Piczo

Log in!
Stay Signed In
Do you want to access your site more quickly on this computer? Check this box, and your username and password will be remembered for two weeks. Click logout to turn this off.

Stay Safe
Do not check this box if you are using a public computer. You don't want anyone seeing your personal info or messing with your site.
Ok, I got it
PART 2 b.(c). TÜRKMENSÄHRADA   HALYÇYLYK   SENEDI:

    Dokma-daragyñ eriş-argaja kakylan bir tonnadaky baslygyñ sesi, türkmen durmuşynyñ sazly sungatydyr.” [ ] 81.
Haly türkmeniñ ähli durmuşy bilen galtaşyp, uz- balasynyñ haỳaty, şatlygy hem

arzyly gelin-gyzlaryñ sep-goşy hökmünde bagtly durmuşuna bezeg goşup, htda onuñ ỳasly günlerinde hem meỳdiñ daşy bilen gonamçylyga çenli goşulỳar we yzyna dolanyp gaỳdỳär. Şonuñ üçin hem eger haly bu halkyñ stuatsiỳasy bilen baky galmak üçin aladaly hekaỳalarda ỳan-ỳoldaş bolan bolsa, gaty bir geñ zat däl.
    Rowaỳatlaryñ habar bermegine görä gadym eỳỳamda Jeỳhun derỳasynyñ kenarlarynda, türkmen taỳpa-tireleriniñ 24 topary ỳaşapdyr. Bu taỳpalaryñ arasynda galmyk atly toparlar pasyklyk we tümlüge uçrapdyr. Olar goñşylarynyñ gazabyna sebäp döredipdirler. Şeỳlelikde goñşulary olary gyrmagyñ ugruna çykỳarlar. Ilki galmyklary

* Ýomutlaryň dyrnak göl nagyşy

gyryp başlaỳarlar. Emma haỳsi bir başy baganalynygyrjak bolsañ onda türkmeniñ nesline ỳitmek howpy abanỳardy. Çüñki şeỳle bolansoñ il ỳaşulylary maslahat gurap türkmeniñ nesli galmak üçin bir sandyk ỳasapdyrlar. Iki gyz we üç erkek oglany iigu-içgisi bilen sandyga ỳerläp Amy derỳa göỳberipdirler. Olara türkmen halkyñ neslini ỳitgiden halas eder ỳaly haỳsy bir ỳerde sandykdan çykar ỳaly şert döredipdirler. Sandyk birnäçe gije-gündiz suw ỳüzünde ỳüzüp ỳörkä, bir zymyrryk guş ony suwdan çykaryp kenar gyrada ỳerleỳär. Suw gyralary doññuzlaryñ hem ỳerleşen ỳeri hem giñden bir gargy-gamyşly we batgalyk meỳdan bolupdyr.   Sandykdaky ỳaşaỳjylar birnäçe wagt doññuzlaryñ ỳatagynda ỳaşap ösümlikler we otlaryñ kökünden eklenipdirler.[ ]   82

* Marygöl
* täçihoroz nagyşy

Olardan nesil emele gelip kem-kemden köpçüligi artypdyr. Şeỳlelik bilen türkmen nesli we olaryñ däp-dessurlary ỳitgiden halas bolupdyr. Ençeme ỳyllardan soñ “Işan gyzy” diỳen sowatly-bilimli bir gyz öz ata-babalarymyzyñ ỳurdyna dolanyp barmagymyzyñ wagty geldi diỳip aỳtỳar. Dolanyp gaỳdanlarynda olary özbekler garşy alyp, öz ata-baba mekanlarynda mekan tutỳarlar. Näçe wagtdan soñ “Işan gyzy” öz kowumynyñ başyndan geçiren hal-ỳagdaỳlaryny bir keỳgiñ dersine ỳazyp geljekdäki nesillerimizi ahwalatymyzdan ägä edeỳli, diỳip maslahat berỳär. Emma köp wagt geçmäni, keỳgiñ dersi çüỳräpdir. Soñ daşa ỳazmagy maksat edỳärler, welin ol hem ỳagyşyñ suwy bilen ỳuwulỳar. Iñ soñy Işan gyzy bu taryhy dessany düşegiñ ỳüzüne nagyş we çitim görnüşde beỳan etmekçi bolupdyr. Elbetde Işan gyzynyñ bu dokan halysy galmandyr.   Emma onuñ çiten nagyşlary hatyralarda ỳadygär galyp henize çenli ençeme asyrlaryñ jümmüşünde Işan gyzynyñ bu rowaỳaty türkmen halylarynyñ nagyşlarynda, öz gyzlary we gelinleri tarapyndan tekrarlanyp gelỳär. Bu rowaỳatyñ habar bermegine görä, Işan gyzy derỳanyñ kenar ỳakalarynda näme gören bolsa hala çitipdir. Halynyñ ortasyna göl hem sandygy nagyşlap ỳene-de iki sany nagyş, biri “guş aỳagy” (ỳagny olary halas eden zamyrryk guşuñ aỳagy, ikinjisi bolsa “doññuz burny” ỳagny olaryñ arasynda ỳaşandyklaryny   ỳatlap) nagyşlary çitip dokapdyr. Bu nagyşlar henize çenli şol aỳdylşy ỳaly atlandyrylỳar.[ ]   83
    XVIII asyryñ ahyrlaryna çenli “göl” türkmen taỳpa-tireleriñ baỳdaklary hasaplanypdyr. Özleriniñ taryhy gelip çykyşyny unudan taỳpalar eger dokma dokamaklaryny dowam etdirip bilmeselerde, gölleriñ halyda däl-de, kiçi dokmalarda ỳagny torba-çuwallarda dowam etdiripdirler.[ ]   84
Şu günki gün türkmen halylarynyñ ỳüzündäki görünỳän nagyşlar ỳeke-täk ugurly taỳpa-tireleriñ belgileriniñ nyşany bolup, nagyşlar biri-birine çylşyrymly meñzeşlikleri bilen, bu garaşsyz taỳpalaryñ düỳbiniñ bir kökdedigini görkezỳär. Salyr, Salyk ( Saryk), Ärsary, Ýomut we Teke nagyşlaryñ bu meñzeşlikleri, türkmen kowumlarynyñ düỳbüniñ bardygyny we olaryñ tapawutlyklary bolsa, her taỳpanyñ öz ruhy-rowan häsiỳetleriniñ aỳratynlyklaryny görkezỳär.
    Türkmen jan damary bolan suw damjasy, gyş-tomus gurlan öỳler, taỳpalar arasyndaky göreş, çarwa hem-de dini ynançlar, gadymy türkmen halylarynyñ nagyş-ỳordumlarynda janlanypdyr. Alym Ponomarewdan alynan maglumatlara görä, “Türkmen nagyşlary dini ynançlara we yrymlara görä çitilipdir. Gözden-dilden goramak ỳa-da jynaza bilen baglanyşykly däp-dessurlara çenli şekilleri görmek bolỳar”.[ ]   85

    Türkmen halylarynyñ nagyşlary giỳametr çyzuwynda şekillendirilỳär. Ýöne onuñ gyralarynyñ Eỳran halylaryna meñzeş halatlary bar, Eỳran halylarynda köplenç ortasynda merkezleşdirilen bir nagyş gyralaryndaky nagyşlardan aỳratynlaşdyrylỳar. Emma türkmen halylarynyñ ỳerligi giỳametrinde tertiplenen nagyşlar bilen dolup durỳar. “Eỳranda çitimiñ düwüni iki hili “türki-pars” görnüşde çitilỳär. Türki görnüşde iki erişe düwüp geçirilỳär, türkmenler oña “duwa” diỳỳärler. Parsy görnüşde bolsa ỳüpi bir erişe düwüp ikinji erişiñ astyndan açyp göỳberỳärler, türkmençe oña “ỳara” diỳip atlandyrylypdyr.”
    Türkmen halylaryny öwreniji S.M Dudin türkmen we pars halylarynyñ dokalyş usulyny, dokma enjamyny we dokma serişdeleriniñ ulanylyş tärlerini deñeşdirip, Türkmenleriñ halyçylyk senediniñ parslaryñky ỳaly gadymdygyny, özem onuñ özbaşdak kämilleşiş ỳoluny geçirendigini ỳazỳar. Taryhçy O.Gündogdyỳew “Türkmenler halyny kese dokma enjamlary bilen, Parslar bolsa dik dokma enjamlary bilen dokaỳarlar”.[ ]   87

• türkmen gyzlary çagalykdan çitime baş goşỳarlar

    IX-X asyrlardan bäri türkmenleriñ haly sungaty gaznawylar we seljuklylaryñ döwründe salyr we beỳleki türkmen taỳpa-tireleriñ üsti bilen Eỳranyñ we dünỳäniñ beỳleki ỳurtlaryna-da ỳaỳrapdyr. Mysal üçin gaşgaỳlaryñ haly sungatynda henize çenli türkmen nagyşlarynyñ esli wariantlary galypdyr. Olar dokmany hazirki türkmenleriñ dokaşy ỳaly, guramany yerden uzynlygyna gurnaỳarlar. Şeỳle taryhy döwürlerde türkmen halyçylyk sungaty beỳleki halyklarda-da ỳoñ bolup dokalypdyr.

    XVIII asyrdan bäri söwda äleminde ornaşan “Buhara halysy’ diỳen termin ähli Orta Aziỳa halklaryna degişli ulanylypdyr. Rus täjirleriniñ tagallasy bilen Kaspiniñ we Kawkazyñ, Eỳranyñ üsti bilen Ýewropa bazarlaryna aralaşan halylaryñ ykbaly bolsa “Pars halysy” diỳen at bilen bagly bolupdyr. Emma hakykat ỳüzỳnde welin beỳle däldir.[ ]   88
    Türkmen halylarynyñ esasyny döredỳän materiỳallar orta ỳän materiỳallar orta erliginde, ulyly-kiçili göllerden ybarat bolup bir hatarda ỳerleşen parallel çyzuwly gyralary ỳerleşỳär. Türkmen halylarynyñ owadanlygy olaryñ gyralarynyñ şekillendirişinde bolup “Älem”, “Gara”, “Uly toprak”, “Uly gara” ỳaly böleklerden ybarat bolỳar. Ösümlikler, tagmalar, gadymy Oguz taỳpalarynyñ uỳỳan awçy guşlarynyñ unguny we her taỳpanyñ

• Kaşkaỳilarda gadymy türkmen halysynyñ dokalyşy

özüne mahsus bolan gölleri ỳagny “Salyr göli”, “Ýomut göli”, “Teke göli”, “Saryk göli”,”Çowdur göli”, ỳaly göller hem “Mary göli”, “Dyrnak göli”, “Gapasa göli”, “Gyzyl aỳak göli”, “Tuỳnuk göli”, “Guş göli”, “Owgan göli”, “Täç horoz”, “Penjara ara göli”,”Aknagyş” ỳaly şekillerden ybarat bolỳar. Türkmen halylarynyñ belli görnüşi aşakdakylardan ybarat bolỳar:
      1. Goçak-goçun şahy ỳa-da “gyrk goçak” görnüşde,
      2. Gulpak (kekil),
      3. Aşyk
      4. Okgözi
      5. Şeri ürküzme simwolỳasy “sary içỳanyñ” nagyşy
      6. Dürli awçy guşlar
      7. Jüỳje burun
      8. Ýürek
      9. Älem goşar
    10. Alça
    11. Türkmen durmuşynda ỳyldyzlaryñ roly
                bolansoñ ỳyldyzlar hem nagyşlanỳar.
    12. Darak
    13. Dyrnak, ...
Käwagt bir taỳpa beỳleki bir taỳpanyñ nagyşyny gowy görüp dokaỳar, ỳöne nagyşyñ ady üỳtgedilmeỳär. Mysal üçin: Tekelerden alnan nagyşy ỳomutlar dokasa, oña “Teke nagyş” ỳa-da “Mary göl” diỳip at berilỳär. Ýomutlarda “Gabsa göli”, “Dyrnak göli”, “Guşdyrnak”, “Guş gözi” diỳen nagyşlary iñ belli nagyşlardyr.”[ ]   89

* Dürli elhaltalar we torbajyklar

    Eỳran türkmenleriniñ arasynda bir halynyñ boỳy üç metrden we ini 2,5 metrden kiçi bolsa oña “Halyça” diỳipdirler.
    Haly türkmenleriñ durmuşy bilen bir galtaşypdyr, öỳdäki düşelen haly şol maşgalanyñ taryhy durmuşy hasaplanypdyr. Her bir türkmen öỳüne aỳak basanyñda ilki eñsi bilen gapylyk halyçalary myhmany garşy alỳar. Halyça namazlykda namaz okalyp tördäki çaganyñ sallançagyna çenli halyçadan dokalypdyr. Toỳlarda halylaryñ üstüne haly düşelỳär. Häzirki şkaf-stenkalaryñ deregine torba, garçyn, horjyn, çuwal, ... ỳaly elde dokalan sungatlar peỳdalanypdyr. Çuwal diỳeniñde ol ölçeg hökmünde arpadyr bugdaỳ, undyr mekge ỳaly azyklary saklanylỳan enjam bolupdyr. Klimden we halyçadan dokalan el sumkalar henize çenli peỳdalanylỳar. Olaryñ her

* Gökleňlerde haly dokalyş

haỳsyny gurama, keselik, darak we eriş-argaç bilen emele getirip ỳerli ỳerinde ulanypdyrlar.
    Dokma dokalanda ilki gurama gurulỳar. Gurama ỳerde ỳerleşdirilỳär. Başga-da darak, syndy, keseri, keselik, küjügöter, dartgyç, içgeçir, eriş, argaç we serend etmek ỳaly haly gurallary peỳdalanylỳar. Eỳran türkmenleriniñ oba-şäherlerinde ỳörite haly üçin gurallary ỳasaỳan demirçi ussalar bar.
    Umuman Eỳran türkmenleriniñ arasynda haly dokamak ỳörite medeniỳete öwrülipdir. Halyçylar haçanda ilkinji göle düşenlerinde şu aşakdaky setirleri gaỳtalaỳarlar:

                    “Bäh-bäh almajyk
                    Häli-şindi galmajyk,
                    Gökleñe göz agyr,
                    Gyzyllara iç agyr.
    Türkmen gyzlary darak kakanlarynda şeỳle setirleri beỳan
    edỳärler:
                  Çalyñ-çalyñ gyzlar
                  Öz öymiziñ saglygyna,
                  Öz öỳmiziñ içinde,
                  Öz dädemiñ saglygyna,
                  Öz dädemiñ baş ogly,
                  Akbalykçy aş ogly,
                  Çal, çal, çal,

    Türkmensährada aỳal-gyzlar dokma dokanlarynda özara bäsleşik hem geçirilỳär. Olar bäsleşik geçiren wagtlarynda şu aşakdaky setirleri toparlaỳyn şygar edip aỳdỳarlar:
                Çal, çal, çal çaỳşyk,
                Bizden galan gözi gyỳşyk,
                Nawymyzyñ aỳnegi,
                Geçimiziñ toỳnugy,
                Gapymyzda bagymyz,
                Iki mertebe tamymyz,
                Çal,çal,çal çaỳşyk
                Bizden galan gözi gyşyk.”[ ]   90

* Türkmen içeri-maşgalalarda ỳaşlykdan dokma dokalyp başlanypdyr.
* Türkmenistanda Balkan welaỳatynyň Esenguly etrabynyň gyz-gelinleri iş üstunde

    Haly dokalyp oturylan wagty bir kişi halyçylaryñ ỳanyna gelse halyçylar onuñ goluna nahy dañmaga hukugy bar. Nahy dañylan kişi olary pul we iỳmit bilen meşgullanar ỳaly pul tölemäge borçly bolup durỳarlar. Eger halynyñ erişleri gyrylagan bolsa bir alaja ỳüp bilen düz hem kömür goỳulyp gaplanan matany halynyñ öñüne dañyarlar.
  Eỳranly ussat halyçylar bu nepis senediñ inçe syrlaryny hemem tejribelerini nesilden nesile geçiripdirler. El halylaryny dokamagyñ tilsimleri örän çylşyrymly bolupdyr. Hatda ỳüplük üçin

ỳüñi alynỳan dowarlaryñ näçe ỳaşyndadygy şyndadygy   agny “garaköl”, “guzyỳüñ”, “düỳeỳüñ”, “Geçiỳüñ”, “toỳnakỳüñ”, “toklyỳüñ”, “Goçỳüñ” ... ỳaly hil babatda, şeỳle hem gyrkymyn wagty ỳagny, ỳazda gyrkylan ỳüñe “ỳazỳüñi” ỳa-da güỳzde gyrkylan ỳüñe “güỳz ỳüñi” diỳip biri-birinden tapawutlandyrypdyrlar.
    Şeỳle bir taryhy dessanlardan we wakalardan gözbaş alyp gaỳdan halyçylyk sungaty Eỳran türkmenleriniñ durmuşynda dürli öwüşgünler bilen ähli taraplaỳyn rol oỳnap gaỳdypdyr. Soñky döwürlerde bolsa türkmenleriñ arasynda halyçylyk däbi ỳerli ykdysadyỳet meselesi bilen baglanşykly bolup durỳar.
Eỳranyñ halyçylyk senedine Türkmensähradaky türkmenleriñ oña goşỳan goşandyny görkezilen dannalar şaỳatlyk edỳär.

Türkmenleriñ meşhur halylarynyñ dokalỳan ỳeri Kümmetkowus bolup durỳar. Kümüşdepe, Bendertürkmen, Hojanepes, Gargy, Omçaly we Akgala ỳaly etrap-şäherlerde özboluşly ỳomut halylary dokalỳar. Eỳranda şa düzgüni wagtynda wagtynda

* Halyçy gelin
* Eỳran türkmenlerinde häzirki döwür şahsy öỳ fabrikalary

halyçylyk senedine berilỳän üns gowşaldy. Uly zähmet siñdirilen nepis halylar alypsatarlar tarapyndan deger-degmez baha satyn alynỳardy. Şonuñ üçin halyçylar halyny iki görnüşde dokamaly bolỳardylar. Olara biri-birinden “Tutlyk haly” we “Satlyk haly” diỳip tapawutlandyrylỳar.

Hatda 70-nji ỳyllarda Türkmensährada türkmen halyçylygy has pese düşürỳärler. Dört sany ussat halyça 8-9 aỳyñ dowamynda dokan 5x7 metrlik halysy üçin bary ỳogy 20 müñ tümen hak tölenipdir. Söwdagärler we alypsatarlar bolsa şol halylary Eỳran bazarlarynda 100 mün tümenden satypdyrlar.”[ ]   91
    Ýokarda belläp geçişimiz ỳaly tutlyk hala, el haly hem diỳipdirler. Onuñ sebäbi atlandyrylşyndan mälim bolşy ỳaly bu görnüşdäki haly-halyçalary bir içeri maşgalañ gyzy öz geljegi üçin niỳetlenip dokaỳarlar. Ony dokamak üçin gurp ỳagdaỳy hem göz öñünde durỳar. Gurply maşgalalar onuñ hütdesinden gelse-de, gurpsyz maşgalalar tutlyk halynyñ ỳany bilen satlyk haly-halyçalary dokap satmak bilen el halynyñ materiỳallaryny üpjün edỳärler. Satlyk haly bilen tutlyk halylaryñ hili tapawutly bolup durỳar. Sebäbi satlyk halylary çalt dokalyp, satmak üçin

* Hojanepesli türkmen gelin gyzlarynyñ haly dokaşylary

niỳetlenendir. Beỳleki bir tarapdan Eỳran türkmenleriniñ arasynda köp maşgalalar diñe haly-halyça dokap satmak bilen gün-güzeranyny geçirỳärler. Şonuñ üçin Eỳranda bu sungat bazar ykdysadyỳetinde söwda gatnaşyklarynyñ uly göwrümini eỳeleỳär. Şol söwda aragatnaşyklarda dürli eksplutatsiỳalar hem bolman duranok.
    “Resmi maglumatlara görä, 70-nji ỳyllaryñ ahyrynda ỳurtda çagalary hasaba almanyñda 200 müñ sany professional halyçy bardy. 1964-nji ỳylda Türkmensährada 231 sany haly fabrigi bolup olardan 21000 inedogrul metr haly dokalypdyr”.[ ]   92
Türkmenistanly ỳaş alym G. Jumamyradowyñ berỳän maglumatyna görä, “Eỳran I 1961-1962-nji ỳyllarda haly eksportyndan 95 milliard real, 1972-nji ỳylda 26,6 milliard real peỳda gazanypdyr.”[ ]   93

    Tähran taỳms gazỳetiniñ 1990-njy ỳylyñ 1244-nji iunyndaky habarlaryna görä, Horasan haly sehlerinde 300 mün töweregi adam işläp, olar her ỳylda 1,5 million inedowul metr haly dokaỳarlar. Bu halylar, esasanam, türkmen halylary ỳewropa bazarlaryna, Germaniỳa, Italiỳa, Şweỳsariỳa, Angliỳa, Ýaponiỳa ỳaly ỳurtlara satylỳar. Eỳranyñ Horasan arkaly edỳän eksporty 600-700 million dollara barabar, Eỳranyñ gümrükhana gullugynyñ habaryna görä 1993-nji Gurbansoltan-Türkmenbaşy aỳlarynda Eỳran haly we haly önümleriniñ 13234 tonnasyny eksport edip ondan 44210 million real (631,5 million dollar) girdeỳji gazanypdyr.
    1960-1970-nji ỳyllarda Muhammetreza Pählewi metjitlerdäki ahun-mollalara dini karar boỳunça berilỳän “wakf” girdeỳji sandyklaryny döwletiñ hasabyna göỳberip, mollalary bolsa

* Turkmenistanyñ paỳtagty Aşgabat şäheriniñ halkara haly bazary

  harby gulluga çagyrmak bilen bu jemgyỳetiñ köp azaba düşmegine sebäp boldy. . Olar bolsa öz gün-güzeranlaryny dolandyrmak üçin işlemeli boldular. Şonuñ üçin bu jemgyỳet hemişe ỳeñil ỳaşap gaỳdan bolsa, indi hem ỳeñil işler bilen meşgullanmaly boldular. Ahun-molla köpçuliginiñ esli agzasy haly-halyça söwda alyp satarçylygyna baş goşdular. Şonuñ üçin türkmenleriñ arasynda haly-halyça söwda gatnaşyklary bilen meşgullanỳan jemgyỳetiñ esli bölegi mollalardan ybarat boldular. Olar gurpsyz maşgalalara haly materiỳallaryny karzyna ỳagny “dokap-sataryna” berip, hem-de haly dokalyp kesilende şol ỳere getirilip berilmeli kada boỳunça işleỳärdiler. Satlyk halylary çalt dokap çykarmak üçin onuñ arasyndan göỳberilỳän argajyñ sanyny köpeltỳärler. Netijede, haly hil taỳdan pes derejä düşỳär. Sebäbi eger dokmaçy şeỳle kadada dokamasy ykdysady taỳdan zyỳan çekỳär halyça ony “wagt” hemem haly materimateriallaryny ỳitirmesizlik üçin edỳär.
    Ikinji bir tarapdan halylaryñ ỳüñ we eriş materiỳallary himiki reñkler bilen reñklenỳär. Beỳle materiỳallar bilen dokalan haly bazar ykdysadyỳetinde pes derejä düşỳär. Öñki döwürlerde bolsa boỳaglar naryñ gabygy, naryñ dänesi we şoña meñzeş tebigy ösümlikleriñ peñklerinden peỳdalanypdyrlar.
“Doktor Nalen Türkmeniñ aỳtmagyna görä, 1860-njy ỳyldan soñ tebigy boỳaglaryñ ỳerine emeli boỳaglar ulanyp ugrapdyrlar we galapyñ halatda türkmen halylarynyñ durkuny, hilini pese gaçyryp başlapdyrlar.”.[ ]   95
    Umuman aslynda ỳüpekler badam we hoz agaçlarynyñ kökünden, nardan we pisseden alynỳan boỳaglar hem-de narynç, gyzyl-mele runas köküne boỳalan bolsa soñky döwürlerde olaryñ ỳerini himiki boỳaglar tutup ugrady. Şonuñ üçin 1880-nji ỳylda mineral boỳaglary Eỳrana getirip satmagy gadagan edỳän perman çykaryldy.
    Umuman Eỳran boỳunça halyçylyk sungatyñ bir bölegi maỳadarlaryñ kontrollygynda aỳlanñ kontrollygynda aỳlanỳar. Olar ỳörite hususy fabrikleri döretmek bilen halyçylary aỳlygyna tutup dokatỳarlar. Ýöne türkmenleriñ arasynda beỳle görnüşde däldi, olar içeri maşgalalaryndan köp uzaga çykanok. Oba gelin-gyzlary biri-birine gün salmakda arkalaşỳarlar.

    Halylaryñ berkligi we uzak wagtlap saklanmagy onuñ her inedördül santimetrindäki çitimleriniñ ỳygylygyna bagly. Türkmen halylaryndan soñra Eỳran halylary bu görkeziji boỳunça esasy orunda durỳar.
    Tähran metbugatynyñ ỳazmagyna görä, Täbriziñ halylarynyñ dokan “Mekge-ỳe-Münewwer (ỳalkym saçỳan mekge)” atly el halysynda Kurhany Kerimdem aỳatlar, birnäçe miniatorlar ussatlyk bilen çitilipdir.
    25x25 metr möçberdäki bu hala 100 reñkdäki 88 million çitim çitmek üçin Täbrizli halyçylar üç ỳyl zähmet siñdiripdirler.
    “Eỳran halyçylyk senedini dünỳä tanatmakda 1977-nji ỳyldan bäri Eỳran halysynyñ muzeỳi işleỳär. Bu muzeỳler Aşgabatda, Bakuwda, Gamburgda we Waşingtonda bar. Hijri hasabyndan XIII-XiV asyrlara degişli gadymy halylar ol ỳerde haly nagyşlaryny, haly dokamagy, köne halylary dikeltmegi öwredilỳän dersler-de berilỳär”.[ ]   96

* Has irki döwürlerde türkmenler garaöỳlerde dokma dokapdyrlar.

    Türkmensähranyñ oba-şäherilerinde ỳönekeỳ göze ilỳän zat her öỳüñ gapysyndaky gurlan kepbedäki (Eỳran türkmenleri oña “küme” diỳip aỳtỳarlar) dokalỳan dokma-daragyñ sesleridir. Türkmenlerde köplenç öỳüñ howlusynyñ bir gyrasynda towuk-göle saklanyän kepbe bolỳar. Bu kepbelerde mal-towugyñ ỳanyndan gurama gurap dokma hem dokalỳar. Şeỳle bir ỳagdaỳlarda towuk- jüỳjeler guramanyñ töwereginde enteşip, suwa ỳumşadylyp goỳulan baslyk suwy hem döken halatlaryna gabat gelse bolỳardy. Türkmen gelin-gyzlary şeỳle döreỳän wakalary goşgy bilen beỳan edipdirler:

      Elim ỳaryk-ỳaryk, goşarym döwük,
      Ýanymda guslady şal gara towuk,
      Owal howlukỳardym galan çitime,
      Towuk gelip degdi baslyk suwuma,
      Garaçommak degsin daỳzam towugyna,
      Ertir günortana nardanlyaş towuk.[ ]   97

* Gürgen şäheriniň uly metjidiniň sejjadasynyň türkmen gelin-gyzlarynyň tarapyndan dokalan döwri.

  1993-nji ỳyldaky maglumat boỳuna Gülistan welaỳatyna degişli 62 müñ sany halyçy fabrikleri bar. Şolarda bolsa, 150 müñ dokmaçy işläpdir. Bu fabrikleriñ bir ỳyllyk önümi 0,5 million kwadratmetr haly-halyçalar bolupdyr. Aşakdaky tablisiỳada Gülistan welaỳaty boỳunça fabrikleriñ we ondaky iş dolanjylaryñ sany senagat aỳratynlygynda görkezilỳär.”[ ]   98

Aşakdaky görkezilen tablisiỳada Gülistan welaỳaty boỳunça düşek (haly-halyça) önümleriniñ maglumaty şeỳledir.”{ ]   99

    Tablisiỳadaky görkezilen maglumatlary okap göreliñ. Mysal üçin Kümmetkowus şäheristanynda gurama desgalaryñ sany obada 18,300 sany bolsa. Şäherde 4,575 sany bolup, dokmaçylaryñ sany obada 45,750 sany bolsa, şäherde 11,437 sany hem-de düşek önümleriniñ möçberi 228,747 kwadratmetr bolsa, onuñ bir ỳyllyk jemi bahasy 22,874,800 real bolup durỳar. Şol sany göz öñüne tutamyzda Kümmetkowus şäheristany 1,3 bütin haly fabriklary we onuñ dokmaçylary bilen bilelikde welaỳatyñ haly-halyça önümünde iñ ỳokary derejede rol alyp barylỳar.

    Umuman welaỳat boỳunça türkmensähra ilaty bu ömümi öndürmekde esasy rol alyp barỳarlar. Türkmen halylary özündäki ỳerleỳän nagyşlardyr obỳektleri boỳunça Eỳranyñ beỳleki ỳurtlaryndaky öndürilỳän düşeklere garanyñda ỳokary gymmatlyga laỳyk bolup durỳar. Bu önümleriñ köp bölegi her ỳylda ỳurduñ beỳleki welaỳatlaryna we daşary ỳurtlara satylỳar.
    “Jahad-e sazändegi” edarasy haly senagaty saklap ony ösdürmek üçin türkmen dokmaçy-halyçylardan maddy hemaỳat etmek üçin dört sany eldokyn düşekleriñ uly koperatiw bileleşigine 10 müñ sany agzadan köp işgäri bilen döretdiler.
Gülistan welaỳatynda halydan-halyça we gargyn ỳaly dokyn önümlerinden başga-da kilim, palas we keçe ỳaly önümler esasan obahojalyk ilatynda öndürilỳär. Şol ugurda 40 müñ fabrik ỳylda 200 müñ kwadratmetr dürli klim, palas we keçe ỳaly düşekleri öndürilỳär. Öñki döwürlerde türkmenleriñ iñ ähmiỳetli el senagatlary hakda XIX asyrda hem belläpdirler.

    “Türkmenleriñ iñ ähmiỳetli el senagat önümleriniň biri garaöỳ ( keçeden ỳapynjasy bilen ỳapylỳan gözeneklenen agaçlardan ỳasalỳan öỳ.)”[ ]   100 haly, atörtgüsi, horjyn, at esbaplary, saryỳag alynỳan gap-gaçlar, egin-eşik, deriden ỳorgan-düşek ỳaly zatlar bolupdyr. Olaryñ bartr edỳän söwdasy boỳunça esasy harytlary keçe, haly, köphyrydarly horasan keçesi, ỳüñden ỳasalan atyñ örtgüsi, akary (Köşegiñ ỳüñünden inçe dokalan mata.), gyzy ỳüñden hem goỳun ỳüñünden dokalan matalar, mebel dokynlary, halyçadan owadan horjyn, goỳun hem tilki derileri ỳaly zatlardan ybarat bolupdyr.”[ ]   101
    “Kümmetkowus şäheristany 40 göterim dürli klim we palas hem 46 göterim keçe önümleri bilen, welaỳatyñ iñ ähmiỳetli el senagaty önümleriñ merkezi diỳlip hasaplanỳar”.[ ]   102

* Türkmenlerde keçe basylyş tapgyry
**********************************************************
d). Gürgen   türkmenleriniñ   yktysadyỳetinde   balyk awçylygy:

    Eỳranda kenar ỳaka türkmenleriniñ çäkleri Hazar deñziniñ gündogar- günorta serhetlerini öz içine alyp, ol deñiz yktysadyỳetinde iñ ähmiỳetli ülkeleriñ biri bolup durỳar. Onuñ serhet çäkleri demirgazykdan Garaşsyz Türkmenistanyñ Esenguly etrabyndan başlanyp, günorta jähede tarap 70 kilometr Elburs daglyklarynyñ ỳakyn
Eteklerine çenli Gürgen aỳlagynyñ daşy bilen günbatara tarap aỳlanỳar.

    Gürgen aỳlagy örän ähmiỳetli aỳlaglarynyñ biridir. Onuñ iñ giñ ỳeri, uly Aşyrada bilen Bendergez etrabynyñ aralygynda, 17 km\den agdykrak uzaklyk bolup, iñ insiz tarapy ỳerleşỳär. Gündogar tarapynda Bendertürkmen bilen Aşyradanyñ aralygyndan 3-4 km\lik suwly bogaz-“Teññe” Hazar bilen bu aỳlagy birleşdirỳär. Asyrlaryñda dowamynda käbir halatlarda Aşyradanyñ dört gyrasy bolupdyr. Ýöne Hazar deñziniñ suwunyñ kemelmegi zerarly onuñ günbatar tarapy suwdan çykyp guraklyga öwrülipdir. Bu ada 80 km\lik uzaklykda we 10-15 km\lik ini bilen “Yarym ada” bolup galypdyr. Onuñ üçin öñki döwürlerde atlandyrylşy ỳaly, uly Aşyrada, Kiçi Aşyrada we orta Aşyrada diỳlen atlar ỳok, ỳöne tutuşlygyna bir at bilen atlandyrylỳar. Ýañy ỳatlap geçişimiz ỳaly, öñki döwürlerde Aşyradanyñ öñki terretoriỳasynda Sefewileriñ döwründen galan galanyñ bardygy

• Adanyň kosmosdan düşürilen surat.

sebäpli, oña parsça “mian gäl,e” diỳlipdir. Emma soñky döwürlerde Rus patyşalygynyñ goşuny şu ỳerde harby bazasyny gurnapdyrlar. Oña ruslar miankale diỳip atlandyrypdyrlar,Henize çenli “Miankale” diỳilỳär.
    Balykçylyk nokatlary Esenguly etrabynyñ serhedinden başlanypdyr. Garasuw we Aşyrada-da Şilat edarasynyñ birinji gezek düỳbi tutulỳar.

    Hazar deñziniñ boỳundaky balykçylyk hojalyklaryna gözegçilik edỳän edara “Şilat edarasy” diỳlipdir.   Aşyradadaky şilatyñ guramasynda buz ammar, ỳagny balyk önümleri buzda saklanylỳan jaỳ, işbil taỳỳarlaỳjy jaỳ, balyk önümlerini saklanỳan anbar we onuñ iki topar işçileri bolupdyr. Bir topary wagtlaỳynça ỳagny, “gaỳry sabyt’ we ikinji toparlary başbitin işçilerden ybaratdyr. Häzirki döwürde Şilat guramasynyñ edarasy diñe Eỳranly inženerlar tarapyndan dolandyrylyp, bir ỳylyñ dowamynda Eỳranda taỳỳarlanỳan işbil önümleriniñ ỳarysyndan gowragyny taỳỳarlap bilỳänler. Eỳranda balyk awlamagyñ iki hili kadasy bar: halal balyklar we haram balyklar.
    Eỳranda şaỳi dini şerigaty tarapyndan käbir balyklary halal we käbirlerini haram diỳip şerigatlandyrylypdyr. Mysal üçin, öñ gyzyl balyklar haram saỳylỳardy. 1983-nji ỳylda et

* Türkmen balykçylary zahmet üstünde

önümleriñ ỳetmezçiligi sebäpli Eỳranyñ dini ỳolbaşçysy aỳatolla Homeỳni tarapyndan gyzyl balyklary iỳmek halal diỳlip yglan edildi.
    Halal etli balyklar diỳlip, ähli teññeli we gemirçekli, işbilli balyklar, ỳagny çapak, garabalyk, külme, kefal, akbalyk, sile, kepir, şabalyk, çontaly, çüỳçapak, takgaz, ürgenç, ỳaỳyn (lakga balyk, maññalça), täç ỳaly balyklara aỳdylypdyr.

    Geçen ỳyllarda külme balyk Gürgen aỳlagynda örän köp mukdarda bolupdyr. Bu balyklaryñ tohum taşlaỳan möwsümünde olaryñ deñizden aỳlagyñ içine tarap edỳän hüjüminden ỳana elkenli nawlaryñ we gaỳyklaryñ gelim-gidimi kynlaşỳar.
    Şaỳlaryñ şerigatynda haram etli diỳlip doky, bekre, tasmahy, tirana, uzynburun, göwürç ỳa-da şip ỳaly gyzyl balyklar saỳylypdyr. Bu balyklaryñ işwili 4 hili bolỳar.   Doky we bekräniñ işwili birinji orunda dursa, tirananyñ işwili ikinji, göwürjiñ işwili üçünji orunda durỳar.
    Haçan-da balyklar mart, aprel aỳlarynda tohum döküp başlanda, olary awlamaga döwlet tarapyndan balykçylara gadagan edilip, şol möwsümde balyk awlany tutup, suda çekip, agyr jerimeler hem salynỳar.

* Uly garatorlarda awlanỳan balyklar

Balyk awçylyk möwsümi bolsa, bu ỳerler-de iỳul aỳynda başlanyp, soñky mart aỳynyñ başyna çenli dowam edỳär.
    Balyk awçylygy köpçilikleỳin bolỳar. Käbir wagtda olaryñ sany azandan dört adamdan ybarat bolỳar. Köpi 20-30 adama çenli bolup, aw tor, aktor (çaoak, akbalyk), gara tor, sälik, süzgüç, gendele, eli, gadalga ỳaly dürli esbaplar bilen ỳerine ỳetirilipdir.
    Ownuk görnüşli balyklary, ỳagny takgaz, çapak, çontaly awlamak üçin inçe sapakdan dokalan ak torlar ulanylỳar. Ol torlar ỳüpek üçin inçe sapakdan dokalan ak torlar ulanylỳar. Ol torlar ỳüpek we kapron ỳaly gaty we inçe sapaklardan dokalỳar. Olar ownuk gözenekli bolỳarlar. Häzirki döwürde Gürgen türkmenleri Ýaponiỳanyñ we Türkiỳäniñ fabriklerinde dokalỳan ak torlar bilen awa gidỳärler. Şol ak torlar ownuk görnüşli balygy awlamak üçin deñizde bir, iki metr çuñlukda durỳar.
    Torlary birnäçe hepdäniñ dowamynda deñizde goỳup, öz belli bir wagtynda ỳygnap, arassalaỳarlar. Gyrlan ỳerlerini bolsa täzeden

• Tirana balygyň görnüşi

    dokaỳarlar. Emma iri balyklary awlamak üçin giñ gözenekli tor taỳỳarlanỳar. Olar 15-25 metr çuñlukda gurulỳar.
    Deñziñ içinde torlara düşen balyklar örän güỳç-kuwwatly bolỳar. Ony tordan çykaryp almak üçin, balygyñ kellesine ỳörite taỳỳarlanan tokmak bilen urup, huşdan gitdirỳärler.Irki döwürlerde örän çuñ edilip ỳasalan gaỳyklarda kenardan uzaklanmaga mümkinçilik bolmandyr.   Käwagtlar bolsa deñizde gaỳ turup, suw joşup, ömürlik ỳitip giden balykçylaryñ sany az bolmandyr. Ýöne welin soñky wagtlarda tehnikanyñ ösmegi bilen motorly ỳörite gaỳyklarda uzaklara gitmäge hem mümkinçilik döredi.
    Balykçylar uly balyklary awlamak üçin deñziñ çuñ we uzak ỳerlerine gitmäge mejburlygy üçin kaỳagyñ uly we orta görnüşlerini ỳelken bilen ỳöretmäge taỳöretmäge taynlap, ỳeliñ ösjek tarapyny hem wagtyna çenli hasap edipdirler.   Şonuñ üçin olaryñ arasynda tejribeli başlygy, aksakgallylary bolupdyr. Ol howa hem ỳol ỳagdaỳlaryna belet bolupdyr. Gazanan tejribesinden peỳdalanypdyrlar. Ömürzaỳa, ülker, Ýedigen, Akmaỳanyñ ỳoly, Dañ ỳyldyz, Üç ỳyldyz, Zöhre ỳyldyz, Demirgazyk ỳaly astronomiki maglumatlar boỳunça hereket edipdirler. Jylawaz, şemal ỳeli, deşdüne, aşak ỳeli, sörtük, dag ỳeli, garahazan, çagba, tüweleỳ, turna ỳaly dürli pasyllarda gije hem gündizki ösỳän ỳelleri tapawutlandyryp, şolaryñ ösỳän jähetlerine garap gaỳyklary bilen ỳola düşỳärler.

• Gyzyl balyklardan önỳän işbiller şunyň ỳaly gutylarda gaplanỳar

    Eỳran türkmenleri bilen Garaşsyz Türkmenistan türkmenleriniñ arasynda balykçylyk babatda ỳakyn meñzeşlikler kän. Olaryñ balyk awlaỳyşlary we iäbil taỳỳarlaỳyşlary, dürli esbap-enjamlary ỳasap, ỳerine ỳetirişleri bir çeşmeden gözbaş alỳar.
    Gürgeniñ kenar ỳakasyndaky ỳaşaỳan türkmenleriñ balyk awçylygyny   dolandyryşlary gaỳraky Türkmenistanda bolşy ỳaly, gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelipdir. Irki döwürlerde balykçylyk edaralary köplenç, bir taỳpanyñ ỳa-da bir tiräniñ adamlaryndan ybarat bolupdyr. Ýöne häzirki döwürde, ỳagny soñky 40 ỳylyñ dowamynda bu düzgün kem-kemdan aỳrylyp, ähli zähmetkeş türkmen adamlar hem bu edaralarda işläp bilỳärler.

• Türkmen awandalary iş başynda

    Eỳranda 1930-1970-njiỳyla çenli dowam eden Pählewileriñ hökümeti ỳykylyp Türkmensährada türkmenler bir ỳyla çenli awtonom hukugyny peỳdalandylar. Şonuñ esasynda ähli synplarda hökümetiñ ekspluatatsiỳa ulgamynyñ gol baglaỳjy hereketlerinden boşamak üçin azat edijilik ỳörüşler ỳüze çykdy. Şol wagtyñ özünde türkmenleriñ öz saỳlan hakyky ỳolbaşçylarynyñ baştutanlygnda, ähli synplarda bolşy ỳaly, balykçylaryñ hem ỳörite geñeşi “şura guramasy” döredilip, deñze eỳe bolup oturan birnäçe monopolist baỳlaryñ elinden garamaaỳak balykçylar azat edildi.Olaryñ kümeleri, (ỳagny kepbe ỳaly salynỳan balykçylyk jaỳlar. ) bolsa, şura guranasyna tabşyryldy. Soñra bolsa, olaryñ ỳörite synp guramasy boldy.”. “Şereket-e ta,avuni-ỳe mahigiran-e torkmän”, ỳagny türkmen balykçylaryñ keopratiw jemgy möwsümi boỳunça zähmet çekip gelỳärler.

    Eỳranda 1930-1970-njiỳyla çenli dowam eden Pählewileriñ hökümeti ỳykylyp Türkmensährada türkmenler bir ỳyla çenli awtonom hukugyny peỳdalandylar. Şonuñ esasynda ähli synplarda hökümetiñ ekspluatatsiỳa ulgamynyñ gol baglaỳjy hereketlerinden boşamak üçin azat edijilik ỳörüşler ỳüze çykdy. Şol wagtyñ özünde türkmenleriñ öz saỳlan hakyky ỳolbaşçylarynyñ baştutanlygnda, ähli synplarda bolşy ỳaly, balykçylaryñ hem ỳörite geñeşi “şura guramasy” döredilip, deñze eỳe bolup oturan birnäçe monopolist baỳlaryñ elinden garamaaỳak balykçylar azat edildi.Olaryñ kümeleri, (ỳagny kepbe ỳaly salynỳan balykçylyk jaỳlar. ) bolsa, şura guranasyna tabşyryldy. Soñra bolsa, olaryñ ỳörite synp guramasy boldy.”. “Şereket-e ta,avuni-ỳe mahigiran-e torkmän”, ỳagny türkmen balykçylaryñ keopratiw jemgy möwsümi boỳunça zähmet çekip gelỳärler.

• Duzlanan balyklar guradylỳar

    Kiçi teññeli balyklar, Garasuw we Gürgen derỳalarynyñ boỳunda bolup, esasan, Hojanepes etrabynda wagtlaỳynça käbir baỳlara kärendesine berilỳär. Olara balyk önümlerini bazara goỳberip satmaga rugsat edilỳär.
    Balykçylaryñ öndürỳän önümlerini arzan bahadan alyp, ony daşary ỳurtlara satyp, gyzyl puly gazanmak üçin döwlet tarapyndan Şilat edarasy 1961-nji ỳylda 300 tonnalyk buz ammar enjamyny, alyp Aşyrada etrabynda gurdylar. Şol ỳerde balyk önümleri 24 gradus sowuklykda saklanỳar. Bu ỳerde türkmenleriñ ähli çykarỳan önümlerini sowuk saklaỳjy enjamly ulagar bilen Bender Enzeli portyna daşaỳarlar.

    Umuman Türkmensährada kenarỳakadaky ilatyñ söwda yktysadyỳeti barada aỳdylanda, olaryñ yktysady ỳerligine bagly bolup durỳar. Bu hakda dürli alymlar gyzyklanypdyrlar. “Hazar deñziniñ kenar ỳakalarynda ỳaşaỳan türkmenler gadymdan bäri balyk awçylygy bilen meşgullanypdyrlar. Esenguly aỳlagynyñ ỳerli şertleri, Etrek, Gürgen we Garasuw derỳalary hem Gürgen aỳlagy bu ỳerlerde deñiz baỳlygyny peỳdalanmaga amatly şertler döredipdir.”.[ ]   103
    “Güz aỳlary bilen ỳaz aỳlary balyk awçylygynyñ iñ mynasyp pasyllary hasaplanỳar. Ýaz aỳlarynda dürli işbilli balyklary awlansa, güz aỳary bolsa, olardan   başgada   sile   balyk,   külme   balyk,... ỳaly beỳleki balyklar hem awlanỳar.”[ ]   104. “Şol döwürlerde hem balykçylar bilelikdäki awçylyk toparlarda

• Türkmen balykçylary zähmet üstünde

ỳygnanşyp awa gidipdurler. Awdan gelen mahallary awlanan balyklary öz aralarynda bölüşipdirler.”[ ]   105
“Olar ỳylda köp mukdarda tonnalap balyk awlamagy başarypdyrlar. Çünki müñlerçe put balyk Eỳrana we Rusỳa satypdyrlar. Türkmen balykçylary 1843-njy ỳyla çenli aşakdaky hasabatda görkezilşi ỳaly Astrahandaky ruslara balyk önümlerini satypdyrlar.

" [4] 106

    Türkmensährada häzirki zaman balykçylyk meselesi has ỳokary ähmiỳete eỳe bolansoñ öz içinde çykỳan welaỳat gazỳetleri hem merkezi gazỳet žurnallaryñ ünsüni özüne çekipdir. Olar bu ugurda gyzyklanypdyrlar. Eỳranyñ balykçylyk “Şilat” guramasynyñ baş orunbasary Mähendes Säidi “Gülistan-e Iran” atly gazỳeti bilen geçiren gepleşiginde täze gürrüňleri agzap geçipdir:
    Sorag -Şilat guramasy işgärleriniñ pensiỳasy, strohowaniỳa hem ỳarawsyzltkdan işden galmagy ugurda näme çäreler görỳär?
    Jogap -Balykçylaryñ işiniñ agyr hem zyỳanly we tiz garradyjy bolany sebäpli olaryñ pensiỳa ỳaşy 50 ỳaş diỳilỳär. Bu meseläniñ zyỳanly taraplary açyklajak organ “Iş Ministrligi” bolup durỳar. Pensiỳa meselesi barada aỳdylanda kanun boỳunça 30 ỳyl iş döwür ỳa-da beỳleki jemgyỳetçilik üpjünçiligi tertibini göz öñünde tutup awçylar işleriniñ agyrdygy sebäpli pensiỳa ỳaşyna çalt çykmagy talap dỳärler.  
Elbetde birinji nobatda bu işiñ agyr hem zyỳanlydygy subut bolup soñ pensiỳa çykmaly. Bu ugurda başlangyç işler Iş Ministrligi we Welaỳat Komissiỳalary tarapyndan alnyp barylỳar.
    S – Eỳsem-de Şilat edarasy balykçylaryñ işsizlik möwsümi hakda olaryñ işsizlik strahowaniỳasy ugrunda näme ỳerine ỳetirdiler?
    J – Şilat edarasy bu ugurda käbir işler ỳerine ỳetirdiler. Balykçylaryñ köpüsiniñ ikinji işi daỳhançylyk we Gülistan welaỳatynda-da biz şeỳle bir ỳagdaỳyñ şaỳady bolup durys. Şonuñ üçin gaỳtadan işleỳiş senagaty hem öndüriji we soñ öndüriji senagatlary köpeltmeli. Ýöne işsizlik strohawaniỳasy barada aỳdanymyzda, Şilat guramasynyñ gözöñünde tutan kanuny we iş şertlerini derñämizde bu strihawaniỳadan peỳdalanmak mümkin däl, “Perre” (Belli bir sezonda göçüp-gezỳän balyklary ỳörite awlaỳan balykçylaryñ guramasy) görnüşdäki kooperatiw guramalaryñ balykçylary işsizlik möwsüminde, beỳleki suw howdanlaryndaky we gölçelerdäki migo öndüriş we ş.m işler bilen meşgullanyp bilerler.

   

Bu gepleşikde Aşyrada meselesi barada hem gürrüñaçylypdyr. Ýagny Eỳran Yslam Respublikasynyñ Türkmensährasynda Mazenderan welaỳata bölünenden soñ Türkmensähra düşỳän paỳy Gülistan welaỳaty bolupdyr. Şol karar boỳunça hazar deñziniñ içki uzak gyralaryna çenli Gülistan welaỳatyna degişli bolup durỳar. Ýöne Hazar deñziniñ gündogar-günorta çüñkündäki Gürgen aỳlagy aỳratynlaşdyrỳan Miỳankale (Aşyrada) adasyny haỳsy wela adasyny haỳsy welaata degişli bolmalydygy hakda iki welaỳatyñ arasynda käbir ỳagdaỳlar ỳüze çykdy. Bu ada mundan öñ hemişe Bendertürkmen şäheristanyna degişli bolup duran adanyñ öz belli taryhy wakalary hem bar. Onuñ taryhy hem jemgyỳetçilik wakalaryndan öteri ykdysadyykdysadyet we deñiz baỳlyklary has ähmiỳetli bolup durỳar. “Bu ada 1870-1917- nji ỳyllara çenli patyşa

•Gürgen derỳasynyň denze guỳan boỳunda döredilen balykçylyk nokady
Russiỳanyñ ekspensiw bazasy bolup durỳardy”. Oktỳabr rewolỳusiỳasyndan soñ ony Eỳrana gaỳtaryp berdiler. Şondan beỳläk ol Mazenderan welaỳatynyñ Bendertürkmen şäheristanynyñ edara tabynlygynda durupdy.   Onuñ deñiz hem strategik ähmiỳeti has ỳokary hem ykdysady babatdan baỳlyklaryñ bardygy sebäpli iki welawelaaty bu hakda ony özlerine tabyn etmek üçin alada galdylar. Şol ugurda Eỳran Yslam respublikasynyñ Şilat guramasynyñ baş orunbasary Mähändes Säidi öz pikirini ỳatlanan gazỳet gepleşiginde şeỳle beỳan edỳär.

    S – Miỳankale adasynyñ meselesini dartgynly mesele diỳip hasaba almak belkide nädogrydyr. Emma käbir şertleriñ talabyna görä, bu mesele barada gyzyklanmalar döredi. Ýakyn geljekde meseläniñ çözgüdini tapmak üçin ỳurt Ministrligi kärşinaslyk işlerini alyp barỳar. Elbetde häzirki şertleriñ talabyna görä, Miỳankale adasyny geçmişdäki ỳagdaỳda ỳagny Gülistan welaỳatyna degişli edip goỳmak   kadasy   ỳurt Ministrliginiñ   täze çykarjak kanunlaryna çenli dowam edỳär.   Bu ugurda   şilat guramasy öz kärşinaslyk pikirlerini ỳurt Ministrligine yglan etdi.[ ]   107 ...
    Türkmenler irki döwürlerde çeñgek, gañyrak ỳaly gurallary ulanypdyrlar. Ony hem özleri ỳasapdyrlar, hem-de daşar ỳurtdan getiripdirler.

* Tora düşen balyklaryň göwrümi

    Gülistan welaỳatynyñ dürli baỳlyklaryndan biri deñiz baỳlygy hem deñizçilik kärlerini gözöñünde tutsak onuñ kenar ỳakasyndaky ỳaşaỳlygy hem deñizçilik kärlerini gözöñünde tutsak onuñ kenar ỳakasyndaky ỳaşaỳan türkmenler esasan Japarbaỳlar irki döwürlerden bäri balykçylyk, awçylyk hem beỳleki deñiz söwda gatnaşyklary bilen meşgullanyp gaỳdypdyrlar.
    Häzirki üstümizdäki 1998- njio ỳylyñ 9 aỳynyñ dowamynda 40 million Amerikan dollary möçberinde daşary ỳurtlara gyzyl balygyñ işbil önümlerini eksport edilipdir. Eỳran Yslam Respublikasynyñ nebit eksportyndan başga, Hazar deñzinden önỳän işbil girdeỳjisi esasy orun tutỳar. Bütin Eỳran boỳunça 50-göteriminden agdyk işbil önümleri Hazar deñziniñ Gündogar-günorta kenar ỳakalaryndan ỳagny Bendertürkmen hem Kümüşdepe şäherleriniñ balykçylyk korparasiỳalaryndan önỳär. Häzirki zamanda balyk awlary hem olary täzeden öndüriş möçberi bir ỳylyñ dowamynda 400 müñ tonna bolup durỳar. Dö۰wlet tarapyndan gözöñünde tutulỳan plan boỳunça ony bir million tonna ỳokarlandyrmagy maksat edinỳärler.

    Balyklary täzeden öndüriş deñizçe howdanyny gurulmak proỳektiniñ dowamynda Kümüşdepe şäheriniñ düzlüginde näçe müñ gekdar ekiş meỳdanlary meỳgo hem beỳleki deñiz önümleri öndürilmäge gözöñünde tutulỳar. Ekiş hojalyk spesiỳalistleri munuñ sebäbini, “Bu ỳeriñ ekiş meỳdanlary maksada laỳyk möçberde önümleri öndürip bilmeỳändigini nygtaỳar. Ikinji bir tarapdan deñziñ suw şorlygy, gyzyl balyk hem meỳgo önümleri öndürmeki üçin ỳerligi iñ mynasyp ỳer bolup durỳar.”[ ]   108
    Bu maksatnamany amala aşyrylandan soñ bir ỳylda 8 müñ meỳgo we 10 müñ tonna gyzyl balyk önümleri öndürip boljakdygy gözöñünde tutulỳar. Ikinji bir tarapdan hem Türkmensährada ỳaşlaryñ arasynda işsizlik meselesini hem azaltmaga ỳardam eder. Bu san geljekde näçe esse köpeljekdigi aỳdylỳar.

•Iş üstunde ynjan torlary ỳamalanỳar.

    Umuman aỳdylanda Türkmensährada Hazar deñziniñ kenar ỳakalaryndan öndürilỳän işbil önüminiñ göwrümi boỳunça dünỳäde dördünji hatarda orun tutỳar. Dünỳädäki işbilli balyklaryñ öndüriş göwrümi boỳunça 87-98 göterimi Hazar deñzinde ỳerine ỳetirilỳär. “Şilat” atly balykçylyk döwlet edarasynyñ uly ylmy işgäri inžener Ägylynejadyñ aỳtmagyna görä, “Bu balyk önümleriñ 46 göterimi Gülistan welaỳatynyñ Hazar deñziniñ kenar ỳakalarynda öndürilỳär. Hazar deñziniñ Türkmensähradaky kenar ỳakasynyñ uzaklygy 100 kilometrden agdyk bolup durỳar. Häzirki döwürde “perre” (ỳagny deñizde belli sezonlarda göçüp gezỳän balyklary awlan usul. ...) görnüşde 20 sany balykçylyk kooperatiw bileleşik hem bir sany balykçylaryñ “perre” görnüşde korparasiỳasy ol

• Awandalar iş üstunde

ỳerde ỳerleşỳär. Olarda ỳerleşen balykçylaryñ sany bolsa 2000 adamdan köp iş alyp barỳarlar.
    Türkmensährada merkezleşen “Türkmen awçylygy”, “Hojanepes awçylygy”, “Aşyrada awçylygy”, “Miỳankale awçylygy”,   we “Täze abat awçylygy” ỳaly balykçylyk nokatlary hem işbilli balyklary köpeldiş we täzeden öndüriş merkezleri bütin Eỳran boỳunça birinji we bütin dünỳä boỳunça dördünji işbil öndüriş merkezi hasaplanỳar.”[ ]   109.

    Bu balykçylyk nokatlary Gürgen derỳasynyñ süjỳ suwynyñ deñiz gyralarynda galdyrỳan täcirli meỳdanlarynda ỳerleşendir. Ol ỳerlerde gürgen derỳasynyñ özi bilen getirỳän balyk iỳmitleriniñ köpligi, ikinji bir tarapdan-da deñiziñ gündogar- günprta gyralarynyñ suwynyñ syklygy hem gök çolom deñiz otlarynyñ bollygy sebäpli dürli möwsümlerde balyklaryñ çozmagy bilen häsiỳetlenỳär. Şeỳle hem Kümüşdepe köresuwynda (talat) we Gürgen aỳlawlarynda-da şunuñ ỳaly şertler bar.
    Türkmensähranyñ kenar ỳakalaryndaky söwda goỳberilỳän işbilli gyzyl balyklary pil balyk, garaburun, çarwaş, göwrüç uzynburun, şip, doky, bekre, ỳaly balyklar awlanỳar. Şolaryñ arasynda Hazar deñzinde ỳaşaỳan iñ ulysy pil balygyñ   85 göterimi şol awçylaryñ tarapyndan awlanỳar.  
    “Hämşähri gazỳetiniñ habar bermegine görä, olary ỳañy ỳakynda balykçylaryñ girdeỳjisini artdyrmak üçin, transport ỳagdaỳlaryny ỳokarlandyrmak olary hil we göwrüm boỳunça köpeltmek we täze bazar ykdysadyöpeltmek we täze bazar ykdysadyetinden giñişleỳin bähre tapmak üçin birinji gezek balyk awlamagyñ täze görnüş metodlarynyñ öwreniş merkezi ỳola goỳuljakdygyny nygtaỳar. Bu merkezdöwletiñ balyk edarasy Şilat senagatynyñ tarapyndan Bendertürkmen şäheriniñ Aşyrada adasynda ỳöriteleşdirilỳär. Bu öwreniş merkez 120 kwadrat gurluşyk fundamenti bilen 700 metr meỳdany bolup durỳar. Birinji aw sezony başlananda 120 etap öwreniş predmet bilen uniwersitetleriñ alymlarynyñ tarapyndan üpjün bolup ỳöredilip başlanar.”[ ]   110
Ýokarda ỳatlanan suw howdanynyñ proỳekti Kümüşdepe düzlüginde ỳerine ỳetirmek üçin Mazenderanyñ Ramsär

* Garatorda süzgüçleri bilen süzülip alynỳan kfal balyklar.
Olara “Çontaly”   ỳa-da “Garabalyk” hem diỳilỳär.

şäherinde geçirilen bilelikdäki konwasionda oña degişli halkara organlary tarapyndan 20 müñ frang Fransuz puly Eỳranyñ erkinde goỳuldy. Bu proỳekti ỳerine ỳetirilmeginiñ maksatlarynyñ biri dünỳäde halkara suw howdanlarynyñ arasynda Kümüşdepe suw howdany 19-njy suw howdany hökmünde dünỳä tanatmakdadyr.[ ]   111

    Eỳran bilen Türkmenistanyñ serhedi açylandan beỳläk Eỳranly täjirleriñ köpüsi Orta Aziỳadaky ỳurtlar bilen söwda gatnaşyklarynda zyỳan çekenleri üçin, beỳle söwda gatnaşyklara täzeçe seredilip başlandy. Garaşsyz Türkmenistan bilen Eỳtranly täjirleriñ söwda gatnaşyklaryny usully hem aktiw garmoniỳada alynyp barylnagy üçin Türkmensähranyñ Gülistan welaỳatyndaky Bendertürkmen port şäheri bilen Aşgabat şäherinde uly söwda merkeziniñ açylmagyny teklip etdi. Bu uly firma Aşgabatda Eỳranly maỳadarlaryñ işlerini usully ỳöretmek üçin 100 müñ kwadrat metr meỳdany bilen 7 müñ kwadrat metr fundamenti hem 54 powelion otakçalary we beỳleki mümkinçilikleri ỳagny restoran, ỳatakhana, saglyk we arassaçylyk serwisleri, harytlaryñ gümrük we rastomožnyỳe işleri bölümi, uly gapan (baskul), koselỳariỳa we edara hyzmat işleri, transport ofisleri, harytlary saklaỳyş çäreleri (sklad) ỳaly ... enjamlar bilen salynar.”[ ]   112

* Türkmen balykçylary awlan awlaryny Şilat edarasyna tabşyrỳarlar.

    Bu firma “Gülistan” adyndaky Gülistan welaülistan welaatyndan daşary sermaỳa dolanşyklaryny giñeldiriş firmasy, esasanda işlär. Onuñ baş müdiri Baỳrammämet Wekili şeỳle diỳỳär: “Bu firma Eỳranly täjir maỳadarlaryñ serhetden daşary göỳberỳän sermaỳa dolanşyklaryny usully garmoniỳada alynyp barylmagyñ merkezi hökmünde işlär, Bu firmanyñ merkezi Bendertürkmen port şäherinde ỳerleşỳär.”[ ]   113
    Şu ugurda türkmen täjirleriñ gatnaşyklary has aktiwleşip barỳar. Gülistan welaỳatyndaky täjirler şeỳlemümkinçilikleriñ döredilmegi hakda hem eksport-import işlerinde ỳeñillik boljakdygyny belleỳärler. Şolaryñ arasynda Bendertürkmen şäherinden türkmen täjiri Abdylrahym Borna şeỳle belleỳär: “Şeỳle gümrükhananyñ ähmiỳeti göỳberilỳän harytlaryñ hiliniñ oñatlaşmagyna tamamlanyp dünỳä standartlaryna gabat gelỳän önümleri öndürilmäge sebäp bolar”.[ ]   114

    Gürgen derỳasynyñ dünỳä boỳunça iñ uly deñizçe diỳilip hasaplanỳan “Hazar” deñze guỳỳan agyzyñ bir kilometrlik Gündogar kenar ỳakasynda 2580-sany ilaty bilen 386 sany içeri maşgalaly Kümüşdepe şäherine tabynlykda Çarkly obasy ỳerleşỳär. Bu obanyñ durmuş güzerany köplenç dokma senagaty (haly-halyça), daỳhançylyk, maldarçylyk we esasan balykçylyk bilen üpjün bolỳar. Bu şäheriñ ekeran meỳdanlarynyñ suw şorlygy köp bolany üçin daỳhançylyk bilen hemmeler meşgullanyp bilmeỳärler. Şeỳle hem daỳhançylyk pes derejede bolsa-da maldarçylyk hem ösüp duranok. Şu sebäpler boỳunça ilatyñ esli bölegi öz durmuş güzeranyny aöz durmuş güzeranyny alamak üçin köplenç balykçylyga meỳillenỳärler.   Ýöne welin deñze gidip balyk awlamak hem gaty bir añsat iş däl. Obanyñ gujyrly ỳaşlary öz gün-güzeranlaryny aỳlamak üçin bu

* Duzlanan çapak-balyklary guratmak üçin adatça öỳüň aỳnagyşyndan serilỳär.

aram ỳatan deñiz bilen ölüm ỳitgisine çenligöreş alyp barỳarlar. Deñizde gaỳ turup, suw joşyp esli ỳaş balykçylaryñ ỳitip gidip içeri maşgalasyny eşgalasyny eesi goỳỳanlar az bolmandyr.
    Türkmensährada çykỳan “Mahnameỳe sähra” gazỳetiniñ şol ỳaş balykçylarynyñ biri bilen geçiren gepleşiginde şeỳle maglumatlar bar:
    “ Sorag - Her zatdan öñürti özüñüzi bir tanadyñ?
    Jogap – Meniñ adym Ýusup Kör, gözel hem sapaly Çarkly obasynyñ ỳaşaỳjysy. Meniñ 23 ỳaşym bar. Zähmetsöỳer hem awadan   ilatyñ içinde ỳaşaỳandygyma guwanỳaryn.
    S – Näme kär edỳärasiñiz?
    J – Bu obanyñ köpüsi ỳaly balykçylyk bilen meşgullanỳaryn.
    S – Işiñizden yrzamysyñyz?
    J -   edil şu wagt ỳok.
    S – Näme üçin
    J – Birinjiden haỳsy balykçy bu deñizde aw üçin işe girişjek bolanda, öz ähli baryny ỳogyny hem ỳaşaỳşyny bu işde girew goỳmaly. Şonuñ üçin esli pul çykdaỳjysyny tmeli.   Ikinji bir tarapdan gyş aỳlarynda oba bilen deñziñ arasyny batgaly ỳeriñ üstünden piỳadalap aşmak añsat eünden piỳadalap aşmak añsat egerdenok. Üçünjiden hem teniñi kesip duran sowuk bir tarapdan deñziñ gyrawly suwy ikinji bir tarapdan janyñy çykara getirỳär. Şu ugurda bir nakyl aỳdypdyrlar: “Her kişiñ işi däl harmany döwmek, köp gören är kişi ner öküz islär” şonuñ üçin deñizçilik hem her kimiñ işi däl. Adamy tia garradỳar, ỳarawsyz edỳär.
    S – Ýusup aga! Bir ỳaş balykçy hökmünde welawelaatyñ degişli başlyklaryndan näme talap edỳärsiñiz?
    J – Ýaşlar hakda onuñ pikir etmekligi welawelaatyñ degişli başlyklaryndan isleỳärin. Ýagny ỳaşlar esasan näme isleỳärler? Meniñ özüm köp ỳaşlarymyzyñ köp sanly işsizlikden azap çekỳändiklerini ỳakyndan görỳärin.   Bileleşik awçylyk firmasyny (kooperatiw) ayp hem ỳaşlary işe meşgul etmeli, hem-de şonuñ bilen birlikde ỳurdyñ ykdysadyỳetine ỳardam bermeli”.[ ]   117

    Häzirki wagtda Türkmensährada Hazar deñziniñ kenarỳakasyndaky ỳaşaỳan türkmenleriñ balykçylyk brigadalary şu aşakdakylardan ybarat :
    1. Mollaneoes adyndaky awçy toparlar,
    2. Bendertürkmen     =         =         =,
    3. Çarkly                   =         =       =,
    4. Hojanepes (Çarküme) =     =     =,
    5.   Süjiwal   adyndaky awçy toparlar,
    6. Kemine adyndaky Bendertürkmene degişli topae,
    7. Türkmen adyndaky Çapakly obasyna degişli topare,
    8. Seỳidgah-e Täzeabat toparlary,
    9. Aşyradada ỳerleşỳän Hojanepes toparlary,
    10. Emir Hanza adyndaky bendertürkmen şäherine degişli topar,
    11. Sallah adyndaky awçy toparlar,
    12. Garasuw =             =           =,
    13. Tumaçlar =             =           =,
    14. Nyỳazabat =           =           =,
    15. Abuhanypa =           =             = .” [ ]   118

* Türkmen balykçylaryň iş üstünde ỳaşaỳyş mekanlary.
* Awanda balykçynyň işi oňin bolanda begenjini tans bilen görkezỳär.
Back To Home Page