Piczo

Log in!
Stay Signed In
Do you want to access your site more quickly on this computer? Check this box, and your username and password will be remembered for two weeks. Click logout to turn this off.

Stay Safe
Do not check this box if you are using a public computer. You don't want anyone seeing your personal info or messing with your site.
Ok, I got it
PART 3 b). Eyran Türkmen Gatnaşyklarynda Serhet Meselesi:

Eỳran-türkmen gatnaşyklarynyñ bir göwrümini serhet gatnaşyklar we serhet boỳundaky hojalyk mümkinçilikleri iki taraplaỳyn bährelenligiñ ugruñ alynyp barylỳan işleriñ biri hem “Dostluk” bendi bolup durỳar. Bu bent Türkmenistanyñ we Eỳranyñ arasyndaky hoşniỳetli goñşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrar,diỳlip ynamly ädimler ädilỳär.
Şeỳle maksatlaryñ ugrunda Türkmenistanyñ oba we suw hojalygy ministrliginiñ hem-de Eỳran Yslam Respublikasynyñ Energetika ministrliginiñ wekillerinden ybarat bolan Türkmen-eỳran komissiỳasynyñ agzalary 2-nji sentỳabrda Aşgabatda serhetỳaka Tejen derỳasyndaky “Dostluk” bendiniñ gurluşygynyñ taslamasynyñ tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny makulladylar.Gepleşigiñ jemleri boỳunça protokollaryñ ikisine gol çekildi. Olar iş dokumentaciỳalaryny taỳỳarlamagyñ tapgyrlaryny, suwy paỳlamak hem-de suw howdanynyñ-bendiniñ gurluşygyny maliỳeleşdirmek meselelerini, şu taslamany amala aşyrmaga goñşy döwletleriñ potratçy guramalarynyñ gatnaşmagy baradaky meseleleribelledi.
Bu mesele 1996-njy ỳylyñ maỳ aỳynda ỳagny bendiñ düỳbi tutulan mahalynda Türkmenistanyñ we Eỳranyñ Prezidentleri dostlukly halklaryñ şu taslama bilen örän gyzyklanỳandyklaryny nygtapdyrlar.Ol suw howdanynyñ gurulşygyna we onuñ ulanylmagyna degişli ähli meseleler çözlende deñligiñ bolmagyny göz öñünde tutỳar.
“Türkmengiprowodhoz” institutynyñ hünärmenleriniñ hasaplamalaryna görä, Pulhatyn diỳen ỳerde ỳerleşjek / Sarahs / suw howdany suwuñ I milliard 250 million kub metrini erleşdirer. Bu bolsa türkmen-eỳran serhediniñ iki tarapyndan ỳerleriñ 20 müñ gektaryny suwarmaga mümkinçilik berer. Kiçeñräk elektrik stanciỳalaryñ 2 sanysyny goşmak bilen,şu suw howdanynyñ ähli desgalarynyñ bahasy ABŞ-nyñ 167 million dollaryndan gowrak bolar.
Eỳranyñ energetika ministriniñ orunbasary R.Zargỳar geljekki bendiñ özara peỳdaly we uzak möhletleỳin türkmen-eỳran hyzmatdaşlygyny ösdürmekde örän uly ähmiỳete eỳe boljakdygyny nygtap, bendiñ gurluşygy boỳunça bilelikdäki direkciỳa goñşy döwletleriñ territoriỳasynda, şeỳle hem üçünji ỳurtlaryñ buỳurmalary boỳunça şular ỳaly suw desgalarynyñ taslamalaryny amala aşyrmak üçin zerur bolan tejribäni toplarlar diỳip ynam bildirdi.
Tähranda geçirilen nebit we gaz babatda hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-eỳran gepleşikleri netijeli boldy. Şol gepleşikde ỳangyç-energetika babatda türkmen-eỳran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiñ meselelerini hemme taraplaỳyn ara alynyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary E.Gurbanmyradowyñ baştutanlygynda Türkmenistanyñ hökümet delegaciỳasy Tährana ugrady.Delegaciỳanyñ düzüminde Türkmenistanyñ nebit we gaz ministri R.Orazow “Türkmennebitgaz” Döwlet söwda korporaciỳasynyñ başlygy B.Rejebow, Türkmenistanyñ daşary işler ministriniñ orunbasary ÝO.Kepbanow gatnaşdylar.
Eỳran Yslam Respublikasynyñ nebit we gaz ministri B.Zangeniñ baştutanlyk edỳän Eỳranyñ hökümet delegaciỳasy bilen iki günlük gepleşikleriñ başynda nebit,gaz toplumlaryny, şol sanda Hazar zolagyndaky toplumlary bilelikde işläp taỳỳarlamagyñ meselelerine garalar,üçünji ỳurtlaryñ uly kompaniỳalary bilen hyzmatdaşlygyñ gejekki ugurlary boỳunça türkmen energetika serişdelerini dünỳä bazaryna çykarmagyñ türkmen gazyny üçünji ỳurtlaryñ bazarlarynda erleşdirmegiñ meseleleri ara alnyp maslahatlaşylỳar.
Türkmen delegaciỳasy Türkmenistanyñ Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyñ tabşyrygyny ỳerine ỳetirmek bilen, onuñ Eỳran tarapy bilen ähli guramaçylyk-tehniki, maliỳe hem-de ỳangyç-energetika babatynda köp taraplaỳyn türkmen-eỳran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiñ beỳleki ugurlaryny giñişleỳin öwrenmäge ygtyỳarlylygy bar.
Döwletara gatnaşyklarynyñ ähli ugurlarynda Türkmenistan bilen Eỳranyñ arasyndaky özara peỳdaly hem-de hukukly hyzmatdaşlyk iki goñşy halklaryñ milli bähbitlerine doly laỳyk gelỳär we ol haỳsydyr bir üçünji ỳurtlaryñ bähbitlerine ters gelmeỳär,bu giñ halkara hyzmatdaşlygyny göz öñünde tutỳar diỳip,Türkmenistanyñ we Eỳranyñ ỳokary derejedäki ỳolbaşçylary yzygiderli belleỳärler.              
Türkmenistanyñ nebit-gazy barada dỳnỳäniñ dürli ỳurtlary gyzyklanỳar. Bu ỳangyjy diñe bir ỳurduñ üsti bilen däl-de, eỳsem dürli ỳerlerden hem gaz turba çekmäge mümkinçiligiñ bardygy şu günki gün mälimdir.
4-nji oktỳabrda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Hazarüsti ỳagyç geçirijiniñ taslamasynyñ konsorciumynyñ agzalary bolan “Pi-Es-Ji interneşnal”, “Şell eksploreỳşn” , şeỳle hem “Behtel interpraỳzis” we “Jeneral Elektrik Kapital Konstakşn änd Faỳnes Grupp” kompaniỳalarynyñ wekilleri bilen duşuşygyñ barşynda çarçuwaly ylalaşyk-Hazarüsti   gaz geçirijiniñ taslamasyna gatnaşyjy ỳurtlaryñ esasy döwletara dokumenti ylalaşyldy, bu kompaniỳalar bolsa, “Pi-Es-Ji” kompaniỳa duỳgudaş kompaniỳalardyr. Konsorciumyñ baştutany “Pi-Es-Ji” kompaniỳasynyñ ỳerine ỳetiriji direktory Edward Smitiñ Türkmen-presse aỳdyşy ỳaly,Hazarüsti döwletleriniñ dördüsiniñ baştutanlary Ankarada bu möhüm dokumente gol çekmekçidirler.
Konsorciumyñ agzalary türkmen gazynyñ örän uly gorunyñ barlygy Hazarüsti gaz geçirijiniñ taslamasyny emele getirdi diỳip bellediler. Türkmen gazynyñ tassyklanan kommerciỳa gazy taslamanyñ esasy delilleri bolup çykyş edỳär.
Duşuşygyñ barşynda Türkmenistan bilen iñlis-golland “Şell eksploreỳşn” kompaniỳasynyñ arasynda önümleri paỳlaşmak hakyndaky şertnamanyñ düzgünlerini işläp taỳỳarlamagyñ meselelerine hem degip geçildi,bu kompaniỳa Türkmenistanyñ “Türkmennebit” Döwlet koncerni we “Türkmengaz” bilen bilelikde özüniñ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyñ häsiỳetini resmileşdirmegi ỳakyn wagtda tamamlamagy göz öñünde tutỳar. Bu kompaniỳanyñ wice-prezidenti S.Wisseriñ aỳtmagyna görä, häzir “Şell eksploreỳşn” gaz ỳataklarynyñ geljegi uly toplumdaky barlag işlerine goşuldy. Bu gaz ỳatagy bolsa Hazarüsti gaz geçirijiniñ uglewodorod çeşmeleri hökmünde kesgitlenildi.
Ýurdumyzyñ nebit çykaryjy pudagy gije-gündizde 20 müñ tonna nebit çykaryp başlady. Şu pudagyñ üstümizdäki ỳylyñ sekiz aỳynyñ dowamyndaky işiniñ jemleri Türkmenistanyñ nebit-gaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiñ hünärmenleriniñ şunuñ ỳaly derejäniñ durnuklylygy hakyndaky netijesini tassyklaỳar. Mysal üçin, “Türkmennebit”. Döwlet koncerniniñ kärhanalary 1-nji sentỳabra çenli 3,9 million tonna nebit çykardylar bu bolsa geçen ỳyldaky /1998-nji ỳyldaky/ netijeden 12 göterim köpdür.
Ýurdumyzyñ günbataryndaky çykarylan gazyñ ỳarasyna golaỳy Körpeje-Gurtguỳy gaz geçirijisi boyunça Eỳrana iberildi.
Suwuk katalitik kreking ustanowkasynyñ durkuny täzelemek baradaky indiki taslamany amala aşyrmagyñ depgini hem güỳçleỳär. Bu ỳerde Franciỳanyñ “Tehnip” firmasy hem-de Eỳranyñ milli nebit kompaniỳasy tagallalaryny birleşdirdiler.Olar su ustanowkany indiki ỳylyñ /2000 Y./ başynda ulanmaga bermegi göz öñünde tutỳarlar.  
Eỳran bilen Türkmenistanyñ serhedi açylandan beỳläk Eỳranly täjirleriniñ köpüsi Orta Aziỳadaky ỳurtlar bilen söwda gatnaşyklarynda zyỳan çekenleri üçin söwda gatnaşyklaryñ principi barada täzeçe seredilip başlandy.
Garaşssyz Türkmenistan bilen eỳranly täjirleriñ söwda gatnaşyklaryny aktiw bilelikde alnyp barylmagy üçin Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳỳatyndaky Bendertürkmen port şäheri bilen Aşagabat şäherinde uly söwda merkeziniñ açylmagyny teklip edildi. Bu uly firma Aşgabatda eỳranly maỳỳadarlaryñ söwda işlerini usully ỳöretmek üçin 100 müñ kwadrat metr meỳdany bilen 7 müñ kwadrat metr fundamenti hem 54 powlen /powlin/ guramalary we beỳleki mümkinçilikleri ỳagny restoran, ỳatakhana we arassaçylyk serwisleri, harytlaryñ gumruk hem rastomojnyỳe işleri bölünip,baskul /uly gopan/ koncelỳariya edara hyzmat işleri,transport ofisleri, harytlary saklaỳyş çäreleri /sklat/... ỳaly enjamlar bilen salynỳar.      
Gülüstan adyndaky bu firma Gülüstan welaỳatyndan daşary sermaỳa dolanşygyny giñleşdiriş firmasy esasynda işlär. Onuñ baş müdiri Baỳramämmet Wekili öz beren söhbetdeşliginde şeỳle diỳỳär: “ Bu firma eỳranly täjir maỳadarlaryñ serhetden daşary göỳberilỳän sermaỳa dolanşyklaryny usully garmoniỳada alynyp barylmagynyñ merkezi hökmünde işlär. Bu firmanyñ merkezi Bendertürkmen port şäherinde ỳerleşer.
Şol ugurda türkmen täjirleriniñ gatnaşyklary has aktiwleşip barỳar. Gülüstan welaỳatyndaky täjirler şeỳle mümkinçilikleriñ döredilmegi eksport-import işlerinde eñillik dörejekdigini aỳdỳarlar. Şolaryñ arasynda Bendertürkmen şäherinden bolan türkmen täjiri Abdyrahym Borna şeỳle diỳỳär: “Şunuñ ỳaly gümrukhananyñ ähmiỳeti göỳberilỳän harytlaryñ hil taỳdan oñatlaşmagyna tamamlanyp, dỳnỳä standartlaryna gabatlaşyp öndüriler”.
Şeỳle rowaçlyklaryñ ỳüze çykmagyna Beỳik Türkmenbaşynyñ bazar ykdysadyỳetini ỳokarlandyrmak üçin alyp baran işeññir syỳasalaryna bagly bolup durỳar. Şunuñ ỳaly ykdysady we söwda aragatnaşyklaryñ ỳola düşmegi üçin S.A.Nyỳazow öñden görüjilikli hereketleri bilen 1991-nji ỳylyñ oktỳabrynda TSSP-iñ delegaciỳasynyñ agzalary bilen däp bolan Tähran Halkara Ýarmarkasyna baryp gördüler.Soñra ol we A.A.Welaỳati Tährandaky geçirilen gepleşikleriñ netijelerinden kanagatlanmak bilen aỳeroportda ykdysadyỳet, ylym we medeniỳet barada iki taraplaỳyn hyzmatdaşlyk baradaky memoranduma gol çekdiler.Ýadygärlik sowgatlaryny alyşdylar. Tährandan Sary şäherine ugramazlygyñ öñ ỳanynda S.A.Nyỳazow TSSR-iñ habarçysyna beren interwỳusynda Eỳran Yslam Respublika saparynyñ şowly geçendigini, Oz ygtyỳarly Türkmenistan bilen Eỳran Yslam Respublikanyñ deñ hukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk boỳunça geçen ylalaşyklarynyñ möhümdigini belledi. Eỳrana sapary wagtynda ol ymam Homeỳniniñ Kum şäherindäki guburyna sary we Maşat şäherine baryp gördi.  
Şeỳle hem “1992-nji ỳylyñ 30-nji ỳanwary S.A.Nyỳazow ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyñ baş sekretary Alyryza Salaryny we Eỳranyñ Türkmenistandaky wekilhanasynyñ başlygy Gulamryza Bagyryny kabul etdi.Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna Türkiỳe,Eỳran, Päkistan girỳär. Bu gurama Türkmenistanyñ hem girmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyldy.    
Şeỳle hem “şol ỳylyñ fewral aỳy S.A.Nyỳazow Eỳranyñ prezidenti Aly Akbar Rafsanjany Ykdysady Hyzmatdaşlyk /EKO/ Guramasynyñ agzasy bolan ỳurtlaryñ /EKO-nyñ / ỳygnagyna gatnaşmaga ỳazmaça çakylyk aldy”
Türkiỳäniñ habar jurnalynda Türkmenistan, Eỳran we Türkiỳäniñ üsti bilen göỳberiljek gaz-turba çekiliş proỳektine “Türkmenistan-Eỳran-Türkiỳe dogalgaz buraw haty” diỳlip atlandyrypdyrlar.  
Bu proỳekte ỳagny Türkmenistan-eỳran-Türkiỳe dogalgaz burawynyñ çekiliş maksatnamasyna dünỳäde ady belli “Şell” firmasyna hem goşulmak isläp, proỳekti çaltlandyrmak üçin Türkmenistanyñ döwlet baştutany Saparmyrat Nyỳazow Türkmenbaşa öz tekliplerini gowşurỳarlar.  
“Şell” firmasynyñ başlygy Alan Paraleỳ,Türkmenbaşy bilen duşuşandan soñra,şeỳle nygtady, “ firmamyz Türkmenistanyñ dogalgazyny Ewropa ỳurtlarynada ỳetiriş proỳektini minnetdarlyk we höwes bilen alyp bararys”.
“ Aşgabat zyỳaratynyñ maksady bilen bagly bir sorag “Türkmenistan –Eỳran-Türkiỳe” tebigy gaz geçirmek meỳilnamasynyñ amala aşyrylmagynyñ tizleşdiriliş babatda pikirler orta atdym diỳip aỳdan Paraleỳ, “Türkiỳe-Türkmenistan-Eỳran häkimiỳetleriniñ niỳetlän bu meỳilnamasyna “Şell” hem goşuluşsa bu işiñ amala aşyrylmasyna ähmiỳetli täsir etjekdir” – diỳdi.  
1990-nji ỳyldan bäri dünỳäde hususanam Merkezi Aziỳa ỳurtlarynda geçip duran özgerişler Eỳranyñ Demirgazyk bölegindäki welaỳatlara hem öz täsirini galdyrỳar. Şeỳle özgerişleriñ bilen birlikde Gülistan welaỳatyndaky /Türkmensährada/ taryhyñ ỳowuz şertlerinde port häsiỳetinden düşürilen Bendertürkmen port şäheri täzeden janlanỳar.
Bendertürkmen port şäheri Hazar deñziniñ günorta-gündogar çüñkünde strategik häsiỳetli mekanda erleşỳär. Bu şäher ikinji jahan urşuna çenli “port” görnüşini saklap onda dünỳäniñ dürli ỳerine gel-gitli syỳasy-medeni ykdysady hem söwda deñiz gatnaşyklary bolup durupdyr. Iñ soñky sapar ikinji jahan urşunda öñki SSSR-iñ faşistik Germaniỳa üstün çykmagynda-da bu port şäheriniñ üsti bilen Amerikanyñ ỳarag SSSR-iñ goşunlaryna ỳetirilip durulmagy sebäp bolupdyr. Ikinji jahan urşy döwründe faşistik Germaniỳa üstün çykylmagynyñ bir uly sebäpkäri bolany üçin bu şähere we häzirki Gudurolum geçelgä “Pol-e piruzi /üstünlik köprüsi” diỳlen ady berlipdir.
II-nji jahan urşundan soñ jahan syỳasatlarynyñ üỳtgemegi bilen bu şäheriñ deñiz port häsiỳetinden pese düşürildi. Ýöne häzirki zaman onda dürli port enjamlary täzeden dikeldilip başlany bäri şäher öz hakyky adyna eỳe bolỳar. 60 ỳyldan soñ täzeden janlanỳar.
Bu şäheriñ deñiz gyrasynda “Eskele” diỳlen port enjamlary öñki wagtda gurlup “priçal” enjamlary ulanylman çüỳräp galypdyr. Häzirki zaman bu enjamlary has giñişleỳin alnyp barylỳar.
Eỳran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ hem Garaşsyz ỳurtlaryñ aragatnaşyklary açylandan beỳläk günsaỳyn diỳen ỳaly bu şäheriñ hem ähmiỳeti has ỳokarlanỳar. Bu port şäherinden Gülüstan welaỳatynyñ deñiz söwda eksportlarynyñ köpüsini Türkmenistan bilen Gazagystana ỳollaỳarlar. Şeỳle hem bu şäheriñ balykçylyk şilat edarasynyñ tarapyndan gyzyl balyk işbil önümleriñ iñköpüsi öndürilỳar. Bendertürkmen şäheri Orta Aziỳa ỳurtlaryna iñ ỳakyn port şäheriniñ biri hökmünde onda demirỳol enjamlary hem region boỳunça eksport göỳberiji gurby,nebit we oña degişli materiallary tranzit etmäge ähmiỳeti has ỳokarlanỳar. Bendertürkmen şäheristanynyñ welaỳat häkimi Agaỳi Akbary şeỳle diỳỳär: “Deñziñ özegini uly gämileriñ gatnawy üçin deñziñ ỳörite çuñlaşdyrylan belli meỳdany boỳunça marşruty /çuñlaşdyrma çäreleri ỳerine ỳetirilenden soñ, 500 tonna agramly gämileriñ gel-gidi başlanar”      
1998-nji ỳylyñ dowamynda /bir ỳyl/ 9483 daşary ỳurtly uly konteỳner maşynlar 190 müñ tonna haryt bilen Inçeburun gỳmrukhanasyndan tranzit ỳollanylypdyr. Şeỳle hem 130 müñ tonna haryt 8225 sany Eỳranyñ öz içeri uly konteỳner maşynlarynyñ üsti bilen Inçeburun serhetinden Orta Aziỳa hem Orsỳet ỳurtlaryna göỳberilipdir.
Türkmenistanyñ Horasan welaỳatynyñ Gowudan-Bajgiran serhet geçelgesinden üstümizdäki 8 aỳyñ dowamynda geçirilen harytlaryñ hasabaty boỳunça şonuñ 98 göterimi eỳranly ỳagny 10988 sany maşyn haryt ỳük geçirilipdir. Şolardan 6568 sany awtoulaglar turist görnüşinde 3693 sany maşyn daşary ỳurtlardan we 727 sany awtoulaglar ỳönekeỳ gatnaşyklar boỳunça geçirilipdir. Şeỳle hem şol bir wagtyñ özünde 1269 sany ỳolagçy awtobus ulaglar ỳolagçy gatnadypdyrlar. Bütin Eỳran boỳunça Bajgiran geçelgesi Eỳranyñ Bazirgan, Astara hem Husrowy serhet geçelgelerinden soñ dördünji ỳerde orun tutỳar”    
Şeỳle bir erkin gatnaşyklaryñ düỳbi 1992-nji ỳylda tutuldy. Şol ỳylyñ 16-nji fewralynda S.A.Nyỳazow Türkmenistanyñ hökümet delegaciỳasyna baştutanlyk edip, Eỳranyñ, Päkistanyñ, Türkiỳäniñ ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk guramasynyñ konferenciỳasyna gatnaşmak üçin Tährana ugrady. Şol aỳyñ dowamynda     17 –sine ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyñ işine gatnaşdy. Şol günüñ dowamynda Eỳranyñ üstünden gaz geçirijisini çekmek hakynda Maşat Sarahs-Tejen demir ỳolunyñ gurluşygy barasynda,serhet geçelgelerini halkara geçelgelerine öwürmek barada gürrüñ etdi.
Şol konferenciỳada S.A. Nyỳazow Kaspi boỳundaky döwletleriniñ guramasynyñ /Eỳran, Azerbaỳjan, Türkmenistan we Russiỳa bilen Gazagystandan gözegçileriñ gatnaşmagyndaky/ mejlisine gatnaşdy. Mejlis Kaspi deñziniñ boỳuny bilelikde peỳdalanmagyñ perspektiwalaryna garady.
Ýene-de şol saparda S.A.Nyỳazow bilen A.H.Rafsanjanyny Türkmenistan bilen Eỳran Yslam Respublikasynyñ arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky memoranduma gol çekdiler.  
Eỳranyñ “jar” atly jurnaly, Eỳran bilen –Garaşsyz döwletleriñ Arkalaşygy ỳurtlary arasynda ylmy, senagat we söwda ugurlarynda göỳberilỳän eserleriñ biridir. Onda dürli ỳatlanan gatnaşyklar hakynda gürrüñ gidỳär. Şolaryñ birinde     “Ewropa we Aziỳa ỳurtlary meterikada koridordyr” diỳlen temada Eỳran Yslam Respublikasynyñ geografiki şertlerine demirgazykda Hazar deñzi bilen araçäk bolup günortadan bolsa Pars aỳlagynyñ yssy suwlaryna degişli bolany sebäpli Aziỳa bilen Ewropa birleşdirỳän strategiki ähmiỳetiniñ bardygyny nygtap geçỳär.    
Orta Aziỳa Respublikalary SSSR ỳykylandan bäri Orşỳetden aỳratyn we doly garaşsyz syỳasat alyp barmagy maksat edinip özleri kämil döwlet hökmünde ỳurdy dolandyrjakdyklaryna we üçünji müñ ỳyllyga garaşsyz ỳurt bolup girjekdiklerine ynam bilen gadam basỳarlar.Olar diñe özleri bolup dünỳä transportyna çykmaga ymtylỳarlar. Häzir Türkmenistan-Eỳran demir ỳoly işläp başlany bäri iki ỳurda doly girdejili iş bolup durdy. Şol arada Özbegistan hem “Kaspiden transport koridor” ugry bilen Aşgabat-Türkmenbaşy-Baku ỳoluny ulanyp ỳurduna ykdysady üstünlikleri döretdi.  
Amerika döwleti energiỳa goỳumlary boỳunça Hazar we deñiz ỳaka ỳurtlary dünỳäde iñ baỳ ỳurtlary hökmünde hasap edip, Hazar deñziniñ nebtini almakda öz daşary berỳän maỳa goỳumlarynda ilkinji nobatda durỳar.  
Gülüstan welaỳatynyñ deñizde awçylyk önümleri hakda “Gülmehr”, “Peỳk-e Hazar” hem beỳleki oña degişli welaỳat gazet-jurnallarda gerekli maglumatlar berilỳär. Şolaryñ arasynda “Golşän-e mehr” gazetinde “Gülüstan welaỳatyndan 9 müñ kilogramdan gowrak işbil Ewropa bazarlaryna edildi” diỳlen mowzug bilen şeỳle maglumatlar orta oklanylỳar:
Gülüstan welaỳatynyñ mal-gara medicinasynyñ general müdürligi şeỳle diỳdi: “Şu ỳylyñ dowamynda /2001 ỳ./ bu welaỳatdan 9 müñ bir ỳüz otuz alty kilogram işbil önümleri Ewropa soỳuzyndaky ỳurtlara eksport edildi.
Yslam Respublikasynyñ habar agentliginiñ beren habaryna görä, Huseỳin Zehmat irna habar agentligine çarşenbedäki söhbetdeşliginde goşmaça şeỳle diỳdi, Gülüstan welaỳatyndan Ewropa soỳuzyndaky ỳurtlara, üstümizdäki ỳylyñ dowamynda 17 müñ we 930 kilogram işbili gyzyl balyklaryñ eti hem bu soỳuzyñ göz öñüne tutan kada-kararlary boỳunça eksport edildi.
Onuñ aỳtmagyna görä, Gülüstan welaỳatynyñ mal-gara medicina saglyk saklaỳyş Merkezi edarasynyñ tarapyndan tassyklanylan eksportlar Ewropa birleşiginiñ ynamly edarasy hökmünde islendik arassalygy we standart hilini göz öñüne tutup şol ỳurtlara üçin gaplanyp eksport edilỳär.
Ol şeỳle diỳdi: “Welaỳat mal-gara medicinasy” edarasy tarapyndan “Inçeburun” gümrukhanasunda ỳerleşdirilen mal-gara baradaky karantin post mal-garalaryñ ham-deri önümleriniñ tranzit göỳberilişine gözegçilik edip,şol ugurda şu ỳylyñ dowamynda 16 müñ sany goỳundyr sygryñ derisi we goỳunyñ içegesiniñ eksport edilmegine tranzit rugsatnamasyny göỳberdi.
Ol sözüni şeỳle dowam etdirilỳär: “Bu ỳükler Orta Aziỳa ỳurtlaryndan getirilip Türkiỳä tarap äkidilỳär. Olary Inçeburun gümrukhanasynda ỳerleşdirilen “mal-gara karantina” bölüminde ähli arassaçylyk we saglyk saklaỳyş şertlerini barlagdan geçirilip, tranzit rugsatnamasyny berilip göỳberilỳändir.
Doktor Zehtap welaỳat boỳunça mal-gara medicina tarapyndan takyk gözegçiliginiñ bolỳandygyny nygtamak bilen şeỳle diỳdi: “Ýylyñ başky 3 aỳlygyndaky et kombinatynda öldürilen mal-garalardan 5 müñ sany sygyr,goỳun we guşlaryñ läşleri we 10 müñ sany bagyr-öỳken saglyk saklaỳyş şertlerine gabat gelmändigi sebäpli zabt edilip ỳok edildi.  
Ýurtda söwda ulgamlaryny ösdürmek üçin pul gatnaşyklarynyñ tertibini ỳola salmak gerekdi. SSSR-iñ durgunlyk döwründen çüỳräp galan bank ulgamlaryny täzeden işläp ösdürmegi talap edỳärdi. Şol ugurda Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy dürli çäreler alyp bardy. Bank ulgamyny täzeden kadrlaşdyryp olary Ýaponiỳa, Amerika,Germaniỳa we Eỳran ỳaly bank ulgamlarynyñ ösen ỳurtlaryna iş öwrenmäge ỳolladylar.
1992-nji ỳylyñ 4-nji martynda S.A. Nyỳazow Eỳran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistana resmi sapar bilenỳören Merkezi bankynyñ başlygy Adeli kabul etdi. Tỳrkmenistana Eỳran kreditleriniñ berilmegi, türkmen ỳaşlaryna bank işini öwretmäge ỳardam etmek meselelerine garaldy. Şeỳle hem 1992-nji ỳylyñ 9-nji maỳynda S.A.Nyỳazow Eỳran Yslam Respublikasynyñ Prezidenti Aly Akbar Haşemi Rafsanjany bilen duşuşdy we iki döwletiñ hyzmatdaşlygy hakynda gepleşik geçirildi. Şol aỳyñ 11-nji güni Rafsanjany bilen bilelikde Eỳranyñ uly söwda Merkeziniñ prezidenciỳasyna we Türkmenistandan Eỳranyñ “Sadrat” bankynyñ bölüminiñ açylyşyna gatnaşdy. Şol günüñ dowamynda S.A.Nyỳazow bilen Rafsanjany Mary welaỳatyna sapara çykdylar. Olar Mary etrabynyñ “Eñiş” kolhozynyñ zähmetkeşleri bilen duşuşdylar. Şeỳle hem olar dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky memoranduma bank işleri baradaky tranzit aragatnaşyklar hakyndaky dokumentlere gol çekdiler. Netijeler 1992-nji ỳylyñ 13-nji maỳynda – “Türkmenistan bilen Eỳran Yslam Respublikasynyñ arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk principleri hakyndaky memorandum çap edildi. Oña S.A.Nyỳazow bilen Eỳran Yslam Respublikasynyñ Prezidenti A.A. Rafsanjany 11-nji maỳda Aşgabatda gol çekipdirler.        
Görüp otursak nebit-gaz meselesi ỳyl saỳyn geçdigiçe dünỳä konkurenciỳasynda iñ gymmatly maddalaryñ birine öwrülipdir. Bu gymmatly maddany öz gerekli ỳerinde amatly bahadan ỳerleşdirmek üçin Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eỳe bolany bäri aladasyny edilip gaỳdyldy. Şeỳle aladalaryñ esasynda 1992-nji ỳylyñ 14-nji aprelinde S.A.Nyỳazow Eỳran Yslam Respublikasynyñ Nebit Ministri Gulamryza Agazada bilen duşuşdy we türkmen gazyny Eỳranyñ üstünden geçirmek meselesi boỳunça gürrüñdeş boldy. Şol aỳyñ 16-syna Eỳranyñ daşary işler ministriniñ orunbasary Mir Mehdi we Eỳranyñ Türkmenistandaky ilçisi Bagyry bilen duşuşdy. Iki ỳurduñ arasynda awtomobilleri arkaly ỳük daşamak, Maşatda we Maryda konsullyklary açmak we beỳleki meseleler hakynda gürrüñ edildi.  
Eỳranyñ üstünden Ewropa ỳurtlaryna nebit-gaz göỳbermeklik Garaşsyz Türkmenistan üçin amatly şert bolsa-da, Amerika döwleti öz soỳuzdaşlary bilen bu meselä täzeçe seretdi. Ýokarda ỳatlap geçişimiz ỳaly Hazar deñziniñ astyndan geçiriljek turbanyñ uzynlygy 2000 kilometre barabar diỳlip hasap çykarylypdyr. Halkara işewürleriñ aỳtmagyna görä,bu meỳilnamany ỳöriteleşdirilip ỳerine ỳetirmek üçin,dört milliard dollar çykdajy talap edỳändigine güwä geçỳärler. Bu gaz geçiriji turba arkaly Türkmenistan bir ỳylda 16 milliard kubametr gazyny her müñ kubametr boỳunça 78 dollardan Türkiỳä satmaga mümkinçilik gazanyp maksat edinỳar. Bu şertnama ony gol çeken ỳurtlar ylaỳtada Türkmenistan üçin strategiki ähmiỳeti bolup durỳar. Sebäbi diỳseñ syỳasy taỳdan bu respublikalaryñ garaşsyzlygyny mäkämleşdirỳär. Hazar deñziniñ kenar ỳakasyndaky ỳurtlar bu şertnama gol çekmegi bilen öz garaşsyzlygynyñ ugrunda aỳgytly bir ädim ädipdirler diỳip hasap etse bolar.  
Eỳran-türkmen hemme taraplaỳyn gatnaşyklarynda nebit-gaz meselesi ähmiỳyn gatnaşyklarynda nebit-gaz meselesi ähmietli gatnaşyklaryñ biri hökmünde alnyp barylỳar. 1993-nji ỳylyñ 29-nji noỳabrynda Saparmyrat Türkmenbaşy Ministrler Kabinetiniñ mejlisinde elektrik energiỳasyny Türkiỳä, Demirgazyk Eỳrana we Ermenistana bermek şeỳle hem Eỳranyñ Demirgazyk welaỳatlary bolan Mazenderan /Häzirki Gülüstan welaỳaty hem şonuñ içinde/ we Horasany gaz bilen goşmaça üpjün etmek baradaky toslama garadylar.
Şeỳle hem 1994-nji ỳylyñ 20-nji ỳanwarynda Saparmyrat Türkmenbaşy Eỳran Yslam Respublikasynyñ Prezidentiniñ ogly , Mehdi Haşemi Rafsanjanynyñ baştutanlygyndaky Eỳranyñ nebit we gaz baradaky specialistleriniñ delegaciỳasyny kabul etdi.
Şeỳle dostlukly we doganlykly ähli taraplaỳyn gatnaşyklaryñ esasynda Eỳran Yslam Respublikasy tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanda ykdysadyỳeti ösdürmegiñ ugrunda dürli işler alnyp barylỳar. Şolardan hem eỳranlylaryñ tarapyndan Garaşsyz ỳurdumyzda gurulan “ Kaolin kärhanasy” bolup durỳar. Bu kaolin arassalaỳjy 20 müñ tonnalyk zawod eỳranda specialistleriñ /işewürleriñ/ ykdysady toparlarynyñ tarapyndan alnyp baryldy.
“Eỳran” gazetiniñ ykdysady habarçysynyñ habar bermegine görä, 1993-nji ỳyldaky Eỳran Yslam Respublikasynyñ Prezidentiniñ Türkmenistana sapar edip, iki ỳurduñ ylalaşyk şertnamasyna gol çekişenden soñ, Eỳranyñ “Eksportlary giñeldiş Banky” bu kärhanany gurmak üçin 7 million 600 müñ dollar maỳa goỳum Türkmenistanyñ ygtyỳarynda /erkinde/ goỳdy.
Ýañy-ỳakynda bu proỳektiñ alnyp barlyşyndan barlag geçiren Eỳranyñ “Magdan we metal Ministrliginiñ” halkara işleriniñ ỳokary müdiri Muhammettagyzada Ensarynyñ aỳtmagyna görä, “Bu kärhananyñ soñky guruluş etaplary hem Eỳranly işewürleriniñ tarapyndan Aşgabat şäheriniñ günbatarynda ỳerine üetirilip dur. Onuñ 90 göterimi gurulyş enjamlary Eỳranyñ özünde ỳasalỳar. Şeỳle hem bütin proỳektiñ çyzuw işleri, gurluşyk işleriñ tehniki enjamlarynyñ ỳasalmagy we bu proyektiñ oturdylmagy eỳranly injenerler toparynyñ tarapyndan ỳerine ỳetirilỳär.  
2000-nji ỳylda Eỳranyñ Horasan welaỳatynyñ üç geçelge nokadyndan 4800 sany eỳranly Türkmenistana sapar edipdir. Emma oña derek bu sanyñ 9 essesi ỳagny 43 müñ adamdan gowyrak türkmenistanly Eỳrana gelip gidipdirler.
“Jemhury Yslamy” habarpressiniñ habar bermegine görä, eỳranlylar köplenç Aşgabat şäheriniñ 40 kilometrindäki “Bajgiran” serhet geçelgesinden Türkmenistana sapar edipdirler. Olaryñ Aşgabada geçenleriniñ sany geçen ỳylda 3470 sany adam bolupdyr.
Şeỳle hem “Lỳutfabad” / artyk / serhet geçelgesi Türkmenistan ilatynyñ iñ möhüm geçelgesi bolup durỳar. Sebäbi geçen ỳylyñ statistikasy boỳunça 36525 sany adam bu serhet geçelgesinden geçmegi onuñ şaỳadydyr.
Lütfabad, Bajgiran we Sarahs geçelgelerinden başga-da Gülüstan welaỳatyndaky / Türkmensähra / “März-e pol / Gudurolum /” serhet geçelgesi hem iki ỳurduñ ilatynyñ köp sanda gel-gitleriniñ şaỳady bolup durỳar. Eỳranly serhet işgärleriniñ aỳtmagyna görä, bu geçelgeden köplenç agyr ỳükli transport ulaglarynyñ gel-gitleri bolup durỳar.
Berlen statistikanyñ görkezmegine görä türkmenler geçen ỳylyñ murdat, aban
we azar / iỳul, awgust, sentỳabr / aỳlarynda iñ köp gatnawlary Eỳrana ỳola goỳupdyrlar. Onuñ deregine bolsa Eỳranly ilat köplenç mart aỳynda nowruz günlerinde Türkmenistana sapara edipdirler.  
Iki ỳurduñ aragatnaşyklaryñ açylandan beỳläk iki tarapyñ ilaty ululy-kiçili dürli söwda gatnaşyklary alyp bardylar.
Şeỳle gatnaşyklaryñ düỳbi 1993-nji ỳyldan bäri giñ gerim alyp gaỳtdy. Şol ỳylyñ 1-nji fewralynda Eỳran Yslam Respublikasynyñ daşary işler ministri Aly Akbar Welaỳatynyñ baştutanlygyndaky delegaciỳasynyñ Türkmenistana resmi sapary we onuñ S.A.Nyỳazow bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda regiondaky ỳagdaỳ, syỳasy, söwda- ykdysady we beỳleki babatlardaky gatnaşyklary giñeltmek problemalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ỳurduñ diplomatik wekilhanalarynyñ hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary hakyndaky memoranduma gol çekildi.
Şol ỳylyñ 30-njy aprelinde bolsa S.A.Nyỳazow Eỳran Yslam Respublikasynyñ söwda ministri Wahbyny / Wahajyny / kabul etdi. Kabul edişlikde iki döwletiñ özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Bank ulgamlaryny kämilleşdirmek, awtomobil ỳol gurmak, deñiz we howa gatnawyny ỳola goỳmak ỳaly meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.  
Häzir umumy ilat gatnaşyklary has giñ gerim aldy. Köpüsi işewür türkmen zenanlaryndan düzülỳän toparlar öz satyn alỳan harytlaryny Türkmenistanyñ bazarlarynda ỳerlemek üçin Eỳrana gatnaỳarlar. Bu toparlar Eỳranyñ arzan satylỳan harytlaryny satyn alyp Türkmenistanyñ bazarlarynda ylaỳta-da jygyllyk bazar / ỳekşenbe bazar / we harytlary kültüm satylỳan ỳerlerde ỳerleỳärler.
Edilỳän harytlaryñ käbirleri Eỳranyñ ikinji we üçünji soptdaky harytlaryndan ybarat. Olaryñ pes hilliligine garamazdan hiç hili barlagsyz Türkmenistana geçirilỳär. Olar beỳleki harytlar ỳaly diñe konkurenciỳa giriip bilmeỳändigi üçin däl-de eỳsem olary bazarlarda satmak müşderileriñ arasynda ỳaramaztäsirleri galdyrỳar. Ikinji bir tarapdan Aşgabadyñ bazarlarynda Eỳranyñ ygtybarly kärhanalarynyñ önümleri hem göỳberilipdir. Olar beỳleki harytlar ỳaly diñe konkurenciỳa girişip bilmeỳändigi üçin däl-de, eỳsem olary bazarlarda satmak müşderileriñ arasynda ỳaramaz täsirleri galdyrỳar. Ikinji bir tarapdan Aşgabadyñ bazarlarynda Eỳranyñ ygtybarly kärhanalarynyñ önümleri hem göỳberilip dur. Ol önümler Türkmenistan ilatynyñ hemişelik isleg bildirỳän harytlarydyr.
Iỳmit , elim gap-gaçlar, odeal we stiralnyỳe materiallar ỳaly harytlar türkmen zenanlaryñ iñ möhüm harytlary hökmünde Horasan welaỳatynyñ bazarlaryny özüne mahsus edipdir. Dürli pasyllarda miweleriñ gidişi oñat rowaçlykdan habar berỳär. Türkmenistanyñ bazarlarynda beỳleki ỳurtlaryñ hem harytlary hem görünỳär. Emma şeỳle şertlerde Türkmenistanyñ bazarlarynda Hytaỳ bilen Türkiỳe öz harytlaryny ỳerlemäge ỳokary mümkinçilikleri özlerine mahsus edipdirler.
Eỳran Yslam Respublikasy öz tarapyndan wizuw meselesini ỳatyrandan beỳläk türkmenler geçen ỳyllarda içlik serhet pasportlary bilen has erkin Eỳrana gatnap başladylar. Emma ilatyñ ulanỳan içlik serhet pasporty diñe serhet   boỳundakylara mahsus bolup durdy. Bu içlik serhet pasportynda 40 kilometr iki ỳurduñ içki serhetinden daş çykmasyzlyk kanuny Eỳrandan haryt daşaỳan eỳranly türkmen söwdagärleriniñ öñünde uly böwet bolup durdy.
Türkmen zenan maşgalalaryñ köp bölegi diñe şu ugurdan öz güzeranlaryny geçirỳärler. Olar her sapar gümruk salgydyndan boş 1000 dollara barabar Eỳrandan Türkmenistana haryt daşamaga hukuklary bardy.
Eỳranlylar dolanyp gelişlerine özleri bilen az haryt getirỳärler. Sebäbi ol ỳerdäki harytlaryñ bahasy şol harydyñ Eỳrandaky bahasy bilen deñ, kähalatlarda gymmadyrak hem bolỳardy.
Eỳranyñ “Ebrar egtesady” atly gazetinde Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ suraty bilen Türkmenistanyñ , Eỳranyñ üstünden Ermenistana gaz eksport etjekdigi hakda şeỳle maglumatlara gabat gelỳäris.
“Türkmenistanyñ Prezidenti Saparmyrat Nyỳazow ermeni orundaşy bilen duşuşygynda Türkmenistanyñ gazyny bu ỳurda satmak hakda gürrüñdeşlik geçirdiler”.
Garaşsyz Türkmenistanyñ nebit-gaz önümini daşary ỳurtlara eksport etmäniñ aladasy köpden bäri alnyp barylỳar.
1994-nji ỳylyñ 12-nji oktỳabrynda Eỳranyñ nebit-gaz ministri Agazade Eỳranyñ we Türkiỳäniñ üsti bilen Ewropa çekiljek gaz prowodynyñ gurluşygynyñ taslamasynyñ durmuşa geçirilip başlanmagyna taỳỳarlyk görülỳändigi hakynda habar berdi.
Şeỳle hem 1995-nji ỳylyñ 17-nji ỳanwarynda Türkmenbaşynyñ baştutanlyk etmeginde gazy we nebti Türkmenistandan dünỳä bazaryna eksport etmegi guramagyñ meseleleri baradaky döwletara sowetiniñ mejlisi boldy. Oña Türkmenistanyñ , Eỳranyñ , Russiỳanyñ, Türkiỳäniñ we Gazagystanyñ energetika kompleksleriniñ baştutanlary gatnaşdylar. Saparmyrat Türkmenbasy Türkmenistan-Eỳran-Türliỳe-Ewropa gaz prowodynyñ gurluşygynyñ dürli aspektleri hakynda şeỳle hem Türkmenistandaky nebit-gaz ỳataklarynyñ özleşdirilişi barada gürrüñ berdi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyñ territoriỳasynda-da, Eỳranda-da gaz prowodynyñ gurulşygyny bir wagtyñ özünde 1995-nji ỳylyñ maỳynda başlamagy karar etdiler.  
Merkezi Aziỳadan önỳän nebit-gaz önümleri hakda dünỳäde uly döwletleriñ arasynda bäsdeşlik gidỳär. Eỳranyñ “hämşähri” gazetiniñ Orsỳediñ “Nezawisimaỳa” gazetine salgylanyp “Amerika dünỳäniñ nebit ỳataklarynyñ yzynda” atly göỳberen makalasynda şeỳle bellikleri belläp geçỳär. “Eger-de Amerika Özbegistandan, Gazagystandan we Türkmenistandan arzan gaz satyn alyp bilse, Opeỳk we Orsỳediñ häzirki nebit-gaz hakdaky ykbal çözüji ỳerligi maliỳe we syỳasy taỳdan has pese gaçar” – diỳip nygtalỳar.
Kaspi deñziniñ baỳlyklarynyñ biri onuñ işbilli gyzyl balyklary bolup durỳar. Kaspiniñ günorta-gündogar gyralarynda bu önüm rejeli peỳdalanylỳar. Onuñ önümi her ỳylyñ belli möwsümindeỳagny tomus we güỳz pasyllarynda ỳerine ỳetirilỳar. Beỳle önümlere Eỳranyñ “Şilat” edarasy gözegçilik edỳär .                                                        
Gülüstan welaỳatynyñ “Şilat” edarasynyñ umumy gatnaşyklarynyñ habar bermegine görä, welaỳat boỳunça “Şilat” edarasynyñ baş müdiri doktor Seỳidapbas Huseỳin şeỳle yglan edỳär: “Welaỳatyñ işbilli gyzyl balyklary awlaỳan awandalar, Eỳran bilen Türkmenistanyñ / Magtymguly serhet gözecilik nokady/ deñiz serhetlerinden başlap Miankala ỳarym adasynyñ günbatar serhetlerine çenli işbilli gyzyl balyklary awlamaga girişdiler.
Ol şeỳle diỳdi: Elimizdäki bar bolan statistika maglumatlara görä, Eỳranyñ 43 göterim işbil önümleri8 Gülüstan welaỳatynyñ   Şilat edarasynyñ tarapyndan öndürilỳär.
Geçen ỳylyñ dowamynda bu edara tarapyndan 40542 kilogram işbil öndürilipdir. Şeỳle mukdardaky önüm göz öñüne tutulan meỳilnamadan 6 tonnadan agdyk artykmajy bilen öndürilipdir.
Bendertürkmen şäheristanyñ “Şilat” edarasynyñ müdiri Mähändes Alijan Fahretdin şeỳle diỳỳär: “Işbilli balyklary awlamak üçin 295 sany işjeñ awandalar 91 sany aw gaỳyklary bilen “Şrekät-e sahami-e has Vahdat” hususylaşdyrylan edara ulgamynda we “Şrekät-e ta,avuny-e Kümüşdepe” kooperatiw düzgüninde sazlaşdyrylyp gulluk edỳärler.
Ol Miankala aw zonasynda ilkinji 15 kilogramlyk agramly balygyñ tutulandygyny habar berip şeỳle diỳỳär: “Bu “Çalbaş” diỳlip atlandyrylỳan işbilli balykdan 5 kilogram işbil ele gelipdir.
Doktor Seỳidapbas Huseỳni şeỳle diỳỳär: Welaỳatda “Sedd-e Woşmgir” atly suw bendinde işbilli balyklary köpeldiliş çärelerini ỳöretmek üçin 2 sany merkez açylyp awlanỳan balyklaryñ möçberine görä her ỳylda millionlarça işbilli balyklaryñ awçylaryny etişdirilip 3-den 5 gram agramlaryna ỳetende ỳatlan köpeldiliş merkezinden deñziñ balyk baỳlygyny ỳitirmezsizlik üçin deñze göỳberilỳär.    
Eỳran-türkmen gatnaşyklaryny senagat boỳunça ỳokary depginde alynyp barylỳar. Esasanam nebit-gaz pudaklarynda eỳranlylar has işeññir gatnaşỳarlar.
Eỳranyñ Milli nebit-injeneri gurluşyk kompaniỳasynyñ bölümleri türkmen ỳangyjyny Eỳranyñ demirgazyk welaỳatlaryny berỳän Körpeje-Gurtguỳy gaz geçirijisine täze uzelini birleşdirmek işlerine başladylar. Bu kompaniỳa gaz geçirijisiniñ gurluşygy başlan mahalynda 1996-njy ỳyldan bäri onuñ baş potratçysydyr.Mälim bolşy ỳaly, türkmen-eỳran gaz geçirijisi 1997-nji ỳylyñ dekabrynda dabaraly ỳagdaỳda açylypdy. Bu gaz geçirijisi şol wagtdan bäri “Türkmennebitgaz” döwlet koorporaciỳasynyñ hem-de Eỳranyñ nebit ministrliginiñ Milli gaz kompaniỳasynyñ arasyndaky ylalaşygy laỳyklykda wagtlaỳyn ulanmak düzgüninde işleỳỳär. Gurluşyk hakyndaky şertnama boỳunça eỳranly potratça serhetdäki ölçeỳji uzeli hem-de Körpeje ỳatagynda gazy toplumlaỳyn taỳỳarlaỳjy desgany tabşyrmak galdy. Şu iki desganyñ bahasy bolsa şertnamanyñ umumy bahasyna girỳär. Ol bolsa ABŞ-nyñ 195 million dollaryna barabardyr.
Işe girizilen pursatyndan bäri gazy ibermäge taỳarlamak işlerini türkmen gurluşykçylarynyñ Körpeje ỳatagynda gurlan pes temperaturaly gaz paỳlaỳjy enjam üpjün edỳär. Şunuñ netijesinde hem wagtlaỳyn shema işläp başlady. Emma bu enjam diñe gazyñ ỳylda 5 milliard kub metrine golaỳyny üpjün edip bilỳär. Gaz geçirijisiniñ taslamada bellenilen kuwwatlylygy bolsa 8 milliard kub metre barabardyr. Körpeje ỳatagynda gazy toplumlaỳyn taỳỳarlaỳan desganyñ gurluşygy häzir ahyrky tapgyrynda gadam basdy /1999-njy ỳyl/ -- gurluşyk- montajlaỳyş işleriniñ 80 göterim golaỳy ỳerine ỳetirildi. Eỳranly hünärmenleriñ ynandyryşlary ỳaly gurluşyk şertnamasy şu ỳylyñ ahyrynda doly tamamlanar.  
Söwda we senagat gatnaşyklarynda   düpli alnyp barylan hyzmatdaşlyklaryñ bir uly göwrümi “ Körpeje-Gurtguỳy ( Kordkuỳ)” gurluşygydyr.
“ Körpeje-Gurtguỳy” türkmen-eỳran gaz geçirijiniñ ulanmaga berlen   wagtyndan bäri geçen sekiz aỳda ( 1998 ỳ.) Türkmenistandan Eỳrana ilkinji milliard kub metr gaz akdyryldy. Prezidentler Saparmyrat Niỳazow we Seỳt Muhammat Hatami bu gaz geçirijiniñ işe girizilmegini iki döwletiñ hỳzmatdaşlygy hökmünde hem, sebitiñ ỳangyjyny dünỳä bazaryna eksport etmegiñ taslamasynyñ durmuşa geçirilmegi höküminde hem bellidir .
Häzir Türkmenistan üçin 200 kilometirlik gaz geçiriji (taslamasy işlenilip taỳarlanylỳan 1400 kilometirlik türkmen-eỳran türk gaz geçiriji bilen deñeşdireniñde örän kiçi ) geljegi uly eksport önümleriniñ hakyky hereket edỳän eke-täk ỳoldur.
Körpeje gaz geçirijisinden her gün 4 million kub metr gaz akdyrylỳar. Bu möçber gyş aỳlarynda Eỳranda gazy köp ulanylmagy sebäpli 12-14 million kub metre çenli artar. Gaz akdyrỳan gurallaryñ toplumỳ gurulandan soñ , gaz geçirijiden gije-gündizde 25 million kub metr gaz göỳberiler. Onuñ gurluşygyny Eyranyñ milli nebit injinering gurluşyk kompanỳasy alyp barỳar . Bu gurluşygyñ bahasy 190 million amerikan dollary bolup, ony gaz geçiriji boỳunça berilỳän gazyñ hasbyna töleniler. Gaz satyn almak satmak baradaky   şertnama laỳyklykda Körpeje gaz ỳatagynda bir müñ kub metr gazyñ bahasy 40 dollardyr .Gazdan alynỳan 40 million amerikan dollarynyñ ( 1 milliỳard kub metr   gazyñ bahasy) 14 milliony, ỳagny 35 göterimi Eỳranyñ Milli nebit gurluşyk kompaniỳasynyñ ygtyỳarynda galỳar.
Belenilen görkezijilere görä, 1999-njy we 2000-nji ỳyllarda 5 milliỳard kub metr gaz berler.  
Türkmen gazyetiniñ 2002-nji ỳylyñ 11-nji   ffewralynda çyka sanynda, Eyranyñ häzirki ösüşi, Eỳran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyỳarly ilçisi jenap Seỳid Ibrahym Derazgisu şeỳle gürrüñ beryär:
Häzirki zaman Eỳran jemgyỳeti ỳurduñ gülläp ösmegine gönükdirilen gumantar özgerişleri geçirmek babatynda berk durup hereket edỳär. Eỳranyñ nebit eksporty geçen ỳylda 9,1 göterim ösdi, onuñ senagatynyñ jemi içki önümdäki paỳy 17,6 göterim boldy. Şonda senagat önümleriniñ içine 450 müñ awtomobil, 22,08 million tonna siment, 14 million tonna nebit himiỳasynyñ önümleri, 7 million tonna polat we 125 müñ tonna mis hem girỳär. Geçen ỳylda bolan gurakçylyga garanyñdan 8,673 million tonna bugdaỳ. 2,348 million tonna şaly ösümleri. Sarp edijiler 5,5 million tonna süỳt we 1,890 million tonna et aldylar.
Şeyle hem ol öz güriñiniñ dowamynda   Eỳranyñ giñ çäginde suw bentleriniñ gurulandygy we gurluşykda duranlar hakda   hem-de olardan ỳurda gerekli bolan elektronik energiỳasynyñ alynyş möçberi we şol senagat ösdürişe degişli enjamlar göỳberilỳän maỳa goỳumlaryñ mukdary   hakda jikme-jik gürrüñ geçỳär.  
Şu ỳerde bir zady aỳratyn bellemek gerek. Häzir biziñ ỳurdumyzda taryhy ỳaşap geçỳän türkmenleriñ medeniỳetiniñ ösmegine   uly üns berilỳär. Bu magtymgulynyñ we beỳleki meşhur türkmen danalaryñ döredijiligi barada-da şeỳledir.Eỳranda türkmen-pars dilerinde gazetdir žurnallar çykarylỳar.Döwüleỳin   neşirleriñ ençemesinde Türkmenistanyñ jemgyỳetçilik we medeni durmuşyna dahylly mowzuglar mydam hereket edỳär.
Eỳranda Türkmenistana we onuñ medenietine sarpa bildirilỳändigini tassyklaỳan ene bir zat, ol hem bolsa   Magtymgulynyñ jaỳlanan eri bolan Aktokaỳda pähimdara gurlan ajaỳyp mowzoleỳdir.
Türkmenistanyñ Prezidenti öž çykyşlarynda türkmenleriñ we eỳranlaryñ taryhy we medeni geçmeşiniñ umumylygynyñ häzirem biziñ ỳurtlarymyz bu däbe öwrülen gatnaşyklary dikeltmek üçin köp işleri edỳändigini ençeme gezek aỳtdy.   Diỳip Eỳran Yslam Respublikasynyñ   doly ygtyỳarly ilçisi gürrüñ berdi.
Nebit-gaz pudagy Eỳran-türkimen gatnaşyklary boỳunça esasy üns bilen alynyp barylỳan meseleleriñ birine öwrüldi. 1998-nji ỳylyñ noỳabr aỳynda Türkmenistanyñ delegatsiỳasy Tähranda geçen ikinji halkara nebit-gaz konfrentşiỳasynyñ işine gatnaşdy. Onuñ barşynda Hazar deñzi sebitiniñ energỳa serişdelerini dünỳä bazarlaryna çykarmak boỳunça taslamalaryñ durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly tehniki meselelere garaldy.
Türkmenistanyñ nebit-gaz senagaty we mineral serişdeleri ministri Rejepbaỳ Arazow öz çykyşlarynda ỳurdyñ nebit-gaz pudagynyñ ösüşine umumy analiz berdi, şeỳle hem türkmen nebitiniñ hem-de gazynyñ Ýewropa çykarmak, şol sanda Eỳranyñ üsti bilen çykarmak, babatda taslamalaryñ esasy häsiỳetnamalary bilen tanyşdylar. Türkmenistan eksport üçin mümkinçilikleri açỳan islendik nusga bilen deñ derejede gyzyklanỳar we ilkinji amala aşyryljak taslamalary ileri tutular.- diỳip bellenilip geçildi.      
Söwda we yktysadyỳet gatnaşyklary diñe bir türkmen- eỳran däl-de, kähalatlarda üç taraplaỳyn iş alyp barmaga hem şert döreỳändigini aỳtmak gerek.
Türkmen energiỳa serişdeleriniñ geljekgi turba geçirijileriniñ ỳollarynyñ köp dürlüligi hakynda Saparmyrat Türkmenbaşynyñ ỳörelgesine laỳyklykda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ỳanyndaky uglewodorod serişdelerinden peỳdalanmak baradaky Ygtyỳarly organ türkmen hem-de gazak nebitini Eỳranyñ bazarlaryna çykarmak bilen gyzyklanỳan daşary ỳurt kompaniỳalary bilen ylalaşyklaryñ ikisini baglaşdylar. Mysal üçin, Gazagystan – Türkmenistan – Eỳran nebit geçirijisiniñ türkmen böleginiñ tehniki – ykdysady esaslandyrmasyny taỳỳarlamakda hyzmat etmek babatda bir wagt ỳañlanan teklibi oktỳabyryñ başynda Frasiỳanyñ “Tomal” kompaniỳasy berkitdi.
Bu taslama Tengiz we Täze Üñüz sebitlerinden çig gazak nebitini iberilmegini göz öñünde tutỳar. Oña ỳurdyñ günbatar sebitleriniñ türkmen nebitiniñ akymy hem goşulmaly.
Türkmenistanyñ günbatarsynda nebitiñ gorlaryna garaşsyz halkara ekspertleri 960 million tonna möçberinde çaklaỳar. Hazar deñziniñ ỳalpaklygynyñ territoriỳalaryny nazarda tutsak, onda çaklaỳyş gorlary 1,5 milliard tonna çenli artỳar. Türkmenistan eỳỳäm 200-nji ỳylyñ ahyryna çenli daşary ỳurtlary hyzmatdaşlary bilen bilelikde nebitiñ   çykarylyşyny 8-9 million tonna çenli etiriljekdigini göz öñünde tutulypdy. Nebiti Eỳranyñ gaỳtadan işleỳän zawodlaryna iberilmegi bolsa “SWOP” operasiỳasynyñ esaslarynda guralar. Onuñ ekwiwalent mukdary Pars aỳlagyndaky iberijilere beriler.  
Ykdysadyỳet ugurlarynda ỳerasty baỳlyklary peỳdalanmakda alnyp barylan netijeli işleriñ dowamynda garaşsyzlygymyzyñ 8-nji ỳyly ỳagny 1999-njy ỳylyñ birinji çärỳeginde ondan öñki ỳylyñ görkezijileri boỳunça deñeşdireniñde ỳurdymyzyñ nebit gurby 113 göterme ỳetip, gazyñ çykarylyşy bolsa 217 göterimden gowrak bolupdyr. Türkmenistanyñ Nebit-gaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde habar berişleri ỳaly, Türkmenistanyñ tebigaty gazynyñ Ukraina we Eỳrana tarap eksport akymy 6,4 milliard kub metre etipdir. Olardan şol ỳylyñ birinji apreline çenli “Orta Aziỳa-Merkez” gaz geçirijisi boỳunça gazyñ 5,89 milliard kub metri, “Körpeje-Gurtguỳy” türkmen – eỳran gaz geçirijisi boỳunça bolsa 589 million kub metri akdyrylypdyr.
Eỳran Yslam Respublikasynyñ Aşgabatda 2002-njy ỳylyñ maỳ aỳynyñ 22-sinden 29-yna çenli Eỳranyñ halkara firma – kompaniỳalarynyñ senagat önümlerini şäheriñ hemişelik sergi merkezi WDNHA jaỳynda sergä göỳberildi.    
Bu sergi hakda Gülistan welaỳatynyñ “Halkara sergi” firmasynyñ ỳerine ỳetiriji müdiri jenap Hasami öz gepleşiklerinde şeỳle diỳỳär: “Bu halkara sergä Eỳranyñ önüm dolanşyklarynda duran firma-kompaniỳalaryñ 40 sanysy 70 dürli tehniki we inženerlik önümleri bilen çykyş etdiler”.
Eỳranyñ aragatnaşyk ministrliginiñ bürençegindäki “Telman” firmasynyñ wekili jenap Musa Jürjäniniñ beren maglumatyna görä bu sergä Eỳranyñ Gülistan, Horasan, Mazenderan, Tähran, Esfehan we beỳleki welaỳartlardan öz dürli gurluşyk, senagat, zawoda we beỳleki ugurlardaky önümleri bilen goşulyp her önümiñ nusgalarydyr maketalaryna sergä goỳdular. Ol gepleşigiñ dowamynda şeỳle diỳỳär: “Bu sergide göỳberilen önümleriñ hili halkara dünỳä standartlaryna gabatlaşdyrylan önümlerden ybarat bolỳar. Bu serginiñ açylmagyna sebäp bolan iki ỳurduñ mertebeli Prezidentleri jenap Hatamynyñ Garaşsyz Türkmenistanda Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy bilen duşuşyklaryndan soñ göỳberildi. Bu waka iki ỳurduñ dostlukly gatnaşyklarynyñ barha berkemegi we ykdysady ösüşlerinde yz galdyrar diỳip umyt edỳäris.
Bu sergä goşulan tehniki we inženerlik firmalar halkara gatnaşyklarda abraỳ gazanan firmalardyr. Olar daşary ỳurtlarda fundamental meỳilnamalary alyp barỳarlar. Mysal üçin telefon aragatnaşyk “Telman” firmasy häzir Afrikada Tunis hem-de Gyrgyzystanda Eỳranyñ öndürỳän telefon aragatnaşyk tehnikalarynyñ iñ soñky modellerini ỳöriteleşdirỳärler.
Gepleşigiñ dowamynda Musa Jürjäni iki ỳurduñ medeni gatnaşyklaryndaky alyp barỳan işleri barada gürrüñ berdi. Ol Eỳranyñ Gülistan welaỳatynyñ medeni özgerişleri barada birnäçe gazet-žurmnallaryñ türkmen-pars dillerinde çykỳandygyny nygtap, Eỳranda diñe bir türkmen däl-de, eỳsem beỳleki halklar hem türkmen taryhy, edebiỳaty we däp-dessurlary bilen gyzyklanỳarlar. Eỳrandaky Türkmenler Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ mukaddes Ruhnamasyny ürj edip okaỳarlar”.

b). Hazar ỳaka meseleleri:
    Hazar deňzi dünỳäde iň uly we has gadymy kölleriň hasabynda durỳar.

    “OPK” Opeỳk nebit bileleşik guramasynyñ bỳulletiniñ 1996-njy ỳylyñ noỳabryndaky nomerinde Eỳranyñ wekili jenap “Ardebili” bu guramada Hazar deñzi hakdaky meselelere kämil seredip öz nukdaỳnazarlaryny beỳan edipdirler: “... Hazar deñziniñ kenar ỳakalaryndaky Azerbaỳjan, Eỳran, Orsỳet, Türkmenistan we Gazagystan ỳaly döwletleriñ 1994-nji ỳylda takmynan 150 milliard 200 literlik boçka nebit we 75 milliard kubametrden gowurak gazy erkinde bolup dünỳä boỳunça 15 göterim nebit ỳataklary we 50 göterim gaz goỳumlaryny öz içine alỳardylar. Nebit we gaz önümleriniñ islegleriniñ günsaỳyn ỳokarlanmagyny göz öñüne tutanymyzda, Orsỳet, Türkmenistan we Gazagystan ỳaly döwletleriñ 1994-nji ỳylda takmynan   150 milliard 200 litrlik boçka nebit we 75 milliard kubmetrden gowrak gazy erkinde bolup dünỳä boỳunça 15 göterim nebit ỳataklary we 50 göterim gaz goỳumlaryny öz içine alỳardylar. Nebit we gaz önümleriniñ islegleriniñ günsaỳyn ỳokarlanmagyny göz öñüne tutanymyzda,Orsỳet we Orta Aziỳa ỳurtlary geljekde Aziỳa ỳurtlaryna nebit eksport etmekde iñ uly nebit-gaz satyjy ỳurtlara öwrülỳär.”
Türkmenistanyñ Hazar deñiz gyrasy 1786 kilometre barabar bolup deñziñ milli howpsuzlygy hakda hem Eỳran bilen bir hatarda araçäk ỳerleşỳär. Şonuñ üçin Eỳranyñ syỳasy wekilleri Garaşsyz Türkmenistany köp taraplaỳyn bähbitdenligi üçin hem bolsa, bu ỳurda ỳokary derejede diplomatik gatnaşyklarada uly paỳynyñ bardygyna has çuññur düşünỳärler. Hazar deñziniñ diñe bir balyk baỳlyklary däl-de, eỳsem ondaky bar bolan nebit-gaz gorlary, ekologiki şertleri, biologiki minerallar goỳumlary, suw üsti serhet geçelgesi we ş.m. şertleri özünde jemleỳändigi üçin häzirki zamanda   strategiki ähmiỳete eỳe bolỳar. Şu meseleler öz ỳakabasynda goñşy ỳurtlarymyz bilen ylalaşykly gatnaşyklary talap edỳär. Olaryñ hem bu meselä garaỳyşlarynyñ çuññur öwrenilmegi zerur bolup durỳar.
Hazaryñ kenar ỳakalaryndaky Eỳrandan başga döwletleri 1975-nji ỳyldan 1994-nji yla çenli bu deñizden nebit çykarmagy berheder edilipdir. Öñki Sowet Soỳuzynyñ ỳerine galan ähli döwletler şu günlere çenli (1998) durgunlyk döwrüñ çüỳrän fundamenti bilen gümra bolup galypdyrlar. Bu döwletleriñ ösüş proỳektleri Nebitiñ girdeỳjilerine bagly bolup durỳar.
Jenap Ardebiliniñ aỳtmagyna görä, Hazar deñziniñ nebit ỳataklaryndan pesinden 28 milliard boçka durnuklaşan nebit goỳumlary ỳatyr. Beỳleki ölçegler we gözegçilikleriñ berỳän maglumatlaryna görä, bu regiỳonda 68 milliard boçka nebitiñ ỳatandygy mälim edilỳär.
Hazar deñzini onuñ gyrasyndaky döwletleriñ arasynda deñ hukukly peỳdalanylmagy ugrunda dürli maslahatlar hem garaỳyşlary orta oklanyldy. Ruslaryñ berỳän maslahaty boỳunça Hazar deñzi ỳa-da bäş bölege bölünip onuñ göwrümi hakda ylalaşyklar geçirilmeli ỳa-da bütin deñiz boỳunça 20-den 30 maỳla çenli her döwletiñ öz eỳeçiliginde durmaly we galan uzaklyklary bolsa bu döwletleriñ arasynda düzeljek bir jemgyỳetiñ gözleginde goranmagy teklip etdiler. Eỳran bilen Orsỳet Hazar kenarỳakalaryndaky döwletleri degişli hukuk çarçuwasyndaky geçiriljek ỳygnaga gatnaşmaga gyssaglydyrlar. Garaşsyz Türkmenistan bu teklibi goldap hemaỳat etdi.
1996-njy ỳylda üç ỳurduñ daşary işler ministrleri bilelikde duşuşyp Hazar deñziniñ nebit ỳataklaryny ulanmak üçin Rus-Eỳran we Türkmenistan döwletleri bilen bilelikdäki jemgyỳeti döretmäge plan-programma düzüşdiler. Elbetde şeỳle maksatlaryñ amala aşyrylmagy, degişli hukuk meseleleriñ giñişligi beỳanyny tapỳan wagtyna çenli uzaldylỳar.
Hazar deñziniñ Türkmenistan kenarỳakalarynda nebit ỳataklaryndan nebit çykarjak firma ỳa-da konseresỳomyñ bildirmesi üçin Türkmenistan hökümeti tarapyndan ỳarym bäsdeşigi açyldy.
“1991-nji ỳylyñ 8-nji iỳulynda Saparmyrat Ataỳewiç Nyỳazow” Hazar deñziniñ basseỳninde ekologik ỳagdaỳy düỳpgöter gowulandyrmagyñ çäreleri hakynda “permana gol çekdi.”
“Türkmenistanyñ Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyñ türkmen teleỳaỳlymynda ỳaỳynlanan kararyna görä, Hazar deñziniñ Türkmenistan tarapyndaky kenarỳakasyndaky gözleg işlerini geçirmek isleỳän firmalar birinji sentỳabr 28-nji noỳabr aralygynda ỳaryş şertnamasyny almak üçin ỳüz tutup bilerler. Ýaryş bäsleşige goşuljak firmalara Hazar deñziniñ kenarynda geologiki, geofiziki we tehniki özboluşlyklaryny görkezỳän maglumatlar beriler”.  
Häzir alymlar Hazar deñziniñ türkmen kenarlarynyñ biologiki dürli görnüşliligini saklamak boỳunça milli hasabatlary toplanylỳar. Bu mesele diñe bir Türkmenistan üçin däl-de, eỳsem halkara dünỳä möçberinde örän ähmiỳetli gözegçilik etmeli işleriñ biri bolup durỳar.
1998-nji ỳylyñ maỳ aỳynyñ başlarynda Eỳran Yslam Respublikasynyñ Ramsar şäherinde Hazaryñ ekologiỳa maksatnamasynyñ ỳerine ỳetirilişiniñ barşyna ara alyp maslahatlaşylan “Hazarỳaka Bäşligiñ” ekspertleri şeỳle pikire geldiler. Eỳrana deñiz ỳakasyndaky döwletleriñ ekspertlerinden başga-da taslamany maliỳe taỳdan gollap çykyş edỳän Düỳpli Ekologiỳa Fondunyñ, Bütindünỳä Bankynyñ, TASIS-iñ we ÝNEP-iñ (BMG-niñ daş-töwerek baradaky programmasy) wekilleri geldiler. Mundan başga-da, maksatnama Düỳpli ekologiỳa gorunyñ we BMG-niñ Ösüş programmasynyñ gös-göni howandarlygyna Hazarỳaka sebitiñ ỳurtlary amala aşyrylỳar.
Hazar ekologiỳa maksatnamasy 4 ỳyl mundan ozal düzülipdi, ỳöne Hazaryñ halkara hukuk statusyny çözmegiñ uzaga çekdirilmegi bu meseläni sebiti ekologiki taỳdan sagdynlaşdyrmagyñ ikinji meselesine öwrüldi. Şoña görä-de ekspertleriñ Eỳrandaky duşuşygynda olar maksatnamanyñ amala aşyrylmagy Hazar ỳakasynda döredilỳän syỳasata bagly bolmaly däldir diỳen ỳeke-täk pikire geldiler.
Sebitleỳin häsiỳetli bolan bilelikdäki taslama birinji nobatda, Hazaryñ kenar ỳakasynyñ daş-töwereginiñ hapalanmagynyñ öñüni almaga we bu täsin deñziñ biologik serişdelerini saklamak baradaky bütewi maksatnamany işläp taỳarlamaga gönükdirilendir. Häzir Hazarỳaka döwletler hereket etmegiñ milli maksatnamalaryny işläp taỳarlaỳarlar we öz kenarlaryndaky ekologik ỳagdaỳ barada hasabatlaryny düzỳärler, soñra olar Düỳpli Ekologiỳa   Fondunyñ we Bütin dünỳä bankynyñ iỳulyñ ahyrynda boljak maslahatynda bu taslamalary maliỳeleşdirmek üçin serişde bermek baradaky mesele çözüler. 1999-njy ỳylda Hazaryñ ekologiỳa maksatnamasynyñ iş ỳüzünde güỳje girizilmegi göz öñünde tutuldy.
Ekspertler häzirki maslahatyñ barşynda maksatnamanyñ utgaşdyryjy geñeşini döretmek baradaky meselä garadylar hem-de ekologik meseleleri çözmekde merkeziñ işeññirleşmegini anyklaşdyrdylar. Hususan-da Türkmenistanda çöllüge öwrülmek we ỳeriñ gurulşynyñ bozulmagy hem-de bu tebigy hadysalaryñ Hazaryñ ỳakasyndaky zolaklara edỳän täsiri baradaky ähli maglumatlar jemleniler. Bu maglumatlara deñiz suwynyñ galyşy, kommunikasiỳa işleri we monitoring baradaky hakyky materiallar girer.
Ýeri gelende aỳtsak, Eỳran duşuşyngynda Hazaryñ Gündogar türkmen bölegi iñ arassa bölekdir diỳlip bellenildi.
Ýokardaky agzalyp geçilen ekologiỳa meseleleri barada täzeçe mazmun bilen “Türkmenistanyñ täzelikleri” gazetiniñ № 1 (297)   03.01.2000 ỳyl, sanynda-da doly maglumat berilipdir.
Taryhda Hazar deñziniñ hukuk bölünşigi daşyndaky belli döwletleriñ arasynda   henizlere çenli çözülmändi. Bu meseläniñ çözgüdini tapmagyñ ugrunda mertebesi belent Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ işeññir tagallasy bilen häzir birnäçe anyk netijelere gelindi.
Şeỳle meseleleriñ gidişinde Türkmenistan we Azerbaỳjan Hazar deñziniñ aralyk liniỳasyny kesgitlemäniñ ugrynda 1998-nji ỳylyñ 5-nji fewralynda Aşgabatda Hazar deñziniñ aralyk liniỳasynyñ koordinatalaryny hem-de iki goñşy döwletleriñ ỳurisdiksiỳasynyñ çäklerini kesgitlemek boỳunça Türkmenistanyñ hem-de Azerbaỳjanyñ ygtyỳarly delegasiỳalarynyñ gepleşikleriniñ birinji tapgyry boldy. Hazar deñziniñ hukuk statusynyñ problemasy gepleşikleriñ esasyny düzỳär. Soñky ỳyllarda Hazar ỳaka döwletleriniñ   bäşisi dürli derejede işeññirlik görkezip, şu ỳagdaỳy kesgitlemek işlerini alyp barỳar.
Hazar deñziniñ aralyk liniỳasyny kesgitlemek problemasy bir wagtdan bäri Azeri: Çyrag we Serdar diỳen deñiz ỳakalarynyñ erleşỳän ỳerleşỳän jedelli Serdar (KÝPAS) ỳatagy özleşdirmegi gepleşdiler. Eỳeçilik edỳän subỳektleriñ (Rosnebit we Lukoỳl) hereketleriniñ ỳalñyşdygy barada Rossiỳanyñ Daşary işler Ministrliginiñ boỳun almasyny alyp, şeỳle-de bolsa, Aşgabat Azerbaỳjan daşary işler ministrliginden we AzerbaỳjanRespublikasynyñ döwlet nebit kompaniỳasyndan şunuñ ỳaly seslenmäni eşitmedi.
Şu meselede ỳüze çykan nämälimleri aradan aỳyrmagyñ ỳollary Türkmenistanyñ we Azerbaỳjanyñ Prezidentleriniñ geçen ỳylyñ dekabrynda Yslam Konferensiỳasy Guramasynyñ   Tähtranda geçirilen duşuşygy mahalynda iki taraplaỳyn duşuşygynyñ temasyna öwrüldi. Aralyk liniỳasyny kesgitmlemek boỳunça iki taraplaỳyn komissiỳany döretmek hakynda şol wagt gazanylan ylalaşyk uzaga çeken problemany özara kabul ederlikli şertlerde çözmegi gözlemekde döwletleriñ biri-birine geleşik etmekde ilkinji ädim boldy. 1998-nji ỳylyñ ỳanwarynda döwletleriñ baştutanlarynyñ permanlary bilen doly ygtyỳarly ekspert toparlary döredildi we gepleşikler prosesine ỳolbaşçylyk etmek daşary işler ministrlerine tabşyryldy.
Türkmenistan bilen Azerbaỳjanyñ arasynda Hazar deñzi uçastogynda aralyk liniỳany kesgitlemegiñ bir bütewi usullaryny we prinsiplerini bilelikde işläp taỳarlamak karar edildi diỳip, Azerbaỳjan Respublikasynyñ delegasiỳasynyñ baştutany daşary işler ministri Gasan Gasanow Türkmenistanyñ Prezidenti bilen bolan duşuşykdan soñ Türkmen press-iñ habarçysyna aỳtdy. Şeỳlelikde Hazar deñzini bölmek nähili bolar? – diỳen sowal indi ỳok. Munuñ özi milli sektorlardyr ỳa-da türkmençe düşündireniñde we döwletleriñ ỳurisdiksiỳasynyñ zolagydyr. Haçan Türkmenistan we Azerbaỳjan aralyk liniỳany kesgitlänlerinde we Hazarda öz sektorlaryny alanlarynda galan Hazarỳaka döwletleri hem olaryñ göreldesine eỳerer diỳip, Azerbaỳjan Daşary işler Ministrliginiñ baştutany ynambildirdi. Onuñ atbmagyna görä, milli sektorlaryñ döredilmegi Hazar deñziniñ akwatoriỳasynda her hili monopoliỳalaryñ mümkinçiligini aradan aỳrar. Hazarỳaka döwletleriniñ   özygtyỳarlylygyna belli bir derejede täsir edip biljek haỳsydyr bir harby taỳdan bolmak salgymyndan mahrum eder.
Gepleşikleriñ ilkinji tapgyrynyñ jemleri boỳunça bilelikdäki Beỳannama gol çekildi. Onda taraplar aralyk liniỳa boỳunça Hazar deñzini Türkmenistan bilen Azerbaỳjan Respublikasynyñ arasynda umumy kabul edilen ỳörelgeler we olaryñ Hazar deñizindäki ygtyỳarly hukuklaryny amala aşyrmak esasynda halkara hukuklarynyñ ölçeglerinde laỳyklykda göz öñünde tutmak bilen, bölmek barada ylalaşandyklaryny ykrar etdiler, Iki iş toparyny geologlaryñ we geodezistleriñ toparyny döretmek karar edildi, olar taraplaryñ aralyk liniỳasynyñ koordinatalary babatda gepleşikler mahalynda aỳdan nukdaỳ nazarlaryny tehniki taỳdan esaslandyrmaga girişer.
Bu meseläniñ ikinji tapgyry 1998-nji ỳylyñ awgust aỳynda Azerbaỳjanyñ hökümet delegasiỳasynyñ Aşgabada gelip gepleşik geçirmekleri bilen başlandy. Bu delegasiỳa premỳer ministriñ birinji orunbasary Apbas Apbasow we daşary işler ministri Tofik zulfigarow baştutanlyk etdi.
Bu mesele jedelli territoriỳalar bilen baglanşykly ỳüze çykdy, şol territoriỳalarda bolsa Azeri, Çyrag we Serdar nebit ỳataklary ỳerleşỳär.
Azerbaỳjanyñ daşary işler ministri Tofik Zulfigarow öz gepleşiklerinde şeỳle nygtady: “... Aralyk liniỳany kesgitlemekde Azerbaỳjanyñ we Türkmenistanyñ ỳörelgeleri birmeñzeşdir”.
Türkmen-Azerbaỳjan gepleşiklerinde Hazaryñ ençeme umumy meseleleri-deñziñ düỳbüni we akwatoriỳasyny peỳdalanmak, gämi gatnawyny ösdürmek, biologik serişdeler we Ekologiki ỳagdaỳ baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hazar deñziniñ suwlaryny ortak peỳdalanmak we deñziñ astyndaky baỳlyklaryny bährelenmegiñ ugrunda (amerikalylar we günbatarlylaryñ goşulmasyzlygynda) Hazaryñ kenarỳakalaryndaky respublikalara deñ paỳlaşyk ỳöredilse hem-de bilelikdäki “Günorta-Demirgazyk koridor proỳektini”, ỳerine ỳetirilse Russiỳa federasiỳasy bilen Eỳran Yslam “Koridor” proỳekti Moskwanyñ taraptndan Kalmyk Respublikasynyñ üstünden Birleşen Milletler Guramasynyñ Senagat ösdürşi bölüminiñ arka durmagy hem-de halkara “Nostrak” konseresiỳomyñ kömegi bilen alnyp barylar. Bu işiñ jogapkärçiligini Orsỳet tarapyndan “Yrans kondinental” firmasyna tabşyryldy. Bu meỳilnamanyñ plan-proỳektini bermek Eỳran we Orsỳet üçin geopolitik gymmatlyklary bardyr.
Hazar deñziniñ “Koridor” meỳilnamasyny ỳöriteleşdirmek üçin halkara uly kompaniỳalaryñ 12 sanysy ỳagny Russiỳa, Germaniỳa, Fransiỳa, Ýaponiỳa we beỳleki birnäçe ỳurtlaryñ kompaniỳalary goşulyşỳarlar. Bu meỳilnama boỳunça harytlaryñ transporty Ýewropa tarapyndan demir ỳol nokatlarynyñ üsti bilen Orsỳetiñ günbatar serhetlerinde we deñiz portlaryndan Sankt-Peterburga (Germaniỳanyñ) Mokral şäherlerinden Türkmenistana we Sarahsdan Eỳrana ỳa-da deñiz ỳoly bilen Orsỳetiñ (Kalmyk) Lagan portyndan Hazar deñziñ üzti bilen Eỳranyñ Demirgazyk port şäherileriniñ birine we ondan hem demir ỳol arklaly Benderapbas (pars aỳlaga), ondan hem Saud Arabystanyñ Bender Daman portyna, Ammanyñ säher portyna, Hindistanyñ Agha, Päkistanyñ Kraçy port şäherlerine çenli alnyp barlar.
Aỳdylan maglumatlardan mälim bolşy ỳaly “Günorta-Demirgazyk koridor” ỳoly hem Garaşsyz Türkmenistanyñ üstünden geçmegi bilen öz gezeginde ỳurdyñ ykdysadyỳetini ỳokarlandyrmakda möhüm rol alyp barar diỳip garaşylỳar.
Hazar deñzinden nebit –gaz çykarylmak we ondaky alnyp barylỳan meỳilnamalar hakda dünỳä boỳunça dürli konferensiỳalar, ylmy žurnallar we gazetlerde onuñ deñiz gyrasyndaky ỳaşaỳan ỳaşaỳjylaryñ howpsuzlygy we ekologiỳany arassa saklamak hakda hem hemme taraplaỳyn maglumat berlip dur. Olaryñ arasynda “Kaspiskoỳe morỳe, woprosy Geologii i Geomorfologii, Moskwa, nauka, 1990, 152p., -Kaspiỳskoỳe Morỳe, Geologiỳa neftegazonsnost, Moskwa Nauka, 1978, 296 p., - Gidrometeorologiỳa i Gidrohimiỳa Moreỳ, - Kaspiỳskoỳe Morỳe, Tom VI, S.Peterburg, wipus. I. – Gidrometeoizdat, 1992, 360 p., Fäsilnameỳe derỳaỳe Häzär, 1378 h.ş. Jäld-e sewwom, (Farsi), ỳaly ylmy-tehniki işlerde rus, iñlis, fars we beỳleki dillerde maglumatlar göỳberilỳär”.
Hazar deñziniñ astyndan geçiriljek nebit-gaz geçiriji turbanyñ geljekde oña Hazar deñziniñ umumy ỳer üỳtgemeleri ỳa-da kä halatlarda emele gelỳän güỳçli gaỳ we deñiz tolkunlarynyñ oña ỳetirjek zyỳanlary barada gürrüñ gidỳär.
Sebit boỳunça Hazar meselesini çözmeklik esasy ähmiỳete eỳe bolỳa. Şol ugurda Türkmen-eỳran gatnaşyklarynda meseläniñ çözgüdini ylalaşykly alnyp barylỳar.
Eỳran Yslam Respublikasynyñ Hazarỳaka we Merkezi Aziỳa ỳurtlary boỳunça saparyny tamamlan daşary işler ministri Kemal Harrazy 1998-nji ỳylyñ 13-nji awgustyndan bir günlük sapar bilen Aşgabatda boldy. Türkmenistanyñ Prezidenti bilen bolan duşuşykda Saparmyrat Türkmenbaşynyñ iỳul aỳyndaTährana resmi saparynyñ başynda sebit we Hazar babatda özara arkalaşygyñ işlenip taỳarlanylan ỳörelgelerine goñşy döwletleriñ üỳtgewsiz tarapdardygy ỳene bir gezek tassyklanyldy.
Hazaryñ hukuk statusyny işlemegiñ meselesi boỳunça giñişleỳin pikir alşylandan soñ, Aşgabat duşuşygynda ikitaraplaỳyn işçi toparyny döretmek barada karar kabul edildi. Ol bilelikde hereket etmegiñ maksatnamasyny 1-nji sentỳabra çenli iki ỳurduñ Prezidentlerine bermelidir, şol maksatnamalar bolsa deñizde işeññir hyzmatdaşlyk etmäge çalyşỳan döwletleriñ ikisiniñ Hazaryñ esasy meselesini çözmegine ỳardam eder.
Köp ugurly ykdysady hyzmatdaşlygyñ örän uly netijelerini tassyklap, Saparmyrat Türkmenbaşy we Kemal Harrazy nebit-gaz pudagynyñ taslamalarynda Türkmen-eỳran özara arkalaşygynyñ zerurdygyny tassykladylar. Hyzmatdaşlygyñ bu ileri tutulỳan ugrunyñ giñ mümkinçiligine seljermek hem ikitaraplaỳyn iş toparyna tabşyryldy.
1999-njy ỳylda Bakudan Jeỳhana çenli çekiljek nebit geçiriji turbanyñ şertnamasy we Türkmenistan Ýewropa tarap geçiriljek gaz turbasynyñ beỳannamasy, Ýewropa hyzmatdaşlyk we Howpsuzlyk guramasynyñ oturşyklary açylyp Süleỳman Demirel (Türkiỳäniñ Prezidenti), Haỳdar Alyỳew (Azerbaỳjanyñ Prezidenti), Eduard Şwardnadze (Gürjüstanyñ Prezidenti) we Bill Klinton (Amerikanyñ Prezidenti) tarapyndan gol çekildi.
Bu şertnama esasynda goşulan ỳurtlar 2004-nji ỳyla çenli meỳilnamanyñ gutarnykly ỳerine ỳetirilmegini borç edindiler.
Bu meỳilnamadaky göz öñüne tutulan turbanyñ geçiriş gurby ỳylda 50 million tonna barabardyr.
10 maddadan ybarat bolan Türkmenistanyñ gaz geçiriji turbasynyñ beỳannamasy Ýewropa Hyzmatdaşlyk we Howpsuzlyk konferensiỳa guramasynyñ ỳygnaklarynda Türkiỳe, Türkmenistan, Azerbaỳjan we Gürjüstan respublikalarynyñ Prezidentleri tarapyndan gol çekilip Bill Klinton we Norwegiỳanyñ premỳer ministri tapgyrlaỳyn bu ỳygnaklara gatnaşyp gözegçiler hökmünde bu beỳaniỳa gol çekdiler.  
Hazarỳaka döwletleriñ Garaşsyz Türkmenistanda geçiren ỳygnaklarynda aktiw gatnaşan gazetleriñ biri hem Garaşsyz ỳurdumyzyñ baş gazeti “Türkmenistan” gazetidir.
Bu ỳygnanşyga Russiỳan federasiỳasynyñ prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin, Eỳran Yslam Respublikasynyñ Prezidenti Seỳit Muhammet Haşami, Azerbaỳjan Respublikasynyñ Prezidenti Gaỳdar Alyỳewiç Aleỳew hem-de Gazagystan Respublikasynyñ Prezidenti Nursoltan Abişewiç Nazarbaỳew dagylar geldiler. Şeỳle hem bu maslahatyñ işine dünỳä ỳaỳmak üçin Türkmenistana 170-den gowrak žurnalistler geldi.
Bu ỳygnanyşyk Hazarỳaka boỳundaky döwletleriñ Hazarỳaka meselesindäki ỳüze çykan käbir meseleleriniñ çözgüdini tapmak üçin garaşsyz ỳurdumyzyñ lideri Mertebesi belent Prezidentimiz Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ initiatiwasyndan gözbaş aldy.
“Ýygnanşyk döwür gazet makalalarynda Aşgabat maslahaty durşy bilen Hazar deñziniñ hukuk derejesini kesgitlemek meselesine bagyşlandy, şonuñ üçin hem bäş Prezidentiñ ylalaşyga gelmegi onuñ netijeliligine bagly bolup durỳar. Bu meselede Türkmenistanyñ tutỳan esasy ugry Hazaryñ ähli möhüm meseleleriniñ her bir döwletiñ pikirini hasaba almak bilen, bäştaraplaỳyn esasda çözülmelidigine berk ynanỳandygyndan ybaratdyr”.
Hazarỳaka meselesinde beỳleki bir möhüm ỳagdaỳ Hazaryñ jedelli ỳerleri bilen baglanşykly meseleleri çözmekden ybaratdyr. Dogrusyny aỳtsak, Hazar deñzinden döwlet serhedi diỳer ỳaly serhet hiç wagt hem bolmandy. Ol häzir hem ỳok. Şonuñ üçin hem deñziñ hukuk derejesi kesgitlenỳänçä onuñ jedelli ỳerleri, kimdir birine degişli edilip bilinmez,ol ỳerleriñ birtaraplaỳyn işläp taỳarlanmagyna, barlaglaryñ geçirilmegine we peỳdalanylmagyna ỳol bermek bolmaz. Eger olaryñ kime degişlidigi ikitaraplaỳyn gepleşikleriñ esasynda kesgitlenip bilinmedik halatynda şunuñ ỳaly ỳagdaỳlar dörän halatynda Türkmenistan bu meselä dünỳä tejribesinde edilişi ỳaly Halkara suduna, beỳleki halkara ỳöriteleşdirilen edaralara geçirilip bilner diỳip hasap edỳär. Meselä şunuñ ỳaly çemeleşilmegi Birleşen Milletler Guramasynyñ   düzgünnamasynda göz öñünde tutulan umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna döwletiñ özygtyỳarlylygyny we milli mertebesini saklamak düzgünlerine esaslanỳar.
Ýokardaky ỳatlanan Hazarỳaka meselesi boỳunça ỳygnanşan Prezidentleriñ biri hem Eỳran Yslam Respublikasynyñ Prezidenti Seỳit Muhammet Hatamynyñ 2002-nji ỳylyñ 22-nji aprel aỳy Garaşsyz Türkmenistana sapary başlandy.
Türkmenistan özüniñ günortasyndaky goñşusy bilen hemme taraplaỳyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge özüniñ daşary syỳasatynyñ ileri tutulỳan ugurlary hökmünde garaỳar. Goñşy döwletiñ baştutany Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Aşgabada resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygyna minnetdarlyk bilen kabul etdi.
“Türkmenistan” gazetiniñ 2002-nji ỳyl 22-nji aprel aỳynyñ sanynyñ birinji sahypasynda Türkmenistan we Eỳran iki taraplaỳyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giñeltmegi maksat edinỳärler. Şeỳle hem Seỳit Muhammet Hateminiñ durmuş terjimehaly barada ỳeterlik maglumat berlipdir.
Häzir Türkmenistan bilen Eỳranyñ döwletara hökümetara we edaralarynyñ arasyndaky hyzmatdaşlygynda resminamalaryñ 170-den gowragy hereket edỳär. Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 10 ỳyldan gowrak wagtynyñ dowamynda döredilen halkara hukuk esaslary Eỳran bilen syỳasy we ykdysady gatnaşyklaryñ köp sanly ugurlaryny üpjün edỳär. Şu döwrüñ dowamynda türkmen-eỳran gatnaşyklary Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ ỳöredỳän hoşniỳetli goñşyuçylyk syỳasatyna, dinmek, özara hormat goỳmak we özara bähbitleri göz öñünde tutmak ỳörelgelerine laỳyklykda ösdi. Iki taraplaỳyn hyzmatdaşlygyñ gözỳetimleri onuñ ösüşiniñ   giñligini açyp görkezỳär: Bu hyzmatdaşlyk serhetden erkin geçiş nokatlarynyñ we söwda gatnaşyklarynyñ ỳola goỳulmagyndan başlap Tejen-Maşat Türkmen-Eỳran Demir ỳol ulgamynyñ we 200 kilometrlik Körpeje-Gurtguỳy gaz geçirijisiniñ gurulmagyny öz içine aldy.
Alnyp barylan we alnyp barylỳan ikitaraplaỳyn hyzmatdaşlygyñ ileri tutulỳan ugurlarynyñ arasynda ỳol gurluşygy ulag hyzmatyny ösdürmek, suw hojalygynyñ taslamalary, serhetỳaka bendini we “Dostluk” suw howdanyny gurmak meselesi bar.
Şeỳle hem ỳatlanan gazetiñ 2-nji sahypasynda “Aşgabat ylalaşyk şäheridir” atly makalada ỳygnanşyga degişli pikirler orta atylỳar. Gazetiñ 3-nji sahypasynda Hazar deñzine hem ỳurduñ dürli derỳalaryna degişli “Howandarly Bahry-Hazar” atly makala Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ dürdäne sözleri bilen başlanyp, onda Hazar deñzine çenli degişli meseleler giñden seljerilỳär.
Iki ỳurduñ dostluk nusgasy hökmünde Eỳran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniỳet Merkezi tarapyndan neşir bolỳan “Dostluk” atly gazet hem Seỳit Muhammet Hateminiñ Türkmenistana saparyna degişli ỳörite san göỳberipdir. Gazetiñ baş sahypasynda “Goỳ Türkmenistanyñ we Eỳranyñ arasyndaky dostlyk-doganlyk mundane beỳläk hem pugtalansyn!” diỳlen şygar bile iki ỳurdyñ mertebeli Prezidentleriniñ duşuşykdaky gimn garşy alyşdaky uly suratyny göỳberilipdir.
Gazetiñ 2-nji sahypasynda Seỳit Muhammet Hateminiñ terjimehaly barada onuñ doglan ỳeri, ylmy we ruhany derejesi meşgul bolan kärleri, pikirleri we garaỳyşlary, syỳasy we döwlet dolandyryş iş tejribesi hem döredijiligi hakda maglumat berilỳär. Şol sahypanyñ ikinji bölüminde iki ỳurduñ Prezidentleriniñ Eỳran-Türkmenistan gatnaşyklaryna garaỳyşlary, syỳasy we döwlet dolandyryş iş tejribesi hem döredijiligi hakda maglumat berilỳär. Mol sahypanyñ ikinji bölüminde iki ỳurduñ Prezidentleriniñ Eỳran-Türkmenistan gatnaşyklaryna garaỳyşlary hakda makala göỳberilipdir. Mol makalada şeỳle setirlere gabat gelỳäris: “Eỳranyñ häzirki Prezidenti jenap Hatemi Türkmenistana birinji saparyñ başyndaky interwỳuda (gepleşikde) Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan döwründen şu güne çenli biz bile Oran gowy hem dostlukly gatnaşyklary saklaỳar, dürli ugurlarda iki ỳurduñ göwünelaỳyk hyzmatdaşlyklary bar, bu ỳurt biziñ goñşymyz, EKS-niñ we Yslam Konferensiỳasy Guramasynyñ agzasy we biziñ gowy gatnaşyklaryñ iki ỳurda-da bähbitlidir”.  
Gazetiñ 3-nji sahypasynda bolsa, “Eỳran-türkmen özara gatnaşyklarynyñ möhüm wakalary” atly makala gatnaşyklaryñ 1992-nji ỳyldan 2002-nji ỳyla çenli wakalaryñ gysgaça hronologik habarlaryny berỳär.
Gazetiñ 4-nji sahypasynda jenap Hateminiñ Eỳranyñ syỳasy ỳurt dolanşygynda “Medeniỳetleriñ gepleşigi” atly   meỳilnamasyny açyklaỳar. Onda “Medeniỳetleriñ gepleşiginiñ” ruhy gözỳetimi we zerurlygy hakda şeỳle setirlere gabat gelỳäris… Gadymy edebiỳat, dini ỳazgylar, filosoflaryñ, akyldarlaryñ; jemgyỳeti öwrenijileriñ dünỳä barada döreden edebiỳaty adamzada has amatlyrak tebigy hem jemgyỳetçilik şertlerini hödürläp biler we bu düşünjäniñ çylşyrymlydygyny nazara alyp meseläniñ has giñ düşünmegine ỳardam biler(berer). Dürli ruhy gözỳetimlerde esasy sorag hasaplanan ỳagdaỳlaryñ biri ynsanlar üçin gepleşigiñ asyl nusga bolup durỳandygy we adamzat jemgyỳetleriniñ hem gözỳetimleriniñ oña esaslanmagy baradaky meseledir. Bu ỳagdaỳa iki hili jogap berilỳär: Birinjiden, ynsanlaryñ birmeñzeş ỳaradylandygy üçin, şeỳle hem ynsanyñ öz kowumdaşlarynyñ arasynda döreỳän garşylyklar sebäpli, ol özi ỳazlylar bile aragatnaşyk etmäge ymtylyp gepleşik geçirmegiñ ỳollaryny gözleỳär. Ikinjiden, ynsan ỳaşaỳşy dowam etdirmegiñ hatyrasyna beỳlekiler bile aragatnaşyk etmäge mejbur bolỳar.
Makalanyñ dowamynda ỳene-de “Medeniỳetleriñ gepleşiginiñ” taryhy we esaslary we “Medeniỳetleriñ gepleşiginiñ” ỳagdaỳy ỳaly mowzuklar bile tamamlanỳar. Mol sahypanyñ ikinji bölüminde ZYR-synyñ Ilçisi Seỳitibra Derazgisu bile gepleşik geçirilipdir.
Given sahypada belläp geçişimiz ỳaly “Türkmenistan” gazetiniñ 100 we 101-nji sanlary hem Hazarỳaka döwletleriñ Aşgabatdaky maslahaty hem-de türkmen-eỳran gatnaşyklara bagyşlanyp bu babatlarda dürli pikirler we garaỳyşlar berlipdir.
Gazetiñ birinji sahypasynda ZYR-synyñ Prezidenti Seỳit Muhammet Hateminiñ Türkmenistana resmi saparynyñ bilen, türkmen-eỳran gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyñ täze gözỳetimleri we geljegi hakda söhbet edilỳär. Iki ỳurduñ Prezidentleri ikiçäk söhbetdeşlik etdiler. Söhbetdeşligiñ barşynda iki ỳurduñ baştutanlary ikitaraplaỳyn we sebit boỳunça hyzmatdaşlygyñ jähtlerine degip geçỳän meseleleriñ giñ toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
“Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ we Seỳit Muhammet Hateminiñ belleỳişleri ỳaly, giñ möçberli türkmen-eỳran hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmekde möhüm orny eỳeläp geldi we eỳeleỳär”.-diỳip nygtaldy.
Eỳran Yslam Respublikasynyñ Prezidenti Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Hazarỳaka ỳurtlarynyñ baştutanlarynyñ duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyna we tagallalaryna ỳokary baha berdi, bu duşyşyk Hazar meselesiniñ täsin deñziñ   örän uly baỳlyklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlyk etmegiñ meseleleriniñ çözgüdini çaltlandyrmalydyr. Diỳip nygtaldy.
Şeỳle hem “Türkmenistan” gazetiniñ 101-nji sanynda “Hazarỳaka geljegi parahatçylyga, hyzmatdaşlyga hem-de ylalaşyga baglydyr”- diỳlen baş setirler bilen başlanyp Hazarỳaka döwletleriniñ Aşgabat maslahaty “taryhy” wakadygy hakyndaky habar berilỳär.
Şonuñ bilen birlikde türkmen-eỳran hyzmatdaşlygy täze derejä çykdy
diỳlen netijeli duşuşygy beỳan edilỳär.
ZYR-synyñ Prezidenti öz resmi saparynyñ çäklerindeTürkmenistanyñ baştutany bilen hyzmatdaşlyk barada uly möçberli ylalaşyklara gol çekilmegi bilentamamlanan gepleşikleri geçirdi.
Hazarỳaka döwletleriñ ỳygnagynyñ birinji açylyş dabarasynda “Türkmenistanyñ Prezidenti Saparmyrat Nyỳazow öz çykyşyna başlamak bilen, biz hakykatdan hem taryhy wakanyñ şaỳatlary bolỳarys”. – diỳip aỳtdy. Biz öz halkymyzyñ öñündäki çuññur jogapkärçilik duỳgusy bilen Hazar meselesini ara alyp maslahatlaşmaga başlaỳarys.   Saparmyrat Nyỳazow sözüniñ ahyrynda Hazar deñziniñ töwereginde dörän ỳagdaỳy öz abraỳy, tejribesi bilen, syỳasy erk-islegden ugur almak bilen düỳpli üỳtgetmek üçin Aşgabada gelen Azerbaỳjanyñ, Eỳranyñ, Gazagystanyñ hem-de Russiỳanyñ Prezidemtlerine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen döwletiniñ baştutany anyklanylmadyk ỳataklaryñ gaỳtadan işlenilmegine we bikanun balyk awlanylmagyna, deñziñ hem-de kenarỳaka ỳerleriñ birnäçesiniñ ekologiỳa taỳdan ỳaramazlygyna degip geçmek bilen, meseleleriñ dawaly ỳerlerini takyk aỳdyñlaşdyrdy. Entek umumy resminamanyñ ỳoklugy sebäpli, bize wagtlaỳyn, mysal üçin, nebit çykarmak babatda ikitaraplaỳyn ylalaşyklar ỳol bererliklidir. Esasy zat öz hereketleriñi, etjek bolỳan işlerini gizlemän, olary aç-açan ỳagdaỳda ylalaşmalydyr hem-de delillendirmelidir. Biziñ hemmämiz taryhy gowy bilỳäris, gapma-garşylyklaryñ urşa getirỳändiklerini, soñuny düzedip bolmajak durmuş, ykdysady weỳrançylyga eltỳändigini hem gowy bilỳäris diỳip, Saparmyrat Nyỳazow sözüni dowam etdirdi. Biziñ öz halkymyzyñ, öz nesillerimiziñ öñündäki borjumyz şeỳle ỳagdaỳyñ ỳüze çykmagynyñ öñüni almakdan ybaratdyr. Başgaça aỳtsak, el-ele berip işletmek, geljegiñ hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek gerek. Türkmenistanyñ baştutany şu maksat bilen Hazarỳaka ỳurtlarynyñ Prezidentleriniñ geñeşini döretmegi teklip etdi. Şonuñ ỳaly Geñeş islendik halkara guramasyndan peỳdaly bolar diỳip, Türkmenistanyñ Prezidenti nygtady.
Iki ỳurduñ hemme taraplaỳyn gatnaşygynda dürli meỳdanlarda iş alnyp baryldy. Eỳranyñ Gürgen şäherinde ỳaşaỳan ỳokary bilimli täjirçilik hem ykdysadyỳet hünärmeni Ahmed Sabahi syỳahatnama görnüşde “Açylan Derwezeler” atly 24 sahypadan ybarat broşỳura eseri, filologiỳa ylymlarynyñ kondidaty Kasym Nurbadowyñ teswirlemegi bilen 2002-nji ỳyl Aşgabat şäheriniñ ylym neşirỳaty tarapyndan göỳberilipdir.
Ahmed Sabahiniñ kitapçasynda Garaşsyz Türkmenistanyñ on ỳyl içinde Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ ỳolbaşçylygynda dünỳä derejesindäki ösüşlere tarap barỳandygy hem türkmen-eỳran gatnaşyklary barada gyzykly söhbet açylỳar.
Bu kitapçanyñ sözbaşysy Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ   sözleri bilen şeỳle başlanỳar:
“Ýer ỳüzüniñ iñ gadymy halklaryndan bolan Türkmenistanyñ we Eỳranyñ halklary häzirki wagtda öz yhlasyny we ylhamyny erjellik bilen durmuşa geçirỳärler, olar öz döwletleriniñ döwrüñ derways wezipelerini abraỳ bilen çözmäge ukyply derejede kuwwatly we kämil bolmagy üçin zähmet çekỳär. Biziñ biri-birimize we ünji-aladalarymyzy bilen begendirỳär.”
Eserde umuman iki ỳurduñ gatnaşyklarynyñ başlanmagy we onuñ günsaỳyn ösmegi hakda gürrüñ gidỳär. Onda “Tejen-Sarahs-Maşat demir ỳoly gadymy ỳüpek ỳolunyäzeçe we döwrebap dikeldilmesi bolup, ol diñe bir iki ỳurduñ arasyndaky mönüm gurluşyk bolman, eỳsem XX asyryñ ahyrynda dünỳäniñ uly ulag gurluşyk ỳoly boldy”.
Tejen-Sarahs-Maşat demir ỳoluna halkara ulag geçelgesiniñ “Altyn halkasy” diỳlip ỳöne ỳerden at berilenok. Ol “Altyn halka” el ỳetiren Türkmenistan ilkinji aỳlarda bu ỳoluñ girdejisini görüp ugrady. Muny dünỳäniñ habar beriş serişdeleri gutlamak bilen jar edỳärler. Meselem Türkiỳäniñ “Zaman” gazetinde okan bir habarymyzda denir ỳolundan bir aỳda Türkmenistanyñ dört ỳüz müñdollarlyk girdejisi alandygyna diỳseñ begenip, bu girdejileriñ gitdigiçä artyp, onuñ Türkmenistanyñ ilatyna diñe eşret getirjekdigine guwandyk.
Belläp geçilen Hazarỳaka Aşgabat maslahatynda Eỳran bilen Türkmenistanyñ arasynda uzak möhletleỳin ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklar taryhda ỳene bir gezek gol çekilip ỳola goỳuldy. Iki taraplaryñ resminamalaryñ ỳene-de ikisi: Gümrük kanunlaryny ulanmakda, Gümrük hukuk düzgünleriniñ bozulmalarynyñ öñüni almakda, olary derñemekde we olara garşy göreşmekde edara ediş taỳdan özara kömek bermek hakynda, Türkmenistanyñ Hökümeti bilen Eỳran Yslam Respublikasynyñ Hökümetiniñ arasyndaky ylalaşyk we Söwda hyzmatdaşlygy hakynda, Türkmenistanyñ Hökümeti bilen Eỳran Yslam Respublikasynyñ Hökümetiniñ arasyndaky ylalaşyk hökümetara derejesinde tassyklandy.

Back To Home Page