberilỳär. Bütin Eỳran boỳunça öndürilỳän ekiş önümleriniñ 4,5 göterimi şu welaỳatyñ paỳyna düşỳär. Ikinji bir tarapdan 4,5 million maldarçylyk fermalary (Şond hususy eỳeçilik hem hasaba alynỳar.) bolup jüỳjedir-ỳumurtga öndürỳän hojalyklary (guşçylyk ferma) hem bar. Ýylda 1,5 million ỳumurtga önümleri özünden goỳberỳän towuk desgalar, ähli göwrümi bilen 2762 gektar balykçylyk suw howdany, her ỳylda 50 tonnadan agdyk işbil öndürip bilỳän gurby bilen, şeỳle hem has giñ we ỳaỳrañ tebigy baỳlygynyñ biri, 430000 gektar möçberdäki tokaỳ-jeññelligi dir. Maldarçylyk pudaklaryny ösdürmek üçin bir million gektara barabar öri meỳdanlary bar. Şu aỳdylanlar welaỳatyñ ekerançylyk we maldarçylyk keşbini aỳdyñ gözöñüne getirmäge mümkinçilik berỳär. Umuman welaỳatyñ ỳokardaky ỳatlanan gysgaça ykdysady mümkinçilikleri köp babatlarda hem maldarçylyk ỳaly strategik (maksatnamalaşdyrylan önümler) önümleri öndirip bazar ykdysadyetiniñ söwda dolanşygyny üpjün etmekde ünsüñ çekiji rol alyp barỳar.

* Täze döredilen Gülüstan welaỳatynyň kartasy
* Glistan welaatynda maldarçylyk bilen bir hatarda düedarçylyk bilen hem meşgullanyarlar.
   

Yslam ynkylabyndan öñ daşary ỳurda goỳberilỳän eksportlaryñ statistikasyna gysgaça göz aỳlanyñda, nebit harytlaryndan başga goỳberilỳän ähli eksportlaryñ 48 göterimi ekerançylyk önümlerine degişli bosa, şolaryñ 20 göterimi pagta önümleriniñ eksportyny öz paỳyna alỳar. Pagta harytlarynyñ hlkara ähmỳetiniñ bardygy sebäpli, onuñ töleg deñligini düzgünleşdirip goỳberilse, milli ykdysadyetiniñ ösüşine oñat täsir galdyryp biljekdigi ikiuçsyzdyr. Şeỳle hem mata öndüriji senagaty, iỳmit pagtaỳagy we pagta önümlerine bagly bolan beỳleki pudaklardaky iş

üpjünçilikleri, işsizligi ỳeñletmekde pagta ekerançylygynyñ ỳokary ähmỳetiniñ bardygyny öñküden-de has aỳdyñlaşdyrỳar .
   

Görkezilen deñeşdirmelere garanyñda Gülüstan welaỳaty zeỳtun   bagdarçylygynyň önümlerini ỳetişdirmekde hem ỳokary gerime eỳedir. Mysal üçin 100 müñ gektara çenli ekiş meỳdanlaryny oña nỳetläp biljekdigi ikiuçsyzdyr. Eger şeỳle maksatnamany ỳerine ỳetirilse,” 300 müñ sany täzeçe önüm işleri ekerançylygyñ synpy pudaklarynda hem gaỳtadan işleỳiji senagatynda iş üpjünçiligini döredip bolar.” -diỳilen netijäni aỳdyñlaşdyrỳar. Şeỳle ölçegler esasynda welaỳatyñ ekerançylyk önümlerini öndüriji möçberi 2,5 million tonnadan agdyk we ekeran önümleriniñ umumy bahasy bolsa, 1800 milliard reỳal (180 milliard tümen, häzirki bazar kursy boỳunça(2004-nji ỳyl), eger bir dollar 800 tümen bolsa, 225000000 Amerikan dollary bolỳar.) eỳran pulyna bolỳar. Şeỳle möçberdäki girdeji bolsa, 90000 sany zähmetkeş önümçileriñ iş zähmetiniñ girdejisi bolup durỳar.
Şeỳle hem bu welaỳat maldarçylyk önümleriniñ meỳdanynda-da has görnükli orny özne eýeleýär. Ilatyñ et we proteỳin üpjünçiligi Eỳran boỳunça ỳurdyñ gerekli gaỳtadan işlenen süỳt önümlerini üpjün etmekde ỳokary derejede rol alyp barỳar. Onuñ maldarçylykdan çykarỳan iñ ähmietli önümleriniñ biri “gyzyl et (goỳun we mal et, ...)” we “ak et (guş- towuklar,...)”, bal, süỳt, peỳnir, ỳumurtga hem işbil ỳaly gerekli proteỳinli önümlerden ybarat bolỳar.
    Ýokarky görkezilen faktlaryñ üstesine ỳylda 250000 tonna standart önümleri, özünde jaỳlaỳyş göwrümi bilen mal- gara we towuk–guş sowuk saklaỳyş önüm kärhanalarynyñ bu ỳerde ỳerleşmegi diñe bir welaỳatyñ özüne gerekli önümlerini üpjün etmekde   däl-de, eỳsem önümiñ hil taỳdan Eỳran boỳunça standart görnüşli bolup beỳleki welaỳatlara-da eksport edilỳär. Ýene-de goşmaça ỳatlasak her sagatda 10 tonna ozünde gapgaryş göwrümi bilen guş-towuk senagatynyñ et kombinaty, ykdysady babatda bu welaỳatyñ görnükli faktorlarynyñ biri bolup durỳar. Bu mesele öz akabasynda maldarçylyga bolan ähmỳeti has ỳokarelandyrỳar .
    Gülüstan welaỳatynyñ jeññel we marta meỳdanlary barada aỳdylanda has takyky ykdysady taỳdan esli baỳlygy öz içine alỳar. Daỳhançylygyñ daỳanjy hökmünde hem ỳer-suw serişdeleriniñ bol-elinligi, tagta-agaç önümlerini üpjün etmekde tokaỳ martalar onuñ ykdysady ösüşiniñ esasy orny diỳip hasaba alynỳar. Şeỳle hem welaỳatyñ ỳaşaỳyş şertleriniñ mümkinçiliklerini gözöñüne tutanymyzda, 250000 gektar senagata derkar tokaỳ meỳdany ỳerleşỳär. Şolardan 60000 gektar goragda duran tokaỳlar we 120000 gektar peỳdalanyp durulan tokaỳlardan ybarat bplỳar .Olar senagat agaçlaryny hem mal otlarynyñ önümünde ỳokary maýagoỳuma eỳe bolup, önümleriñ jemi hasyly 295000 kubmetre, bütin bahasy bilen 38,6 milliard riỳala barabar bolup durỳar. Marta meỳdanlaryndaky mal ot önümleri bolsa, 193509 tonna önüm 81,7 milliard riỳala barabar baha kesgitlenilỳär. Şu esasda marta bilen tokaỳlaryñ ähli önümleri umuman jemi 120,3 milliard riỳal bolup hasaba girỳär .
    Gülüstan welaỳatynyñ tebigy ỳaşaỳyş şertleri hakynda aỳdylanda, onuñ has gymmat bahaly oazislary bar. Şolaryñ arasynda “Gülistan Milli Tokaỳlyk parky adyndaky “Park-e jängäli-ỳe golestan”, “Jahannama goraghanasy, Kümüşdepe Köresuwy (Talab-e Gomişan)”, halkara “Aragöl, Ajygöl, Almagöl” ỳaly köresuwlary hem azat aw meỳdan-düzlükleri, tokaỳlyklar hem daglyklary ỳatlasa bolar.

    Gülüstan atly milli tokaỳ parky 91895 gektar meỳdany bilen ỳurduñ hem orta Aziỳanyñ şeỳle hem dünỳäde adygan seỳrek milli parklaryñ biri hasaplanỳar. Onda gözel gözỳetimler, tebigy dag hem dagçalar, dereler, arykdyr çeşmeler hem bardyr.
    Gülüstan welaỳatynyñ baýlyklarynyñ biri onuñ Demirgazyk serhetlerinde ỳagny Garaşsyz Türkmenistanyñ Günorta çäklerinde “Nebtlije” atly,   suw bilen nebit gatyşyk bir uly nebit çeşmesiniñ barlygy. Ol çeşmäniñ astynda gaz bilen nebit ỳatagynyñ bolelinligi anyklanyldy.

  Gülistan welaỳatynda tebigy mineral çeşmeler hekdaşy, boksit, daşkömür, koks, gurluşyk dag daşlary giñ möçberde ỳerleşendir.
  Goşmaça aỳdanymyzda Gülistan welaỳatynda 31 desga un kärhanalary, 41 desga pagta arassalaỳjy kärhana, 3 desga ỳag çykaryjy hem ỳag arassalaỳjy kärhanalary ỳerleşendir.
Soñky 9 ỳyllykdaky dünỳä boỳunça bolup geçen özgerişler, Eỳranda Türkmensähradaky türkmenleri hem has begendirdi. Şonuñ bilen birlikde serhet
açylyp dogan-garyndaşlaryñ didarlaşmagy we gatnaşyklary başlandy. Söwda, ykdysadyỳet, syỳasy, medeni we transport ỳaly iki ỳurduñ geljegini bähbitli ylalaşyklary ỳola goỳuldy. Eỳran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ arasynda esli nokatlardan ỳer, deñiz, hem howa ỳollary açyldy. Şolaryñ ikisi Türkmensähradaky Gülistan

• Halkara Almagöl köli
* Almagöliň umumy keşbi

welaỳatynyñ paỳyna düşdi. Ol nokatlarda “März-e pol” (Güdürolum geçelcesi) we deñiz port ỳolunyñ (Türkmenbaşy port şäheri bilen Bendertürkmen port şäheri biri-birine birleşdirỳän deñiz ỳoly) bolup durỳar. Bu ỳoluñ açylmagy bilen Gülistan welaỳaty merkezi Aziỳany Ýewropa ỳurtlaryna baglanyşdyrdy. Şeỳlelik bilen Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳaty bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ ykbaly biri-birine galtaşyp ugrady. Şeỳle bir geñ döwürde söwda alyş-çalyşlaryñ täze sahypasy açyldy. Bir ỳylyñ dowamyndaky ỳerine ỳetirilen söwda alyş-çalyşlary 40 million Amerikan dollaryna barabar boldy. Şeỳle bir ỳagdaỳda welaỳatyñ käbir ekeran önümleri bilen el senagat önümleri Pars aỳlagynyñ kenar ỳakasyndaky   hem Ýewropa ỳurtlaryna çenli eksport edilỳär . Içeri söwda dolanşygynda bolsa, 3 million tonnadan agdyk harytlaryñ   alyş- calyşlary welaỳatyñ özünde hem beỳleki welaỳatlaryñ arasynda ỳerine ỳetirilipdir.
  Ýene-de bir tarapdan Bendertürkmen hem Bendergez port şäherleriniñ deñiz portlarynyñ iş dolandyryş gurbyny ỳola salmak, demirỳol enjamlaryny ösdürmek we Gürgen howa ỳollaryny hem ỳakyn wagtyñ içinde jogaokär ỳolbasçylarynyñ ol ỳere sapar etmegi bilen başlanjak mümkinçilikleri göz öñüne tutanymyzda, Gülüstan welaỳaty söwda alyş-çalyşlarda, haryt geçirmekde we senagat dolanşygynda ähliỳurt boỳunca göze görünip duran roly alyp baryp   biljekdigine ynam bilen garaşylỳar .
  Biz şu aşakdaky görkezilen tablitsiỳa çyzuwynda kärleriñ hem bileleşikleriñ statistikasyny siziñ dykgatyñyza hödürleỳäris .

          * TÜRKMENSÄHRADA GÜLÜSTAN WELAÝATYNYÑ
            GEOGRAFIKI ŞERTLER:

   

Türkmensähradaky Gülüstan welaỳatynyñ geografiki ỳerleşişi barada aỳtsak, ol Eỳranyñ demirgazygyndaky Hazar deñziniñ Gündogar-Günortasynda ỳerleşip meỳdan giñligi boỳunça Eỳranyñ 8 erlaỳatyndan uly bolup durỳar. Gülistan welaỳatynyñ meỳdany 20460,7 kwadrat kilometre deñ bolup Eỳranyñ bütin meỳdanyndan 1,33 göterimini öz içine alỳar. Ol Erdebil, Ilam, Çarmahal bagtyỳary, Kahkiluỳe, Buỳerahmet, Hemedan, Gom we Gazwin welaỳatlaryndan ulyrak bolup durỳar. “Bu welaỳat ỳer şarynyñ geografiki giñligi-boỳunça “25 prima, 53 gradusdan ta II” prima, 56 gradus halkara geografiki ykrar edilen Angliỳadaky Grinwiç tarapyndan gündogar uzynlygyndaky çyzygynda ỳerleşipdir.   Gülistan welaỳatynyñ Garaşsyz Türkmenistan serhetleşmesi 205 kilometre barabardyr”.2
    Bu welaỳat Demirgazykda Garaşsyz Türkmenistan bilen gündogarda horasan welaỳaty, günorta tarapdan Semnan onuñ welaỳtyna we günbatarsynyñ ỳary Mazenderan welaỳary Mazenderan welaỳaty, galan ỳarysy bolsa Hazar deñzi bilen serhetdeş bolup durỳar.
    Welaỳatyñ geologiỳa düzümileri boỳunça ondaky daglar üç etapdaky dag-dere döreỳiş tapgyrlarynyñ üçünji “Kambrin” döwranyndan häzirki döwre çenli
emele gelen dag-daşlardan ybaratdyr. Şonuñ üçin bu

çäk geologiỳa düzümleri boỳunça ỳeke-täk özboluşly ülkeleriñ biri bolup durỳar. Bu ỳerdäki iñ gadymy daşlar “Şisthaỳe prikambrin” ỳa-da “Gürgen şistleri” diỳip atlandyrylypdyr.
Gülistan welaỳaty dag-tekizlikleri boỳunça üç bölekden ybarat bolup, daglyk, dag etekleri we jülgeliklere bölünỳär:

a). Daglyk oazisleri:

    Welaỳatyñ beỳik ỳerleri Elbrus dag toplumlarynyñ yzyndaky orny eỳeleỳär. Ol alp dag döreỳiş döwründe emele gelipdir. Geologlar ony “Elbrusyñ gündogar toplumy” diỳip öwrenỳärler. Bu oazis daglaryñ uzalyş ỳagdaỳy gündogar-demirgazyga tarap meỳillenip beỳiklikden çököklige tarap meỳillenỳär. “Bu daglar Türkmensährany Eỳranyñ merkezinde ỳerleşen gum-çöllüklerinden bölỳär”.3
    Äbärkuh daglyklarynda ỳerleşen “Şahwar” atly dag depesiniñ 3945 metr , “Kähkeşan” atly dagyñ bolsa 3813 metr beỳikligi bar.Ýene-de Şahkuh daglyklarynda ỳerleşen “Pirgerdkuh” atly dag depesiniñ   3204 metr belentligi bolup , ol ỳatyñ iñ beỳik daglarynyñ biri hasaolanylỳar.Bu daglaryñ dowamy welaỳatyñ gündogary we demirgazyk-gündogarynda Aladag daglyklary hem Horasan welaỳatyndaky Köpetdagyñ beỳikliklerine baryp birleşỳär .

b). Dag etekleri :

    Bu oazis köplenç welaỳatyñ günorta we gundogaryndaky dag eteklerini öz içine alỳar . Ol ownuk –iri çökgündilerden emele gelen ululy- kiçili depe we depejiklerden ybaratdyr.
    Dag etek oazislerinde çökgündilerden emele gelen gum häsỳetleri ygal özüne çekijilik häsiỳeti bolany sebäpli , ỳer asty suw howdanlary suwdan böpeñläp durỳar . Olary guỳy ,kanat (ỳer astyndan goỳberilỳän suw çeşmesi   “käriz”) ỳa-da başga suw çykaryjy enjamlar bilen bährelenỳärler. “ Bu bölek Garasuw bilen daglyklaryñ aralygynda ỳerleşỳär .”.4

c). Jülgelik oazisler :

    Ençeme asyrlaryñ jümmüşünden bu ülkede Hazar deñziniñ yza çekilmegi we onuñ yzysüre göl- gölçeleriñ guramagy bilen , akyp duran çeşmeler , arykdyr derỳalaryñ laỳ-suw çökgündileri tekiz we giñ jülgelik
meỳdanlaryny emele getiripdir. Bu jülgäniñ giñ gerim almagyna ỳagynyñ ỳagyş möçberi , derỳalaryñ gözbaşynyñ giñligi we ỳapaşaklygy , daşlaruñ durumlylygy we derỳanyñ çunlygy täsirli   rol oỳnapdyr. Türkmensähranyñ jülgelik oazislerinde “ Garadepe”,” Gyzyldepe “,” Altyndepe “,” Tokmakdepe “,” Köresuw “,” Kiçi Kümüşdepe “,” Yşykdepe “ we “ Garaseññir “ Yaly egin –depeleri bar . Bu jülge gündogardan gübatardaky Hazar deñze çenli 150 kilometr we ini bolsa 50-70 kilometre barabarbolup durỳar." 5

* Dag etekleri
        III BÖLÜM: GÜLÜSTAN WELAỲATYNYÑ HOWA-SUW
                              ŞERTLERI:

    Şeỳle jeografiki elementleriñ durnuklaşmagy , Gülüstan welaỳatynyñ howa-suw şertlerine dürli klimat görnüşünde öz täsirini ỳetirip durỳar. Olar geografiki dolgota , Elburs daglyklaryñ uzaklygy we beỳleki,deñizaralygy ,Türkmenistandaky Garagum çöli hem Demirgazyk Orsỳetdäki Sibir jülgesi ỳerli we territoriỳal ỳelleriñ ösmegi , Demirgazyk we Günbatar howa toplumlarynyñ ỳerbe-ỳerleşmegi we gür tokaỳlyk bürençekleri dürli temperaturalary ülkede döredỳär .
    Sibir ülkelerinden bu ülkä süỳşüp gelỳän Demirgazyk howa toplumy(bu ỳel günbatar –günorta türkmenleriniñ arasynda ỳönekeỳ “ şemal ỳeli” diỳip atlandyrylan, welin onuñ hem dürli atlary bar .) , güỳz we gyş pasyllarynda howanyñ sowamagyna sebäp bolup daglaryñ beỳik ỳerlerinde doñaklyk döredip gardyr ỳagyşyñ ỳagmagyna getirỳär. Şeỳle dolanşyklarda döreỳän howa özgerişleri Etrek-Gürgen jülgelerinde ỳaz hem tomus pasyllarynda sergin howa şertlerini döredỳär.
    Orta deñiz , Gara deñiz hem Atlantik okeanyñ üstünden Eỳrana tarap hereket edỳän Günbatar howa toplumy , güỳz we gyşdaky ỳagyş we ỳelleriñ ỳüze çykmagyna täsirini ỳetirỳär.
Ýagynyñ ỳagyş mukdary Etrek-Gürgen jülgesiniñ dürli ỳerlerinde bir meñzeş däldir .   Mysal üçin , günbatardan gündogara tarap hem günortadan demirgazyga tarap näçe ỳöreseñ , ỳagşyñ mukdary kemelip başlaỳar . Ýagyşyñ möçberi welaỳatyñ has demigazygynda 200 m/metrden kem, emma günortad cäkleri ỳagny Elburs daglarynyñ eteklerinde 700 m/metrden agdyk bolỳar. Dag beỳikliklerinde bolsa , ỳagyş gar görnüsünde ỳagỳar . Umuman welaỳat boỳunça ỳagşyñ ỳagmak ỳagdaỳy gyş we güỳz pasyllarynda az möçberde bolup ỳaz hem tomus pasyllarynda köpräk ỳagỳar.

    Beỳleki welaỳatlarda bolşy ỳaly Gülistan welaỳatynda hem howa-suw maglumatlary ỳygnamak üçin ülkäniñ dürli mekanlarynda belli howa-suw stansiỳalary goỳlupdyr. Onuñ sebäbi ülkäniñ ähli ỳeri belli bir derejede bütewi bir howa ỳagdaỳyna eỳedäldigi üçindir. Günbatardan gündogara we günortadan demirgazyga tarap näçe ỳöreseñ welaỳatyñ temperaturasy artyp gidỳär. Mysal üçin, Gürgen şäheri bilen Kümmetkowus şäheriniñ howa bỳorasynyñ berỳän maglumaty boỳunça Gürgeniñ bir ỳyl boỳunça ortaça temperaturasy 17,5 gradus bolsa, Kümmetkowusda 17,6 gradus bolup durỳar.
    Görkezilen ortaça bir ỳyllyk temperatura ölçegi bir nokat boỳunça ülkäniñ bütewi temperaturasynyñ şertini görkezỳär diỳip bolmaỳar. Şonuñ üçin bir ỳyllyk temperaturanyñ

* Daglyk maỳyl howa-suw şertleri

has ỳokary hem has pes taraplaryny göz öñüne tutmaly. Gürgende howa bỳorasynyñ görkezỳän bir ỳyllyk has pes temperaturasy -9,6 gradus bolsa, Kümmet şäherinde -14,5 gradus diỳilip bellenilỳär.
    Gürgende bir ỳyllyk has ỳokary tempetatura Oguz-Iỳul aỳlarynda 43,6 gradus bolsa, Kümmetkowus şäheriniñki ỳatlanan aỳlarda 46 gradus diỳilip kesgitlenỳär.
    Ýyl boỳunça doñaklyk emele gelỳän günleriñ sany welaỳatyñ çäklerinde dürlidir. Meselem, Gürgende ỳyl boỳunça 13,1 Gün doñaklyk bolsa, Kümmetde 30,8 gün diỳlip bellenilỳär. Şeỳle hem doñaklyk emele gelỳän aỳlary Gürgende 5 aỳ bolsa, Kümmetde 6 aỳ diỳlip hasabat berilỳär. Şonuñ üçin bu ỳerde hoeanyñ ygal möçberi demirgazyk oazislerinde has ỳokary we günorta owazislerinde bolsa has pes möçberdedir. “Umuman tomus we güỳz aỳlary howa yssy-gurak, ortaça temperaturasy 39,2 gradus bolsa, gyşda howa sowuk we kä halatlarda garly ỳagyş bolup, ortaça -2 gradus bolup durỳar”.6
Gülistan welaỳatyñ umumy temperaturasy hem ỳagyş häsiỳetlerini göz öñüne tutanyñda dürli howa-suw şertleri onda özleşipdir. Olar:

    a). Orta deñiz maỳyl howa-suw şerti,
    b). Daglyk maỳyl howa-suw şerti,
    c). Daglyk sowuk howa-suw şerti,
    d). Gurak we ỳarym gurak,
    j). Ygally we ỳarym ygally howa-suw şertlerden ybarat bolỳar.
Ülkéninin dürli yerlerinde akyp duran suw şarlawuklaryna gabat gelyérıs.
a). Ortadeñiz maỳyl howa-suw şerti:

    Gürgenş äheristany hem onuñ ỳakyn owazisleri ortadeñiz maỳyl howa-suw şertiniñ bürençeginde durỳar.
    Ortadeñiz maỳyl howa-suwşertiniñ esasy häsiỳeti aỳlarynda howanyñ ortaça temperaturada durmagy we aỳlarynda howanyñ gurak bolmagydyr. ỳylyñ birnäçäe aỳy asman arassa we mawy görnüşde bolỳar. Kähalatlarda 5-4 aỳlap ỳagyş ỳagman duran wagty hem bolỳar.

b). Daglyk maỳyl howa-suw şerti:

    Welaỳatyñ demirgazyk jülgeliklerinden Elbrus daglyklarynyñ demirgazyk dag eteklerine tarap ỳer beỳiklikleri artyp, Hazar deñzinden daşlaşdygyça beỳiklik 1500-3000 metre çenli kem-kemden ỳokarlanyp gidỳär. Şol halatda maỳyl daglyk howa-suw şerti emele gelỳär. Uzak wagytly sowuk we doñakly gyşlary, gysga wagytly maỳyl tomuslary bu şrtdäki howa- suwlaryñ häsỳetini döredỳär. Howanyñ temperaturasy bilen ỳagşyñ bir ỳyllyk möçberindäki azlygy bu oazisiñ esasy häsỳetli tarapy hasaplanỳar.

c). Daglyk sowuk howa –suw şerti :

    Elburs daglyklarynda , demirgazyk eteklerinden ỳokary başlanyp ,dag belentlikleriniñ 3000 metr beỳikliklerinde , howanyñ temperaturasy iññän kemelip , uzak wagytlap ol ỳerde doñaklyk emele getirỳär . Şeỳle howalaryñ häsỳeti sowuk we uzakly gyş hem gysga we sergin tomuslary bolup durỳar . Bu oazislerde ỳagyş köplenç gar görnüşde ỳagyp, sowuk pasyllarda üstü-üstüne ỳygnalan gar ,tomus aỳlarynyñ ortalaryna çenli eremän ỳatỳar. Şeỳle howa-suw şerti Şahwar, Pirgerdkuh ,we Kähkeşan ỳaly dag depelerinde hemişelik buz doñaklyklarynyñ emele gelmegine sebäp bolỳar.

d). Gurak we ỳarym gurak howa-suw şertleri:

  Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳatynyñ gündogar-demirgazyk bölekleriniñ Hazar deñzinden aradaşlygy hem gündogar Elburs daglyklarynyñ barha peselip Garaşsyz Türkmenistanyñ Garagum çöllüklerine tarap süşüp ỳakynlaşmagy bilen, howa-suw şertlerinde-de öz täsirini galdyrỳar. Şeỳle düzgun bilen, görünip duran özgerişikler emele getirỳär. Howanyñ yklym durky guraklyga ỳa-da yssylyga tarap ỳokarlanỳar. Ülkäniň häsỳeti kem-kemden ỳarym gurak we guraklyga çalşyp gidỳär. Şu sebäpden, bir ỳylyñ dowamynda görkezilỳän ỳagyşyñ mukdary kemelỳär.

* Marawadepe we Jergelan séhralary
*Gorgan Bay - Atrek River, Caspian Sea - NASA (December 12, 2003===>
j). Ygally we Yarym ygally howa-suw şertleri :

    Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳatynyñ günorta ülkeleri dag belentliklerine degip durmagy hem-de tokaỳlyk büremçekleri bilen örtülendigi, ikinji bir tarapdan Hazar deñzine ỳakynlygy sebäpli welaỳatyñ beỳleki ỳerlerine garanyñda howa-suw şertlerinde belli bir derejede özgerilişikler emele gelỳär. Şunluk bilen Zerrinköl, Ramyỳan, Fazylabat, we Gürgen şäheriniñ Naharhoran atly ỳerlerinde ygalyñ ỳagyş möçberi artyp gidỳär. Temperaturanyñ ortalaşmagy bilen ỳarym ygally hem maỳyl ygally howa-suw şertleri emele gelỳär. Ramyỳan bilen Zerrinköl şäherlerinde ỳagşyñ bir ỳyllyk ölçegi 800 m/metrden agdyk bolup durỳar.

Hazar
dengzi
ning
Gündogar
gyralaryndan
Kosmo
surat
* Aşyr ada bogazy
* Aşyr ada kenaryakalary
* Yatlanan köllere gelıp düşyén Gyzylgaz guşlar
*****************************************
IV BÖLÜM : SUWLY ÇEŞMELER :

    Gülüstan welaỳaty özboluşly geografiki häsiỳete eỳe bolany üçin , hasylly erler gerekli suwlaryny Horasanyñ hem Elburs daglyklaryñ garlarynyñ eremegi netijesinde üpjün bplỳar ,
Gülüstan welaỳatynyñ ỳapdyr derỳalary ỳaşaỳyş hem ekerançylygyñ esasy şadamary hökmünde , bu ülkäniñ daỳanjy bolup durỳar .
    Tebigatyñ döredỳän şertleri boỳunça , dürli akar suw hem derỳalaryñ emele gelmeginiñ netijesinde , derỳalar aşakdaky häsiỳetde aỳratynlaşỳar:

    - Gülüstan welaỳatynyñ derỳalarynyñ köpüsi hemişelik ,demirgazyk bölegine , käbirleri öz akabasynda belli pasyllarda akỳan derỳa öwrülỳär.
    - Jülgäniñ uzaklygy   üçin ondan geçỳän derỳalar uzakdan gözbaş alỳar.
    - Käbir derỳalaryñ suwlary şor ỳerlerden ỳa-da ỳeriñ şor çeşmeleriniñ oña dökülmegi sebäpli öz öz akabnasynyñ soñky ugrunda şor suwa öwrülỳär.
    Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳatynyñ esasy möhüm derỳalary Etrek, Gürgenm   we Garasuwdyr.
              1). ETRERK DERÝASY :

    Bu derỳa Horasan welaỳatynyñ Goçan şäheriniñ demirgazygyndaky Hezarmesjit daglaryndan gözbaş alyp , daglyk ülkeleriniñ üsti bilen serhet boỳundaky depejiklere gelende, Garaşsyz Türkmenistanyñ Summar derỳasy bilen birigỳär. Etrek derỳasynyñ uzynlygy 500 k/metr bolup şondan 120 kilometri iki ỳurt, ỳagny Garaşsyz Türkmenistan bilen Eỳran Yslam Respublykasynyñ serhetleriniñ araçägi bolup durỳar. Bu derỳa Garaşsyz Türkmenistanyñ içinde Hazar deñziniñ Esenguly aỳlagyna guỳỳar. Häzirki döwürde bu derỳadan köp ocberde peỳdalanylỳandygy ücin we suw çykaryş enjamlarynyñ gurulmagy bilen, suw joşgunly akỳan mahallaryndan başga wagtlarda suw akymy deñze ỳetmän galỳar.
Hetijede Gyzyl Etrek etraplaryndan beỳläk Esenguly etrabyna çenli ỳylyñ dürli pasyllarynda çynlakaỳ suw ỳetmezçilikleri

* Etrek derỳasy

bolup durỳar. Etrek derỳasy öz akabasynyñ köplenç ỳumşak we ergin depejikleriñ üstünden geçỳär, şonuñ üçin belent diwarlar ỳaly çuññir   olum- gaỳalar   emele gelip batgaly suw akỳar. Etregiñ has akymly pasly ỳaz aỳlaryñ başlarynda bolup, onuñ suwy tomus aỳlarynda kemelip gidỳär. Derỳa gaỳa gerişläp duran egrem-bugram görnüşde dowam edỳär.

            2). GÜRGEN DERÝASY:

    Gürgen derỳasyna Zaw, Dug, Dilabat, Ramiỳan, Mämmetabatỳaly şahamçalar guỳup ol gündogar Elbrua daglarynyñ demirgazyk hemde Horasan daglyklarynyñ eteklerinden gözbaş alỳar. Kümmetkowus, Akgala we Hojanepes şäherinden geçip Çarkly abasynyñ günbatarynda üç burçly uly göwrum açyp Hazar deñzine guỳỳar. Bu derỳanyñ suwyndan peỳdalanmak hem daỳhançylyk işlerini alyp barmak üçin Ammarolum etrabynyñ gündogarynda “Sedd-e-Woşmgir” atly bent guruldy. Bu derỳa edil Türkmensähranyñ edil orta arasyndan geçip 300 kilometr uzynlygy bilen deñzine guỳỳar.” 7

    Ýagyşly ỳyllarda suw joşgunlarynyñ öñüni almak üçin ekerançylyk meỳdanlarynyñ üsti bilen deñze tarap joşỳan ugurlaryndan kanal   enjamlaryny hem ganawlar gazylyp gurulyr.

*Woşmgir atly suw bent howdany

    Şeỳle çäreleriñ geçirilmegi bir tarapdan ekerançylyk meỳdanlaryny suw bilen üpjün etse, beỳleki bir tarapdan bolsa, ekin meỳdanlaryny, oba-şäherleri suw heläkçiliklerinden goralgaỳar.

* Woşmgir suw hawdanynyň daş manzary
        3).GARASUW DERÝASY:

 

  Bu derỳa gülistan welaỳatynyñ, günbatar giñişliklerinden akỳar. Ol Elbrus daglyklarynyñ   Euleñ daglaryndan göz baş alyp, oña Nomel, Zyỳarat ỳaly şahamçalar guỳỳar. Bu derỳa Hazar deñziniñ Gürgen aỳlagyna guỳỳar. Gürgen şäheri agyz suwy hem-de ekerançylyk meỳdanlary suw

* Gürgen derỳasy Hojanepes etraby bilen deňiz aralygy

bilen üpjün etmek maksady bilen Nomel obasyndaky şahamçalaryñ üstünden “Sedd-e-Köwser” atly bent gurulyp ulanylmaga berild. Gülistan welaỳatynyñ Etrek-Gürgen sebitlerinde dürli köller emele gelipdir. Şolaryñ birisi “Nowur” diỳlip atlandyrylỳarlar.
    Bu kölleri suw bilen ỳaz hem gyş pasyllardaky emele gelỳän suw joşgunlary üpjün edỳärler. Olar ỳylyñyssy aỳlarynda ekerançylyk, maldarçylyk hem awçylyk dolanşyklarynda tutanỳerli peỳdalanylỳar. Soñky ỳyllarda “Jahad sazandegi” atly döwlet guramasyna degişli balykçylyk “Şalat” edarasy bilen ekerançylyk hojalygy edarasy hem-de hususy eỳeçilik bölümleri tarapyndan beỳle suw joşgunlarynyñ öñüni almak hem-de suw ätiỳäçliklerini köpeldi, balyk önümlerini ỳola goỳmak üçin welaỳatyñ mynasyp nokatlarynda dürli bentleri gurlupdyr. Bu bentler derỳanyñ suw joşgunlarynyñ howpuny azaldyp, sil akymlarynyñ zeperleriniñ öñüni alỳar. Ikinji bir tarapdan ekerançylyk işlerini geçirmekde ulanylỳar.

* GÜRGEN AÝLAGY We AŞYR-ADA:

    Hazar deñziniñ gündogar kenar ỳakalaryndaky aỳlaglara garanyñda Gürgen aỳlagy iñ uly aỳlaglaryñ biri bolup durỳar. Ol Miỳankale (Aşyrada) ỳarym adasynyñ Hazar deñziniñ gündogar kenar ỳakalaryna tarap öñe süỳşmek netijesinde emele gelipdir. Gürgen aỳlagynyñ çuñlygy we giñligi ỳerli geografiki şertleriñ talabyna görä, Hazar deñziniñ suw göwrüminiñ gal-goply täsirleriniñ astynda durỳar.

    Gürgen aỳlagynyñ meỳdany 400 kwadrat kilometr , gündogar-günbatara tarap uzalyp, ini bolsa 50 kilometr 4-den 12 kilometre barabardyr .Gürgen aỳlagynyñ suw çuñlygy syka we günbatar böleklerinde suw şorlygynyñ möçberi has sykalygy hem köp bugarmagy sebäpli Hazar deñziniñ suw şorlygyndan köp mukdarda durỳar . Elbetde Garasuw ỳaly suwly derỳalaryñ aỳlaga guỳỳan agzynda süỳji suwyñ köp akmagy sebäpli şorlyk derejesi pese düşỳär. Gürgen   aỳlagyny   dünỳä   möçberinde   “köresuw” ölçeginde hasaba alỳarlar. (köresuw kölçeleriñ ölçegi has kiçi we syka bolỳar.) Onuñ özboluşly tebigy häsiỳetine garap dünỳäde 18 sany köresuwyñ we Eỳranda 9 sanysynyñ biri diỳip hasaba alỳarlar . Gürgen aỳlagyndaky sebitiñ ỳaşaỳyş şertine , Hazar deñzi, derỳalaryñ oña guỳmagy we Myỳankala adasynyñ täsir

• Aşyr-Ada bogazynyň asmandan düşürilen suraty.
ỳetirmeginde bolup, suwdaky ỳaşaỳan jandarlarhem teññeli we teññesiz balyklaryñ köpelmeginde şeỳle hem guşlaryñ gyşlamagynda möhüm roly bar.

    Balyklaryñ çendenaşa köp awlanmagy , senagat suw galyndylarynyñ , şaheriñ hapa suwlarynyñ hem dürli kanalizatsỳalaryñ oña guỳulmagy , bu aỳlagyñ suwunyñ hapalanmagyna hem çäginiñ zaỳalanmagyna sebäp bolỳar . Şonuñ üçin bu sebiti kadaly düzgüne getirmegiñ ugrunda dürli çareler göz öñünde tutulỳar .
Bu aỳlagyñ has giñ göwrümi uly Aşyrada bilen Bendergez şäheriniñ aralygynda 17 kilometr uzaklygy bolup ,has insiz tarapy Behşähr( Bişäher) şäheri bilen Aşyradanyñ aralygyndan 3-4 kilometrlik suwly bogaz ( tenne ) Hazar bilen bu aỳlagy birleşdirỳär . Asyrlaryñ dowamynda käbir halatlarda Aşyradanyñ dört gyrasyny jähekläpdir . Ýöne Hazar deñziniñ suwunyñ kemelmegi zerarly onuñ günbatar tarapy suwdan çykyp ,guraklyga öwrülipdir . Bu ada 80 kilometrlik gündogar-günbatar jähede uzynlygy wqe 10-15 kilometr   ini bilen “ ỳarym ada “ bolup galypdyr . Onuñ üçin öñki döwürlerde atlandyrylşy ỳaly uly Aşyrada, Kiçi Aşyrada we Orta Aşyrada diỳlen atlar ỳok. Ýöne tutuşlygyna bir at bilen atlandyrylỳar. ỳañy ỳatlap geçişimiz ỳaly, öñki döwürlerde Aşyradanyñ orta çäklerinde Sefewileriñ arasyndan galan galanyñ bardygy sebäpli, oña parsça “Miỳan gäl,e” diỳlipdir. Emma Rus goşuny 1840-njy ỳylda bu adany eỳeläp, ol ỳerde harby bazasyny gurnapdyrlar.”8 Oña ruslar “Miỳankala” diỳip atlandyryp, henize çenli “Miỳankale” diỳỳärler.

              *ÝERASTY SUW HOWDANLARY:

    Türkmensähranyñ Gülistan welaỳatynda özboluşly howa-suw şertleriniñ mümkinçiligi, ỳeriñ hili we onuñ ỳokary ygal geçiriji häsiỳeti hem-de asman ỳagyşlarynyñ köplügi sebäpli böröñläp ỳatan ỳerasty suw howdanlarty emele gelipdir. Daglyk we dag etekleriniñ ỳerasty suw howdanlarynyñ ỳerleşen ỳeri çuñlukda bolsa, jülgelik ỳerlerde ỳer suw ỳakyn ỳerleşipdir.
    Gürgen jülgesiniñ demirgazyk we kenar ỳakalaryndaky ỳerasty suw howdanlary deñze ỳakyn hem ỳer hiliniñ häsižỳeti boỳunça şor we ỳarym şordyr. Gürgen jülgesiniñ günorta böleklerinde ỳerasty süỳji suwlary bar .Ol ỳerde ỳeriñ 500 metr çuñlugynda süỳji suw howdanlaryna gabat gelse bolỳar. Ekerançylyk hem köpçiligiñ gerekli nowasuw (içere suw) ätiỳäçlerini çuññur we ỳarym çuññur goỳberilen suw soryjylar we çeşmedir käriz ỳaly enjamlar

*Aşyrada etrabynyñ deñiz içindäki şilat edaralary.
bilen suw howdanlaryndan çykaryp bährelenỳärler.
Ekerançylyk meỳdanlaryny , senagat we oba –şäher köpçüligini suw bilen üpjün etmek ücin elmydam suwly suwly derỳalaryñ üstünden bentleri gurlupdyr,şeỳle-de öñki gurlanlar täzelenip durlupdyr.

    Ýokardaky ỳatlananlara garamazdan gynansak-da ,bir zady belläp geçmek gerek . Akyp duran derỳalara oba-şäherleriñ hapa suw dökündileri ,howadan dürli ergin kömürturşy gazlaryñ ỳagmagy , senagat serişdeleriniñ işlenilmegi netijesinde galyndylaryñ şol suwlara goşulmagy ,ot we mör-möjekleri zäherlemek üçin sepilỳän himiki elementler we dökündiler hem-de gök önümlere düşỳän gurcuklary ỳok etmek üçin topraga sepilỳän zäherler Gülüstan welaỳatynyñ suw serişdelerini zaỳalaỳarlar . Şeỳle zäherlenmegiñ dowamynda bolsa, janly tebigata hem ỳerasty suw howdanlarynyñ suwlaryna ỳerini dolduryp bolmajak zyỳan ỳetirỳärler.

V BÖLÜM : GÜLÜSTAN WELAỲATYNYÑ SOSIỲAL GEOGRAFỲASY:

    1997-nji ỳylyñ noỳabryna çenli ỳurdyñ tabyn bölünşiklerinde Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳaty Mazenderan welaỳatyna degişli bolup durỳardy . Ýatlanan ỳylyñ noỳabr aỳynda Yslam mejlisiniñ çykaran karary boỳunça Gürgen şäheristanynyñ merkezliginde Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳaty Mazenderan welaỳatyna garaşsyz welaỳat hökmünde ykrar edildi .
    Gülüstan welaỳatynyñ käbir şäherleriniñ taryhy gadymyỳeti bar. Bu şäherleriñ köne binalary esasan merkezlerinde ỳerleşip ,soñky binalary bolsa ,şäheriñ daşky keşbinde görünỳär. Bu şäherleriñ gadymy binagärligi bilen häzirki gurulşyk şekilleri tapaeutlanỳar. Köçelerde we ondaky ulanylỳan gurulşyk materiallary biri-birinden tapawutlanỳar. Gadymy gurulan köçeler we geçelgeler dar we egrem-bugram bolup görünse , täze gurulan köçeler giñ hem onda uly meỳdanlar we meỳsançalar göze ilteşỳär . Şäheriñ gadymy gurulan jaỳlary palçyk we kerpiç bilen örülip , üsti bişen tañsyk (çerpiske ) ỳa-da agaç bilen bassyrylypdyr. Emma täze salynan jaỳlar bolsa , köplenç demir , pişen kerpiç ,tsement ,şifr we ak galaỳi listlerden peỳdalanypdyrlar .
    Bu welaỳatyñ käbir şäherlerinde gadymy binalar göze ilmeỳär. Şeỳle şäherleriñ arasynda Kümmetkowus şäherini bellemek bolỳar. Kümmetkowus şäheriniñ esasy şäher proỳektini ikinji jahan uruşyndan öñ Reza Pählewiniñ döwründe Germanỳaly binagärleriñ tarapyndan täze şäher gurulşygy görnüşde çyzylypdyr . Elbetde Kümmetkowus şäheri barada aỳdylanda onuñ has irki taryhyn döwürlere degişlidigini ỳatdan çykarmak bolmaz . Bu welaỳatda senagat merkezleşiklerini döretmek maksady bilen şäheriñ ỳakynyndan sensgat şäherçelerini grulỳar. Şolaryñ biri Akgala şäheriniñ gyrasyndaky gurulan Akgala senagat şäherçesini ỳatlamak bolỳar. “ Köp sanly türkmenler Kümmetkowus we Gürgen şäherlerinde hem ỳaşaỳarlar.” 9

 

Ýokardaky görkezilen tablitsiỳada Gülüstan welaỳatynyñ şäheristanlary we oña tabyn dehistan we etraplarynyñ aỳratyn atlary boỳunça görkezilỳär.”   10  
    Görkezilen tablitsiỳada Kelala şäheriniñ ady öñlerde “Aỳderwuş” diỳilip atlandyrylypdyr. Elbetde oba türkmenleriniñ arasynda henize çenli Aỳderwuş diỳilỳär. Onuñ sebäbi Gökleñleriñ 8 taỳpasyndan biri Aỳderwuş bolupdyr. Taryhda şol taỳpa ilkinji gezek şol ỳerde mekan tuitupdyr .
Şol 8 taỳpanyñ atlary şu aşakdakylardan ybarat :
1.Ýañak, 2. Çakyr, 3.Begdili , 4.Kerrik, 5.Gaỳi, 6.Aỳderwuş, 7. Baỳandar, 8. Erkekli , Garybalysoltan . Bu taỳpalaryñ doly sanawy “ Eỳran türkmenleri” atly eserde berilỳär.” 11
1996-njy ỳylda welaỳatdaky geçirilen jemgyỳet sany boỳunça 590,000 sany 41,2 göterim adam şäherlerde ỳaşaỳarlar, galanlary bolsa obaçy görnüşde 830,000 sany adamdan ybarat bolup obalaryñ jemgyỳet sanyny döredỳärler. Türkmensähranyñ Gülistan welaỳatynyñ jemgyỳet sany tutuşlygyna aỳdanymyzda 1mln 425 müñ sany jemgyỳet bolup durỳar.
    Gülistan welaỳatynyñ   oba-hojalyk jemgyeti merkezleşdirilen görnüşde şekil tapypdyr. Esasy şaỳoly ỳa-da derỳanyñ uzynlygy ugrynda suw çeşmeleriniñ boỳa-boỳ aỳlagynda gurulypdyr. Bu ỳerde oỳ gurluşyklarynyñ tmateriallary boỳa-boỳlygynda köplenç ỳerli material

mümkinçiliklerden ulanypdyr. Meselem, jeññellik böleklerdäki obalaryñ gurluşyk materialy köplenç agaç bolsa, jülgelik owazislerde toprakdan öndürilỳän çyg hem bişen kerpiçlerden peỳdalanyp üstüni öñlerde ekez bilen basdyrylan bolsa häzirki döwürde şifr hem asinkowennyỳ list (akgalaỳy) bilen basdyrylỳar. Dag eteklerinde bolsa köplenç dagdan önỳän daşlardan örülip üstüni çerepiske ỳa-da beỳleki şifrlerden peỳdalanypdyrlar. Elbetde häzirki döwürde bu oba-etraplar şäher durmuşyna ỳakyn bolany sebäpli öỳleriñ proỳekti köplenç şäher görnüde alnyp barylỳar.
    Oba-hojalyk jemgyỳetiniñ girdeỳji çeşmeleri dürli görnüşlerden ybarat bolỳar. Olaryñ esasy bol girdejisi pagta ekerançylygy, ỳüpek önümleri, balary önümleri we balykçylyk ỳaly hojalyk we ekerançylyk işlerden ybarat bolup, haly, halça, palas, kilim we beỳleki dokma-dokyn hem agaçwewe kramyka agaç-gaçlary öndüril meşgullanỳarlar.
    1355-nji h.ş., 1976-njy milady ỳyldaky şäherlerde ỳaşaỳan ỳomut we gökleñlere degişli statistikasy boỳunça türkmenleriñ erkek adamlary 19-25 we 30-34 ỳasly toparlar ykdysady taỳdan işjeñ, türkmen aỳal maşgalalary bolsa, 19-15 we 20-24 ỳaşly toparlary iş önümlerine gatnaşypdyrlar. Elbetde türkmen zenan maşgalalary entäk ỳaşaỳyşynyñ bütin dowamynda ỳaşlykdan başlap haly, keçe hem sagym we beỳleki dürli içeri we daşary işler bilen meşgullanỳarlar. Elbetde häzirki wagtda şeỳle statistika has takyk diỳip bolmaỳar.12
    Häzirki döwürde dünỳä boỳunça şäherçilik medeniỳeti täze sistemada hem-de oba-şaher aragatnaşyklarynyñ ỳygylaşmagy we jwmgyỳetçilikde asuda we rahat ỳaşaỳyşlaryñ talaby sebäpli bolup maldarçylyk üstünde göçme-gonma jemgyỳetçilik has az görnüşde alynyp barylỳar. Olar esasan mal-sürüleri ỳaỳlak-gyşlak etmek üçin ỳylyñ belli pasyllarynda sürülari goỳberỳänlerini üỳtgetỳärler.
    Bu jemgyỳet gülistan welaỳaty boỳunça has azalypdyr. Olar welaỳat boỳunça jemgyỳunça jemgyet sanynyñ 5% göterimini öz içine alỳar. Olar köplenç Kümmetkowus we Kümüşdepe we Minudeşt şäherlerine degişli bolup   dürli dürli bolup durarlar.
    Oñki döwürlerde   ỳagny 18-19 asyrlarda “Türkmenleriñ maldarçylyk ykdysadyỳeti esasan öz giñ häsiỳeti bilen özleşipdir. Sürüler stepleriñ öri meỳdanlarynda, martalarda we Hywa, Buhara hanlyklarynyñ wakf edilen ỳerlerinde bakylypdyr.”   13   “ Çarwa türkmenler köplenç at, sygyr, goỳun we düỳe bakypdyrlar.”   14   Olar öz gerekli mukdaryndan köp ỳokary hilli peỳnir, saryỳag, süỳt, ỳüñ ỳaly önümleri öndüripdirler. Mysal üçin, bir ortaça ỳgdaỳly türkmen maşgalasy 300-500-e çenli sygyr we goỳun we birnäçe düỳe, at saklapdyrlar. Käbirleri 1000-den agdzk   mal eỳesi bolupdyrlar.”   15
    Häzirki döwürde bu jemgyỳet umuman üç topara bolünỳär:
    1. Göçme-gonma maşgalalar: Bu maşgalalar ỳylyñ bütin dowamynda mal sürüleri bilen bilelikde göçüp gonup gezỳärler. Olaryñ esasy girdeỳjisi maldarçylykdan önỳär.
    2. Ýarym göç taỳpalar: Bu toparlaryñ içeri maşgalasy belli bir mekanda mesken tutup özleri bolsa ỳaỳlak-gyşlak hereketlerde bolỳarlar. Olaryñ hem esasy girdeỳjisi maldarçylyk bilen bagly bolup durỳar.
    3. Süri mal dolanşyklar: Süri mal dolandyrỳan toparlaryñ içeri maşgalasy oturumly ỳaşap, özleri bolsa ỳylyñ yssy aỳlarynda sürüleri bilen ỳaỳlaklarda geçirỳärler. Süri mal dolanşyklaryndaky esasy girdeỳjileri daỳhançylyk hem maldarçylyk bilen baglanşyklydyr.

  Türkmensähranyñ Gülistan welaỳaty allatagallanyñ beren naz-nygmatyndan bolelin paỳa eỳe bolupdyr. Şunluk bilen welaỳatyñ 430 müñ gekdar meỳdany Eỳrannyñ demirgazyk jeññellikleriniñ 24% göterimi hem bu welaỳatyñ bütin meỳdany boỳunça 20% -ni öz içine alypdyr. Bu tokaỳlyklar gür hem ỳarym gür we bag-bakjaly martalardan ybarat bolup, has giñ gerim alyp, günbatara Gelugah oazislerinden gündogara, welaỳatyñ Güllidag ülkelerine çenli ỳaỳylyp gidỳär. Günbatar bölümi ygally jeññeller, merkezi bölümi ỳarym ygally we gündogar bölümi hem beỳiklikleri ỳarym gurak jeññellerden bürençeklenipdir.
    Bu jeññeller dürlilik we hili babatda, ỳokary ähmiỳetde durỳarlar .Sebäbi oiaryñ 66% göterimi swda dolanşykdaky jeññeller we galanlary bolsa, täzeden ekilen we goragda   duran tokaỳlardan ybarat bolỳar. Şonuñ üçin welaỳat boỳunça senagat agaçlaryñ önüm möçberi has ỳokarydyr.

    Welaỳatyñ jeññelleriniñ ösüşleri deñiz gyralarynyñ 300 metr ỳokarylygyndan başlanyp Elburs daglyklarynyñ 2500 metr beỳikliklerine çenli dowam edỳär.Dag beỳiklikleriñ dürli ỳerlerinde temperatura boỳunça gar-ỳagyşlar we dagyñ dikligi sebäpli jeññel bürençeklerinde dürli ỳygy baglar göze ilỳär.   “ Dagyñ pesiräk ỳerlerinde ỳagny deteklerinde ỳakyn bilinde ỳaỳrañ ỳaprakly we gür baglar, beỳikligiñ 2500 metre ỳakynlygynda selçeñ görnüşde iññe (igne) ỳaprakly baglar görünỳär.

* Hatarlanşyp oturan türkmen öỳler

  Umuman Türkmensährada injir, nar, serwi, sosna, arça, pyndyk, tut, böwürslen, garaagaç, çynar, hoz, alma, şetdaly, ỳabany armyt, serçedil, cenawar we hemişe gök ỳaly daragtlar bitỳär .”16

* Tokaỳlyklar

  Aşakdaky görkezilen tablitsiỳada welaỳat boỳunça jeññelleriñ meỳdanyndan 1961-nji ỳyldan 1996-njy ỳyla çenli kemelip gaỳdỳar.

    Häzirki wagtda bütin duran jeññellerden diñe 250000 gektar ỳagny 66% göterimi söwda dolanşykdaky we galanlary bolsa, täzeden ekilen we goralyp durulan jeññellerden ybarat bolỳar.
    “Aşakdaky tablitsiỳada dürli ỳyllar boỳunça Gülüstan   welaỳatynyñ
jeññelleriniñ meỳdany tabgyrlaỳyn üỳtgändigini görkezỳär :”17

    Aỳdyşlaryna görä bir gektar jeññel her ỳylda 2,5 tonna kislorot öndürỳär. Dünỳäniñ 60% göterim gerekli kislorody jeññelleden üpjün bolỳar. Emma dünỳäde ỳer ỳüzüniñ jeññelleriniñ sanynyñ ösmegi sebäpli we hetdenaşa marta-jeññelleri bikanun we nädogry ulanylmagy sebäpli ỳeriñ gök bürençekleri wagtyñ geçmegi bilen kemelip ,al-ỳaşyl ösüp duran janly tebigat , çöl biỳabanlyga öwrülỳär .
    Häzirki çöl bolup görünỳän kem hasyl ỳerler ,adamzadyñ tebigata dahylly bolmadyk döwründe gür jeññellikleriñ bürençeginde ỳa-da bolmahynda ösümlik bürençegini kabul etmäge taỳyn toprak bolandyklary mälim bir zatdyr . Şonuñ üçin Gülüstan welaỳatynyñ merkezi Gürgen şäheristanynda “ Jeññel we Tebigy Çeşmeler “ atly instituty açylyp şu ügurlarda okuwçy kabui edip iş alyp barỳarlar.

    Martalar hem jeññel bürençekleri ,ylahy nygmatlarynyñ biri hökmünde , halkyñ erkimde mugtyna goỳulan möhüm tebigy çeşmeleriñ biridir . Adamlar ondan bir bölek gerekli ätỳäçliklerini üpjün etmek üçin peỳdalanỳarlar .Marta meỳdanlar tebigatd ekologiỳanyñ arassalygyny üpjün etmekde   hem-de topragyñ güỳçden düşmeginiñ öñüni almakda ỳokary ähmỳete eỳedir .
    Umuman aỳdylanda ,ähli ösümlikleri öz tebigy göwresinde ösdürỳän topraklara “Tebigy ömür “ diỳilip atlandyrylỳar . Marta meỳdanlary , ỳurdyñ yktysadyỳetinde esasy roly bar.   Öñki döwürlerde Gülüstanyñ ösümlik bürençegi has ỳokary derejede bolup ,onuñ martalaryndaky ösỳän ösümlikleriniñ miniral goşundyklary boỳunça Eỳranyñ ỳokary hili gyşlak meỳdanlarynyñ biri hasaplanypdyr. “ Ýurdyñ Tebigy Çeşmeleri adyndaky “ adyndaky baş edarasynyñ berỳän soñky statistikasy esasynda , Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳaty boỳunça 1332000 gektar marta meỳdanlary bar. Şol mukdardan 13% göterim ỳokary hili martalar , 21%   göterim   ortaça hili martalar, 66% göterimi bolsa , pes önümli martalardan ybarat bolỳar .

    Welaỳatyñ tebigy martalar geografiñ tebigy martalar geografiasy boỳunça martalar ỳaỳlakly, gyşlakly we orta oturum böleklere bölünỳär. Ýaỳlak martalary beỳikliklerde ỳerleşip howanyñ sowuklygy sebäpli her ỳyl diñe näçe aỳ sürüleri oña göỳberỳärler. Bu martalar welaỳatyñ ỳokary hili martalaryndan hasaplanỳar. Ýaỳlak martalaryñ meỳdany welaỳatyñ bütin öri meỳdanlary boỳunça 19% göterimi öz içine alỳar. Her gektar boỳunça 290 kilogram guradylan bede hasyly önỳär. Welaỳatyñ bütin öri meỳdanlary boỳunça 56% göterimi gyşlak martalary bolup, köplenç Gürgen we Kümmetkowus ülkeleriniñ demirgazygy, serhet boỳlarynda ỳerleşip, pes önümli marta meỳdanlarynyñ hataryna girỳär. Ýerli hem gelmişek maldarlar öz sürülerini hemişelik bu martalara goỳberỳärler. Orta oturym martalary( Mỳanbent ) bolsa, welaỳat boỳunça 25% göterimini öz içine alyp köplenç bagly-bakçaly martalardan ybarat bolỳar.
Gülüsran welaỳatynyñ marta meydanlarynyñ ösümlük

* Marta meỳdanlary

bürençegi köplenç step hili ösümliklerdn ybarat bolup çyratan, düỳetiken, şagalbüzen, ỳylgyn, ỳandak, çakyrtiken, gyrkbogun, gulan, ỳawşan, dermene, çaỳyr,galgan, ỳorunja,ỳelmik, atỳüwrik, selme, semizje, meleke,bozagan we ş.m.   ỳaly otlar tebigatyñ häsỳeti boỳunça emele gelỳär. Martalarda ,martalara daỳanyp saklanylỳan mallar 2500,000, mal toplumlardan ybarat bolup ilatyñ esli bölegini maldarçylyk işi bilen meşgullandyrỳar.
    Horasanỳñ demirgazyk aşayỳr kürdlerinden ỳylda 1600 içeri maşgala Gülüstan welaỳatynyñ demirgazyk gyşlyklaryna gelip martalardan peỳdalanỳandyklaryny belemek gerek .
    Arzan baha bilen mynasyp hili iỳm otlary öndürmek maldarçylygyñ bähbidine   bollup , ikinji bir tarapdan mal önümleriniñ artmagy bu ülkedäki martalara talaba laỳyk netijeleriniñ biri bolup durỳar. Adamlar göni ỳa-da gönidäl ỳagdaỳda-da martalara bagly bolup durỳar. Marta önümlere degişli senagatlardaky iş dolanşyklaryndan başgada bir topar adamlar martalara göni daỳanmagy bilen durmuş güzeranlaryny geçirỳärler.

 

Soñky döwürlerde martalary nädogry ulanmaklygyñ dowamynda olaryñ gurak çöllüge öwrülmegine tarap barỳar. Martalary çöllüge tarap öwürỳän birinji sebäp mallaryñ hetdenaşa köpelmegi hem olaryñ martalarda köp otlamagy diỳip ỳatlaỳarlar. Gülistan welaỳatynda martalaryñ üpjün ediş göwrümi bilen sürüleriñ sanynyñ näsazlygy martalaryñ bozulmagynyñ esasy sebäpleriniñ biri diỳlip hasap edilỳär.
    Welaỳat boỳunça maldarlyk hem martadarlygyñ dogry düzgünde däldigi, hetdenaşa möwsümdäl döwürlerde otlamak, ỳangyç üpjün etmek üçin martalaryñ otlaryny düỳpgöter ỳolmak we martalary kemhasylly düme ekiş meỳdanlara öwürmek ỳaly sebäpler martalaryñ ỳolunmagynyñ serenjamlaşỳar. Beỳle bozulmagyñ tizligi şeỳle çalt barỳar, hatda oña degişli jogapkär guramalaryñ alyp barỳan çäreleri hem onuñ öñüni alyp bilmeỳärler. Ýokardaky ỳatlanan sebäplerden başga hem jemgyỳetiñ sanynyñ köpelmegi, ülkäniñ senagatçylyga tarap gidişi we territoriỳanyñ howasynyñ kömürturşygazlarynyñ artmagy ỳaly elementler martalaryñ tebigy düzgünlerini bozỳar.
    Eỳranyñ beỳleki nokatlarynda bolşy ỳaly Gülüstan welaỳatynda çöl beỳabançylyk ỳok, ỳöne bu welaỳatyñ demirgazyk böleginde günbatarda Hazar deñziniñ kenar ỳakalaryndan gündogardaky Horasan welaỳatynyñ serhedine çenli Etrek bilen

* Türkmensähranyň kölleriniň asmandan alynan suraty

Gürgen derỳalarynyñ iki aralygynda ỳarym çöllük ỳere gözüñ düşỳär.
    Bu oazisiñ meỳdany 777 müñ gektara barabar bolup, onuñ 78 göterimini öri we galyndyklary, 10 göterimini ekerançylyk meỳdanlary, başga 10 göterimini kölçe batgalyklary we galan 2 göterimini depeler we daşlyk ỳerler tutỳar. Bu jülge deñiz suw ỳüzlüginiñ möçberinden Kümüşdepäniñ düzlüginde pesinden 22 metr we gündogar-demirgazyk beỳikliklerinde bolsa, 1430 metre barabar bolỳikliklerinde bolsa, 1430 metre barabar bolỳar. Bu ỳarym çöllügiñ 70 göterimi ortadeñiz howa-suw şertinde durup, yssy we gurak tomuslary hem 150-300 millimetr bir ỳyllyk ỳagyş möçberi bilen maỳyl gyşlary bar. Galan 30 göterimini bolsa oazisiñ günbatar çäklerinde ỳarym gurak howa-suw şertleri döredỳär.
    Bu terretoriỳadan temperaturanyñ ỳokarylygyndan öteri, Hazar deñziniñ beỳleki günorta kenar ỳakalaryna garanyñda ỳagyşyñ möçberi örän az hem ỳeriñ bugaryş we şorluk mukdary beỳleki nokatlardan köp bolup durỳar. Beỳle şert ot bürençeginiñ pes derejede bolmagyna sebäp bolürençeginiñ pes derejede bolmagyna sebäp bolỳar.
    Bu terretoriỳanyñ ösümlik bürençegi ỳarym çöllük step görnüşdäki otlary dürli hilleri mysal üçin, düỳetikin, ỳylgynm çyratan, ỳannak, gyzylỳygryk, şorçaỳyr,... ỳaly otlar ösỳär. Bu oazisiñ topragynyñ hili bolsa, duz galkyndyryjy şor we batgalyklardan galan takyr toprakdan ybarat bolỳar.

**************************************************************************
* EDEBIYAT WE ÇYKGYTLAR:*****************
  1. Näşriỳe-ỳe “ Il GÜN”, sal-e sevoom, şomare-ỳe 8, azär     mah-e 1377 ş., säf. 12
  1. نشرّیه " ا یل گون"، سا ل سّوم، شماره ۸، آ ذ ر ماه، سا ل ۱۳۷۷ ش.، ص. ۱۲
  2.Jeografiỳa-ỳe ostan-e Golestan, mo,ällef: gruh-e amuzeşi-ỳe jeografiỳa-ỳe ostan-e Golestan, naşer : şerekät-e çap vä näşr-e ketabha-ỳe därsi-ỳe Iran,- şomare-ỳe 137/17 – sal-e 1377 ş.
  ۲. جـغرا فـیا ی ا ستا ن گلـستا ن، مـؤلـّف : گروه آ موزشی جـغرا فـیای ا ستا ن گلـستا ن، نا شـر: شرکت چا پ و نشر کتا بها ی د رسی     ا یرا ن، - شما ره   ۱۷ /۱۳۷ – سـا ل ۱۳۷۷ ش.
  3. Äsgäri-hangah Ä., d.m. Şärifkämali, “ Iraniỳan-e torkmän”, enteşaray-e “ Esatir”, şomare-ỳe 195 – sal-e 1374 ş., säf. 71
  ۳. عسگری خا نقا ه   الف.، د.م. شریف کما لی، " ا یرا نیـا ن ترکـمن"، ا نتشا را ت " ا سـا طـیر"، شما ره ۱۹۵، - سا ل ۱۳۷۴ ش. ،
  ص . ۷۱      
  4. Şol ỳerde, 71 sah.
  5. Şol yerde, 70 sah.
  6. Şol ỳerde, 72 sah.
  7. Şol ỳerde, 71 sah.
  8. Ылясов А., « Происводенение туркмени к России », Сборник архивных документов, АНТ – ССР, Ашхабад, 1960 г., 24-19 стр.
  9.   .Äsgäri-hangah Ä., Şerifkämali d. M., “ Iraniỳan-e torkmän”, / görk. Iş./, säf. 77
  10.   . Jeografiỳa-ỳe ostan-e Golestan, / görk. Iş./, säf. 13
  11.   . Äsgäri-hangah Ä., Şerifkämaly d.M., / görk.iş/, säf. 60 - ỳene-de [ . Галкин M. Н., « Этнографический и исторические материалые по средные   Азий и Орунбергскому крайю», Санкт- Петерзбург – 1868 г.,7стр.]
  12.   Şol ỳerde, 103 sah.
  13.   . Аннанепесов М.,17 стр., / görk. Iş./, ỳеne-de [ Кустин Г., « Из жизные кочёви Мервского укруга », Туркменоведенные , No : 2 (6 ), 1928 г., 54 – 47 стр.].
  14.   . Галкин М. Н., « Этнографический и исторические материалые   по средные   Азий и Орунбергскому крайю», Санкт- Петерзбург – 1868 г., 40 стр.
  15.   . Dobud B. S. A., “ Där bare-ỳe gäbaỳel-e ỳomut vä goklan torkmän”, mäjälle-ỳe jame,e şenasi, London- 1848 m., säf. 61
  ۱۵. د وبود ب. س. آ.، " د ر با ره قبـا یل یـموت و گـوکلا ن تـرکمن"، مـجـلـّه جـا مـعـه شـنا سـی، لـنـد ن – سا ل ۱۸۴۸/ م. ص. ۶۱
  16.   . Äsgäri-hangah,   /görk. Iş./,
  17. 17. Jeografiỳa-ỳe ostan-e Golestan, / görk. Iş./, säf. 27
          a). GÜLÜSTAN WELAÝATYNYÑ YKDYSADYÝETI:

    “XIX syrda alymlaryñ köpüsiniñ aỳtmagyna görä, türkmen jemgyỳetiniñ ỳarysy oturumlaşan we galany bolsa maldarçylyk bilen meşgullanyp gara öỳlerde ỳaşapdyrlar. Şu sebäpden olaryñ ykdysadyỳetiniñ esasy özeni ekerançylyk bilen maldarçylykda jemlenipdir. Şonuñ üçin olara iki topara bölỳärler. Köpüsi ekerançylyk bilen meşgullanüsi ekerançylyk bilen meşgullanỳan çomurlar we maldarçylyk bilen meşgullanỳan çarwadarlardan ybarat bolupdyr.”18
    Maldarçylyk türkmenleriñ iñ möhüm sermaỳalarynyñ biri bolup durỳar. Süri mallaryñ ỳagdaỳy we öri meỳdanlaryna bagly bolup durỳar. Sürileriñ tebigy köpelişi ỳyldan-ỳyla tapawutly bolup durỳar. Goỳun bilen geçiniñ dogluş sany 60-90 göterime çenli aratapawutlydyr. Ýöne heläkçiligiñ möçberiniñ ỳokarylygy zerarly owlak-guzylaryñ arasynda onuñ aratapawudyny 30-60 göterime çenli pese düşürỳär."19
  Türkmenler gyşda goỳun-guzylaryna öỳüñ ỳakynynda ỳörite dikilen taşa-körpeç ỳaly ỳerlerde saklaỳarlar. Eger-de howa has sowuk ỳa-da çagbaly ỳagyş ỳagsa örä göỳbermeỳärler. Şeỳle ỳagdaỳlarda olary bede bilen iỳmitlendirỳärler."20
Türkmenler Gülistan welaỳatynda öñden hem şol şertlerde ỳaşapdyrlar. “Öñki ỳyllarda ỳagny tehnikanyñ häzirki görnüşleriniñ ỳok döwri ekerançylyk çomurlarynyñ arasynda iki görnüşe bölünipdir. Birinji görnüşi ỳagyşa bagly bolup duran düme ekerançylygy. Düme ỳagdaỳynda esasanam, arpa-bugdaỳ ekilipdir. Eger gurakçylyk ỳüze çyksa hasyl az bolupdyr. Sebäbi türkmenleriñ oturumlaşan ỳeri köplenç gurak bolupdyr.” 21
  Häzirki döwürde Gulistan welaỳaty özboluşly ỳeke-täk grafiki şertleri bolmak bilen bu ỳerde ekerançylyk, senagat we söwda üçin amatly şertler bilen beỳleki welaỳatlaryñka garanyñda ỳokarydyr.
    Bu welaỳatda ekerançylykdan we bagçylykdan ỳokary derejede önümler alynỳokary derejede önümler alynar. Welaỳatyñ 2million 200müñ gekdar meỳdanyndan 28 göterimi ekerançylyga degişli bolup ol dürli miwe, galla we gök önümleri ỳetişdirmek üçin niỳetlenendir. Şonuñ hem 98,6 göterim ỳerlerinde galla önümleri ekilỳär. Galan meỳdanlary bolsa ỳurduñ bagçylygyna degişli bolöterim ỳerlerinde galla önümleri ekilỳär. Galan meỳdanlary bolsa ỳurduñ bagçylygyna degişli bolỳar.Umuman 72 sany ekerançylyk önümleri bu welaỳatda ekilip ỳetişdirilỳär.
    “Ýokardaky ỳatlanan ekerançylygyñ ikinji bir görnüşi, derỳanyñ gyrasyndaky ỳerlerde ỳerleşen ekin meỳdanlarynysuw we suwaryş enjamlary bilen suwarmaklyk bolup durỳar. Türkmenleriñ bir aỳdan nakyly bar, “Her ỳerde suw bolsa, ỳaşaỳyş hem şondadyr”.”.22
Welaỳatyñ bütin ekin meỳdanlarynyñ, 45,5 göterimi suwarymly ỳerler bolup galan 54,5 göterimi düme görnüşdedir.
    Ekerançylygyñ gerekli suw çeşmeleri atmosferadan inỳän ỳagyş-ỳagynlardan öteri arykdyr derş-ỳagynlardan öteri arykdyr deralaryñ suwlary, dürli guỳy skuwažnalar, suw bentleri hem suw howdanlaryndan üpjün bolỳar. Suwly ekiş ỳerleriñ gekdar boỳunça 2-3 esse köp hasyllygyny göz öñünde tutsak, ỳer ỳüzünden akyp duran suwlary suwbentleri we suw howdanlary döredip şol ugurda milli taslamalar hökmünde maỳa goỳumlary göỳberilse diñe welaỳat boỳunça däl-de, belki ỳurt möcberinde daỳhançylykdan önỳän önümleriñ ỳokarlanyp gitjegi ikiujsyzdyr. Bu ugurda guỳy skuwaženalary köpeltmegi we ỳerasty suw howdanlaryndan köp möçberde ulanylmagy çäklendirilmegi maslahat berilỳär.

    Welaỳatda göz öñüne tutulan bütin ekiş meỳdanlarynyñ ỳarysy ekerançylyk önümlerinde galla ekinlerine niỳetlenỳär. Ekerançylyk önümleriniñ 2 million tonnadan agdyk dürli hasyllaryndan 2,3 bölegi galla önümleri bolup durỳar. Şol sanda 70 göterim galla ekişleri düme görnüşde bolsa, 30 göterimi suwly ekişler görnüşünde emele gelỳär.
    Galla ekinleriniñ arasynda 60 göterimini bugdaỳ ekini tutỳar. Ondan soñky orunlary arpa, tüwi we mekgejöwen ekinleri eỳeleỳärler. Gülüstan welaỳatynyñ şäheristanlarynyñ arasynda galla hasylyny öndürmekde Kümmetkowus birinji oruny, Minudeşt we Gürgen bolsa, ondan soñky orunlary eỳeleỳärler.

    XIX-XVIII – asyrlarda türkmenler öz suwly ekiş ỳerlerinden ỳokary hili galla we köp mukdarda gök önümler we miweler öndüripdirler.”23

    Beỳleki ekinleriñ arasynda, senagat ösümlikleribolan gowaçadyr tütün ekilişi welaỳat boỳunçaikinji orunda durmak bilen olar ekin meỳdanlarynyñ 22% göterimini tutỳarlar.Şonuñ hem 97% göterimini gowaça ekinleri tutup galan ỳerlerine tütün ( temmäki ) ekilỳär. Ýag däneleri, dürli gök önümlere, bede otlarywe gawun-garpyzönümleri üçin gözöñüne tutulỳan ekiş meỳdanlary giñligi boỳunça ondan soñky orunlary eỳeleỳärler.

  Bu ülkede pagta öndürmek üçin ähli şertler bar. Hasylly we gurply toprak, gerekli suw çeşmeleri, meỳdanlarynyñ giñligi,yssy we talaba laỳyk ygally tomusy,ỳokary bahaly önüm öndürmäge esasy şert bolup durỳar. Welaỳayda 33 sany pagta arassalaỳjy desga bar. Önüm dolanşykda duran bu desgalar Gülüstan welaỳaty pagta önümleriniñ özboluşly polỳusyna öwürüpdir. Şonuñ üçin hem bu ülkä “Tälaỳe sefid (Ak altyn)” ỳurdy diỳip at berỳärler.
    Ýurt boỳunça öndürilỳän pagtanyñ ỳarysy Gülüstan welaỳatynda ỳetişdirilỳär. Onda öndürülỳän pagtalar hili boỳunça hem beỳleki welaỳatlarda öndürülỳän pagtadan tapawutlanỳar. Şonuñ üçin hem ol girdejili pudak bolmagynda galỳar. Bu ülkedäki pagtadan emele getirilỳän lükge pamyk,tehniki häsiỳeti boỳunça nahylary söỳüm kabul ediji derejed, ỳumşaklygy, gaỳymlygy, durumlylygy we inçeligi babatda beỳleki welaỳatlardan önỳän lükge we kelep hahylary bilen deñeşdireniñde birinji orunda durup , dünỳä boỳunça meşhurdyr.

    Elbetde pagta ekerançylygy Gülüstan welaỳatynyñ ähli şäheristanlarynda alynyp barylỳar. Ýöne welin ekeran meỳdanlaryñ hili, şäheristanyñ giñligi we ekiş üçin niỳetlenỳän meỳdan göwrümi ösüm möçberini dürli şäheristanlada tapawutlanỳar.

    Görkezilen tablisiỳanyñ birinji şäheristanyny mysal üçin okaly: “Kümmetkowus şäheristany boỳunça ekişe niỳetlenen suwly ỳer 30999 gekdar, düme ekilỳän ỳerler bolsa 2482 gekdar, şol mukdardan önüm möçberi suwly ỳerden 51382 tonna bolsa, düme ỳerden 2334 tonna pagta önüp, ỳeriñ her gekdardan emele getiriş gurby boỳunça suwly ỳerden 1658 kilogram her gekdardan bolsa, düme ỳerden 940 kilogram her gekdardan pagta önỳär.”.

    Pagta ekerançylygy ähli ỳurt boỳunça has ỳokary derejede ähmiỳetli bolup durỳar. Sebäbi diỳseñ bu gymmatly hasyl gyzyl pul girdejisinden öteri, ilata iş dörediş nukdaỳnazardan ỳurduñ umumy ykdysadyỳetinde ỳokary ähmiỳete eỳe bolỳar. Bütin Eỳran boỳunça ỳüz müñ ekerançylyk toplumynda (şol mukdardan 1,3 bölegi Gülistan welaỳatynda) 9 aỳ iş hem çynlakaỳ saklaw, onuñ ekiş, saklaỳyş we ỳygnaỳyş tabgyrlary, 75 sany aktiw pagta arassalaỳjy kärhanalary (şol sandan 33 sany Gülistan welaỳatynda), 30 toplum ỳag zawody, ỳüze golaỳ pagta degişli mata zawody, müñ toplumdan agdyk nahy çykaryjy fabrikler, onlarça elde dokalyş desgalar, onlarça ideỳal ỳapynjalary öndriji toplumlar, elçalgyç öndüriji, tent dokalyş, ỳüzlerçe jorap dokyn toplumlary, müñ toplumdan agdyk kiçi dokyn fabrikler, ỳüzmüñlerçe haly-halyça guramalar, onlarça düşek öndüriji kärhanalar we ... ỳaly dolanşyklar umuman 25 göterim ỳurduñ senagat göwrümini öz içine alỳar.
    Tekstil senagatlarynda bolsa sada iş güỳçleriniñ köpçülik sanyny gözöñünde tutsak, onda 3 milliona golaỳ adam pagta önümleriniñ dolanşygyndan öz durmuş güzeranlaryny dolandyrỳarlar. Şunlukda bütin Eỳran boỳunça pagta halysynyñ ỳarysy Gülistan welaỳatyndan öndürilse bu welaỳat ähli ỳurt ykdysadyỳetinde esasy we möhüm rol alyp baryardiỳsek jaỳdar bolup durar.
    Pagtanyñ ỳut boỳunça ykdysady ähmiỳetleri barada aỳdylanda welin, Eỳranda 2-3 on ỳyl mundan öñ nebitden başga-da eksporta göỳberilỳän ñ möhüm harytlaryñ biri pagta bolup durỳardy. Ol köp girdeỳjili we gyzyl pul gazanyjy hasyl diỳip hasaba alynỳardy. Bu önüm häzirki zamanda içeri ätiỳäçleriñ bir bölek isleglerini kanagatlandyrmak bilen, senagat göwrüminde köp dolanşykly bolany üçin giñ möçberde iş döredip durỳar.
    Önüm dolanşygynda pagta 150 sanydan köp sebagat süzümlerinde roly bolup üns çekiji goşmaça gymmatlyklary özi bilen getirỳär. Mysal üçin, hem pagtanyñ bahasy has ỳokarydyr. Emma ondan nahy öndürilse 100 göterim we mata öndürilen tapgyrynda 300 göterim we geỳim-gejim örülen halatynda 700-900 göterim aralygy goşmaça bahasy artỳar. Hem pagtanyñ beỳleki önümleri (lükge pamykdan aỳry) tertip boỳunça goşmaça gynnat bahalary ỳokarylanyp gidỳär.
    Gülistan welaỳatynda pagta çigidiniñ ỳagyndan başga-da, iỳmit üçin ỳag önümlerini giñ möçberde öndürmek üçin ỳag alynỳan dürli çigit däneleri ỳetişdirilỳär. Bu däneleriñ iñ ähmiỳetlisi soỳa (ak noỳba), günebakar, ỳerbadam, gülez we künji ỳaly ösümliklerden ybaratdyr.
    Eger şolaryñ arasynda ỳag öndürmek üçin senagat we gallalar ösümlikleri hasabynda durỳan pagta bilen mekgejöwen ỳaly ösümlikleri ỳagly dänelerihatarynda goỳsak, onda welaỳatyñ ỳagly däneleri üçin niỳetlenỳän ekiş meỳdanlary 30 göterime barabar bolup durỳar.

    Soỳa ỳa-da ỳagly noỳba ỳokary ähmiỳetli ỳagly däneleriñ biri hatarynda durỳar. Şonuñ üçin ekeran meỳdanlaryñ üçin ekeran meỳdanlaryñ ỳarysy şeỳle hem welaỳatyñ ỳarysyndan köp ỳagly däneleriñ önümini soỳa önümlerinden alynỳar.
    Soỳa önümlerini ekip ỳetişdirmek üçin talaba laỳyk şertlerini göz öñünde tutanyñda bu welaỳatda bölelin tebigy şertler bar. Soỳa ösümligi ygally howa-suw şertinde emele gelỳär. Howanyñ ỳokary ygally çygy bu ösümlige otgurçuk keselleriniñ düşmeginiñ öñüni alyp, onuñ ösmegi üçin talaba laỳyk şert döredỳär.

Soỳa ösümligini ekip ỳetişdirmek üçin gerekli temperatura 15-den 35 gradusa çenli bolmalydyr. Bu önüm çuññur nowur toprakdan we çägeli gomus toprakda öñat ösüp gerekli suw ätiỳäçlerini suwarylmak arkaly üpjün edỳär.
    Gülistan welaỳatynda soỳa önümlerini ekip ỳetişdirmek babatda mynasyp şertleriniñ ählisiniñ barlygy sebäpli bu önümi öndüriş möçeri boỳunça Eỳranda birinji orunda durỳar.
Soỳa önümleri köplenç welaỳatyñ ỳarym günbatar şäherinstanlarynda ỳagny Gürgen, Kurtkuỳ, Bendergez we Alyabad ỳaly ỳerlerde öndürilỳär.
    Aşakdaky deñeşdirme tablisiỳadaky görşiñiz ỳaly ỳurduñ beỳleki nokatlaryndaky önümlere garanyñda bu möhüm senagat önümi bu welaỳatda ukyply emele gelỳändigini subut edỳär.

    Umuman uktysady taỳdan soỳanyñ ähmỳeti has ỳokary derejede durỳar. Soỳa ỳaz hem tomus möwsümlerinde emele gelỳän ösümlikleriñ hatarynda durỳar. Onuñ düzümünde köp mukdarda ỳag, proteiỳn we dürli witaminler ỳerleşipdir.   Şonuñ üçin ondan iỳmit ỳag çykaryp künjarasyndan bolsa, mal we guşçylyk üçin peỳdalanỳarlar. Ondan başgada soỳa kalbasa we sosis taỳỳarlamak üçin iñ amatly maddalaryñ biri bolup durỳar.

    Soỳanyñ ekişe goỳbermekligiñ özi ilatyñ köp bölegi üçin girdejili pudak hökmünde hasaplanỳar. Onuñ ỳene-de bir esasy bähbitli taraplarynyñ biri hem soỳa arpa-bugdaỳy önümlerini örülenden soñ ekişe göỳberilỳäni üçin bir bölek ekeran ỳerden iki hasyl almaklyk mümkinçiligi döreỳär. Oba hojalyk üçin iş hem girdeji ätiỳäçlerini artdyrỳar.

  b). GÜLİSTAN WELAYATYNDA SENAGAT:

    Türkmensähranyñ Gülistan welaỳaty senagat we tehnologiỳa esasanam öni ỳa-da gönidäl halatda-da ekerançylyk we daỳhançylyk bilen ugurdaş. Ýagny iỳmit senagaty, tekstil we sloza senagatlary boỳunça bu ülkäni ekepolỳus diỳilip yglan edilenini göz öñünde tutanyñda ỳokary ähmiỳete eỳe bolup durỳar.
    Gülistan welaỳatynda ekeran çygmallary bölelinligi sebäpli olary dolanşyga göỳbermek üçin dürli senagat zawod, fabrik we kärhanalary gurulypdyr. 1996-njy ỳylda 400 sany senagat önüm dolanşyklarynda iş dolandyrypdyrlar.
    Görkezilỳän dannalary göz öñünde tutanyñda bu welaỳatda senagat özgerişleriñ ugrunda göỳberilỳän maỳa goỳumlary, köplenç ekeran önümlerine dahylly we baglanşykly senagat ösdürişlerini döretmäge niỳetlenipdir. Welaỳatda bu ugurdaky dolanşyklarda işleỳän senadat kärhanalaryñ iñ ähmiỳetlisi aşakdakylardan ybarat bolỳar.

    1. 31 sany bugdaỳ ununy öndürỳän degirmen kärhanalary
        we birnäçesi hem gurluşykda dur.
    2. 30 toplum pagta arassalaỳjy kärhanalaryñ bütin Eỳran
        boỳunça pagta arassalaỳjy kärhanalaryñ ỳarysyny öz
        içine alỳar.
    3. 10 toplumdan köp makaron (unaş)önümleri dolanşykda
        we birnäçesi hem gurluşykda dur.
    4. DSP önümini öndürỳän 3 toplumdan ybarat kärhanalar,
        bütin Eỳran boỳunça iñ uly önüm toplumy diỳip
        hasaba alynỳar.
    5. 3 toplum ỳag çykaryjy we ỳag arassalaỳjy
        (Alyabadyñ “Hawerdeşt”) firmasy welaỳat we Eỳran
        boỳunça iñ uly ỳag çykaryjy toplumlardan biri
        hasaplanỳar.

    Welaỳatyñ ähli şäheristanlarynda dürli senagatlar ornaşypdyr. Şolardan 80 göterim senagat toplumlary Gürgen bilen Kümmetkowus şäheristanlarynda ỳerleşipdir.
    Gürgen şäheristanynda welaỳat boỳunça senagat toplumlaryñ ỳarysy dolanşykda durup senagat lisenziỳasynyñ 53 göterimini özüne jemlemek bilen welaỳatyñ ỳokary derejede senagat ỳerligini döredỳär.

    Türkmensähranyñ Gülistan welaỳatynda dürli önümleriñ bölelin emele gelmegi we olary ỳerli senangat dolanşyklaryna göỳbermegiñ ugrunda belli şäher we şäheristanlaryñ gyralarynda senagat şäherçeleriniñ gurulmagyny talap edỳärdi. Şonuñ üçin 4 sany senagat şäherçesiniñ düỳbi guruldy. Şolaryñ arasynda Akgala senagat şäherçesi aktiw dolanşykda, galan 3 sanysy bolsa gurluşykda alynyp barylỳar.
    1. Akgala senagat şäherçesi 56 gektar meỳdany bilen Akgala şäheriniñ 3 kilometrliginde ( Gürgen şäheriniñ ỳolunyñ gyrasynda .) ỳerleşỳär.Onuñ bütin gyrulşyklary ỳagny köçeleri, suw setleri, tok we kanalizatsiỳa, kanalizatsiỳasynyñ suw arassalaỳjy enjamlary, birnäçe sany suw brow we üç sany nebit boçkasy şeỳle hem edara korpslary, ỳangyn öçürüji we

ammarlar ỳaly enjamlar gurulup tamamlanypdyr.Häzir onda on toplum senagat bölümleri,makaron önümleri, galyplaỳyş desgalar, plasmas önümleri we beỳleki birnäçe gerekli önümler iş dolanşygynda alynyp barylỳar.
    2. Bendergez senagat şäherçesi 60 gektar meỳdany bilen şäheriñ günorta- gündogary territoriỳasynda ỳerleşỳär. Onuñ düỳp gurulşyklarynyñ köpüsi gurulup birnäçe senagat toplumy bolsa, gurulşykda alynyp barylỳar.
    3. Kümmetkowus senagat şäherçesi 100 gektar meỳdany bilen Kummet şäheristanynyñ 6 kilometr demirgazygynda ỳerleşỳar.Onuñ gurulşygynyñ ỳarysyndan köpi gurulupdyr.
    4. Marawadepe senagat şäherçesi 90 gektar meỳdany bilen Kelala şäheri bilen Marawadepe şäheriniñ aralygynda ỳerleşỳär. Bu şäherçäniñ 5% göterimi gurulup ,galany bolsa, gurulşykda gidipdur.
    Ýokardaky ỳatlanan senagat şäherçeleriniñ üstesine täzeden dört sany şäherçäniñ meỳilnamasy alynyp barylỳar. Olar Kümmetkowus şäheriniñ deri senagat şäherçesi, Gürgeniñ senagat şäherçesi, Bendertürkmeniñ senagat şäherçesi we älyabat senagat şäherçesi ỳaly gurulşyklardan ybarat bolỳar.
    Gülüstan welaỳatynda obahjalyk senagatynda hem şäherlerdäki ỳaly bir hatarda kärhanaçylyk senagaty, fabrik we el senagaty ỳaly pudaklar dolanşykda dur. Bu senagat dolanşyklaryny uuman iki topara bölmek bolỳar. Bir topary fabrik senagatlary ( tehnika boỳunça ), ikinjisi bolsa, el senagatlary diỳip aỳratynlaşdyryp bolar.
    a). Fabrik senagatlary ( tehnika boỳunça ): Welaỳatyñ obahojalyk oazislerinde senagatyn dürli pudaklarynda aktiw fabrikler dolanşykda dur. Şolardan 500 toplum obahojalyk fabriklerinde 5000 sany işçi iş dolandyrỳarlar.
    b). El senagaty : Bu welaỳatda tehstil senagatynyñ çyg maly hökmünde pagta bilen ỳüñ önümleriniñ mukdarynyñ kändugi sebäpli olary el senagatda peỳdalanỳarlar. El senagatynyñ iñ ähmiỳetli önümleri bolsa, pagta we ỳüñden dokalỳan dürli dokunlar, mysal üçin haly-halyça, garçyn, kilim, palas, keçe we ş.m. ỳaly önümlerden ybarat bolỳar. “Türkmenler irki döwürlerden bäri diñe ekerançylyk , maldarçylyk we balyk awçylygy bilen däl-de, eỳsem el senagat we ỳurdyñ tebigat çeşmelerini peỳdalanmagyñ hütdesinden hem gelipdirler .”.
    Türkmenler içeri maşgala gerekli hajatlaryny öz elleri bilen ỳasap bilipdirler. Ýöne welin tehniki taỳdan häzirki döwrüñ senagat önümlerinden tapawutly bolupdyr .”.24


**********************************************************************************
2-nji a). Paranyng songy** Dowamy 2-nji b). para girmek üçin "Baş sahypadan klik eding!