Eỳran-türkmen köptaraplaỳyn gatnaşyklarynyñ uly göwrümini onuñ medeni gatnaşyklary oz içine alỳar. ‘ Eỳran Yslam Respublykasynyñ “ Yslam medeniỳeti ösdürüş” ministri jenap aga-ỳe D. Mehajeranynyñ Garaşsyz Türkmenistana eden saparyndaiki döwlet arasynda medeni gatnaşyklary ỳola goỳmaga ylalaşyk şertnama gol çekildi. Şol sanda Eỳranda we Türkmenistanda “ Medeni hepdelik güni ” bellik edildi. Şol ugurda Türlmenistanyñ “ Medeniỳet Ministrligi” Eỳranda geçiriljek medeni hepdäni ỳola goỳmakda öz taỳỳardyklaryny yglan eydiler. Bu medeni hepdede Garaşsyz Türkmenistanyñ dürli çeper sungatlary, el hünärler, surat kartynalary, şeỳle hem Azady adyndaky medeni toplum merkezindäki saz-sungat öz ỳokary dabarasy bilen alynyp baryldy. Bu waka iki uly ỳurdyñ taryhy gatnaşyklarynda ỳazga geçirildi.” 1
Şeỳle hem Eỳran gazet-žurnallarynda Türkmenistan hakda ỳurduñ göwrümi, ilat sany, milletleriñ dürliligi. Orta Aziỳa we EKO jemgyỳetine girỳän döwletleriñ statistikasy we beỳleki babatlarda dürli maglumat berlip dur. Şol sanda Eỳranyñ Gülistan welaỳatynda “Ýaprak” atly žurnalda hem bu babatlarda dürli maglumatlara gabat gelỳäris.
Ýatlanan žurnal Türkmenistanyñ ilat sany hakda berỳän maglumatlarynda Türkmenistan öñki Respublikalaryñ arasynda 13-nji ỳerde, EKO-nyñ agzalygynda durỳan ỳurtlaryñ arasynda bolsa iñ az ilatly ỳurt hatarynda durỳar."2
Eỳranda Gülistan welaỳatynda çykỳan “Ýaprak” žurnaly iki ỳurduñ medeni gatnaşyklary barada şeỳle agzap geçỳär. Syỳasy gatnaşyklaryñ başlangyjy Yslam Respublikasynyñ ilçihanasynyñ Aşgabat şäherinde
1374-nji h.ş ỳylyñ deỳ aỳynda hem-de Eỳran Yslam Respublikasynyñ medeniỳet merkeziniñ açylmagy bilen düỳbi tutuldy.Iki ỳurduñ medeni ylalaşygy 10-14-1371-nji h.ş. ỳylda ỳazylyp 20-10-1372-nji h.ş. ỳylda Yslam Şura Mejlisinden tassyklanyp 11-12-1372-nji h.ş. ylda hem “Garawullyk soweti” oña güwä geçdi.
Eỳran Medeni Merkeziniñ gurulan jaỳy Aşgabat şäheriniñ iñ oñat merkesinde Eỳran migmarçylyk usuly bilen 1378-nji h.ş. ỳylda bina edilip Eỳranyñ “Yslam Ösdüriş Medeniỳet Ministri bilen Türkmenistanyñ Medeniỳet Ministrleriniñ tarapyndan resmi işläp başlady”.
Iki milletiñ medeniỳetiniñ ỳakynlygy sebäpli iki ỳurduñ ilaty birek-bireginiñ medeni meỳilnamalaryna gyzyklanyp oñat garşy alyp bardylar. Şol ugurda iki ỳurduñ arasynda esli gezek medeni we çeperçilik sergileri we saz-sungat, teatr hem sport kamandalary ỳola goỳulyp alyş-beriş boldy. Şu güne çenli iki gezek ỳylsaỳyn medeni hyzmatdaşlyk protokoly iki ỳurduñ medeniỳet ministrleri tarapyndan gol çekilip ỳerine ỳetirildi. Tährandaky geçirilen “Türkmenistanyñ medeni hepdesi” hem şol esasda alnyp baryldy. Şeỳle hem “Dähaỳe Fäjr (Eỳran Respublikasynyñ on günligi” günler)” günleri hem “Eỳranyñ Medeniỳet hepdesi” Türkmenistanda geçirdiler. Şeỳle hem Trkmen sungat toparlary esli gezek Maşada-Gürgene we Tährana baryp sergi açyp sungat meỳilnamalaryny göỳberdiler."3
Eỳran-Türkmen medeni gatnaşyklaryñ dowamynda, Maşat uniwersiteti bilen Aşgabat şäheriniñ Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetleriniñ aralarynda 1999-2000-nji okuw ỳyly üçin 10 maddadan ybarat bolan medeni hyzmatdaşlyk ylalaşyk şertnamasyna gol çekildi. Şol ylalaşyk şertnamalarynyñ birinde Türkmenistanyñ ỳokary okuw jaỳlarynda sapak bermek üçin bir tom pars dili metodikasy kitabyny iki uniwersitetiniñ mugallymlarynyñ kärdeşliginde ỳazyp çykarmak taryh we geografiỳa ugurlarynda 25 sany talyp we mugallymlaryny Ferdowsi uniwersitetine ỳollamak bolup durỳar. Şol şertnama esasynda Maşat uniwersiteti pars we arap dili mjugallymlary we Magtymguly uniwersiteti bolsa sapak geçirmek üçin rus dili mugallymlary Ferdowsi uniwersitetine üpjün edip ugratmaga borç edinỳärler."4
Eỳran-Türkmen medeniỳet gatnaşyklaryny dürli ugurlarda işeññir alnyp barylỳar. 1999-njy ỳylyñ 12-nji awgustyndan 19-njy awgustyna çenli Eỳran Yslam RespublikasyndaTürkmenistanyñ bezeg-amaly sungatynyñ nobatdaky sergisi geçdi. Horasan welaỳatynyñ Maşat sergide Gylyçmyrat Ataỳewiñ ỳasan ỳuwelir zatlarynyñ we aỳal-gyzlaryñ milli şaỳ-sepleriniñ 28-si görkezildi, olar Türkmenistanyñ Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli muzeỳinden we paỳtagtyñ çeperçilik gaznasyndan seçilip alyndy—diỳlip Trkmen press habar serişdeleri habar berỳär."5
Eỳranyñ Medeniỳet we Yslam ösdürişi Ministriniñ Türkmenistana sapar edip iki ỳurduñ medeni hepdeligini ỳola goỳuş ylalaşygyna gol çekilenden soñ Eỳran Yslam Respublikasynyñ Aşgabatda ilkinji gezek 1998-nji ỳylda “Medeni hepdeligi” ỳola goỳuldy. Şol wagt hem Türkmenistanyñ hem medeniỳet Ministrligi öz ỳurdunyñ Eỳran Yslam Respublikasynyñ Aşgabatdaky “Medeni maslahathanasyna” yglan edildi.”
Medeni hepdäni ỳöriteleşdiriş işleriniñ jogapkärçiligini “Yslam medeni Aragatnaşygy guramasynyñ “Medeni we sungat” edarasynyñ üstüne atyldy.
Türkmenistanyñ medeniỳet delegasiỳasynyñ 12 adamdan ybarat bolup olardan 10 sanysy saz-sungatçylar toparyna degişli bolup durỳar (Elbetde olardan üçüsi aỳdymçylar). Şeỳle hem Türkmenistanyñ hormatly mMinistri barandan beỳläk “Medeniỳet we Yslam ösdüriş” ministri jenap agaỳi Mahajeranynyñ myhmanydy. Bu medeni hepdelikde ỳatlamaly geñ zatlar olaryñ milli saz gurallaryndan akkardeon, klarnet, tar, kemança (gyjak), tarbas, dep we birnäçe beỳleki gurallar hem göze ilỳärdi. Ýene-de 30 sany ỳagly reñkli kartinalar, 32 sany milli egin-eşikler we 18 sany gadymy şaỳ-sepler hem bardy.
Türkmenistanyñ “Medeni hepdeligi” Eỳran Yslam Respublikasynda 1378-nji ỳylyñ azär aỳynyñ 13-ine şebne güni öỳleden soñ sagat dörtde Azady adyndaky sungat-medeniỳet kompleksinde jenap agaỳi doktor Mahajeranynyñ huzurynda Türkmenistanyñ Medeniỳet Ministri, Prezidentlik depderiniñ wekili jenap agaỳi Telep, Medeniỳet ol Yslam ösdürişi Ministrliginiñ sungat işleriniñ orunbasary jenap agaỳi Mohändes Kazami, Aragatnaşyk Ministrliginiñ orunbasary jenap agaỳe Kerimỳan, sungat we medeniỳet hyzmatdaşlygynyñ baş müdiri Aly Mededi we beỳleki birnäçe daşary ỳurtlaryñ ilçileri hem birnäçe medeni we syỳasy şahsyỳetleriñ goşulmagy bilen kuran mejitden birnäçe aỳat okalyp açylyş yglan edildi.
Ilki başda iki ỳurduñ milli gimnleri ỳañlandy. Ondan soñ Türkmenistanyñ hormatly Medeniỳet Ministri gadymy ortak taryhy we medeniỳetleriñ bardygy, hususan-da Türkmenistanda jaỳlanan meşhur şahyr Abusaid Abulhaỳr (Mäne obasy) we türkmeniñ beỳik akyldary Magtymgulynyñ jaỳlanandygy hakda gürrüñ etdi. Ol gürrüñiniñ soñunda Eỳranlylary türkmenleriñ dürli medeniỳetleri bilen tanyş etmäge Türkmenistanyñ medeni hepdeligini ỳyl saỳyn dürlilikde geçirip durmagy belläp geçdi.
Şeỳle hem Türkmenistanyñ aỳdym-saz toparlary öz aỳdymlaryny aỳdyp iki ỳurduñ ministrleri sergini açyp beỳleki myhmanlar bilen bilelikde sergiden görme-görüş etdiler.
Bu “Medeni hepdeligiñ” plan programmalary “Sergi we aỳdym-saz” ỳerine ỳetiriliş işleri bilen häsiỳetlendi:
I. Sergi:
Sergi Azady adyndaky muzeỳiñ Nigarhana zalynda üç bölekde girizildi:
A). Suratkeşlik sungaty:
Bu böümde Türkmenistanyñ häzirki sungatçysy Gurbangeldiỳewiñ 30 sany ỳagly reñkdäki kartinalar sergä göỳberildi.
B). Falklỳor egin-eşik sungatlary:
Bu bölümde hem 22 sany erkek we aỳal maşgalalaryñ gadymy egin-eşikleri dürli guşaklary we telpekleri bilen sergä göỳberilipdir.
Göỳberilen egin-eşikleriñ has taryhy gymmatlyklarynyñ bardygyny we ilkinji gezek Türkmenistanyñ Milli Muzeỳinden çykarylandygyny belläp geçmek örän giñdir.
Ç). Milli şaỳ-sepler:
Bu bölümde hem 18 bölekden ybarat bolan gadymy zenan şaỳ-sepleri we gadymy harby esbaplaryñ Türkmenistanyñ Milli Muzaỳinden getirilip sergä göỳberilendigini görỳärsiñ.
Türkmenistanyñ aỳdym-saz toparlarynyñ 10 adamdan ybarat bolan topar bilen, onda dutar, tarbas, gyjak, dep, akkardeonwe klarnet ỳaly saz gurallary bilen ỳerine ỳetirilỳärdi. Bu topardan 3 adam aỳdym hem aỳdỳardy. Aỳdymçylaryñ arasynda birisi ỳolbaşçylyk edip hem-de her programmanyñ aralygynda iki sany pars dilindäki aỳdymlardan ỳerine ỳetirilmegi has gyzyklydy. Bu toparyñ ulanỳan saz gurallary bilen filarmonik sazlary ỳerine ỳetirilişi tomaşaçylaryñ ünsüni özüne çekip esasanam Tährandaky ỳaşaỳan türkmenleriñ göwnünden turỳardy.
Ýokardaky ỳatlanan gatnaşyklaryñ düỳbi 1992-nji ỳyldan bäri başlanypdy. “Şol ỳylyñ 26-njy noỳabrynda S.A. Nyỳazow “Halk Amaly-Haşam” sungatynyñ ikinji türkmen-eỳran” sergisine gatnaşyjylara iberen gutlag haty çap edilipdi.
Şeỳle gatnaşyklaryñ dowamynda 1993-nji ỳylyñ 5-nji ỳanwarynda S.A.Nyỳazow Eỳran Yslam Respublikasynyñ içeri işler ministri Abdylla Nurynyñ Horasan welaỳatynyñ general gubernatory Yslam Mofidini, daşary işler ministriniñ baş direktory Mohteşeminiñ baştutanlygyndaky Eỳran Yslam Respublikasynyñ delegasiỳasyny; şeỳle hem Eỳran Yslam Respublikasynyñ hukuk goraỳjy organlarynyñ ỳokary wezipeli adamlaryny kabul etdi. Kabul edlişikde iki ỳurduñ arasyndaky hoşniỳetli goñşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we neşe söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek hakynda pikir alyşdylar.