Piczo

Log in!
Stay Signed In
Do you want to access your site more quickly on this computer? Check this box, and your username and password will be remembered for two weeks. Click logout to turn this off.

Stay Safe
Do not check this box if you are using a public computer. You don't want anyone seeing your personal info or messing with your site.
Ok, I got it
PART - 3 (EYRAN-TÜRKMEN KÖPTARAPLAYYN GATNAŞYKLARY:
                  Eỳran–Türkmen    
    köptaraplaỳyn gatnaşyklarynyñ
          başlanmagy we ösdürilmegi  
                (1990 - 2002 ỳỳ)
                          ****
      Türkmenistanyñ   Ministerler
            Kabinetiniñn ỳanyndaky
        Taryh institutynyñ uly ylmy
          işgäri, taryh ylymlarynyñ
        K   a     n   d   i   d   a   t     y
                          ***
                      2004-ỳ. –
  Türkmen dilinde çykmaly kitap  

            Aşgabat–2004-yyl.


      * Şu iş öz asyl nusgasynda nabor edildi.

      MAZMUN

• MESELÄNIŇ GIRIŞ ÄHMIÝETI: ..................................................
III BAP : EÝRAN-TÜRKMEN KÖPTARAPLÝYN GATNAŞYKLARYNYÑ BAŞLANMAGY WE ÖSDÜRÜLMEGI:.....................
I   bölüm   : “ Türkmenistan – Eỳran ” yktysady gatnaşyklary .........................
a). Mawy ỳangyç, demir ỳol we senagat gurulşyklary .......
b). Hazarỳaka meseleleri .................................

II   bölüm : Türkmenistan we Eỳranyñ arasyndaky medeni gatnaşyklar .........
a). Iki taraplaỳyn medeni ösüşleriñ netijeleri ...........
b). Eỳranda türkmen medeniỳetiniñ ösüşleri ...............
j). “Türkmenistan – Eỳran ” wekilleriniñ duşuşyklarynyñ yzgiderli görkezmesi ................................................

III   bölüm :   “ Türkmenistan – Eỳran ” döwletara gatnaşyklarynyñ Türkmensähra ülkesine eden täsiri ..........

H E T I J E : ........................................................
Peỳdalanylan çeşmeler we edebiỳatlar : ....................


              * MESELÄNIŇ GIRIŞ ÄHMIÝETI

* Garaşsyzlykdan bäri “Türkmen – Eỳran ” gatnaşyklary   :


Altyn asyrda ỳurdy dünỳä özgerişlikleriniñ öñe gidiş tizliginiñ garmoniỳasy bilen bir hatarda alyp barmaga, ỳurt , parasatly bir lidri talap edỳärdi. Ol hem beỳik biribaryñ nazarynyñ siñmegi bilen miỳesser boldy .
Öñki düzgün entäk doly synmazyndan öñ, mertebesi belent Beỳik Türkmenbaşynyñ tagallasy bilen 1985–1987–nji ỳyllardan başlap garaşsyzlygymyzyñ ilkinji gatnaşyklary 1990-njy ỳylyñ awgust aỳynda “Jarnama” kabul edilenden soñ goỳuldy. 1991-nji ỳylyñ maỳ aỳynda “Dünỳä türkmenleriniñ ynsanperwer birleşigini” gurmak we goñşy ỳurtlar bilen dostlykly-doganlykly gatnaşyklaryñ zerurlygy netijesinde erkin gatnaşyklaryñ düỳbi tutulỳar. Şol sanda Eỳran Yslam Respublykasy bilen Türkmenistanyñ arasynda 1990-njy ỳyllardan başlap ähli taraplaỳyn aragatnaşyklary ỳola goỳulỳar. Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Eỳran Yslam Respublykasyna resmi saparlary, iki ỳurdyñ bähbitli gatnaşyklarynyn hasam pugtalandyrdy.
Türkmenistan özüniñ daşary syỳasatynda   Eỳran Yslam Respubliksy bilen birek-birege diplomatik ara doly düşünişmek we ynanmak esasynda ỳola goỳmaga hemme taraplaỳyn gatnaşyklary ösdürmäge üns berilỳär. Medeniỳet, däp-dessur, bu iki halky diỳseñ ysnyşdyrỳar. Olaryñ   arasynda   söwda we tehniki hyzmatdaşlygyñ we oba hojalygy babatynda, nebit-gaz pudagyny, bank işlerini we ulag gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ylalaşykly çözmek babatda   birek-birege işjeñ goldaw bermegiñ ajaỳyp nusgasy bolup biler.  
Garaşsyz Türkmenistan giografiki taỳdan Gündogar uzak Aziỳany Ýewropa portlarynda   birikdirmek üçin ỳüpek ỳoluñ   içine girỳär. Ikinji bir tarapdan Hazaryñ gyrasy we deñiz port ỳolunyñ ony Garadeñize we açyk deñizlere baglanşykdyrmaga hem Eỳranyñ   üstünden Pars aỳlagyna çenli ỳol açmagy Türkmenistanyñ bir tranzit merkezine öwrülmek üçin mynasyp ỳerliginiñ bardygyny Eỳran Ýslam Respublikasynyñ ykdysady-syỳasy işgärleri nygtaỳarlar.  
Bu täze garaşsyz ỳurtlaryñ ỳollaryny   Eỳranyñ Günorta regionlaryna , ỳagny Pars Aỳlagy hem Amman deñizleriniñ port şäherlerine ỳetirmek we päkistan,Türkiỳe we Azerbaỳjan ỳaly goñşy ỳurtlaryna tarap ỳolyñ arasyny   gysgsltmak üçin Eỳran Yslam Respublikasy tarapyndan   öz içeri şäherleriniñ arasyndaky demir ỳol ulgamlaryny çaltlyk bilen gurup ỳola oklanylỳar. Umuman aỳdylanda berilen meỳilnamalar boỳunça   Eỳranyñ ỳurt boỳunça demir ỳolyñ   uzynlygy 23 müñ kilometre barabar bolup, ỳagny 6700 kilometirden , pesi 4 esse uzaljagyny bellediler.   Bu bolsa   orta Aziỳa   we esasanam Garaşsyz Türkmenistan üçin amatly bir şert bolup durỳar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyñ gaỳdowsyz zähmetleri   netijesinde 1990-njy 12-nji oktỳabrynda Eỳran Yslam Respublikasynyñ Mazenderan we Horasan welaỳatlarynyñ toparlaryny kabul etdi.Şonda Mazenderan welaỳatynyñ häkimi Seỳid Ysmaỳyl Manewiniñ baştutanlygynda işjeñ toparlaryñ wekilleri söwda we kooperatiw   kärhanalarynyñ ỳolbaşçysy bardy. Myhmanlar türkmen topragynda bolmakdan galan täsirler   barada gürrüñ berdiler. Aỳtmaklaryna görä, olar dürli gepleşikleri ỳola goỳmak we ösdürmek üçi bu ỳerde amatly şertiñ bardygyny düşünipdirler. Ilkinji gezek Türkmenistan bilen Eỳran Yslam Respublikasy iki goñşy parallel welaỳatlarynyñ aralygynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen şertnamalara gol çekdiler.  
Ýurdyñ ykdysadyỳetni ösdürmegiñ ugrunda we dünỳä   swelizatsiỳasynyñ sahnasynda çykmak üçin uly ädimler edildi. Şol ugurda nebit-gaz ulgamlaryny ỳurduñ bähbidine rejeli peỳdalanmagy göz öñüne tutuldy.
Saparmyrat Türkmenbaşynyñ 1995-nji ỳyiyñ 4-nji iỳulynda   Eỳran Yslam Respublikasynda sapary eagtynda   Körpeje-Gurtguly tebigy saz geçirijisiniñ taslamasyny taỳarlamak we ony gurmak barada ylalaşyga geldiler. Türkmenistanyñ dünỳä bazaryna çykmagy üçin özboluşly derweze bolan Eỳran bu energiỳa ỳolunyñ taslamasyny işläp düzmegi we desgany ulanmaga taỳarlamagy borç edindi. Gaz ỳatagynyñ gurluşygynyñ we 140 kilometrlik gaz turba geçirijisini çekmegiñ   80 göterimini maliỳeleşdirmegi öz üstüne aldy. Türkmenistan 25 ỳyllap Eỳrana her ỳylda 8 milliard kub metr gaz bermegi we Eỳran gaz satyn alyp ugranda   üç ỳyl geçenden soñ, onuñ türkmen territoriỳasynda gaz geçirijisiniñ taslamasyny taỳarlamak we gurmak üçin çykarylan malimalie çykdajysyny töletmäge kepil geçỳär.
Şeỳlelikde Türkmen-Eỳran partnỳorçylygy sysyasy durnuklylyk faktoryna öwrülip, regoỳonda döwlet aragatnaşyklarynyñ ösdürilmegine hyzmat edỳär.
Garaşsyz Türkmenistanda işleỳän Eỳran kärhanalary bu gaz geçiriji proỳektiniñ işleỳşi barada şeỳle diỳỳärler: “Bu gaz turba marşrutynyñ häzirki wagtda günde 10 million kubmetr gaz geçiriji kubmetr bar. Ýöne bu möçber turbany käbir berkitme enjamlaryny ỳerine ỳetirilenden soñ 26 million kubmetre barabar bolup turba marşrutynyñ ỳokary gaz geçiriji kuwwatlygyny artdyrar”.
1992-nji ỳylyñ Bitaraplyk aỳynda S.A. Niỳazow Eỳranyñ prezidenti A.A.H.Rafsanjani bilen duşuşdy. Eỳranyñ üstünden Türkiỳe we Ýewropa ỳurtlaryna tarap gaz geçiriji turba çekmegi we Maşat, Sarahs we Tejen demirỳolunyñ gurluşygy hem-de serhet geçelgelerini halkara geçelgelerine öwürmek hakdaky gepleşikler geçirildi.
SSSR synandan soñ Eỳranyñ ỳolabaşäçylarynyñ öñündäki goỳulan möhüm wezipeleriñ biri demir ỳol ulgamy boỳunça merkezleşen aragatnaşyk ỳoluny gurmak bolupdy. Bu ỳol merkezi Aziỳa ỳollaryny Eỳranyñ demir ỳol ulgamyna birleşdirmelidi. Bu wezipäni 1996-nji ỳylyñ maỳ aỳy “Maşat-Sarahs-Tejen-” demirỳolunyñ açylmagy bilen ỳerine ỳetirildi. Şol açylyş dabarasyna dürli ỳurtlaryñ 80 sany ỳokary syỳasy ỳolbaşçylary hem-de olaryñ prezidentleri gatnaşypdy. Bu geçelgäniñ açylmagy bilen Merkezi Aziỳa, Orsỳet we Hytaỳ bilen söwda göwrümini ỳokarlandyrma şerti taỳỳarlanyldy.
1996-njy ỳylyñ maỳ aỳyndaky “pol-e käşwäri” ỳagny “ỳurt köprüsi” atly Hytaỳyñ paỳtagty Pekinde geçirilen gurultaỳda Eỳranyñ Daşary işler ministrliginiñ wekiliniñ aỳtmagyna görä: “ Bu demir ỳolyñ gurylmagy bilen Hytaỳyñ gündogaryndaky   Lianỳungang   portyna   soñra Urumçi, Alma-ata, Taşkent, Sarahs, Maşat we Tähran şäherlerden geçip Pars aỳlagyndaky Benderapbas port şäherleri baglaşdyrỳar. Şeỳlelik bilen Merkezi Aziỳadan pars aỳlaga ondan hem Dünỳä deñiz suwlaryna guwandyryjy maglumat Tähran-Istambul şäherleriniñ üsti bilen bütin Ewropa we Roterdam şäherine çenli gatnaşygy döretdi. Netijede 300 kilometrlik aragatnaşyk Tejen-Saragt-Maşat demirỳoly guwanç bilen: “Demirden ỳasalan ỳüpek ỳoly” ỳagny “Ýüpek demirỳoly” – diỳip nygtady.”
Dünỳä ỳurtlarynyñ esasan hem goñşy ỳurtlarynyñ parahatçylykda näderejede biri-birine bagly bolup arkalaşygynda dürli ösüşlere etilỳändigi şu alnyp barylỳan maksatnamalar mälim edỳär.
Bu Garaşsyz ỳurtlaryñ ỳollaryny Eỳranyñ Günorta regionlaryna ỳagny pars aỳlagy hem Omman derỳalarynyñ port şäherlerine we ikinji bir tarapdan Pakistan, Turkiỳe we Azyrbeỳjan ỳaly goñşy ỳurtlaryna ỳoluñ arasyny gysgaltmak üçin Eỳran Yslam Respublikasy tarapyndan öz içeri şäherleriniñ arasynda demirỳol enjamlaryny çaltlyk bilen gurup ỳola goỳulỳar.
Umuman aỳdylanda berilen proektler esasynda Eỳranyñ ỳurt boỳunça demirỳol seti 23 müñ kilometre barabar bolup durjak ỳagny häzirki wagtdan   /6700 kilometrden/ pesinden 4 esse uzaltjakdyr.

 
          I BÖLÜM : TÜRKMENISTAN-EYRAN YKTYSADY GATNAŞYKLARY
a). Mawy ỳangyç, demir ỳol we senagat gurluşyk meseleler.

Merkezi Aziỳa ỳurtlary üçin “Demir ỳupek ỳoly” söwda gatnaşyklarynyñ has ösmegini we Eỳranda transport dolanşyklarynyñ göwrüminiñ iki esse artmagy ỳaly netijelere getirdi. Deñizden çet ỳurtlarynyñ ỳkdysadyỳetiniñ ösmegi üçin gaz turba çekiliş proektleri hem ỳol aragatnaşyklar ỳaly ähmiỳete ee bolup durỳar.
a). Mawy ỳangyç, demir ỳol we senagat gurluşyk meseleler.  
b). Hazar ỳaka meseleleri:
***********************************************
                * Gaz turba geçiriji  


    1997-nji ỳylyñ 29-njy dekabrynda gaz turba marşrutlary çekildi. Nebit-gaz önümleri geçirmek üçin bu turbanyñ çekilmegi bilen Türkmenistanyñ Gündagaryndaky harytlary geçirmek ugry Maşat-Tejen ỳaly şäherlerden geçip ol ỳollar uly ähmiỳete ee bolỳarlar. Orta Aziỳa ỳurtlarynyñ gazyny geçirmek üçin Eỳran Yslam Respublikanyñ prezidenti Seỳit Muhammet Hatemi bilen onuñ türkmen egindeşleri Türkmenistanyñ prezidenti Saparmyrat Nyỳazow bilen Eỳrana tarap ugrukdyrylan mawy ỳangyç ỳoluny açdylar. Onuñ uzynlygy 200 kilometr bolup Türkmenistanyñ Günbataryndaky Körpeje ỳaly gaz ỳataklaryndan Eỳranyñ Gülüstan welaỳatyndaky “ Kürtkui ” gaz turbasyna baryp birigỳär.
Ilki bilen Türkmenistan bir ỳylda 3 milliard kubametr gaz Eỳrana geçirỳär, ỳöne geljekde bu göwrüm 12 milliart kubametre barabar bolmaly – diỳilỳär.
Şol wagtyñ özünde iki ỳurduñ energiỳa ministrleri / Eỳran-Türk / öz türk egindeşleri bilen 1500 kilometrlik Türkmenistanyñ gazyny Ewropa geçirmek üçin turba marşrutyny Eỳran we Türkiỳäniñ üsti bilen geçirmek proektiniñ protokolyna / bu işi 9 aỳyñ içinde “ Şel ” kompaniỳasy tarapyndan gol çekildi /
Şeỳlelik bilen bu 1,6 milliard dollar çykdaỳjyny göterỳän gaz turbanyñ üsti bilen günde 900 000, kubametr gaz eksport etmäge mümkünçilik döredỳär.
Näçe wagt mundan öñ Türkiỳäniñ premỳer ministri Masud Ýylmaz Türkmenistan bilen Türkiỳäniñ arasynda iki taraplaỳyn bir ylalaşyk şertnama   gol çekişdiler. Bu şertnama esasynda Türkiỳe 2000-nji ỳyldan beỳläk ỳylda 15 milliard kubametr gazy Türkmenistandan alỳar diỳip umyt edildi. Emma halkara syỳahatyñ netijesinde bu şertnama hem doldyryldy. Bu gaz Hazar deñziniñ üsti bilen çekiljek turba marşruty arkaly iberiljekdir. Emma Türkiỳe Eỳranyñ üsti bilen geçirilỳän turbalara iberiljek gaz bilen ylalaşar. Sebäbi Türkiỳe üçin bir milliard dollar sarpaly bolup durar.Şeỳle hem 1991-nji ỳylyñ 22 sentỳabry S.A Nyỳazow Türkmenistan we Eỳranyñ Bajgiran diỳen döwlet serhetinde sadalaşdyrylan geçelge açylmaga bagyşlanan dabara gatnaşdy. Ol Eỳran Yslam Respublikasynyñ Horasan welaỳatynyñ wekillerini regulỳar gepleşikleriñ ỳola goỳuljakdygyna ynandyrdy. Iki ỳurduñ arasynda ykdysady, medeni we beỳleki gatnaşyklaryñ gowy başlangyjy başllanandygyny tassyklady. Şondan bir ỳyl soñy hem Türkmenistan Eỳran serhetinde “ Güdirolum ” / pasgah-e pol / awtoulaglar ỳolunyñ açylmagy hem gatnaşyklara ỳola goỳulmaga hem uly täsir galdyrdy.
Umuman döwrüñ talabyna görä, iki döwletiñ arasyndaky bu gatnayklar netijeli häsiỳetlere eỳe bolup gaỳdỳar. Türkmenistanyñ öz ygtyỳarly döwlet hökmünde günortadaky goñşusy bilen işeññir köp taraplaỳyn hyzmatdaşlyga gyzyklanỳandygy, Türkmen halkynyñ onuñ bilen taryhy kökleri arkaly baglanşyklydygyny, olary milli we ruhy umumylygynyñ birleşdirỳändigi mälim boldy. Şol sanda 1991 ỳylyñ 1-nji dekabrynda Eỳranyñ Aşgabatda ilçihanasy açmagy we Türkmenistanda Eỳran Yslam   Respublikasynyñ   “ Sadrat bankynyñ ”   bölüminiñ açylmagy, Aşgabat-Tähran-Maşat Howa ỳoluna ỳola goỳmak, telegraf, telefon gatnaşyklary döretmek we medeni gatnaşyklary giñeltmegiñ meseleleri alynyp baryldy.
Türkmenistanyñ Garaşsyzlygyna eỳe bolan mahaly Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşyny A.A.Rafsanjany Eỳrana gelip görmäge resmi çakylyk gowşurdy. Bu sapary Eỳran tarapyñ öz ygtyỳarly döwleti kabul etmegiñ doly protokoly boỳunça guramaçydygy munuñam sebäbiniñ diñe bir 21-nji dekabrda Eỳranyñ Türkmenistanyñ garaşsyzlygyny resmi taỳdan ykrar edenligi bilen däl de, Eỳsem täze şertlerde hoşniỳetli goñşyçylykda ösdürmek hyjywynyñ hem bardygy bilen düşündirilỳär.
Nebit gaz ỳataklarynyñ durkuny täzelendirmek, nebit önümleriniñ täzeden işleỳiş enjamlarynyñ durkuny dünỳä ülñülerine ylaỳyk gabatlaşdyrmak ỳaly işler Eỳran bilen bilelikde alnyp barylỳar.
Türkmenbaşy şäheriniñ nebti gaỳtadan işleỳiş hem arassalaỳyş kärhana zawodyny täzeden üỳtgedip gurmak işleriñ alnyp barylyş depgininiñ dowamynda Eỳran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistan Respublikasynyñ arasynda geçirilen şertnama esasynda Eỳranyñ injenerleri benzin ỳangyjynyñ önüm   kärhanasy gurulşygyny 1999-nji ỳylyñ maỳ aỳynda işläp başladylar.
Bu gurluşygyñ baş injeneri Seỳitmahmut Ymatzada “ Jemhury Islami ” habar beriş serişdesiniñ habarçysyna beren gepleşiginde bu şertnama boỳunça proỳektin umumy bahasy 50 million Amerikan dollary we 27 aỳyñ dowamyndaky möhletde iş gutarnykly erine etirilmedi.
Bu blogyñ licenziỳasyny iñlis firmasynyñ birinden satyn alyndy. Onuñ proỳektini doly çyzyp erine etiriş hyzmat işleri Eỳranyñ nebit gurluşyk hem “ Milli injenerlik firmasy ” hem içeri maslahatçysy injeneriñ kärdeşligi bilen alnyp barylỳar.
Şu wagta çenli türkmen jogapkär işgärler proỳektiñ hem işiñ erine etirilip alnyp barylyşy we Eỳranly işgärler hem firmasynyñ iş alyp gidişi hakda, göwnejaỳ diỳip nygtaỳarlar.”
Şeỳle hem Eỳran Yslam Respublikasy tarapyndan ỳollaryñ durkuny täzeleşdirmek we täze magistral ỳollary çekmek, tehniki injenerlik kärdeşlikleri we söwda gatnaşyklary, transport we awtoulaglar hyzmatdaşlyklary barada esli işler amala aşyrylỳar.
Garaşsyz Türkmenistanyñ uly magistral ỳollaryny täzeden çekmek Eỳranyñ   “ Dobral ” firmasynyñ erkinde şertnama esasynda goỳuldy. Bu firma işiñ durkuny has gurply görnüşde alyp barỳarlar. Ol dünỳäniñ halkara ylaỳykda gara ỳollaryna gabatlaşdyrylyp ỳokary hilde işlenip tabşyrylyp dur.
Eỳranyñ metbugatlarynyñ habar bermegine görä, “ Häzirki zaman Eỳran nebit-gaz, ỳol, transport, telefon, oba hojalyk, suw – tok energiỳasy we senagat ugrunda has oñat kärdeşlikleri alyp barỳarlar.”.                  
“ 1998-nji ỳylyñ ỳanwar aỳynyñ başlarynda 1,6 milliard dollarlyk gaz geçiriji proỳekte Orsỳet hem goşulyşỳar ” – diỳip Türkmenistanyñ prezidenti Nyỳazow yglan etdi: “ Eỳranyñ üsti bilen Türkmenistandan Türkiỳe geçirilỳän gaz turba Orsỳet hem goşuljakdyr. Bu iş gaty bir kyn iş däl ,... Sebäbi dünỳä bazary Türkmenistanyñ hem-de Orsỳediñ-de gazyny almaga alyjylyk gurby bar ”.
Bu wakadan bir az öñ 1997-nji ỳylyñ 28-nji dekabrynda Eỳran bilen Türkmenistanyñ prezidentleri 7,5 kilometrlik kabel simynyñ çekiliş proỳektiniñ dabarasyny açdylar. Bu marşrut hem Şanhaỳ şäheri Germaniỳadaky Frankfort şäheri bilen birleşdirỳän Ewroaziỳanyñ / Ewropa-Aziỳa / umumy 17 müñ kilometrlik “ arka Seti ” maksatnamasyna degişlidir. Şeỳlelik bilen Türkmenistan-Eỳran proỳekti Ewraziỳany hem esasy baglanyşdyryş Setine öwrülỳär. Üç ỳurda- da iñ möhüm fundamental energiỳanyñ kämilleỳiş gurluşygy hökmünde gaz satyn almak hakda 1996-nji ỳylyñ awgust aỳynda Eỳranyñ degişli ỳolbaşçylary bilen Türkiỳäniñ baş weziri Ärbakan dagylaryñ aralarynda şertnama baglanyşyldy. Iki ỳurt gol çekilen 20 milliard dollarlyk çykdajyny ylalaşyk esasynda Türkiỳe 23 ỳyl Eỳrandan gaz satyn almaga şert edinỳär. / Ilki başda ỳylda 10 milliard kubametr / Bu ylalaşykda Türkmenistanyñ gazyny Eỳranyñ üsti bilen Türkiỳä geçirmek proỳekti göz öñüne tutulỳar. Şeỳle hem iki döwlet kontra banda we terrorçylygyñ hem garşysyna göreşmegi hakda bir pikire uỳdular.
Şol duşuşyk wagtynda Eỳran bilen Türkiỳe,Töwriz bilen Wan kölüniñ arasyna demirỳöl marşrutyny çekmek hakda hem ylalaşyga gelip ỳokary güỳçli akymda göỳberilỳän elektrik toguny el eterlik edip goỳmaga hem pikir alyşdylar. Bu proỳekt esasynda Eỳrana elektrik toguny Türkiỳä eksport etmäge mümkinçilik döredỳär. Ikinji bir tarapdan Türkmenistan hem Eỳranyñ demirgazyk welaỳatlaryna artyk toguny eksport etmäge şert ỳüze çykỳar.
Şeỳle gatnaşyklar we arkalaşyklar esasynda Türkiỳe Merkezi Aziỳanyñ bazarlaryna we erasty goỳumlaryna / baỳlyklaryna / , Eỳran hem Gara deñiz we Orta deñziniñ port şäherlerine we Türkmenistan-da ỳurdy ösüşe tarap gönükdirmek hem maliỳe serişdelerini üpjün etmek üçin gazyny dünỳä bazarlaryna çykarmak uly mümkinçiliklere eỳe bolỳar.
Ýatlanan üç taraplaỳyn ylalaşyk Eỳranyñ daşary ykdysadyỳet syỳasatlarynyñ biri diỳip hasaplanylỳar. Ol Orta Aziỳadaky garaşsyz ỳurtlar üçin ähmiỳetli orna eỳe bolỳar. Bu ỳurtlardaky erasty baỳlyklary ỳagny nebit we gazdan başgada altyn,kümüş, platyn we beỳleki gymmatly magdanlar syỳasy garaşsyzlykdan öñ Sowet Soỳuzynyñ eksport ỳollaryna bagly bolup geografiki ykdysadyet taỳdan 1991-nji ỳyldaky garaşsyzlygyna garamazdan entek ỳöreỳärdi. Şonuñ üçin bu harytlary dünỳä bazaryna çykarmak üçin täze ỳollary döretmekde Eỳranyñ üstünden has amatly şertler döredỳärdi. Elbetde Eỳran şol mesele taraplaỳyn gadym taryhda hem strategiki orunda durup “ Dünỳäniñ Derwezesi ” diỳlen ada meşhurdyr.            
Sowet Soỳuzynyñ synmagy bilen söwda we önümçiligiñ tappa durmagy hem-de soñky ykdysady dagynyklar sebäp bolup Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eỳe bolanynda-da gazyny satyn alan Ukrain,Gruziỳa,Orsỳet we beỳleki birnäçe ỳurtlar onuñ tölegini tölemäge gurby çatmaỳardy.Şonuñ üçin Garaşsyz Türkmenistanyñ Merhemetli Prezidenti Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy 1997-nji ỳylyñ mart aỳynda bu ỳurtlara gaz bermegi Resmi taỳdan kesdi. Umuman aỳdylanda gazyñ kesilen mahaly 2 milliard Amerikan dollaryndan agdyk pul Garaşsyz Türkmenistana bergidar bolup galdylar. Bu berginiñ ỳarysy Orsỳede degişli bolup durỳardy.Şonuñ üçin 1991-nji ỳyldan beỳläk Türkmenistanyñ gaz önümi 84,3 milliard kub metrden 35,2 milliard kubametre pese düşürildi. 1996-nji ỳyldan 1997-nji ỳylyñ başlaryna çenli bu göwrüm diñe 13,9 milliard kubametre pese düşüp ỳagny 48,6 göterim öñki ỳyllara garanyñda peselip gaỳdỳar.
Şeỳlelik bilen “ Bu turba marşruty   ỳurdumyzyñ   ỳaşaỳaş meselesine öwrül-di ”

          * Nebit önümlerini gaỳtadan işleỳiş senagat toplumy  



Muña garamazdan Türkmenistan 12-13 milliard kubametr gaz baỳlygy bilen bütin dünỳä möçberinde gazyñ uly öndürijisi hökmünde dördünji orny eyeleỳär. Emma bu turba geçirilmedik ỳagdaỳynda gaz önümleri dünỳä bazaryna çykarmak añsat eỳgartmeỳär. Türkmenistanda bolup geçen ylmy derñewler esasynda täze gaz geçiriji turbanyñ çekilmegi bilen önümiñ göwrümini köpeldip ỳylda 100 milliard kubametr gaz eksport etmäge gurby çatỳar. Ýagny bütin eksport girdejileri üç esse ỳokarlanỳar.
Bu üç taraplaỳyn ylalaşyk hakdaky ỳüze çykan indiki mesele proỳektiñ maliỳe serişdesiniñ çeşmesini üpjün etmek bolup durỳardy. Sebäbi halkara pul banky halkara maliỳe şertlerine görä proỳekti maliỳe taỳdan üpjün etmäge erligi ỳok. Şonuñ üçin Eỳran Yslam Respublikasy Garaşsyz Türkmenistanyñ gaz geçiriji turbasynyñ gurulmagynyñ başlanmagyny maliỳe taỳdan üpjün etmeginiñ 80 procentini ỳagny 195 million dollar maliỳeleşdirmegi, birinji üç ỳylygynyñ gaz eksporty bilen tölemek şertinde öz üstüne alỳar. Bu puluñ 70 million dollaryny Türkmenistanda gazy gaỳtadan işleỳiş bloklaryny gurmaga göz öñunde tutuldy. Emma Eỳran-Türkiỳe gaz geçiriji turbany gurnamak üçin iki ỳurt hem öz başyna aỳratyn maliỳeleşdirmegiñ çäresini görỳärler. Ýagny her ỳurt öz içeri gaz turbasyny özleri gurnamagy boỳun alỳarlar.
Türkmenistanyñ gaz geçiriji turba marşrutyny ỳola goỳmakda Eỳranyñ roly Merkezi Aziỳadaky ỳurtlarda has görnükli täsir galdyrdy. Eỳranyñ öñki Daşary işler ministri 1996-nji ỳyldaky Şweỳcariỳada geçirilen “ Krans Montana ” atly ỳygnanşygynda / Konferenciỳa bolmaly / Eỳranyñ öñe gidişlikleri hakda çykyş edende şeỳle belleỳär:... “ Eỳranyñ üsti bilen Türkmenistanyñ gazyny Ewropa geçirmek we ene-de Türkmenistanyñ gazyny Eỳranyñ Demirgazyk welaỳatlarynda ulanmak, mysal üçin, “ Nikä elektrpstanciỳada peỳdalanmak, Aha Renitz “ Aha Renitz ” atly Azerbaỳjandaky nebit koorporaciỳasyna Eỳranyñ goşulyşmagy, Eyranyñ gazyny Nahaçyw, Ermenistan hem-de Gürjüstan we Ukraina geçirmek hem Gazagystanynyñ nebti bilen söwda alyş-çalyş ỳaly maksatnamalary ỳatlasa bolar. Umuman Eỳran Aziỳa bileleşigindäki kärdeşlikler
  boỳunça ikinji sütünde durỳandygyny faktlaỳyn beỳan edilỳär.
Praktikada Eỳran söwda alyş-çalyşyñ bir göwrüminde Orta Aziỳa Respublikalary bilen dünỳä bazarynyñ aralygynda “ arabaglaỳjy ” rolunda durỳar. Şeỳle halatda Türkmenistan ỳa-da Gazagystan öz nebit önümlerini Eỳranyñ Demirgazygyna göỳbermek bilen Eỳran hem şol möçberdäki nebit önümleri eksport edip satỳar. Eỳran bilen Gazagystanyñ aralaryndaky 1996-nji ỳylynyñ gol çekilen ylalaşygy esasynda ilki Eỳran Hazar deñzinden çykarylỳan bir ỳyllyk önümi ỳagny 2 million tonna çig nebtini alyp, Fars / pars / aỳlagyndaky eksport tamojnysyndan / gümrukhanasyndan / şol möçberdäki alynan çig nebtini Gazagystandaky portnỳorlaryna / müşderilerine / geçirỳär. Elbetde söwda alyş-çalyşlaryñ beỳle görnüşi wagtlaỳynça bolup ol turba marşruty kämilleşỳänçä peỳdaly bolup durar. Elbetde bu uzak mütdetli syỳasatyñ maksady bütin region boỳunça turba marşrutyny kämillige tarap alyp barjakdyr. Häzirki görünip duran ỳagdaỳda Gazagystan hem Türkmenistan we Eỳran turba marşrutynyñ gurluşygyna goşulmagy hem mümkindir.
Düỳpli ösüşiñ fundamentleri hökmünde demir ỳol we turba marşruty görnüşdäki aragatnaşygy Merkezi Aziỳanyñ geljek özgerişlikleriniñ ösdürilmegi üçin ykbal çözüji ähmiỳete eỳe bolup durỳar. Ýagny regional gatnaşyklarynda demir ỳol 100 kilometrlik töweregindäki territoriỳany öz / uzaklygynda / içine alỳar. Demirçine alỳar. Demiroluñ öz içine alỳan bu territoriỳany halkara ykdysady aragatnaşyk kärşynaslary oñy “ ösüş dalany ” – diỳip at beripdirler.
Şeỳle hem demirỳoluñ parallelliginde elektrik tok geçiriji, aragatnaşyk serisdeleri, nebit-gaz geçiriji turba marşruty, suw üpjünçilik öüjükleri...ỳaly çäreleri ỳola ugrukdyrylỳar.                
Bu özgerişleri esasynda döredilen täze şäher merkezlerinde senagat üçin erasty magdanlary çykarmak,hojalyk we öỳ-içeri enjamlary üçin atom stanciỳalar arkaly energiỳa beriler.
Düỳpli ösüşiñ fundamentleri hökmünde şeỳle ösüş dalanlary gurnamak pikirleri esasan Türkiỳe bilen Türkmenistanyñ arasyndaky ylalaşyklarda göze ilỳär. Bu aladalaryñ maksady esasan ösüşe tarap ymtylmakdan gözbaş alỳar.  
Umuman aỳdylanda Garaşsyz Türkmenistan dünỳä ösüşleri bilen bir hatarda dünỳä döwletleriniñ arasyndaky geçỳän ähli taraplaỳyn aragatnaşyklara pugtalaỳyn gatnaşỳar. Şol aralykda näçe taraplaỳyn aragatnaşyklary hem öz içine alỳar. Mysal üçin Ermenistan- Türkmenistan, Türkmenistan – Ukrain, Hind-türkmenistan, Päkistan-Türkmenistan we Ýunan / Grek / - Ermenistan... ỳaly kärdeşlikleri agzasy bolar.

    Eỳran – türkmen hemme taraplaỳyn aragatnaşyklarynyñ bir uly göwrümini injenerlik we tehnika kärdeşlikleri öz içine alỳar.Şol ugurda gara ỳol gurmak we galla ambarlaryñ gurulmagy we beỳleki tehniki hünärleri ỳatlasa bolỳar.
Geçirilen ylalaşyklar we şertnamalar esasynda Eỳran Yslam Respublika Garaşsyz Türkmenistanyñ ỳyl saỳyn ösüp barỳan galla önümlerini köp wagtlap saklap ulanmak üçin gurluşykenjamlaryny tabşyrmagy öz üstüne aldylar. Şol ugurda Eỳran hem öz içindäki käbir bank we maỳa goỳum etmezçilikleri we şol ugurdaky bökdençlere garamazdan Türkmenistanda işewür çärelerini alyp bardylar.
Eỳranyñ maỳadar kompaniỳasynyñ pul serişdesiniñ pesligi we onuñ banklara baglylygy hakda ỳüze çykỳan käbir bökdençleri ỳatlap geçeli. Mysal üçin: “ Galla ammarlary ösdüriş Jahad ” / Jahad-e touseỳe-ỳe Silu / firmasynyñ administraciỳa direkciỳasynyñ agzasy injiner Bagaỳi ỳatlanan meseleler boỳunça şeỳle diỳỳär:             “...Şu mesele barada esasy ähmiỳetli göz öñüne tutmaly zat, Banklar firmasynyñ   pul gerekli ätiỳaçlarynyñ kredit nyrhyny 18-den 20 procente çenli üpjün edỳärler. Emma daşary ỳurtlardaky firmalaryñ kredit puluñ gaỳtargysynyñ halkara nyrhy 6 göterim   hasaplanỳar. Ýagny Eỳran firmasy Eỳran bankyndan işi ỳöretmek üçin alỳan kredit maỳasyny öz wagtynda töläninde 18-20 göterim üstüne gaỳtarmak işewür firmalar üçin añsat däl. Bu iki nyrhyñ aratapawudy has köp bolup gaỳtaryp tölemek işewür firmanyñ girdeji gurbundan ỳokary bolỳar. Injiner Bagaỳiniñ aỳtmagyna görä , göz öñüne tutulan proyektleri alyp barmak üçin berilỳän kreditleriñ göterim nyrhy ỳokary bolsa,Eỳran firmalary beỳleki daşary ỳurt firmalary bilen bäsleşik alyp baryp bilmez.”  
Eỳran üçin injinerlik we tehnika hyzmatdaşlyklaryny daşary ỳurtlara eksport etmäge, öñki Sowet Soỳuzyndan öz garaşsyzlygyna eỳe bolan Orta Aziỳadaky ỳurtlaryñ has ähmiỳetli şert döredỳändigine olaryñ eksport- söwda we ykdysady kärşynaslary yglan edỳärler.Olar esasanam Eỳranyñ Demirgazykdaky goñşy ỳurdy Garaşsyz Türkmenistan bilen şol ugurda iki taraplaỳyn aragatnaşyklary ỳola goỳmaga has gyzyklanỳarlar. Olaryñ aỳtmagyna görä,Eỳranyñ bu ỳurtlaryñ her haỳsysy bilen ekeran hojalygy,senagat,söwda gatnaşyklary,ykdysady we tehniki hyzmatdaşlygy ỳola goỳmagy belli derejede ỳokary ähmiỳete eỳe bolỳar. Elbetde geçen senelerde Eỳran dürli sebäpler boỳunça öz injiner-tehniki hyzmatdaşlyklaryny giñeldip alyp barmakda onçakly mäkäm ädimleri bu ỳurtlarda alypbaryp bilmedi. Şonuñ üçin bu ỳurtlaryñ bazarlary Türkiỳe ỳaly beỳleki ỳurtlaryñ erkine geçdi. Orta Aziỳadaky ỳatlanan ỳurtlaryñ arasynda Garaşsyz Türkmenistanyñ aỳratyn geografiki şertleri hem Eỳran bilen serhetdeşlik taỳdan has uly ähmiỳete eỳe bolup durỳar.
Eỳranda çykỳan gazet-jurnallarda maglumatlardan görkezilişi ỳaly Garaşsyz Türkmenistan 488 müñ 100 kwadrat kilometr giñligi taỳdan öñki Sowet Soỳuz Respublikalarynyñ arasynda Orsỳet, Gazagystan we Ukrain ỳaly ỳurtlardan soñ dördünji orunda durỳar. Ýöne bu ỳurduñ 80 göterim meỳdanyny 350 müñ kilometrlik “ Garagum ” çöllügi ỳurduñ demirgazyk we merkezi göwrümini öz içine alỳar.
Eỳran metbugatlary Garaşsyz Türkmenistanyñ ilatynyñ sany taỳdan häsiỳetnama berenlerinde, Türkmenistanyñ 5 million ilatyndan 73,300 göterimi türkmen, esasy ỳurt eỳesi hökmünde görkezilip, olardan soñ ruslar 9,8göterim, özbekler 8,9 göterim, gazaklar 2 göterim we tatarlar, Azyrbaỳjanlar,ermeniler we Ukrainliler bolsa 1 göterim we beỳleki ilatlar bu ỳurtda ỳaşaỳarlar.    
Şeỳle hem bu ỳurduñ iñ möhüm önümleri gaz bilen pagta bolup 1991-nji ỳylyñ garaşsyzlygyndan soñ ỳurduñ ykdysadyỳetiniñ esasy pudagy we daỳanjy hasaplanỳar.

        *Türkmenistanda nebit-gaz gaỳtadan işleỳiş ulgamlary

    Geografiki şerti boỳunça bu ỳurduñ üstünden uzak gündogar Aziỳany Ewropa ỳurtlaryna baglanyşdyrỳan ỳüpek ỳolunyñ geçmegi hem-de Hazar deñziniñ gyrasynda erleşip Garadeñze çenli deñiz ỳolunyñ gatnaşyklary we pars aỳlagy hem Amman deñziniñ yssy suwlaryna Eỳranyñ üsti bilen ỳol açylmagy sebäp bolup Türkmenistan ỳurdunda, regionda bir uly merkezleşen tranzit nokada öwrülmäge gerekli erlikler döräp dur.   Şeỳle şertler we ỳerlikleri göz öñüne tutulyp bu ỳurduñ döwlet ỳolbaşçylary uly proỳektleri ỳurt maksatnamalaryna girizdiler.

                        *Dünỳä boỳunça ỳüpek ỳolynyň ugurlar


  Şeỳle proỳektleri alyp barmagyñ ugrunda daşary ỳurt firmalary öz aralarynda bäsleşikler alyp barỳarlar. Şeỳle maksatnamalary ỳerine ỳetirilmegiñ ugrunda häzir Franciỳa, Germaniỳa, Ýaponiỳa, Türkiỳe we... ỳurtlardan dürli firma-kompaniỳalar öz proỳektleri bilen girişỳärler. Mysal üçin: aỳroportyñ / howa ỳollarynyñ / gurluşygyny, Türkmenbaşy deñiz port ỳollarynyñ täzeden gurmak we giñeldiş gurulşygy, uly-kiçi hoteller we myhmansaraỳlar, garaỳol we demir ỳollaryñ durkuny täzelemek we giñeldiş çäreleri gurulyp ỳerine ỳetirilip dur.
Şeỳle hem Eỳranyñ metbugatynda şeỳle sözlemlere hem gabat gelỳäris:
    “Ýatlanan özgerişleriñ näderejede ähmiỳetli alynyp barylỳandygyny göz öñüne getirmek üçin Türkmenistanyñ paỳtagty Aşgabat şäherindäki geçip duran gurulşyklary göreniñde, ỳurdy täzeden bina etmegiñ we ykdysadyỳetini ösdürmegiñ ugrunda ỳurt ỳolbaşçysynyñ ỳurdy ösüşe tarap alyp barmakda we özgerişleri barha ỳokarlandyrmakda çynlakaỳ eradasynyñ bardygyny mälim edỳär.”
Bu ỳarym million ilatly şäheriñ çet gyralaryna seredip görseñ, gyrasynda suw çüwdirim hem şaglap inỳän şarlawuklar bilen bezelip salynan täze-täze binalardyr ymaratlar her bir täze geleniñ ünsüni özüne çekip abadan geljeklerinden buşluk berỳär. Bu alynyp barylỳan üỳtgedip gurmagyñ garmoniỳasynyñ şeỳle bir tizligi hakda aỳdylanda welin,Aşgabat şäheriniñ şu günki keşbi dört ỳyl mundan owalky bolşy bilen deñeşdirer ỳaly däldir.
    Şu ỳerde bir zady bellemek gerek. Ol hem ỳüzlerçe kilometr deñiz hem toprakly ỳer serhetdeşligi we dini, medeni hem taryhy ortak miraslary sebäpli Eỳran bilen Türkmenistanyñ arasyndaky aragatnaşyklary, garaşsyzlygyñ ilkinji pursatlaryndan ỳokary derejede başlanyp, bu dostluk we doganlyk galtaşmalary günsaỳyn ösüp hemme taraplaỳyn giñeldilip gaỳdyldy.
    Şeỳle etaplaryñ dowamynda häzir Eỳran, Türkmenistan bilen nebit, gaz, ỳol transport, telefon aragatnaşyklary, oba hojalygy, tok-elektrik, suw we senagatyñ dürli görnüşlerinde kärdeşlik we hyzmatdaşlyk edip gelỳär. Şulara garamazdan käbir işewürlerimiziñ aỳtmagyna görä,entäk bu ỳurduñ bazar ykdysadyỳetide we iş meỳdanlarynda gerekli we islendik orna eỳe bolup bilmän barỳarys.
Şu mesele hakda EỳranYslam Respublikasynyñ Garaşsyz Türkmenistandaky doly ygtyỳarly ilçisi şeỳle   ynam bilen gürrüñ berỳär:
“ Iki ỳurtda ỳola goỳlan şeỳle gatnaşyklaryñ derejelerinde Türkmenistanyñ ykdysadyỳet özgertmelerine goşant goämak we Eỳranyñ paỳyna düşỳän iş dolandyryş meỳdanlarynda özüñi görkezmeli.”          
    Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eỳe bolandan soñ eỳranlylar ilkinji bolup bu ỳurduñ bazarlarynda esasy rol alyp bardylar. Emma olar söwdanyñ halkara kada-kanunlaryna näbelet bolandyklary sebäpli kem-kemden bazar meỳdanlaryny beỳlekiler eỳelediler.
Bu meselelere garamazdan bir zady ỳatlap geçeli: Eỳran firmalary berilen plan-proỳektleri erine etirmekde Türkmenistanyñ ägirt bazar ykdysadyỳetinde aỳgytly ädimleri ädip görnükli üstünlikleri gazandylar. Şolaryñ arasynda “ Jahad sazändägi ” firmasynyñ 6 sany uly göwrümdäki galla ammary / silu / gurluşygyny ỳatlasa bolar.
Türkmenistany geçen ỳyllarda diñe bir pagta önüminiñ hatarynda däl-de, kem-kemden dürlileşdirilen hojalyk önümlere gönükdirildi. Şunlukda häzir bu ỳurt 1,5 million tonna bugdaỳ önümi bilen bu önüm boỳunça   üpjünligiñ hetdine etdi.
    Iş meỳdanyndakylaryñ aỳtmagyna görä, şeỳle ỳörelgäniñ ugur almagy bilen basym geljekde galla ammar gurluşygy Türkmenistan döwletiniñ öñ maksatnamalaryna öwrüljekdigi ikiuçsyz görünỳär. Şu ugurda Eỳran galla ammar gurluşygynyñ tehnologiỳasyny gurujy ỳurt hökmünde şeỳle proỳektleri alyp barmagy öz üstüne alyp bilỳär.
Häzirki zamanda 180 tonnalyk göwrümdäki 6 sany demir gaply galla ammary Eỳranyñ “ Jahad –e touseỳe ” firmasynyñ specialistleri tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanda gurluşykda alynyp barylỳar.
Bu galla ammarlarynyñ gurluşyk obỳektiniñ proỳektlerini Eỳranyñ şol bir wagtdaky prezidenti Haşemi Rafsanjany, öz Türkmenistana eden saparlarynda bu ỳurduñ Prezidenti jenap Agaỳe Nyỳazow bilen geçiren gepleşikleriniñ esasynda hödürledi. Şeỳle hem bu ỳurduñ ỳokary derejeli ỳolbaşçylary şu ugurda Eỳranly firmalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmalar duỳdurdylar. Şeỳle ỳörelgeleriñ yzysüre ỳola goỳulan söwda palatalary boỳunça 16 ỳurt ỳagny Amerika,Germaniỳa we Türkiỳe ỳaly ỳurtlaryñ arasynda utyjy bolup saỳlandy.    
  Öñde belläp geçişimiz ỳaly “ Eỳran-Türkmen ” hemme taraplaỳyn aragatnaşyklarynda ençeme gezek geçirilen belli-belli wagtlarda şeỳle döwletli gepleşikler ỳola goỳuldy.
Türkmenistanyñ galla ammar gurluşyk proỳektleri mündiri mähendes Täwäkkoli şeỳle diỳỳär: 1374-nji h.ş. ỳyldaky iki ỳurduñ aralarynda ylalaşyknama gol çekilenden soñ ỳagny iki taraplaỳyn şertnamanyñ 15 procenti öñitöleg hökmünde eỳranly galla ammar gurluşygyna tölenmegi ylalaşylandan soñ bu iki taraplaỳyn / Eỳran-Türkmenistan / şertnamasy birnäçe mütdetden soñ 3 taraplaỳyn şertnama / Eỳran-Türkmenistan we Ukrain / öwrüldi. Şunlukda proỳektriñ dürli etaplarynyñ ỳerine ỳetirilmegini tassyklanandan soñ Türkmenistan Ukrainanyñ üsti bilen tölenmegi ỳerine ỳetirildi.
Ol gürrüñini şeỳle dowam edỳär; Emma işi yzygiderli alyp barmaklaryñ dowamynda bu ugurdaky şertnama täzeden iki taraplaỳyn bolup durdy. Elbetde bu meseleler5 öz wagtynda çözgüdini tapynça galla ammaryñ gurluşygynyñ ỳerine ỳetiriliş işlerinde 3 ỳyllyk bökdenç döretdi. Şunlukda 1377-nji / 1999-m.ỳ. / ỳylda akradetiw / LS / görnüşdäki bank arkaly pul dolanşygyny ỳola goỳuldy.
Şeỳlelik bilen bu halkara standartlar bilen gabatlaşdyryly ỳokary tehnologiỳadan peỳdalanylyp guruljak galla ammarlar “ Ýaşlyk ”, “ Gyzylarbat ” /Serdar/, “ Daşoguz ”, “ Baỳramaly ”, “ Gulanly ” we “ Parahat ” ỳaly ỳerlerde 16,2 million amerikan dollarlyk bahasy bilen gurluşyk işlerine girişip başlandy.
    Işewürleriñ aỳtmagyna görä, galla ammarlaryñ gurluşygynyñ uly kynçylyklarynyñ biri bu ỳurduñ topragyna esasan Mary welaỳatynyñ ỳerine degişli suw howdanlaryñ ỳer ỳüzüne has ỳokary ỳakyn bolany sebäpli ỳeri çuñlaşdyrma mümkinçiligi bolmady. Şeỳle hem “ Ýaşlyk ” ỳaly ỳerlerde ỳagyş suwlary oturan wagtlarynda toprakda gerekli mäkämlik bolmadygy sebäpli dürli çäreler bilen ỳeriñ durkuny gowlaşdyrdylar.
    Bu ugurda ỳene bir zady belläp geçeliñ. Galla ammarlaryñ proỳektleri, gurluşygy we onuñ hem gerekli iş enjamlary eỳranly işewür hünärmentleri tarapyndan ỳerine ỳetirildi. Ýöne welin bu galla ammaryñ demir sklediniñ gurluşygy we onda ulanylỳan gurluşyk materiallarynyñ çylşyrymlylygy sebäpli halkara iş dolandyryş aragatnaşyklaryñ üsti bilen Ispaniỳaly bir firmanyñ hütdesinde goỳuldy.
    Baỳramaly we Parahat şäherleriniñ galla ammarlar gurluşygynyñ ỳerine ỳetiriji jogapkär işgäri Mähändes Ýusubalynyñ aỳtmagyna görä, “...Şeỳle halatlarda Ispaniỳaly hünärmentleri her bir sany galla ammaryñ daşky demir keşbiniñ guruluş möhletini 3 aỳ diỳip yglan etdiler, emma bu işi eỳranly hünärmentleri 45 günüñ dowamynda işläp ỳerine ỳetirdiler.”
    Ol sözüniñ dowamynda şeỳle diỳỳär: “ Eger gerekli enjamlar wagtly-wagtynda üpjün bolan suratda, dikeltmek işleri hatda ỳatlanan möhletden hem az wagt alar ”.
    Türkmenistanyñ galla ammar gurluşygy proỳektleriniñ müdiri Mähändes Täwäkoly / Töwekguly / şeỳle diỳỳär: Bu awtomat enjamlary bilen özleşdirilen we kompỳuterler bilen kontrollyk edilỳän galla ammarlary beỳleki ỳurtlaryñ gurnaỳan galla ammarlary bilen deñeşdireniñde ỳokary hilli tehnikada orun tutỳar.Onda bugdaỳlar ammarlaryñ arasynda iki ỳana daşalanda owranỳar. Hem-de her öỳjükde gapgarylan bugdaỳlaryñ agramyny her bir şertde taỳyn edip agramlap bolỳar. Şol halatda öỳjükler howa temperaturasyny ölçeỳỳän ulgamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.....
    Diñe bir Mary welaỳatynda takmynan 430 mỳñ tonna bugdaỳ önüminiñ           / bütin jemi önümden ikiden bir bölegi / öndürilmegi hem onuñ üstesine ỳyl saỳyn bu önümiñ ỳokarlanma procesi sebäpli Türkmenistan döwleti bugdaỳ goỳumlary saklamak üçin uly göwrümdäki galla ammarlara aỳratyn üns berỳär.Şonuñ üçin hem jemi 6 sany galla ammarlardan 3 sanysy Eỳranyñ “ Jahad –e sazändegi ” firmasynyñ tarapyndan “ Baỳramaly ”, “ Gulanly ” we “ Parahat ” ỳaly ỳerlerde salynypdyr.
    Häzirki döwürde bu8 welaỳatda galla ammarlaşdyrma göwrümi bir ỳüz müñ tonna bolup Eỳran bilen Türkiỳäniñ tarapyndan işdäki gurluşykda gurlup duran galla ammarlary hasaba alanymyzda bu göwrüm 200 müñ tonna barabar bolỳar.
“ Baỳramaly ”, “ Gulanly ” we “ Parahat ” ỳaly ỳerlerdäki gurulyp duran galla ammarlarynyñ Türkmenistanly gözlegçisi Derỳaguly Ýazyỳewiñ aỳtmagyna görä, bu welaỳatdaky bugdaỳ önüminiñ ösüşini göz öñünde tutup göz öñüne getirseñ bu önümiñ mukdary 2010-njy ỳyla çenli bir million tonna baryp ỳeter. Şonuñ üçin biz gallalaryñ ammarlaşdyryş göwrümini artdyrmaga mejburdyrys.    
Eỳran bilen Türkmenistanyñ arasynda Garaşsyzlygymyzyñ ỳalkymynyñ ilkinji şöhleleri nur saçyp başlandan iki ỳurduñ arasynda ilkinji gatnaşyklar ỳola goỳulyp gaỳdyldy. 1990-njy ỳylyñ 12-nji oktỳabrynda S.A. Nyỳazow Eỳran Yslam Respublikasynyñ Mazenderan we Horasan welaỳatlarynyñ delegaciỳalaryny ỳagny Mazenderan welaỳatlarynyñ gubernatory Seỳid Ysmaỳyl Manewiniñ baştutanlygynda işjeñ toparlarynyñ wekilleri, söwda we kooperatiw kärhanalaryñ ỳolbaşçylaryny kabul etdi. Myhmanlar Türkmen topragynda bolmakdan galan täsirleri barada gürrüñ berdiler,aỳtmaklaryna görä,olar dürli gepleşikleri ỳola goỳmak we ösdürmek üçin bu ỳerde amatly ỳagdaỳa düşüpdirler. TSSR bilen Eỳran Yslam Respublikasynyñ iki welaỳatynyñ arasynda söwda-ykdysady,ylmy-hehniki we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen protokola gol çekildi.  
    Saparmyrat Nyỳazowyñ 1995-nji ỳylyñ 4-nji iỳulynda Eỳran Yslam Respublikasyna sapary wagtynda taraplar Körpeje-Gurtguỳy / Kürtkui / turba geçirijisiniñ taslamasyny taỳarlamak we ony gurmak barada ylalaşyga geldiler. Türkmenistanyñ dünỳä bazaryna çykmagy üçin özboluşly derweze bolan Eỳran bu energiỳa ỳolunyñ taslamasyny işläp düzmegi we desgany ulanmaga taỳarlamagy borç edindi. Gaz ỳatagynyñ gurluşygynyñ we 140 kilometrlik turba geçirijisini çekmegiñ 80 procentini maliỳeleşdirmegi öz üstüne aldy.Türkmenistan 25 ỳyllap Eỳrana her ỳylda 8 milliard kubametr gaz bermegi we Eỳran gaz satyn alyp ugranyndan üç ỳyl geçenden soñ,onuñ türkmen territoriỳasynda gaz geçirijisiniñ toslamasyny taỳarlamak we gurmak üçin çykaran maliỳe çykdajysyny tölemäge kepil geçirỳär.
Şeỳlelikde “ Türkmen –Eỳran ” partnỳorçylygy syỳasy durnuklylyk fakturyna öwrülip,regionda döwletara gatnaşyklarynyñ ösdürilmegine hyzmat edỳär.
    Türkmenistan tarapyndan gözegçilik edỳän bu işgär,eỳranlylaryñ tarapyndan gurnalyp durlan galla ammarlaryñ hil taỳdan göwnejaỳlygy hakda gürrüñ berip şeỳle diỳỳär: Eỳranlylaryñ gurnaỳan galla ammarlarynyñ bahasy mynasyp,gurlup tabşyrylma möhletiniñ gysgadygy,dikeldiliş çäreleriniñ mynasypdygy ỳaly aỳratynlyklary bar.
    Şu ỳerde bir zady ỳatlamak gerek eỳranlylaryñ galla ammar gurlyşyk proỳektleriniñ ỳerine ỳetiriliş hakda,türkmen taraplarynyñ ỳokary derejede göwnejaỳ kanagatlanmalaryny gazananlygy üçin galla ammarçylyk gurluşygy ugrunda ỳene-de birnäçe täze şertnama bu firmanyñ öñünde goỳuldy.Emma käbir görnüp duran bökdençler ỳagny işgärleri çagyryş meselesi pul çykdajylaryny goỳberiş kynçylygy, ỳokary hilli gurluşyk materiallarynyñ ỳoklugy şeỳle proỳektleriñ dowam etdiriş etabyna gereksiz täsirleri galdyrỳar. Elbetde häzirki alnyp barylỳan galla ammar gurluşyklary hakda hiç hili esasy kynçylyk ỳüze çykmady.
    Türkmenistanyñ galla ammar gurluşyk proỳektleriniñ direktory şeỳle diỳỳär: Aşgabat şäheriniñ 50 kilometr ỳakyndaky “Ýaşlyk” galla ammary 91 procent ösüş bilen ỳakyn geljekde şeỳle hem Baỳramaly 94 procent,Gulanly 91 procent,Parahat 97 procent,Gyzylarbat 90 procent we Daşoguz 60 procent fiziki ösüşi bilen üstümizdäki ỳylyñ aỳaklaryna çenli tamamlanyp tabşyrylar.
    Türkmenistan özüniñ daşary syỳasatynda Eỳran Yslam Respublikasy bilen birek-birege doly düşünişmek we ynanyşmak esasynda ỳola goỳlan hemme taraplaỳyn gatnaşyklary ösdürmäge aỳratyn üns berỳär.Medeniỳet,däp-dessur bu iki halky diỳseñ ysnyşdyrỳar. Bu bolsa ykdysady integraciỳany mundan beỳläk-de ilerletmek üçin gowy esasdyr.Olaryñ arasyndaky gatnaşyk konstruktiw söwda we tehniki hyzmatdaşlygyñ senagat we oba hojalygy babatda, nebit,gaz pudagyny,bank işlerini we transport kommunikaciỳalaryny ösdürmek,turba geçirijileriñi gurmak,gumanitar meseleleri ylalaşykly çözmek babatda birek-birege işjeñ goldaw bermegiñ ajaỳyp nusgasy bolup biler. “Eỳran diñe bir hoşniỳetli goñşymyz bolman,eỳsem ol ägirt potencialy we infrastrukturasy bolan beỳik döwletdir hem,bu bolsa bizde uly gyzyklanmadöredỳär”   –diỳip,Saparmyrat Türkmenbaşy belleỳär.
        Eỳran-türkmen hemme taraplaỳyn gatnaşyklary ösdürmegiñ ugrunda ilkinji gezek 1991-nji ỳylyñ 11-nji sentỳabrynda S.A.Nyỳazow Eỳran Yslam Respublikasynyñ adatdan daşary we doly ygtyỳarly ilçisi Nematulla Izadyny kabul etdi.Söhbetdeşlikde konsullyklaryñ açylmagynyñ, soñra goñşy ỳurtlarda ilçihanalaryñ açylmagynyñ zerurlygy bellenildi. Ilçi: “-Eỳranyñ halky we ỳolbaşçylygy TSSR-iñ prezidentiniñ baştutanlygynda türkmen delegaciỳasynyñ Resmi saparyna garaşỳarlar!”-diỳip aỳtdy. Edil şol wagtlarda Saparmyrat Türkmenbaşy Eỳran Yslam Respublikasynyñ ỳörite söwda sergisini açmak üçin Aşgabada gelen döwlet delegaciỳasynyñ bir toparyny kabul etdi. Delegaciỳanyñ wekilleri Eỳran welaỳatlary bilen TSSR-iñ arasyndaky ykdysady hem söwda ylalaşyklarynyñ esasan ỳerine ỳetirilỳändigini bellediler.    
    1991-nji ỳylyñ 22-nji sentỳabry S.A.Nyỳazow halkara Howdan geçelge nokadyna SSSR-iñ döwlet serhedinde sadalaşdyrylan geçelge açylmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. Ol Eỳran Yslam Respublikasynyñ Horasan welaỳatynyñ wekilleri regulỳar gepleşikleriñ ỳola goỳuljakdygyna ynandyrdy.Iki ỳurduñ arasynda ykdysady we beỳleki gatnaşyklaryñ gowy başlangyjynyñ başlanandygyny tassyklady.TSSR-iñ prezidenti we Horasan welaỳatynyñ baştutany Aly Jennetini bazaryñ geljekki jaỳynyñ ilkinji kerpiçlerini goỳdular.
Açyk ỳoluñ dostluk we agzybirlik ỳoluna öwrüljekdigine biz ỳnanỳarys. “Biz halklarymyzyñ arasyndaky hoşniỳetli goñşuçylyk gatnaşyklarynyñ gitdigiçe pugtalanmagy üçin jan ederis”-diỳip S.A.Nyỳazow aỳtdy.
    1371-nji h.ş. ỳylyñ ỳaz aỳlarynda Aşgabatdaky geçirilen ỳygnaklaryñ yzysüre Hazar deñziniñ gyrasyndaky ỳurtlaryñ hyzmatdaşlyk guramasynyñ döredilmegine tamamlaşdy.   Şeỳle hem 70-10-28 –nji h.ş. ỳylda                 Azyrbaỳjan,Türkmenistan,Özbegistan,Täjigistan we Gyrgyzystan ỳaly ỳurtlar “EKO” birleşigiñ agzalygyna girdiler.  
    Milli garaşsyzlygymyzyñ 10 ỳyllyk toỳunyñ giñ möçberli baỳram edilen meselesi bolan üstümizdäki ỳylda / 2001/ işe girizilen Kregingi /MSSC/ binasynyñ bir özi ỳokary hilli ỳangyç önümleri bilen birlikde,her ỳylda ỳangyç gazynyñ 60 müñ tonnasyny, suwuklandyrylan gazyñ 345 müñ tonnasyny işläp çykarmaga ukyplydyr.Şonuñ bilen birlikde nebtiñ katalilik riformingi ( Sisiỳar ) hem çig mal gaỳtadan işlenende “ Mawy ỳangyjyñ ” ỳer-eỳeli möçberi bölünip çykỳar.
    Bu bolsa, maddy bähbit gazanmakda,nebit önümleri bilen birlikde “Mawy ỳangyjyñ ” orny, paỳyny artdyrmaga-da giñ mümkinçilik açỳar.
    Şu jähetden suwuklandyrylan gazy müşderilere ỳetirmekde demir ỳol ulgamynyñ we nebit kärhanasynyñ ysnyşykly işlemeklerini döwür talap edỳär.
    Bu wajyp önümçilik toplumyny goñşy Eỳran döwletiniñ “ Pars enerji ” firmasy paỳ gatnaşygynda amala aşyrdy. /türk/
Gaz terminallarynda polat ỳoldaky ak çelekleriñ birbada bir näçesine “mawy ỳangyç” guỳmaga mümkinçilik bar. Bu bolsa,türkmen gazyny içeri we daşary bazarlaryna ỳetirmekde polat geçirijiler bilen birlikde ỳene täze ugruñ rowaç alandygynyñ ynamdar kepilidir.
Ýeri gelende aỳdylsa, demir ỳol gaz terminaly “Pars enerji ” firmasy tarapyndan bu ỳerde gurulan ikinji desgadyr. Şolaryñ birinjisi awtogaplara “mawy ỳangyç ” guỳmaga niyetlenendir.Ýurt garaşsyzlygynyñ öñ ỳanynda işe girizilen bu bähbitli desga häzir sazlaşykly işläp dur.  
    Şeỳle hem “ Türkmenistan ” gazetiniñ 2001-nji ỳylynyñ 13-nji noỳabryndaky ikinji sahypada “Türkmen demir ỳoly ” Altyn asyrda täze ỳollar uzalỳar” atly makalada türkmen demir ỳol gurluşykçylaryñ irmän işleỳändikleri hakda we bu ỳoluñ ỳokary ähmiỳetiniñ bardygy we abadan geljegi göz öñüne getirỳändigi hakda giñden söhbet açylỳar.

    Ýatlanan makalada görkezilişi ỳaly 10 ayyñ dowamynda türkmen demir ỳoly boỳunça ỳukleriñ 9,4 million tonnasy daşaldy. Munuñ özi geçen ỳylyñ degişli döwri bilen deñeşdirilende 20 göterim köpdür. Ýolagçylaryñ 2,7 milliony gatnadylar. Bu bolsa,2000-nji ỳylyñ görkezijisinden 22 göterim artykder.
Türkmen demir ỳolçylary halkara we sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen täze gatnaw ỳollarynyñ açylmagyna ỳardam edỳärler. YHG –nyñ taslamasy boỳunça indiki   ylyñ başynda Almata-Daşkent-Türkmenabat-Sarahs-Tähran ỳoly boỳunça ỳolagçy otlynyñ gatnawyny açmak göz öñünde tutulỳar. Geljekde bu ỳol Stambula çenli uzaldylar. Diñe Tährana çenli bu ỳoluñ uzynlygy 3,5 müñ kilometrden geçer.Onuñ 470 kilometri Türkmenistanyñ çäginden geçer.
    Şeỳle hem “Türkmenistan” gazetinde “türkmen döwlet habarlar gullugynyñ söhbetdeşligi” gazet bölüminde “ Türkmenistan hem Eỳran ygtybarly hem-de deñ hukukly hyzmatdaşlardyr ”–diỳlen söhbetdeşlikde, Eỳran Yslam Respublikasynyñ Garaşsyz Türkmenistandaky adatdan daşary doly ygtyỳarly ilçisi jenap agaỳi Seỳidibrahim Derazgisunyñ söhbetdeşligi göỳberilỳär. Şonda dostlukly Eỳran halky 11-nji fewralda özüniñ uly milli baỳramçylygyny belleỳändigini nygtalyp söhbetdeşligiñ dowamynda şeỳle beỳanlar gabat gelỳär.
    “...Döwlet işlerine daşyndan gatyşylmagyny ret edỳän garaşsyzlygyñ pugtalandyrylmagy, sada adamlaryñ öz ykbalyny özleriniñ çözmegini kepillendirỳän täze konstituciỳasynyñ berkarar edilmegi, elbetde, iñ uly üstünlikdir. Yslamyñ esasynda berkarar edilỳän kanunlar bütin halkyñ ses bermeginde dört ỳyl möhlete saỳlanylan “Yslam geñeşiniñ Mejlisiniñ” deputatlary tarapyndan düzülỳär.
    Ol sözüniñ dowamynda şeỳle diỳỳär: “...uly möçberli durmuş maksatnamalaryñ amala aşyrylmagy, milli senagatyñ, ylmyñ, bilimiñ,saglygy goraỳşyñ ösdürilmegi, häzirki zaman tehnologiỳalarynyñ özleşdirilmegi,ỳokary hünärli hünärmenleriñ taỳỳarlanylmagy,ỳokary okuw jaỳlarynyñ we ylym merkezleriniñ sanynyñ artdyrylmagy örän gysga möhletlerde önümçiliginiñ artdyrylmagyna hem-de halkyñ maddy hal-ỳagdaỳynyñ ỳokarlandyrylmagyna mümkinçilik berdi.”
    Şeỳle hem taryhy we medeni geografiki hem dostlukly gatnaşyklar hakda jenap agaỳi Derazgisu şeỳle gürrüñler berỳär....Umuman gadymy taryhy,medeni we geografik kökler,gürrüñsiz biziñ halklarymyzy ỳakynlaşdyrmagynyñ esasyna öwrüldi.Taryhyñ pajygaly wakalaryna garamazdan şu ençeme asyrlaryñ dowamyndaky aragatnaşyklar ỳitip gitmedi,olar täze şertlerde gaỳtadan dikeldildi we hyzmatdaşlygy hemme taraplaỳyn ösdürmäge kuwwatly itergi berdi.Biz iki taraplaỳyn gatnaşyklary has-da güỳçlendirmek üçin tagalla baryny edỳän biziñ ỳolbaşçylarymyzyñ zähmetiniñ şaỳadydyrys.
    “...Söwda, ulag we nebit-gaz toplumy, awtomobil ỳollarynyñ hem-de agrosenagat desgalarynyñ gurluşygy ỳaly möhüm pudaklarda eỳäm durmuşa geçirilen we täze bilelikdäki taslamalar döwletleriñ ikisiniñ hem özara ynanyşmak, birek-birege hormat goỳmak we iki tarapa hem peỳdalylyk ỳörelgelerinde netijeli özara gatnaşyklary alyp barmaga meỳil edỳändiklerine şaỳatlyk edỳär. Hyzmatdaşlygy giñeltmekde Türkmenistanyñ we Eỳranyñ ägirt uly mümkinçilikleri bar. Munuñ özi bütin sebit üçin hoşniỳetli doganlyk goñşyçylyk gatnaşyklarynyñ mysalydyr.”
    “...Eỳran we Türkmenistan daşary syỳasy pikirleriñ hem-de ỳörelgeleriñ mazmuny boỳunça umumy ỳa-da biri-birine örän ỳakyn ỳörelgä eỳerỳärler. Döwletiñ ikisi-de sebitde we dünỳäde asudalygyñ hem-de durnuklylygyñ ỳola goỳulmagy ugrunda çykyş edỳär”. Olar beỳleki ỳurtlaryñ içerki işlerine gatyşmazlyk, halkara ylalaşyklarynyñ berk ỳerine ỳetirilmegi, şeỳle hem dünỳä meseleleriniñ umumy ylalaşyklylyk we birek-birege hormat goỳmak şertlerinde çözülmegi babatyndaky ỳörelgelere eỳerỳärler.
    Biziñ ỳurtlarymyz häzir halkara guramalarynyñ çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edỳär.Olaryñ arasynda bolsa,BMG,EKO Yslam konferenciỳasy guramasy /YKG/ we beỳleki guramalar bardyr.Bizi sebitara ulag,energetiki desgalar taslamalary birleşdirỳär.Biziñ ỳurtlarymyz ähli halklaryñ arasynda aragatnaşyklary hemme taraplaỳyn ösdürmegiñ we çuñlaşdyrmagyñ tarapdarydyr.
“...Her bir ỳurduñ baỳlyklaryny iki topara bölmek bolar.Maddy we ruhy baỳlyklara.Türkmen halkynyñ hakykatdan hem örän uly maddy we ruhy mümkinçilikleri bar Türkmenistanyñ Prezidentiniñ üstünligi,durmuşa geçirỳän örän möhüm döwlet maksatnamalaryny öz gözüm bilen görỳärin.Şu maksatnamalar bolsa,türkmen döwletiniñ dünỳä bileleşiginiñ öñündäki abraỳyny ỳyl saỳyn artdyrỳar.Gazyñ,nebitiñ we beỳleki tebigy serişdeleriniñ ägirt uly guramalaryny ỳylsaỳyn güỳçlendirilỳän oba hojalyk we senagat önümçiligi,esasy zat bolsa,biziñ halkymyzyñ zähmetsöỳỳerligi hem-de maksada okgunlylygy onuñ geljeginiñ rowaçlanmagyny üpjün eder diỳip,men pikir edỳärin...
  Türkmenistan bilen goñşy we onuñ bilen netijeli hyzmatdaşlyk edỳän doganlyk ỳurduñ ilçisi bolmak bilen Türkmenistanyñ Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşa we bütin türkmen halkyna özümiñ iñ gowy arzuwlarymy aỳtmak isleỳärin.

                          * Eỳranda demirỳol ulgamlaryn
                        täzeleşdiriş tapgyrdan soňky kartasy



  Türkmen-Eỳran gatnaşyklarynda iki döwletiñ ỳurt ỳolbaşçylary Türkmenistanyñ garaşsyzlygynyñ birinji etaplaryndan başlap dürli ỳörelgelerde iş alyp barmagyñ ỳerligini taỳyn etmek üçin yzygiderli gepleşikleri alyp bardylar.
    1991-nji ỳylyñ I-nji bitarap aỳynda S.A.Nyỳazow Eỳran Yslam Respublikasynyñ daşary işler ministri Aly Ekber Welaỳaty bilen duşuşdy we oña Türkmenistanda bolup geçen özgerişlikler barada gürrüñ berdi, iki döwletiñ arasynda döräp gelỳän gatnaşyklaryñ netijeli häsiỳete eỳe bolỳandygyny belledi we olaryñ mundan buỳana-da üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.Türkmenistanyñ öz ygtyỳarly döwlet hökmünde günortadaky goñşysy bilen işeññir we köp taraplaỳyn hyzmatdaşlyga gyzyklanỳandygyny, türkmen halkynyñ onuñ bilen taryhy kökleri arkaly baglanyşyklydygyny, olary milli we ruhy umumylygyñ birleşdirỳändigini belledi. A.A.Welaỳaty iki ỳurduñ arasyndaky syỳasy we ykdysady gatnaşyklary mundan buỳanada ösdürmäge hyjuwlydygyny we Eỳran Yslam Respublikasynyñ milli bankynyñ bölümini açmagy karar edendigini aỳtdy. Gürrüñiñ gidişinde Tejen-Sarahs-Maşat demir ỳoluny gurmagyñ, Aşgabat-Tähran howa ỳoluny açmagynyñ, telegraf-telefon gatnaşygyny döretmegiñ,medeni gatnaşyklary giñeltmegiñ meselelerine hem seredildi.  
    Ençeme asyrlap garaşsyz hukugyndan mahrum edilen türkmen halky öz garaşsyzlygyna eỳe bolan günlerinden Eỳran Yslam Respublikasy ilkinjiler hatarynda Türkmenistanyñ garaşsyz hukugyny ykrar eden döwletleriniñ biri bolup durỳar. Şondan bäri Türkmen-Eỳran gatnaşyklary barha ỳygylaşyp başlandy. Şeỳle gatnaşyklaryñ dowamynda 1991-nji ỳylyñ 26-nji dekabrynda S.A.Nyỳazow Eỳran Yslam Respublikasynyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary Mahmut Wa’ezini kabul etdi. Myhman oña döwlet baştutany Rafsanjanynyñ Eỳrana gelip görmäge iberen çakylygyny gowşurdy. Bu sapara Eỳran tarapynyñ öz ygtyỳarly döwleti kabul etmegiñ doly protokoly boỳunça guramaçydygy munuñam sebäbiniñ diñe bir 21-nji dekabrda Eỳranyñ Türkmenistanyñ garaşsyzlygyny resmi taỳdan ykrar edenligi bilen däl-de,eỳsem täze şertlerde hoşniỳetli goñşuçylygy ösdürmek hyjuwynyñ hem bardygy bilen düşündirilỳändigi mälim edildi.”    
      Gatnaşyklar öz real ỳörelgesinde 1992-nji ỳylyñ 17-nji ỳanwary S.A.Nyỳazow Eỳran bilen Türkiỳäniñ guran “Gidrolum-Posgah-e pol” atly awtomobil ỳolunyñ açylyşyna gatnaşdy.
    Eỳranda GDA ỳurtlary hakda “Keşwärhaỳe mostägell-e moştäräk-elmonafe” atly 1995-nji ỳylda neşir bolan kitapda Orta Aziỳadaky ỳurtlar hakda dürli maglumatlar berilỳär.Şol ỳurtlaryñ arasynda Garaşsyz Türkmenistan hakda hem doly durlup geçilỳär.
    Şol eserde Türkmenistanyñ geografiỳasy, halky, syỳasaty, ykdysadyỳeti, transport aragatnaşyklary, okuw we saglyk saklaỳyş, syỳahatçylyk we medeniỳet we taryhy hakda maglumatlar berilỳär. Şol eserde Garaşsyz Türkmenistanyñ dürli ykdysady hem gumanitar bileleşiklere we hyzmatdaşlyklara gatnaşỳandygy hakda bellenilỳär. Garaşsyz Türkmenistan 1991-nji ỳylyñ 21-nji dekabrynda Almaatadaky ỳygnaşykda täze garaşsyz ỳurtlaryñ agzalygyna geçỳär.1992-nji ỳylda BMG-niñ agzalygyna kabul edilỳär,şeỳle hem Ewropa howpsuzlyk hyzmatdaşlygy konferenciỳasy,halkara pul fondy,BMG-niñ söwda ösüş konferenciỳasy,BMG-niñ çagalar fondy / ÝUNISIF /, halkara poçta kärdeşligi, halkara saglyk saklaỳyş guramasy, ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy /EKO/, Demirgazyk atlantikiñ hyzmatdaşlyk soweti, halkara üỳtgedip we ösdüriş banky we GAT ỳaly halkara guramalaryñ agzalalygyna geçirilỳär.  
    Türkmenistanda iñ möhüm ỳerasty magdan goỳumlary bar. Şolardan kükürt, sulfat natriỳ we tebigy gaz.Ol kükürt goỳumlary boỳunça dünỳäde üçünji orunda we tebigy gaz boỳunçada dördünji orunda ỳer tapỳar.  
    “Türkmenistanyñ demir ỳol seti oñat sazlaşdyrylypdyr we bu ỳurduñ ähli möhüm şäherlerini öz bürençeginde goỳar.Çärjew-Daşoguz demirỳolunyñ bir bölegi Özbegistanyñ içinden geçỳär.Häzirki zaman Türkmenistanyñ demir ỳoluny Maşat-Sarahs demir ỳoluny biri-birine baglanyşdyrmak bilen bu ỳurduñ aragatnaşygyny Eỳranyñ üstünden Türkiỳä we ỳakyn günbatar Ewropa ỳurtlaryna birleşdirmek üçin maksatnamalar işlenip dur.”  
    1990-njy ỳylda Türkmenistanyñ demir ỳolunyñ uzynlygy 2-120 kilometr bolup, şol ỳatlanan ỳylda 13,400 kilometr ỳoldan 86 göterimi gara ỳollardan ybaratdy. Şeỳle hem Türkmenbaşy port şäheri Hazar deñziniñ gündogar kenar ỳakasynyñ iñ möhüm port şäheri diỳlip hasaplanỳar. Ondan Türkmenistanyñ Ortaỳer deñzi we Baltika deñizleri bilen gatnaşygy bolup durỳar.

    1990-1991-nji ỳyllarda Eỳran Yslam Respublikasynyñ Orta Aziỳa Garaşsyz döwletler ylaỳtada Garaşsyz Türkmenistan bilen hemme taraplaỳyn aragatnaşygy ỳola goỳmak üçin, ykdysady, söwda, medeni we beỳleki ugurlarda gerekli dürli maglumatlar çöplenipdir.
  Birinjiden zamananyñ we döwrüñ talabyna görä, ikinji bir tarapdan Eỳran Yslam Respublikasy tarapyndan Orta Aziỳadaky täze garaşsyz bolan ỳurtlara esasanam öz has ỳakyn serhetdeşi, geografiki meñzeşligi hem dini, taryhy we medeni taỳdan ortaklaşy bolan Garaşsyz Türkmenistana doganlyk we dostluk gözi bilen seredildi. Şonuñ üçin iki döwletiñ syỳasy ỳolbaşçylary ỳygy-ỳygy gatnaşyklaryñ esasynda dürli meỳdanlarda iş alyp barmaga işeññir meỳdan açdylar.
Şeỳle zerurlyklaryñ talabyna görä, ilkinji gezek 1991-nji ỳylyñ 9-njy oktỳabrynda Saparmyrat Nyỳazow Türkmenistan SSR-niñ delegatsiỳasynyñ ỳolbaşçysy bolup resmi sapar bilen Tährana bardy.Aeroportda ony Eỳranyñ daşary işler ministri Aly Akbar Welaỳaty garşy aldy.Olar öz aralaryndaky gysgaça söhbetdeşlikden soñ jurnalistleriñ sowallaryna jogap berdiler.TSSR-iñ Prezidenti iki ỳurduñ arasyndaky gatnaşyklaryñ netijesi häsiỳetdedigini belledi we olaryñ mundan buỳana-da rowaç aljakdygyna ynam bildirdi.Türkmenistan özygtyỳarly erkin döwlet hökmünde öz günortadaky goñşusy bilen işeññir hem-de köpdürli hyzmat etmäge gyzyklanỳar.Geçmişde-de şu gün hem türkmen halky onuñ bilen köp zat baglanyşdyrỳar.A.A.Welaỳaty S.A.Nyỳazow diỳenlerinde goşuldy.    
    S.A.Nyỳazow Eỳranyñ Prezidenti Aly Akbar Haşemi Rafsanjany Eỳran Yslam Respublikasynyñ Konstituciỳasynda yslam hem-de goñşy ỳurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge aỳratyn orun berilỳändigini Türkmenistanyñ hem şol ỳurtlaryñ hataryna girỳändigini nygtady.“Biz Türkmenistan bilen hemme taraplaỳyn gatnaşyklary ösdürmäge döwtalapdyrys”-diỳyip,Rafsanjany aỳtdy... Şeỳle hem Türkmenistanyñ Prezidenti Eỳran Yslam Respublikasynyñ daşary işler ministri A.A.Welaỳaty bilen gepleşik geçirdi. S.A.Nyỳazow Türkmenistanyñ transport, serhetỳaka söwdasy, we serhetdeş derỳalarda bilelikde bent gurmak ỳaly meselelerde Eỳran bilen düỳpli hyzmatdaşlyk etmek ugrunda çykyş edỳär- diỳip belledi.  
    Şeỳlelik bilen Türkmenistan 1991-nji ỳylyñ 26-nji oktỳabrynda öz garaşsyzlygyna halkyñ 94,1 göteriminiñ ses bermegi bilen eỳe bolỳar. Bu waka goñşy ỳurtlara ylaỳta-da Eỳran Yslam Respublikasyna täsir galdyryp ondan bäri iki ỳurduñ hemme taraplaỳyn gatnaşygy hakda has ykjam çemelişilỳär.
      Ýatlanan ägirt wakanyñ yzy süre 1991-nji ỳylyñ 28-nji oktỳabrynda S.A.Nyỳazow Eỳranyñ Horasan welaỳatynyñ gubernatory A.Jennetini kabul etdi.Olar iki taraplaỳyn gatnaşyklaryñ ỳagdaỳynda we perspektiwasyna uly baha berdiler we 1991-nji ỳylyñ 9-njy oktỳabryndaky birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Tähranda baglanyşylan memorandumyñ ähmiỳetiniñ möhümdigini nygtadylar.

dolanyş